00:36 Kysasyl enbiýa -34: Ýusup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany / dowamy | |
Hekaýat. Müsür eziziniň Züleýha atly bir aýaly bardy. Onuň atasy Ýemeniň patyşasydy. Züleýha ýedi ýaşynda düýş gördi. Ol düýşünde Ýusup alaýhyssalamy hüsny-jemaly we täji bilen görüp, oňa aşyk boldy. Ol bu yşkynyň derdine çydaman, egnini ýyrtyp, bedenini dişläp aglardy. Onuň bu hala düşmegine hemme halk, ata-enesi haýran galdylar. Emma bu patyşanyň Züleýhadan başga perzendi ýokdy. Patyşa hukamalary ýygnap, Züleýhanyň damarlaryna bakdyrdy. Olar ondan hiç bir derdiň eserini tapmadylar. Emma Züleýhanyň derdi günbe-günden artyp, reňki saralyp, haly beterleşdi. Soňky ýyl Züleýha ýene düýş gördi. Ol düýşünde ýene Ýusup alaýhyssalamy gördi. Züleýha ondan: «Men sizi yzlasam, nirden taparyn?» diýip sorady. Ýusup alaýhyssalam: «Meni Müsüriň eziziniň öýünde taparsyň» diýip gaýyp boldy. Züleýha oýanyp, bu wakanyň düýş ekendigini bilip, birden diwanalyk edip başlady. Ol nowbahar ýagşy ýaly zar-zar aglap, göz¬lerinden ýaş dökerdi. Bir gün enesi Züleýhadan söz sorady. Ol enesine öňki hem soňki gören düýşüni beýan edip berdi. Enesi onuň bu sözlerini atasyna ýetirdi. Atasy Müsür ezizine: «Biziň päk hem-de owa¬dan gyzymyz bar. Dünýäniň ähli patyşalary oňa aşyk bolup, ony isläp soraýarlar. Eger siz ony isleseňiz, biz ony size bereris» diýip, hat ýazyp iberdi. Müsür ezizi bu haty okap görüp: «Olar bizi ten bilen kabul etseler, biz olary jan bilen kabul ederis» diýdi. Müsür ezizi patyşalaryň resminde lazym bolan zatlary taýýar edip, sawçy bilen Ýemen patyşasyna iberdi. Ol Züleýhany köp malu-kenizekleri bilen Müsüre al¬dyrdy. Müsür ezizi Züleýhany tagtyň üstüne mündirip, özi onuň ýanyna gelip oturdy. Züleýha bir kenizekden: «Bu kişi kim?» diýip sorady. Kenizek: «Bu kişi Müsüriň ezizidir» diýdi. Züleýha bir ah tartyp, bihuş bolup ýykyldy. Bir pursatdan huşuna gelip: «Men munuň ýaly adama durmuşa çykarynmy? Bu adam meniň düýşümde gören kişim däl» diýdi. Onuň kenizekleri: «Seni myradyňa ýetirjek Müsür ezizi şu kişidir» diýdiler. Züleýha: «Indi maňa sabyrly bolmaklykdan başga çä¬re ýok. Inşalla, men myradyma ýeterin» diýip, özüne göwünlik berdi. Emma Müsür ezizi Züleýhany görüp, oňa ýürek bilen aşygy-şeýda boldy. Ýöne Hudaýtagala Müsür ezizine Züleýha ýakynlyk etmekligi nesip etdirmedi. Ol Müsür eziziniň oňa ýakynlaşmagy üçin bir jyny wekil etdi. Ol jyn her gije Züleýhanyň sypatynda bolup, Müsür ezizi bilen ýatardy. Züleýha şeýdip bikrliginde galdy. Hudaýtagala onuň gyzlygyny Ýusup alaýhyssalam üçin saklady. Bular bu düzgünde ýörärdiler. Ol gün Ýusup alaýhys¬salamy patyşanyň ýanyna getirenlerinde wezirler, emirler, eşrepler we erkekler-urkaçylar jemlendiler. Adamlaryň hem¬mesi: «Bu adam perzendi däldir, belki perişdedir» diýişdiler. Züleýha ony görüp tanady we: «Ine, bu kişi meniň düýşümde gören kişimdir» diýdi. Ol huşundan gitdi. Onuň bilen baran kenizler: «Saňa näme boldy?» diýip soradylar. Züleýha: «Me-niň düýşümde gören kişim şu adamdyr. Bu gün men maksadyma ýetdim» diýdi. Züleýha Müsür ezizine: «Ol guly siz sa-tyn alyň. Ol bize gul bolsun» diýdi. Emma Züleýhanyň özüniň yşkyň guly bolşundan habary ýokdy. Müsür ezizi: «Onuň bahasyna ýeter ýaly biziň malymyz ýokdur» diýdi. Züleýha: «Men we siz bir bolup, bar malymyzy jemläp bereli. Men galanyny Ýemene adam iberip, atamdan getirip bereýin» diýdi. Elkyssa, Züleýha Ýusup alaýhyssalamy bir gezek görmek bilen utanç-haýany taşlap, özi Reýýan patyşanyň ýanyna baryp: «Siz bize rugsat berseňiz, biz şol guly satyn alsak» diýip iltimas kyldy. Patyşa onuň arzyny kabul etdi. Züleýha patyşanyň bu rugsadyna hoşal bolup öýüne gaýtdy. Ol Müsür ezizine: «Eý, wezir! Men patyşadan rugsat alyp geldim. Indi, bize onuň bahasyny jemlemek gerek. Ony satyn alman, goldan çykarmak bolmaz. Ýogasa biziň ar-namysymyza ýaman bolar» diýdi. Emma Mälik Zagar Ýusup alaýhyssalamyň pygamber-zadadygyny bilip: «Men bu bereketli guly satyp, ertir kyýamat güni näme jogap bererin?» diýdi. Ol: «Eý, Ýusup! Men seni satjak däl. Men seni özüme perzent etjek. Bolmasa, men seni ataňa gaýtaryp, oňa tabşyraýyn» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Mälik! Eger Hudaýtagala islese, onuň özi meni atama tabşyrar. Eger ol ony eziz görýän bolsa, sen gul edip satanyň bilen meni hor etmez. Sen meni umyt bilen bu ýere getirdiň Sen indi bährement bol. Men seni bagyşladym» diýdi. Mälik Zagar: «Eý, Ýusup! Meniň zerdarlygymda asla kemligim ýok. Emma men perzentsizdirin. Men bir gury agaç¬dyryn. Meniň şaham, pudagym ýok. Meniň tapan malym duşmanlara galmasyn. Gazananym gyzyl ite iým bolmasyn. Meniň sizden umydym – siz maňa dileg etseňiz, Hudaýtagala maňa perzent berse» diýdi. Ýusup alaýhyssalam ol wagt dileg etmegi bilmeýärdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip oňa: «Bismillähi-r-rahmäny-r-rahym. Ýa men tu‘izzu we tuzillu. Ýa men tazagu we terfa‘u we ýa men tu’ti we temne‘u we ýa men huwe alä kulli şe’in kadir. Urzukiş-şeýha ewläden zukuran»18. diýip, dileg etmegi öwretdi. Her kişiniň perzendi bolmaýan bolsa bu kelemäni ýagşy täret alyp okasa ýa-da zagpyran bilen kagyza ýazyp, suwa ezip içse, Ýusup alaýhyssalamyň dileginiň bereketinden Hudaýtagala oňa perzent bagyşlar. Abdulla bin Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdir: Ýusup alaýhyssalamyň Mälik Zagaryň hakyna eden dilegi kabul boldy. Mälik Zagaryň on iki çorusy bardy. Ol gije Mälik Zagar olaryň barçasy bilen mujamagat kyldy Olaryň hersi iki ogula ýükli boldy. Wagt geçip dokuz aý tamam boldy. On iki çorudan ýigrimi dört ogul dogdy. Sowal: Ýusup alaýhyssalam munça kurb we menzilet ga-zanmak bilen şunuň azap-muşakgat çekmegine sebäp nämedi? Jogap: Birinjiden, Pygamberler iňňä meňzeýärler. Hemme lybasy iňňe bilen tikýärler. Ol eşigi özgeler geýýärler, iňňäniň özi ýalaňaç galýar. Ikinjiden, Pygamberler hem weliler çyra ýalydyrlar. Olaryň özleri ýanarlar, başgalara ýagtylyk bererler. Olar bir kişiniň başyna müşgil iş düşse, olar bir dileg bilen ony ýeňil ederler. Olar öz başlaryna nähili bela gelse hem, oňa razy bolarlar. Pygamber alaýhyssalam: «Belanyň gatysy ilki pygamberleriň başyna, soňra welileriň, soňra şuňa meňzeşleriň başyna düşer» diýip aýtdy. Beýt Kamug iňňeler don tiker, geýdirer, Ýene özi, görseň ýalaňaç galar. Çyragmy ulaşu köýer, örtener, Azynlara görseň, ýaruklyk berer. Rowaýat. Bir gün Züleýha kejebede oturyp gelýärdi. Ol ýolda Ýusuba ýolukdy. Züleýhanyň göwni galkyndy. Ol Müsür ezizine: «Sen bu oglany satyn al» diýdi. Müsür ezizi: «Biziň onuň bahasyna ýeter ýaly malymyz ýok» diýdi. Züleýha: «Biz bar malymyzy bereli. Eger ýetmese men boýnumdakylary, gu¬la¬gymdakylary çykaryp bereýin. Gulluk bagy baglanan boýna bogmak nämä gerek? Yşk aýy bilen şöhle alan gulaga altyn ysyrga nämä ýaraşar?» diýdi. Müsür ezizi: «Eý, Züleýha men Ýusuby patyşa satyn almak üçin onuň wekili bolup geldim. Onsoň men seniň üçin nähili sözläýin?» diýdi. Züleýha: «Men patyşanyň ýanyna baraýyn. Ol rugsat berse, Ýusuby men satyn alaýyn» diýdi. Züleýha kebelek ýaly bolup özüni oda atdy. Gul aljak bolup özüni gulluga satdy. Onuň ýoly Ýusuba düşdi, gözi görk-görmege düşdi. Ol uzaga ýüwürjek bolup duzaga düşdi. Ýoldan ötmekçi bolanda dolan aýy gördi, oňa ýesir boldy. Onuň çiçek dek meňzi saraldy. Ol aglak bir ýere sowuldy. Ol çorulary bilen oturyp üýn düzüp başlady: Beýt19 Iliňiz çyn dolan aý dek gaýnaýur gargy-garak, Ýüzüňiz günden ýarygrak, görküňiz Gün, ýa Kamar. Laglyn açsa hünjilerden toklunur dürli latyp, Ol erinniň dadygynda kaýda ýetsin bal-şeker. Görküňizi küýseýir men erte, gäh bir gün bolar, Emgegim ýawlak telim bar, emgenen ahyr emer. Görküňe muňlug boluban görkini men küýseýir, Örtener bagrym, ýakyldy ýaşgynam ýol dek akar. Saç buluňlary dararda tekme bir är zülpden, Kin barar kindik ýypar rihus-saba bolup öser. Ki ýüreklik beg är erdim, meni eltip bulnady, Köp çerikni basdy hanlar, yşk çerikni kim basar? Rabguzy Nasyr gorksa ýüz öwürmez yşkdan, Beg niçe boşup sögerse, gul haçan köňlin ýygar? Züleýha başga çäre tapmady. Ol patyşanyň gaşyna geldi. Ol patyşadan haýyş etdi. Patyşa oňa mal berdi. Züleýha bahasyny berip Ýusuby satyn aldy. Aýat: «Şunuň ýaly edip biz Ýusuby Müsürde ornaşdyrdyk». Rowaýat. Hemme zerdarlar: «Men bu guly satyn alsam» diýip simu-zerlerini, müşki-anbarlaryny, jöwher-hünjülerini, merjenlerini, ýakutlaryny jemläp bazara bardylar. Olar Mälik Zagara bilen söwdalaşyp, Ýusup alaýhyssalamyň bahasyna ýetip bilmediler. Ýusup alaýhyssalam: «Meni birinji bazarda on sekiz ýarmaga aldylar. Men bu bazarda şunuň ýaly gymmat baha mynasyp boldum. Inşalla, men mundan artyk hormatly bolmaryn» diýdi. Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamy görüp oňa janu-dil bilen hyrydar boldy. Ol: «Munuň bahasy näçe bolsa hem men ony alaýyn» diýdi. Müsür ezizi bu söwda girdi. Mälik Zagar hem akylly adamdy. Ol Ýusuby alanda onuň gadyryny bilmän alypdy. Emma ony satanda onuň bahasyny ýetirip satdy. Rowaýat. Ýusup satlyga çykarylanda inen düýä münüp gelen bir çarwa araby gördüler. Ol bazara barýança ineniň nogtasyny çekmedi. Ol ýel süren bulut ýaly bolup bu ýere geldi. Ol bu aý ýüzlüni görüp saklandy. Ol: «Taňrynyň takdyrynda maňa näme ýazgyt bardygyny bilmeýärin» diýdi. Hem-me halaýyk muňa geň galdy. Ol düýe Ýusup alaýhyssalamyň ysyny üç günlük ýerden bildi. Ol düýe köp emgek gördi. Ol üç gün ot iýmedi we suw içmedi. Ahyry maksadyna ýetişdi we köşeşdi. Düýäniň Ýusup alaýhyssalama höwesi beýle bolsa, Züleýha onuň yşkyna nähili sabyr-takat etsin? Beýt Göz göreni jemal ol, Söýmek ony halal ol, Andag jemal görüban, Kim söýmese webal ol. Elkyssa, Mälik Zagar gullaryna: «Terezini deňläň» diýdi. Olar terezini gurnadylar. Ol asla deňlenmedi. Ýusup alaýhys-salam adamlardan galam sorap aldy. Ol bir bölek kagyza: «Lä ilähe illallahu, Ibrahimu Halilullahy» diýip ýazdy we ony terezä goýdy. Şondan soň tereziniň jamlary deňleşdi. Müsür ezizi Ýusup alaýhissalamyň bahasyny ölçäp, Mälik Zagara berdi. Ol ony gujagyna alyp, öýüne geldi. Müsür ezizi ony hemme malyny berip satyn aldy. Hazy-nadar: «Eý, eziz! Hazynada hiç zat galmady. Siz hemme hazy¬nany bir guluň bahasyna berdiňiz» diýdi. Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamy alyp hazyna girdi. Ol görse hazynasy öňküsi ýaly bolup dur. Ondan hiç bir zat kemelmändir. Ol bu keramatyň Ýusup alaýhyssalamdan ýetendigini bildi we bu ýagdaýa begenip: «Bu oglanyň berekitinden meniň hiç bir zadym kemelmändir» diýdi. Onsoň Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamy janu-dili bilen gowy gördi. Aýdypdyrlar: Müsür ezizi kybty milletindendi. Ol iman getiripdi. Onuň imanlydygyny Mälik Reýýan bilýärdi. Ol Mü-sür ezizine: «Men seniň işiňi bitireýin. Emma sen meni imana ündeme» diýip tabşyrypdy. Bir rowaýatda: «Eziz Ýusuby satyn alyp getirende ol on ýaşyndady» diýilýär. Başga bir rowaýatda bolsa: «Ol şol wagtda on sekiz ýaşyndady» diýilýär. Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamy öýüne getirdi. Ol Züleýha: «Sen muny ýagşy sakla, ony beýlekilerden artyk syla, oňa lezzetli tagamlar ber we ýumşak lybaslary geýdir. Aýat: «Sen muny ýagşy hormatlap sakla. Belki munuň bize peýdasy deger, ýa-da biz ony azat edip, özümize ogullyk edineris». Eger biz ony satsak, artykmaç baha alarys, satmasak ol bize öýde güýç bolar» diýdi. Beýt Kişi köňlüni agyrtsa bolar şum, Guýar Allatagala agzyna gum. Ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!): «Parasat bilen dogry sözli bolan adam üç sanydyr. Olaryň birinjisi, Müsüriň ezizidir. Ol: «Belki, onuň bize peýdasy ýeter ýa-da biz ony ogul edinip alarys» diýdi. Ikinjisi, Şugaýp pygamberiň gyzydyr. Ol: «Eý, atam! Sen Musanyň hyzmatynyň hakyny ber. Hakykatda, seniň muzduny berjek adamlaryň içinde iň amanatlysy şudur» diýdi. Üçünjisi, Abu Bekr Syddykdyr. Ol öz ornuna hezreti Omary goýup gitdi» diýip aýdypdyr. Ondan soň Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamy Züleýha tabşyrdy. Züleýha Ýusup alaýhyssalamy gaty söýýärdi. Züleýha onuň başyny ýuwup, saçyny daraýardy. Züleýhanyň oňa bolan söýgüsi gün geldigiçe güýçlendi. Ol oňa tagamly aşlary iýdirip, arassa geýimleri geýdirdi. Ýusup alaýhyssalam gözüni açyp, Züleýhanyň ýüzüne bakmady. Ol iýim-içime nazar salmady. Ol başyny aşak salyp, atasynyň pikirini edýärdi. Hekaýat. Ýusup alaýhyssalam Müsür eziziniň ýanynda ýörerdi. Ol hemişe: «Men gul bolsam hem ýagşy bir halda ýörün. Emma meniň atamyň ýagdaýy nähilikä? Ol oglunyň aýralygynyň muşakgatyny çekýändir» diýen pikirde gezerdi. Ol oturyp: «Eý, Taňrym! Sen meniň halymdan atamy habardar etseň?!» diýip, dileg etmäge meşgul boldy. Bir agraby Kengandan Müsüre gitmäge meýilli boldy. Ol agraby Müsür şäherine gelip girdi. Onuň düýesi agrabyny Müsür eziziniň öýüne alyp geldi. Agraby düýesiniň nogtasyny çekdi. Emma düýe oňa güýç bermedi. Şol gün Ýusup alaýhyssalam köçä çykyp otyrdy. Ol düýe göni Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna gelip togtady. Düýäniň gözünden ýaş akdy. Bu düýe ýüzüni we gözüni Ýusup alaýhyssalamyň aýak¬la¬ryna sürtdi. Agraby Ýusup alaýhyssalam satylanda düýeli ge¬len adamdy. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, agraby! Sen nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Agraby: «Men Kengandan gelýärin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Sen Ýakuby tanaýarmysyň?» diýip sorady. Agraby: «Men ony nähili tanamaýyn? Ýakup biziň pygam¬berimizdir» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ýakubyň öýünden nä¬me habar bar?» diýdi. Agraby: «Ýakubyň Ýusup atly ogly bardy. Doganlary ony awa alyp çykdylar. Soňra olar atalaryna: «Ýusuby böri iýdi» diýip, sähradan gaýdyp geldiler. Oglunyň aýralygyna ýyglap, Ýakubyň gözleri görmez boldy. Ol ýoluň boýunda Beýtil-ahzan atly bir öý saldyrdy. Ol onda Hudaýtagalanyň ybadatyna meşgul bolup ýyglaýar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam bu habary eşidip ah tartdy, huşuny ýitirdi. Ol huşuna gelip: «Eý, agraby! Ýakup pygamberiň Ýusup atly ogly mendirin. Meni doganlarym gul diýip satdylar. Indi, siz Kengana barsaňyz atama menden salam ýetiriň. Şeýle hem siz oňa meniň: «Eý, ata! Meniň üçin ýyglap, seniň gözüň kör bolupdyr. Meniň hem aýralyk derdinden iýenim tenime siňmeýär. Ýagty jahan maňa garaňky boldy» diýen sözlerimi aýdyň» diýdi. Ondan soň Ýusup alaýhyssalam ol agraba we onuň düýesine dileg etdi. Agrabynyň düýesi ýerinden gopdy we ýola düşdi. Ýusup alaýhyssalam ýyglap öýe girdi. Ol düýe ýelmaýa ýaly bolup kyýamata çenli abraý tapdy. Bu günki ýelmaýalaryň nesli onuň urugyndandyr. Şondan soň ol ýelmaýa kyrk günlük ýoly dört günde geçip Kengana Ýakup alaýhyssalamyň işigine geldi. Agraby: «Öýde adam barmy?» diýip öýüň daşyndan gygyrdy. Şol wagt Ýakup alaýhyssalamyň Zaýna atly gyzy bu sesi eşidip öýden çykdy. Agraby: «Ýakup alaýhyssalam öýde barmy?» diýip, ondan sorady. Ol gyz: «Atam öýdedir. Emma ol daşary çykmaz. Ol Adam alaýhyssalamyň donuny geýip, Salyh alaýhyssalamyň hasasyny sag tarapynda goýup, Yshak alaýhyssalamyň keme¬rini biline guşap, Ysmaýyl alaýhyssalamyň goçunyň şahyny çep tarapyna goýup, Ýusup alaýhyssalamyň tesbisini öwrüp: «Eý, Taňrym! Meniň Ýusubym ölümi, ýa-da diri? Bu gün maňa ondan habar ýetir» diýip arz edýär» diýdi. Şol wagt agraby öýe gelip girdi we: «Seniň bu dilegiň Hudaýtagalanyň dergähinde kabul boldy. Men Ýusupdan habar getirdim. Ýusup atly ogluňyz size salam aýtdy. Men Müsüre gidipdim. Men ony gördüm. Ol maňa we düýäme ýagşy dileg etdi. Meniň düýäm kyrk günlük ýoly dört günde geçip bu ýere geldi» diýdi. Ýakup alaýhyssalam oglunyň adyny eşidip, bihuş bolup ýykyldy. Ol huşuna gelip, çün ebri nowbahar ýagşy ýaly gözlerinden zar-zar aglap ýaş akdyrdy. Agraby oňa wakany başdan-aýak beýan edip berdi. Ol agrabynyň ýüzünden we gözünden öpdi. Ýusubyň agalary gelip bu agrabynyň sözlerini eşitdiler. Dostlar şat, duşmanlar mat boldular. Ýakup alaýhyssalam ol agraba «Eý, agraby! Sen meni begendirdiň. Seni hem Hudaýtagala iki dünýäde şady-horram etsin» diýip, ýagşy dileg etdi. Agraby: «Eý, Hudaýtagalanyň pygamberi! Meniň otuz gyzym bar. Emma hiç bir oglum ýok. Siz maňa bir dileg edip berseňiz. Hudaýtagala maňa bir ogul berse?!» diýdi. Ýakup alaýhyssalam oňa dileg etdi. Ol agraby Ýakup alaýhyssalamyň bu dileginiň bereketinden altmyş ogluň atasy boldy. Ýakup alaýhyssalam bu wakany oglanlaryna aýtdy. Oglanlary bolsa oňa: «Ol agraby aýýar adamdyr. Ol siziň ýagşy dilegiňizi aljak bolup, ýalan sözländir» diýip, ony göwnühoşlukdan dönderdiler. Elkyssa, Ýusup balagata ýetdi. Aýat: «Biz ol kemallyga ýetende oňa hökümeti we ylmy berdik. Biz ýagşy amallary edijilere şunuň ýaly sogap berýäris». Aýdypdyrlar: Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamy satyn alanda Züleýha ol eziziň nikasyndady». Hekaýat. Ýusup alaýhyssalam arap dilinde käbir dilegleri okardy. Her kim ony eşitse, onuň owazyna maýyl bolardy. Züleýha: «Seniň owazyň ýagşylygy meniň jan-u-dilimi örteýär. Sen hem maňa arap dilini öwretseň. Seniň okanyňy men hem bilsem» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Sen guly gulluk halynda goý. Onuň özüniň gulluk işine meşgul bolany ýagşydyr» diýdi. Züleýha Ýusup alaýhyssalamyň başyny ýuwmaly we saçyny daramaly bolsa, bu işi başgalara buýurman özi ederdi. Ol oňa şahana lybaslar geýdirip, tagam iýse çagyryp, onuň bilen bile iýerdi. Ol Ýusupsyz bir gezek hem tagam iýmezdi, bir katra suw damagyndan ötmezdi. Bir gün Züleýha: «Eý, Ýusup! Men näçe ýyldan bäri seniň küýüňde ejiz haldadyryn. Meniň köňlümde hiç kime aýtman ýören bir sözüm bar. Sen şony bilýärsiňmi?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Seniň köňlüňde näme bardygyny men näbileýin» diýdi. Züleýha: «Meniň köňlümde saňa söýgi bar. Men seni gaty söýýärin. Men sabyr edip bilmeýärin. Men näme edeýin?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Sen meni söýýänçäň öz äriňi söý» diýdi. Züleýha bu nazmy aýtdy: Saňa, eý ýar, mähr goýdum oşol gün aşna boldum, Bolup bigäne älemden, bary ilden jyda boldum. Küýüňde bolmyşam seresan, pida eýläp saňa ýüz jan, Bolup Mejnun kibi haýran, bu ýaňlyg mübtela boldum. Maňa sen, sen ki dilhahym saňa ýetmes meniň ahym, Kaýa bakgyl eýa şahym, ajap bagtygara boldum. Ýusup alaýhyssalam: «Onuň alajy sabyrly bolmakdyr. Sen meniň ýüzüme bakma» diýdi. Züleýha: «Meniň diriligim saňa sabyr etmeklik bilendir. Meniň janymyň hoşlugy seniň datly ysgyňdyr. Meniň gözümiň röwşeni seniň didaryňdyr» diýdi. Ýusup alaýhyssalam Züleýhadan bu sözleri eşidip, onuň ýanyndan gitdi. Ol gün Ýusup alaýhyssalam onuň ýanyna gelmedi. Ertesi Züleýhanyň özi Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna geldi we: «Eý, Ýusup! Bossan örän görklenipdir. Onda dürli güller açylypdyr. Nazy-nygmatlary iýmeli wagt bolupdyr. Ýör, biz bossana gireli. Sen miweleri iý, gülleri ysga we bir salym bu gözellige tomaşa et» diýdi. Şygyr Saba esneýur,ýygaç ýaň salar, Bulut ýyglaýyr, çeçekler güler. Bu mundag çeçeklikde köňlüm bu gün, Seniň birle bolup öwünmek tilär. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Meniň bossanym Kenganda galdy. Maňa başga bossan gerek däl» diýdi. Züleýha: «Ol bossanda güller suwsuz galypdyr we solupdyr. Sen oňa suw ber» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Solan bossana suw bermeklik bossanyň eýesine degişlidir» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Men seni söýmeklikden ýaňa ýyglap göz ýaşyna gark boldum. Käşgä, men seni görmedik bolsadym! Sen meniň gulumsyň. Sen näme üçin maňa boýun sunmaýarsyň?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men Taňrynyň guludyryn» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Sen meniň ýakynyma gel. Sen kimden gorkýarsyň?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men iki haky saklaýaryn. Onuň biri ýaradan Allatagalanyň haky, ikinjisi meni satyn alan eziziň haky. Men olaryň ikisinden hem gorkýaryn» diýdi. Züleýha: «Eger sen gök taňrysyndan gorkýan bolsaň, men hazynamdaky malymy, altyn-kümüşimi, göwherimi garyp-gasarlara sadaka bereýin. Şeýdip, men senden bu günäňi Allatagalanyň dergähinde geçirerin. Eger sen meniň ärimden gorkýan bolsaň, men oňa şu wagt awy berip öldüreýin. Soňra men bu işimden toba edeýin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Günä iş edip, toba etmeklige mätäç bolandan ol günä işi etmezligiň ýagşydyr» diýdi. Züleýhanyň gahary gelip: «Sen meniň bu sözümi kabul etmeseň, men seni baga işlemäge ibererin. Men ol ýerde saňa agyr işleri buýraryn. Saňa şunuň ýaly hezzet-hormat, bagtu-döwlet, nazy-nygmat ýaraşmady. Sen bu döwletiň gadyr-gymmatyny bilmediň» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Sen maňa başga näme buýursaň, men şony berjaý ederin. Emma men seniň beýle ýaman işiňe boýun bolmaryn» diýdi. Züleýha Ýusup alaýhyssalamdan bu bet işi bitmänsoň, ol enekesiniň ýanyna bardy. Ol oňa ýagdaýyny aýdyp berdi. Enekesi Züleýha köp öwütleri berdi. Züleýha olary kabul etmedi we ejizledi. Ol gaýgylanyp, ölüm halyna ýetdi. Onuň garry enekesi ýyglap: «Eý, Züleýha! Maňa köp mal ber. Men ol maly harç edeýin. Belki, sen myradyňa ýetersiň» diýdi. Züleýha enekesine müň altyn, müň mysgal ýypar, müň agyrlyk kafur, gymmat bahaly iki don berdi. Kempir bu mallary sarp edip, syrçadan bir öý saldy. Ol öýi aýna ýaly ýalpyldap durdy. Ony dürli nagyşlar bilen bezedi. Onuň dört diwaryna Ýusup bilen Züleýhanyň suratyny ýanaşdyryp çekdi. Ol suratlaryň käbirinde Ýusup bilen Züleýha gujaklaşyp, käbirlerinde öpüşip duran ýagdaýdady. Olaryň suratynyň töweregini ýaşyl, gök, gyzyl, sary güller bilen bezedi, küý¬zelere kafur, gulap dolduryp goýdy. Aýdypdyrlar: «Ýat kempiri öýe girizmeli däldir. Eger ol haýsy öýe girse, ony bozman çykmaz». Gazal Äriniň belasy, iki älem belasy-kurtka, Kurtka garrap ölerse, salgyn etini gurtga. Ýat kurtkany öýüňde görseň başyny kesgin, Köýdür başyny otga, sowur külüni gartga. Kurtka niçe garrasyn, tagat kylyp arysyn, Öý bozgaly tapunsa, bakmaz öňine-artga. Kurtka bozar müň işi, gaýra düzer dilese, Anyň deger belasy barça mogolga, sartga. Bu öýüň gurluşygy tamam boldy. Züleýha inçe we ýuka donlary geýip, özüne zynat berip, mest tawus dek ýasanyp ol öýe baryp oturdy. Ol lybaslaryň daşyndan Züleýhanyň teni görünip durdy. Ol Ýusup alaýhyssalamy çagyrdyp getirdi. Ol öýüň ýedi gapysy bardy. Her bir gapy demir zynjyrlar bilen berkidilýärdi. Ýusup alaýhyssalam her bir gapydan girende, gapyny zynjyrlar bilen berkitdiler. Ol Züleýhanyň oturan öýüne girdi. Ol Züleýhanyň özüne görünmek üçin bezenip oturan¬dy¬gy¬ny gördi. Züleýha ýerinden turup, Ýusup alaýhyssalama sa¬lam berdi. Ýusup alaýhyssalam ýüzüni öwrüp, diwara bakdy. Ol diwardaky suratlary görüp başga tarapa bakdy. Onuň gözi ýene şonuň ýaly başga suratlara düşdi. Ol çäresiz bolup Züleýha bakdy. Ýusup alaýhyssalam dyz donunyň baglaryny daňyp başlady. Züleýha: «Ol balagynyň baglaryny çözýändir» diýip, umyt etdi we: «Eý, Ýusup! Seniň gör ne görkli ýüzüň bar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Meniň Taňrym maňa şeýle keşp berdi» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Seniň ne gözel saçyň bar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ol görüň içinde ilkinji döküljek zatdyr» diýdi. Züleýha: «Seniň gör ne owadan gözleriň bar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ol meniň görümiň içinde gurçuklaryň ilkinji iýjek zadydyr» diýdi. Şol sebäpli: «Ýusup alaýhyssalamyň jesedi görde çüýrär, başga pygamberleriň jesetleri hergiz bozulmaz» diýipdirler. Züleýha: «Eý, Ýusup, maňa bak!» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men ömrümiň ahyrynda görmezlikden gorkýaryn» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Sen eliňi meniň göwsüme goý!» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men dowzah zynjyrlaryndan gorkýaryn» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Seniň men ýaly görklä köňlüň bolmazmy?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Meniň köňlüm bar, emma men Taňrymdan gorkýaryn» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýu¬sup! Men seni söýýärin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men Allatagalany söýýärin» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Sen gelip meniň goýnuma gir» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men: «Uçmahdaky ornumy aldyraryn» diýip gorkýaryn» diýdi. Züleýha: «Sen meniň mal berip satyn alan gulumsyň. Sen maňa boýun sunmaýarsyňmy?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ýazyk meniň doganlarymdadyr. Olar meni satdylar» diýdi. Züleýha: «Sen menden näme üçin uzakda durýarsyň?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men iki hak üçin senden daşda durýaryn. Olaryň biri Hudaýtagalanyň hakydyr. Beýlekisi bolsa meni satyn alan: «Şuny ýagşy sakla» diýen Eziziň hakydyr» diýdi. Elkyssa, Züleýha näçe jan çekse hem onuň bu myrady hasyl bolmady. Aýat: «Ýusup onuň öýündekä ol aýal ony özüne meýil etdirjek bolup köp jan çekdi. Ol aýal işikleri ýapyp: «Sen meniň ýanyma gel» diýdi». Bu aýatdaky: «Heýte leke» diýen sözüň hereketleri goýul-ma¬dyk ýagdaýynda alty dürli okalyşy bardyr: «heýte leke», «heýti leke», «heýtu leke», «heýtu leki», «heýte leki», «heýti leki» (gel oglan meniň ýanyma, gel gyz men oglanyň ýanyma, men (oglan) geldim sen oglanyň ýanyňa, men gyz geldim sen oglanyň ýanyňa, geldiň sen oglan men gyzyň ýanyma, men gyz geldim sen gyzyň ýanyňa). Onuň ýene üç manysy: «Hä ene leke (eý oglan, men seniň üçindirin)» diýen manysy bardyr. Ýene bu sözüň: Helumme ileýýe mä huwe leke (gel oglan sen meniň ýanyma, mende näme bar bolsa seniň üçindir)» diýen manysy bardyr. Ýene bu söz: «Teheýýeýtu leke (Men oglan seniň üçin özümi taýýar etdim)» diýen manyny berýär. Eger bu sözi: «Heýtu leke» diýip okasaň, «Eý, töleg, men seniňkidirin» diýmek bolýar. Eger ol sözi: «Heýti leke» diýip okasaň, «Eý, töleg, sen haçana çenli tölegli bolarsyň. Men gyz töleg däldirin, sen oglan tölegsiň, gel tölegiň haky üçin men gyzyň myradyny bitir» diýen many çykýar. Ýusup alaýhyssalam: «Men Hudaýtagala sygynýaryn. Müsür ezizi meni satyn aldy. Ol maňa ýagşylyk etdi. Men oňa ýamanlyk etmerin. Eger men ýamanlyk etsem, onda özüme sütem etdigim bolar. Özüne sütem edenler Hudaýtagalanyň azabyn¬dan gutulmazlar» diýdi. Aýat: «Ýusup: «Men Allatagaladan pena isleýärin. Eýäm maňa köp ýagşylyk etdi. Bozuk işleri edenler Taňrynyň azabyndan gutulmagyň hiç alajyny tapmazlar» diýdi. Sowal: Züleýha Ýusup alaýhyssalama köp ýagşylyklary etdi. Näme üçin Taňry: «Ahsana meswäýä («Ol maňa ýagşylyk etdi»)» diýip, Müsür ezizine aýtdy. Näme üçin Taňry Züleý¬ha¬nyň ýagşylygyna: «Ahsanti meswäýä («Sen gyz maňa ýagşylyk etdiň»)» diýmedi? Muňa sebäp nämedir? Jogap: Ol Züleýhanyň hereketini: «Ahsani hawa (Ol gyz nebis islegini ýagşy etdi)» diýdi. Emma Müsür ezizi nebis isleginiň bozuklygyndan päkdi. Züleýha Ýusup alaýhyssalama meýil etdi. Ýusup alaýhyssalam ondan ýüz öwürdi. Ol: «Züleýhany görmäýin» diýip, ýokary bakdy. Ol ýene şonuň ýaly suratlara gözi düşdi. Ondan soňra ol Züleýha bakdy. Ol Züleý¬hanyň örän görklüdigini gördi. Aýdypdyrlar: «Howadan soň aýal-gyzlarda Züleýhadan görkli zenan ýokdy». Ýusup alaýhyssalamyň köňli oňa meýil etdi. Emma bu aýat: «Züleýhanyň meýli myradyny hasyl etmekdi, Ýusubyň meýli bolsa ondan gaçmakdy» diýen manydadyr. Züleýhanyň meýli haramdy, Ýusup alaýhyssalamyň meýli halaldy. Züleýha kapyr aýaldy, ol zyna etmekçi boldy. Ýusup alaýhyssalam pygamberler urugyndandy. Onsoň ol nähili zyna etsin? Aýdypdyrlar: «Züleýhanyň meýli bozuk aýşy-eşretdedi, Ýusup alaýhyssalam: «Müsür ezizi ölse, men muny nika bilen alaryn» diýen meýildedi. Ýusup alaýhyssalamyň meýil etmeginiň sebäbi: onda görk we ýigitlik gaýraty, Züleýhada höwes bardy. Bu gün ol Züleýha meýil etmese, ol erkeklikden bolmazdy. Aýdypdyrlar: «Hemme aýyplardan beterrägi hizlik aýybydyr». Emma käbir alymlar aýdypdyr: «Munuň ýaly ýagdaýda meýil etmeklik Ýusup alaýhyssalam üçin erkeklik nyşanasy däldir. Çünki hemme pygamberler ähli aýyplardan päkdirler. Olarda kiçi aýyplar hem bolmaz. Onsoň bu uly aýyp Ýusup alaýhyssalama nähili rowa bolar? «Ihsanul-beýan» atly tefsirde20 şeýle rowaýat getirilipdir: Medine şäherinde Süleýman Ýasar atly görmegeý bir ýigit bardy. Şäheriň aýallary öz ärlerini göwnemän, oňa meýilli boldular. Ol: «Men bir bela sataşaýmaýyn» diýip, Medineden gaçdy we Şama bardy. Ol bu ýerde ornady. Ol ýedi ýyldan soň düýşünde Ýusup alaýhyssalamy görüp: «Sen zenana meýil eden Ýusupmysyň?» diýdi. Ýusup pygamber oňa: «Sen zenanlara meýil etmän gaçan Süleýmanmysyň?» diýdi. Bu delil bilen Ýusup alaýhyssalamyň Züleýha meýilli bolandygy mälim boldy. Emma ol Taňrysyndan burhan gördi we özüni bu işden çekip, abraýyny saklady. Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam: «Maňa bu dünýäde üç zat söýgüli boldy: ýakymly yslar, musulman aýal-lar we namaz. Eger Ýusup alaýhyssalam Züleýha meýil etme-dik bolsa, Taňry: «Biz onuň ýamanlygyny we bihaýalygyny gaýtarmak üçin şeýle etdik» diýen manyly aýatyny inder-mez¬di. Ýusup alaýhyssalam meýilli boldy, emma Hudaýtagaladan gorkdy. Biz hem Ýusup alaýhyssalamyň Taňra sygynşy ýaly sygynsak, onuň gutulyşy ýaly azapdan gutularys. Ýusup biziň muhlis gullarymyzdandy. Hemme pygamberler hem muhlis¬diler hem muhlasdylar diýip aýýdypdyr. Aýat: «Ol biziň halys yhlasa eýe bolan bendelerimizdendir». Beýleki möminler muhlis – yhlaslydyrlar, emma muhlas – halys yhlasly däldirler. Hekaýat. Bir tişi ymam Muhammet ibn Hasan Şeýbana aşyk boldy. Ol aýal ymam Muhammediň geçjek ýoluny saklap oturdy. Birden ymam Muhammet geldi. Ol aýal: «Eý, mö¬min¬leriň ymamy! Meniň saňa bir soragym bar. Sen bu öýe gir. Men ony senden soraýyn» diýdi. Ymam Muhammet öýe girdi. Ol aýal onuň yzyndan girdi we öýüň gapysyny berkitdi. Ol aýal ymam Muhammede ýapyşdy. Ymam Muhammet oňa köp öwüt berdi. Ol aýal onuň sözlerini kabul etmedi. Ymam Muhammet: «Meniň buşugasym gelýär. «Jan ajygyndan buşug ajy¬gy gatydyr» diýipdirler. Häzir sen meni goýber. Men ýazylyp geleýin, onsoň seniň myradyňy hasyl edeýin» diýdi. Ol aýal oňa ýazylyp gelmäge rugsat berdi. Ymam Muhammet daşary çykdy. Ol endamyndan çykan hadasy ýüzüne hem boýnuna sürtdi. Ol ymam Muhammedi bu sypatda görüp köňli sowady we ony ýigrendi. Ol aýal: «Sen munuň ýaly är ekeniň. Tur, meniň ýanymdan git» diýip ony ýanyndan kowup goýberdi. Ymam Muhammet öýüne bardy we birnäçe altyny sadaka berdi. Ol bu bet işden saklanandygy üçin Hudaýtagala şükür etdi. Aýdypdyrlar: «Adamdan iki zat, ýagşylyk we ýamanlyk galar». Eýse, sen görmeýärsiňmi, Züleýha öldi, ýyllar geçdi. Onuň bet işini hemme ymamlar mehraplarda, ähli alymlar minberlerde, hemme mukrylar mahfalda, hemme oglanlar mekdeplerde: «Züleýha öýündäki Ýusuby gapylary berkidip, özüniň haram nebsine maýyl etmekçi boldy» diýen aýaty okaýarlar. Ondan şunuň ýaly ýaman at galdy. Emma Ýusup alaýhyssalam hakynda «Ol biziň halys yhlasly bendelerimizdendir» diýen aýaty okaýarlar. Ýusup alaýhyssalamdan munuň ýaly ýagşy at galdy. Züleýha Ýusup alaýhyssalamy öýe girizende gapylary demir zynjyrlar bilen berkitdi. Ýusup alaýhyssalam muny sy-zyp, dyz donunyň bagyna düwünler düwdi. Züleýha muny görüp: «Ol dyz donunyň bagyny çözýär» diýip begendi. Onuň öýüniň töründe bir but bardy. Ol onuň üstüni çadyr bilen ýapdy. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Seniň ol üstüni ýa¬pan zadyň nämedi?» diýdi. Züleýha: «Ol meniň çokunýan butumdyr. Men ondan utanýaryn» diýdi. Ýusup: «Sen senem-den utanýarsyň. Emma näme üçin Samatdan utanmaýarsyň?» diýdi. Bagzylar aýdypdyrlar: «Ýusup: «Men bu işi edeýinmi, ýa-da etmäýin?» diýen pikire düşdi. Çünki guluň öz islegini etmegine özüniň erki bolmaýar. Emma ol burhan gördi. Bu tutaryk hakynda her hili sözler bar: Olaryň biri öýüň burçundan bir owaz geldi: «Eý, Ýusup! Sen ganaty gyrylan guş ýaly boljakmy? Başga guşlar, ýagny pygamberler uçsa, sen ýerde galarsyň. Ýusup alaýhyssalam syçrap ýerinden turdy. Ýene bir rowaýatda: «Diwar ýarylyp Ýakup pygamber häzir boldy. Ol Ýakup pygamber däldi, Jebraýyl alaýhyssalam onuň suratynda bolup gelipdi. Ol: «Eý, Ýusup! Sen pygamberlerden bolup, akmaklaryň işini etjek bolýarmysyň?» diýdi. Onuň hemme şöwheti barmagynyň ujundan çykyp gitdi. Ýene aýdypdyrlar: «Ýusup alaýhyssalam öýüň diwarynda: «Eý, Ýusup! Zyna etme» diýen ýazgyny gördi». Ýene aýdypdyrlar: «Ýusup alaýhyssalam Züleýhanyň ýüzüne bakdy. Ol onuň gözüne ýüzi gabaran, iki erni sallanan, gözi çakyr, burnunyň deşikleri giň, görksüz bolup göründi. Ol Züleýhany bu sypatda görüp, ondan ýüz öwürdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Meniň bir sözüm galdy. Biraz sabyr et, men ony aýdaýyn» diýdi. Ýusup ýene oňa tarap döndi. Züleýhanyň içi örtenip, bu gazaly üýn tartyp aýtdy: Jilwe birle salnu çykgan al ýaňaklyg ýany gar, Gözleri ýyldyz, ýüzi gün, alny gökniň aýydan. Görsaýur men görküňizi, görgu bolmas gözginäm, Görk zekatyn berki wajyp kylsa görkiň baýydan. Gaş atyp köňlümi alan jan golar siz bereýin, Ol netek aşyk bolar kim gaýtsa magşuk raýydan. Nägehan bir kubla golsam öfke birle haýkyrar, Jan berip ölgeý telim jümle kylan haýydan. Rabguzy gul Nasyreddin tabgy türlük söz düzer, Gülçiräp usruk öleý, göz baksa guýmaç gaşydan. Ýusup alaýhyssalam Züleýhadan gaçmaga ýüz urdy. Züleýha ony tutmak üçin ornundan turdy. Ýusup alaýhyssalam gaçdy, Züleýha kowdy. Ýusup alaýhyssalam haýsy gapa ýetse, Hudaýtagalanyň gudraty bilen demir zynjyrlar açylardy. Bular Ýusup alaýhyssalam öňde, Züleýha onuň yzynda kowalaşyp barýardylar. Ýusup alaýhyssalam ýedinji gapa bardy. Bu ýerde Züleýha onuň köýneginiň yzynyň eteginden tutup dartdy. Onuň etegi ýyrtylyp, köýneginiň bir bölegi Züleýhanyň eline geldi. Züleýha ýüzün ýykylyp gitdi, onuň iki dişi döwüldi Aýat: «Olaryň ikisi hem gapa tarap ýüwürdiler. Ol aýal onuň köýneginiň art eteginden çekip ýyrtdy. Olar gapynyň daş agzynda ol aýalyň ärine sataşdylar». Züleýha ärini görüp saklandy. Müsür ezizi gapynyň daş agzynda köp adamlar bilen otyrdy. Olar bu wakany görüp haýran galdylar. Züleýha ýazygy özünden göterdi we ony Ýusup alaýhyssalamyň üstüne ýükledi. Ol: «Eý, Müsür ezizi! Seniň gymmat baha satyn alan guluň eden işini gör. Men öýde uklap ýatyrdym. Ol öýe girip gelip nämährem goluny maňa uzatdy. Men ony kabul etmedim. Ol meniň agzyma urup, iki orta dişimi syndyrdy. Men ony kowalap, seniň ýanyňa geldim. Seniň aýalyňa elini sunanyň jezasy nämedir?» Aýat: «Seniň maşgalaňa hyýanat etmegi islän kişiniň jezasy nämedir?» diýdi. Latyfa. Züleýha mejazydy. Ol öz ýazygyny Ýusup alaýhyssalamyň üstüne ýükläp: «Eý, Müsür ezizi! Seniň maşgalaňa hyýanat etmegi isläniň jezasy nämedir?» diýdi. Ol yşky oýanan wagty, dostuny agyrlady. Aýat: «Ol aýal (Züleýha): «Men ony özüme meýil etdirmek üçin hereket etdim. Hakykatda ol (Ýusup) dogruçyllardandyr» diýdi. Aýdypdyrlar: «Aýalsyz dirilik ýok, aýal bilen hem dynçlyk ýok». Züleýha Ýusubyň başyny bela sokdy. Soňra ol oňa dözmedi. Çünki Müsür ezizi: «Ony öldürer» diýip gaty gorkdy we ärine al salyp, Ýusup alaýhyssalamy zyndana taşlamaklyga ýol görkezdi. Aýat: «Onuň jezasy diňe zyndana salmakdyr». Züleýha ýene: «Eziz ony zyndana salsa, men onuň ýüzüni görüp bilmerin. Men Ýusupsyz sabyr-takat edip bilmerin» diýip oýlandy. Ol ýene başga bir mekirlige ýüz urdy. Aýat: «Onuň jezasy oňa dertli azap bermekdir». Ýusup alaýhys¬salam özüni Züleýhanyň bela salanyny eşitdi. Ol içinden: «Men geplemän dek dursam, ýazyk meniň üstüme ýüklener» diýip oýlandy we: «Bu maňa aýdylýan ýazygy men etmedim. Ol meni özüne imrikdirdi» diýdi. Aýat: «Ol (Züleýha) meni özüne meýil etdirjek bolup hereket etdi». Şeýle rowaýat aýdypdyrlar: «Züleýha bir salymyň içinde üç sany mekirlik gurnady. Ilki özünden ýazygy gidirdi we ony Ýusup alaýhyssalamyň üstüne ýükledi. Ol: «Seniň maşgalaňa hyýanat edeniň jezasy nämedir?» diýdi. Soňra ol: «Ony öldürerler» diýip gorkup: «Ony zyndana salmaly» diýdi. Ol ýene: «Men ony zyndana salmaklyga ýol görkezdim. Emma men ony görmesem bagrym tütär» diýip oýlanyp: «Oňa dertli azap bermeli» diýdi. Züleýhanyň bu mekirliklerinden soň Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalama bakyp: «Men seni dünýäniň malyny be¬rip satyn aldym, men saňa ynam etdim, seni ogul tutundym. Meniň ýagşylyklarymy sen ýanut kyldyňmy» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men päkdirin, meniň ýazygym ýokdur. Züleýha maňa meýil etdi. Men ondan gaçdym. Ol meni kowalap daş çykdy» diýdi. Müsür ezizi haýran galdy. Ol Züleýha: «Sen munuň ýaly diýýärsiň, ol bolsa munuň ýaly diýýär. Siziň haýsyňyzyň ýalan sözleýändigiňizi men nähili bileýin?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, eziz! Sen bu işde öteräk oýlan» diýdi. Müsür ezizi: «Eý, Ýusup! Seniň päkligiňe tanyk barmy?» Aýdypdyrlar: «Züleýhanyň Talham atly hyzmatkäriniň dört aýlyk ogly bardy. Ýusup alaýhyssalam sallançakdaky oglany görkezdi. Eziz: «Eý, Ýusup! Sen meniň üstümden güljek bolýarsyňmy? Dört aýlyk oglan nähili sözlär?» diýdi. Bişikden: «Eý, eziz! Maňa ýakyn gel. Meniň sözümde seniň üçin rahatlyk bar» diýen bir owaz geldi. Müsür ezizi oglanyň sözüni diňledi we onuň ýanyna geldi. Aýat: «Ol: «Eger Ýusubyň köýnegi yzyndan ýyrtylan bolsa, ol (Züleýha) ýalan sözleýär, Ýusup bolsa dogruçyllardandyr» diýip aýtdy. Sowal: Oglan göni güwälik bermedi. Ol: «Züleýha ýalan sözleýär, Ýusup dogrusyny aýdýar» diýmedi. Ol sözüni yşarat bilen aýtdy munuň sebäbi nämedir? Jogap: Mahlugyň – adamyň tanyk – şaýatlary iki hili bolýar. Dogrusyny aýdýan şaýat, ol bir kişä peýdasyny degir-ýär; ýalan söz bilen güwälik berýän şaýat, onuň sözi bilen bir kişi ryswa bolýar. Emma bu oglan Hudaýtagalanyň dergähin-dendi. Ýalan sözlemek rowa däl güni ýalan sözleýän şaýat ýüzügara bolar. Bizi ýüzügara etmek Taňrydan rowa bolmasyn. Allatagala Züleýhanyň ýazyk perdesini gönümel açmady, yşarat bilen aýtdy: «Eý, Eziz! Özüň bak. Ýusubyň köýneginiň öňi ýyrtylan bolsa Züleýha dogrusyny aýdýar, Ýusup ýalan sözleýär» diýip aýtdy. Peýda. Eý, mömin! Öz ýazygyňy başga kişiniň üstüne ýük¬leme! Eger sen ony özge adama ýükleseň, Hudaýtagala ol og¬lan ýaly onuň päkdigini aýan eder. Şeýle hem sen kişiniň aýy¬by¬ny açma! Ýusup alaýhyssalam mejbur bolýança: «Züleýha me¬ni özüne meýil etdirdi» diýmedi. Ol Züleýhanyň aýybynyň üstüni ýapyp sözledi. Züleýhanyň ýazygyny Müsür eziziniň özi aňlady. Peýda. Birini hiç wagt ýamanlama, ol hem seni ýamanlamasyn. Ol wagt Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamyň köýneginiň etegine bakdy, onuň yzynyň ýyrtykdygyny gördi we Züleýha bakyp: «Bu siz aýallaryň mekridir. Siz özüňizi päkläp, mer¬tebeläp, başga kişä günä ýükleýärsiňiz» diýdi. Aýat: «Ol onuň köýneginiň yzyndan ýyrtylandygyny görüp: «Bu siz aýallaryň mekir-hilesidir. Elbetde, siziň hiläňiz uludyr» diýip aýtdy. Aýdypdyrlar: «Aýallaryň mekirligi şöhwet bilen goşulşanda has uludur. Emma şeýtanyň mekirligi Allatagalanyň zikri bilen gowşakdyr. Hudaýtagala muny Gurhanyň içinde Müsür eziziniň: «Elbetde, siz aýallaryň mekirligi uludyr» diýen sözi bilen habar berýär. Ol şeýtanyň mekirliginiň gowşakdygyny: «Hakykatda şeýtanyň mekirligi ejizdir» diýen aýat bilen delillen¬dirýär. Sowal: Näme üçin aýallaryň mekirligi uly, şeýtanyň mekirligi ejiz boldy? Jogap: Aýallaryň mekirligi açyk we uly bolar. Olar me¬kir-lik edende müň aýat okasaň hem yzyna gaýtmaz. Emma şeýta¬nyň mekirligi örtülgi we ejiz bolar. Çünki şeýtan Allatagalanyň adyny eşitse gaçar. Ýene bir jogap: Şeýtan mekirlik edende ýalňyzdyr. Bu sebäpden onuň mekirligi ejiz bolar. Emma aýal mekirlik edende oňa şeýtan goldaş bolar. Bu sebäpden onuň mekirligi güýçli bolar. Ýusup alaýhyssalamyň päkligi aýan boldy. Ol: «Päkligimi artdyraýyn» diýip görenini, eşidenini sözläp başlady. Müsür ezizi: «Eý, Ýusup! Bes et! Züleýhany mundan artyk ýüzügara etme. Iliň dilini biziň üstümize öwürme» diýdi. Ol Züleýha: «Men ýazygyňy senden geçirdim. Sen toba et. Allatagaladan ýazygyňy geçirmegini dile. Mundan beýläk munuň ýaly işleri etme we ýüzüň suwuny dökme» diýdi. Aýat: «Eý, Ýusup! Sen bu işden eliňi çek. Eý, Züleýha, sen öz günäň geçilmegini sora. Hakykatda, sen hata iş edijilerden bolduň» diýdi. Müsür ezizi Ýusuba we Züleýha: Eý, Ýusup! Sen bela ilindiň. Sabyrly bol, ýagşy adyň çyksyn. Eý, Züleýha! Sen erksiz bolup, köňlüňi aldyrdyň. Toba et. Taňryň seniň ýazygyňy geçirsin. Eý, Ýusup! Sen bu sözi goý. Mundan soň bu barada sözleme. Ýamanlyk ýüze çykmasyn. Eý, Züleýha! Ýazyk seniň özüňde. Sen ýazygyňy özgäniň başyna ýükleme. Sen munuň ýaly iş etme. Sen meniň hormatymy-hakymy sakla» diýip edep öwretdi. Şundan soň Müsür ezizi çykyp gitdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Sen gaçmadyk bolsaň, men bu ýagdaýa düşmezdim. Indi, men bu başymy nirä alyp ýörärin?» diýdi. Ýusup: «Eý, Züleýha! Sen utanç-haýaňy saklamadyň. Maňa näme söz aýdylan bolsa, siz hem eşitdiň. Sen Hudaýdan gorkmadyň, mahlukdan uýalmadyň» diýdi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Men seniň maňa datdyran zäheriňi, saňa hergiz içirmän goýmaryn» diýdi. Elkyssa, Züleýhanyň haly gün-günden erbetleşdi. Onuň gijesine ukusy, gündizine aramy ýokdy. Onuň Ýusuba bolan yşgy güýçlendi. Bu wakany Müsür uluglarynyň aýallary eşit-diler. Olar: «Züleýha öz guluna aşyk bolupdyr, guly oňa boýun sunmandyr» diýip Züleýhanyň gybatyny etdiler. Aýat: «Şäheriň birnäçe aýallary: «Müsür eziziniň aýaly öz guluny özüne maýyl etmekçi bolup hereket edipdir» diýdiler». Aýdypdyrlar: Ol aýallar alty sanydy. Weziriň aýaly, hajy-byň aýaly, hazynaçynyň aýaly, bowurçynyň aýaly, aktaçynyň aýaly we zabytyň aýaly. Bular Müsür ezizinden soň patyşa ýakyn bolan adamlaryň aýallarydy. Ol aýallar Züleýhanyň ýanyna gelip-giderdiler. Züleýha hem olaryň ýanyna barardy. Züleýha Ýusup alaýhyssalama aşyk bolansoň: «Bulara me¬niň syrym açylmasyn» diýip, ol aýallaryň ýanyna barmagyny kesdi. Züleýhanyň söýgüsi gün-günden güýçlendi. Ol aýallar muny eşidip, Züleýha göripçilik edip başladylar. Aýat: «Ol (Züleýha) ol aýallaryň özi hakyndaky hilegärçilikli gürrüňlerini eşidip, olary çagyrmak üçin adam iberdi we olara mejlis taýyn etdi». Bu aýatdaky «muttaka’an» sözüniň üç dürli okalyşy bardyr. Onuň hemze bilen «muttaka’an» diýlip okalmagynda «oturmak, daýanmak üçin ýer» diýen manysy bar. Onuň teşdit we med bilen «muttaka’an» diýlip okalmagynda «tagamy pyçak bilen kesmek» diýen manysy bar. Onuň hemzesiz, med¬siz «muttakan» diýip okalmagynda «gawun» diýen many bar¬dyr. Züleýha bu zatlaryň baryny anytdy. Ol kyrk aýal çagyrdy. Bu alty aýaly olaryň arasynda oturtdy. Ol aýallara aş berdi, olar bolsa tagamy iýdiler. Züleýha alty tabak getirtdi we olary ol alty aýalyň öňünde goýdy. Ol bu alty tabagyň her birinde turmak, gawun we bir ýiti pyçak goýdy. Ol: «Eý, meniň joralarym! Siz köp ýyllardan bäri maňa tapyg etdiňiz we meniň aşymy, nygmatymy iýdiňiz. Bu gün meniň sizden bir dilegim bar. Siz ony maňa berermisiňiz?» Olaryň hemmesi ör turup, soňra ýükünip ýeri öpdüler we: «Eý, Züleýha! Sen näme isleseň, biz şony edeli» diýdiler. Züleýha alty aýala: «Siz altyňyz çadyryňyzy geýiň, ýüzüňizi örtüň we pyçagy eliňize alyň. Meniň dostum Ýusup gelende meniň göwnüm üçin bu etlerden hem gawunlardan kesip, onuň agzyna salyň. Kim tizräk deprense we ulurak kesip Ýusubyň agzyna berse, men oňa uly halat-serpaý ederin» diýdi. Ol alty aýalyň hemmesi Züleýhanyň bu teklibini kabul etdiler. Aýat: «Ol (Züleýha) aýallaryň her birine bir pyçak berdi». Soňra Züleýha: «Ýusup bu ýere, aýallaryň ýanyna çykyp gelsin» diýip, bir kişini iberdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men Züleýhanyň sözüni syndyrmaýyn» diýip, çykyp geldi. Aýat: «Ol (Züleýha): «Kalet uhruj aleýhinne» diýip aýtdy. Aýdypdyrlar: «Uhruj» sözi dil bilen aýdyldy. «Aleýhinne» sözi Züleýhanyň köňlünden çykypdy. Ýogsa, Ýusup alaý¬hys-sa¬lam aýallaryň ýanyna çykmazdy. Bu ýerde Hudaýtagala Züleý¬hanyň dil bilen aýdan sözünden we köňlünde oýlan sözünden habar berýär. Aýallar Ýusuby gördüler. Olar ony hormatladylar. Aýat: «Aýallar ony görenlerinde haýran galdylar». Olar göýä gündüzine bulutdan çykan günüň nuruny gören ýaly boldular. Pygamber alaýhyssalam: «Men magraç gijesinde Ýusuby dolan aý ýaly görkli gördüm» diýip aýdypdyr. Kim Ýusuby görse, onuň ýüzünde aýnada özüni gören ýaly öz keşbini görerdi. Onuň ýüzi ak, görkli, saçlary buýra-buýra, giň gözli, inçe billi, ajaýyp bilekli, doly injikli, tegelek başlydy. Ol gülse dişlerinden nur erinleriniň daşyna çykýardy. Ýusup alaýhyssalam öýden çykanda, aýallar onuň agzyna et salmak üçin aşygyp pyçak bilen et kesip başladylar. Olaryň gözleri Ýusupda boldy. ‚Bir göz bilen iki işi bitirip bolmaz». Olaryň gözleri Ýusuby görýär, dilleri bolsa ony öwýär. Ol alty aýalyň her biri bir beýt aýtdy. Birinji aýal aýtdy: Dolan aýy görseň, dogar, güýmeýär, Aryg hüýri gördi, üleş oýnaýur. Ikinji aýal aýtdy: Hamul Aýy gören, ýagyr ýer üze, Aýagyn ýörerde köňül bölgeýur. Üçünji aýal aýtdy: Adyz Gökde aýny ýaratdy Izi, Bu gün görse aýga gelip döneýur. Dördünji aýal aýtdy: Tişilerin awlar Müsür ilinde, Tutup gynaýurda gözi gaýnaýur. Bäşinji aýal aýtdy: Bu oglany satmyş garyndaşlary, Bu güýçni muhasyp kaçan sanaýur. Altynjy aýal aýtdy: Ýalawaç urugy üçin bu aryg, Onyň munça teňlik Izi sanaýur. Olar Ýusup alaýhyssalamdan gözlerini aýryp bilmediler. Olaryň dilleri ony öwdi, elleri et kesmegiň deregine bar¬mak-laryny kesdi. Olar: «Meniň ýanyma gel. Men joramdan owa-dan¬dyryn» diýdiler. Olar Ýusup alaýhyssalamyň görküne haý¬ran boldular we ellerini kesendiklerini duýman galdylar. Ola¬ryň geýimleri gana bulandy. Aýat: «Ol aýallar ellerini gyýym-gyýym etdiler». Bir sözde: «Olar ellerini ganatdylar» diýip aýdypdyrlar. Katada (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!): «Olar barmaklaryny kesdiler» diýip aýdypdyr. Mujahyt (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!): «Olar ellerini bileklerine çenli kesdiler. Olar gözleri, köňülleri bilen Ýusup alaýhyssalamyň jemalyny görüp, agyryny duýmadylar» diýip aýdypdyr. Wahp ibn Munabbih (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!) aýdypdyr: «Olar kyrk aýaldy. Olardan dokuzysy öldi». Aýdypdyrlar: Bu aýatyň we «katta‘na eýdiýehinne» diýen jümlesindäki «katta‘na» sözüniň teşdidli okalan ýagdaýynda «gyýym-gyýym» etdiler» diýen manysy bar. Emma «kata‘na» diýip teşdidsiz okalsa «kesdiler» diýen manyny berýär. Olar: «Subhanallahi (Allatagala hemme kemçiliklerden päkdir)! Aýat: «Bu adamzatdan däldir. Bu Taňrynyň hormatly periş-desidir» diýdiler. Aýdypdyrlar: Ýusup alaýhyssalam ol görk bilen çykyp geldi. Ol aýallara bakmady we olar bilen sözleşmedi. Käbir karylar bu aýatyň «beşerun» sözüniň şin harpyny we «melekun» sözüniň lam harpyny astyn edip, ýagny «beşirun» we «melikun» görnüşinde okapdyrlar. Bu ýagdaýda ol aýatdan: «Ol bu görk we bu gylyk bilen satylan gul däldir. Ol hormatly patyşadyr» diýen many gelip çykýar. Züleýha aýallaryň ellerini kesendiklerini gördi. Ol Ýusup alaýhyssalama: «Öýe gir» diýdi. Ýusup alaýhyssalam öýe gir-di. Züleýha ol aýallara: «Siz elleriňize bakyň» diýdi. Aýallar ellerine bakdylar we olar elleriniň barmaklarynyň hem bilek-leriniň bogunlaryndan kesilendigini we donlarynyň gana bulanandygyny gördüler. Züleýha: «Siz ony bir gezek görüp elleriňizi kesdiňiz. Men ony erte-giç görüp ýörsem, nähili sabyr edeýin. Onsoň men oňa nähili aşyk bolmaýyn?» Aýat: «Siz meni şu oglan sebäpli aýypladyňyzmy?» diýdi. «Kebelek çyrany görüp, özüni oda köýdürýär, başgalar bolsa ony munuň üçin aýyplaýarlar» diýip aýdypdyrlar. Züleýhany aýyplan aýallar kebelegiň oda gelip köýşi ýaly, Ýusuby görüp yşk çyrasyna köýdüler. Şahyr şeýle şygyr aýdypdyr: Oduň ýagtysyn gören kebelek geler oňa, Oň daşynda aýlanyp, özün oda urar. Züleýha aýyp ýapanlaryň sözün aýdaýyn: «Bu oglan sebäpli bular azap berer». Züleýha: «Siz öz guluna aşyk boldy» diýip, maňa aýyp ýüklediňiz. Emma men ol gulumdan dänmerin. Men Ýusuby öýe çagyrtdym, öýüň gapylaryny berkitdim we onuň etegini ýyrtdym. Aýat: «Men Ýusuby özümiň haram nebsime maýyl etmekçi boldum. Ýusup maňa boýun sunmady. Ol özüni saklady. Ýusup hem görklüdir, hem päkdir, hem takwadyr, hem alymdyr. Men ony öz ugruna goýmaryn. Men ryswa bol-dum. Bu wakany il eşitdi. Meniň ýüzümiň suwy döküldi». Aýat: «Eger ol meniň diýenimi etmese, ol zyndana salnar. Onsoň ol hor-homsulardan bolar» diýdi. Ol aýallar Züleýha: «Sen bu işi bize goý. Biz ony zyndan bilen gorkuzaly» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam Züleýhanyň özüni zyndana saljak bolýandygyny we ol aýallaryň bolsa özüni zyndan bilen gorkuzjak bolýandyklaryny bilip: «Eý, Taňrym! Şu wagta çenli bir aýal bardy, indi ýene oňa alty aýal goşuldy. Olar ýedi, men ýeke bolup, olara näme alaç edeýin? Men bularyň islegini berjaý edenimden, zyndana girenim ýagşyrakdyr» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala meniň ol garynda-şyma rehim etsin! Ol gün Ýusubyň ornuna men bolan bolsam, zyndany oňlamazdym. Men şeýle aýdardym: «Eý, Taňrym! Meni zyndandan we bu aýallaryň belasyndan öz penaňda sakla» diýip aýtdy. Aýdypdyrlar: Ol alty aýalyň Ýusup alaýhyssalamy zyndana saldyrmakdan maksatlary ony Züleýhadan daşlaşdyrmakdady. Olar: «Biz her wagt baryp, Ýusuby taparys, onuň görkli ýüzüni görüp doýarys» diýip oýlandylar. Ýusup alaýhyssalam mynajata gol göterip: «Eý, Taňrym! Bu aýallaryň mekrinden saklamasaň, men olara tarap meýil etsem, men günäkärlerden bolaryn» diýdi. Sowal: Ýusup köp jepalary gördi. Allatagala Züleýha bilen Müsür ezizine jepalary görkezmedi. Muňa sebäp nämedir? Jogap: Allatagala zyndana bir weli guly girizipdi. Ol guluň köňlünde Ýusuba söýgüsi bardy. Ol: «Eý, Taňrym! Maňa Ýusubyň jemalyny görkez» diýip dileg etdi. Hudaýtagala onuň bu dilegini kabul etdi. Müsür ezizi Ýusubyň päkligini we dürslügini, şeýle hem bu haramzadalygyň we hiläniň Züleýhadandygyny bildi. Emma ol bu zatlar barada hiç zat diýip bilmedi. Ol ahyry çykgynsyz ýagdaýa düşüp: «Meniň özüm iki arada ýüzügara bolup galaryn» diýip, Ýusubyň boýnuna, gollaryna hem aýaklaryna zynjyr salyp, zyndana iberdi. Ol weli Ýusup alaýhyssalamy gördi we maksadyna ýetdi. Aýdypdyrlar: Züleýhanyň Ýusup alaýhyssalamy zyndana salmakda: «Meniň sözüm il arasyna ýaýyldy. Men indi Ýusuby öňki ýaly görüp bilmerin. Eger men ony görüp bilmejek bolsam, özgeler hem ony görmesinler» diýen, maksady bardy. Aýdypdyrlar: Müsür ezizi hem, Züleýha hem Ýusup alaýhyssalamdan gören zatlaryny özgelerden görmediler. Etek ýyrtylmagy, ýaş çaganyň güwälik bermegi, aýallaryň elleriniň kesilmegi, aýallaryň: «Bu adamzat däl» diýmegi, Ýusup alaý-hyssalamyň päkligi. Şonuň üçin olar ony zyndana salmak islediler. Aýdypdyrlar: Ýusup alaýhyssalamy zyndana getirdiler. Zyndançy: «Ýusubyň donuny çykaralyň we kemerini çözeliň» diýdi. Züleýha muňa göwnemedi. Onuň başynda Müsür sellesi, bilinde altyn gur we egninde gymmat bahaly don bardy. Züleýha: «Bu kişi zyndanda ýörär ýaly ýazykly adam däl. Biz muny halaýykdan gizleýäris» diýdi. Zyndany arytdylar, hoşboý ysly zatlary oňa sepdiler, halylary düşediler we onuň üçin tagt gurdular. Ýusup alaýhyssalam zyndana girdi. Zyndanyň içi ýagty boldy. Zyndanyň halky muňa begendi. Ýusup alaýhyssalam bir munguşda namaza durdy. Ol namaz okandan soň ýyglady, zyndanyň halky hem muňa bile ýyglaşdylar. Ýusup alaýhyssalam gündiz oraza tutardy we gije namaz okardy. Ol iglilere em ederdi, säher wagtynda bolsa ölen enesine dileg ederdi, atasynyň zaryny çekip ýyglardy we kim düýş görse, onuň ýorgudyny aýdyp bererdi. Sowal: Ol düýşüň ýorgudyny zyndanda nähili bilerdi? Jogap: Ýusup alaýhyssalam namaz okap duran wagty Allatagala Jebraýyl perişdäni iberdi. Ol üzüme meňzeş miwäni getirdi we ony Ýusup alaýhyssalamyň dodagynyň üstünde goýdy. Ol miwe onuň agzynda eredi we onuň hemme damarlaryna ýaýrady. Ol düýşüň ýorgudyny onuň bilen bildi. Zyndanyň halky Ýusup alaýhyssalam bilen öwrenişdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |