11:25 Kyrk ýylda ýazylan kitap -16: dowamy | |
Şu gün diňe taryhy geçmişiniň beýikligi bilen öwnüp ýaşaýan iliň ertirki güni beýik bolmaz. * Otuzynjy ýyllarda metjitlerimizi öz güýjümiz, öz elimiz bilen ýykdyk. Bu gün daşary ýurtlularyň güýli bilen özümize metjit gurýarys. Döwür aýlanyp, syýasat üýtgese, metjitleri ýene öz güýjümiz bilen ýykarys. Biz şeýdip, agyp-dönüp ýören adamlar-da. 1996. * Namaz okaýanam köpeldi, doga okaýanam. Her obada diýen ýaly metjit hem bar. Emma adamlaryň ogurlyk etmekleri bilen harsydünýäligi welin artmasa kemelmeýär. Hatda ozal eden günälerini ýuwmak üçin Kabä gidenlerem ol ýerden getiren harytlaryny bu ýerde iki esse gymmadyna satýarlar. * Ruslarda “Net huda bez dobra” (Gowulyksyz erbetlik ýok) diýen pähim bar. Hakyky durmuşdan dörän pikir bolsa gerek. Sebäbi bizdäki häzirki gytçylyk, ýaşaýşyň agyrlaşmagy (bu “hudo”—erbetlik) arakhorlaryň sanyny azaltdy. Indi öňki döwürdäki ýaly, köçede çaýkanyp ýören ýa-da ýykylyp ýatan ýok diýen ýaly. Bu “dobro” –gowulyk. Diýmek, erbetlik gowulygy ýüze çykardy. “Net huda bez dobra” * Başga adamyň döreden zadyna guwanmaly, ýöne buýsanmaly däl. Buýsanmak hukugy ony döredeniňki. * Ynsanyň erkinlige bolan isleginiň, talabynyň çägi ýok. Şonuň üçinem erkin, demokratik ýurtda ýaşaýana-da erkinlik azlyk edýän ýaly bolup duýulýar. Erkinlige çakdan aşa islegi diňe öz erkin ýagdaýyňy erkin däl adamyň ýagdaýy bilen deňeşdirip görmek arkaly köşeşdirip bolar. * Kän mahal bäri, türmä düşen bigünä aýalyň durmuşy barada bir eser ýazmagyň aladasynda. Hatda entek ýazylmadyk eseriň ady hem taýýar: “Erkeksiz dünýä”. Eseriň sýužet ýordumy-da bar. Emma men henize çenli (kinoda bolaýmasa) türme diýlen edaranyň gapysyndanam garap göremok. Türme durmuşy barada eser ýazmak isleseň, iň bolmanda, birki gün “tussaglykda” bolup görmeli, tussaglar bilen gürleşmeli, ýaşaýyşlaryny synlamaly, “dillerini” öwrenmeli. Onuň üçinem Daşhowuzdaky aýallar türmesini görmäge gitmeli. Şol niýet bilen şu gün Türkmenistanyň Metbugat Komitetiniň başlygy, ýakyndan gatnaşýan ýoldaşym Hudaýberdi Diwangulyýewiň ýanyna baryp, Daşhowza bir hepdelik komandirowka bermegini soradym. Haýyşym bitmedi. H.Diwangulyýew menden bir hepdelik komandirowkanyň puluny gysganmaýar. Ol “Diwangulyýew A.Tagana komandirowka beripdir” diýen habaryň günübirin “ýokaryk” ýetjekdiginden gorkýar. 18.06.96. * Türkmenistanyň täze gimniniň teksti gazetlerde çap boldy. Umuman, tekst erbedem däl. Her kim her zat diýse-de, geçmişden, şu günden, syýasatdan, tebigatdan, millilikden nusga alynmaly şerti bolan “galypa” gireňsoň, elýetmez tekst ýazmak aňsat iş däl. Ýone tekstdäki: “Saňa şek ýetirse, kör bolsun gözler” –diýen setir welin, maňzyňa batmaýar. Ol setirde iki sany ýalňyşlyk bar: 1. ”Gözüň kör bolsun” diýen ýaly sözleri gimne salyp, gargyşy döwlet syýasaty derejesinde ulanmak ýerlikli däl. 2. Göz bilen şek ýetirilmeýär, göz bilen gyýa garalýar. Emma tekste “Saňa gyýa baksa, kör bolsun gözler” diýip düzediş girizeniň bilenem setiriň gargyş manysy üýtgemeýär. Sent. 1996. Türkmenlerden ilkinji adatdan daşary hem ygtyýarly ilçi derejesini alan ýazyjy Gylyç Mämmedowiç Kulyýew edebiýat meýdanyna giç, elli ýaşanyndanam soň geldi. Şeýle-de bolsa, ozalam berk tertip-düzgünli adam ýeke minut wagtyny-da bisarpa tytman, ömrüniň ahyryna çeni döredijilik işine ýigrimi ýaşda başlanlardanam kän iş etdi. Wagtyň gadryny bilýänligi üçin bolsa gerek Gylyç Mämmedowiç Moskwanyň “Çeper edebiýat” neşirýatynda önümçilige goýberilmeli birtomlugynyň çykarylmagyna kömek etmegimi sorap maňa ýüz tutdy. Ol neşirýatyň öz berk düzgüni bardy; kitap çapa iberilmezinden ozal awtor ony gaty üns bilen okap çykmalydy. Elbetde ullakan tomlugy çintgäp okamak üçin gaty kän wagt sarp etmelidi. Men halypanyň haýyşyny berjaý etdim. Kitap ile ýaýran soň, bir gezek Aşgabada gelen wagtym Gylyç Kulyýew öýüne myhmançylyga çagyrdy. Gelen beýleki myhmanlary bilen howlusynda salam-helik alşanyndan soň, nahar stoly daşarda taýyn edilip goýlanam bolsa, ol meniň ýeke özümiň içerik girmegimi haýyş etdi.Ikimiz öýe girdik. Bir otagdan ikinjä, üçünjä geçdik. Alagaraňky jaýda uly krowatyň üstünde gollaryny serip bir kostýum ýatyrdy. Beýle kostýumy men henize çenli hiç bir dükanda, hiç kimiň egninde-de görmändim. Onuň matasy-da, tikilişe-de üýtgeşikdi, ilikleri-de köne töňňäniň böleginden ýasalan ýalydy. Gylyç Mämmedowiç kostýumyň penjegini egnime atdy-da: —Hany, geýip gör!—diýdi. Men aňk-taňk bolup penjegi ýeňlendim. ”Myny näme üçin maňa geýdirýärkä?” Özüne kiçiräk bolansoň, maňa satmakçydyr diýsemem, penjek maňa uludy. Ýeňleri göz-görtele uzyndy. —Bu maňa uly bolýar, Gylyç Mämmedowiç… —Uly däl. Uly däl—diýip, ol meniň al-petimden aldy-da, diplomatlygyny etdi. —Mundan kiçi bolsa-da tyrryk geler. Senem indi uly edaranyň işgäri. Tyrryk eşik geýip ýörseň, gelşikli bolmaz. Ol kostýumy ozal taýynlanyp goýlan kagyza dolady-da, derrew goltugyma gysdyrdy. —Şuny sen almaly. —Men myny näme üçin almaly, Gylyç Mämmedowiç? —Kitabymy özüm ýaly bolup okanyň, wagt sarp etdiň-ä. Ak ýürekden sowgat edýän. —Gylyç Mämmedowiç, men siziň kitabyňyzy pul üçin ýa-da zat üçin okamandym. Maňa kostýumam gerek däl, pulam. Kişiniň ugruny tapmaga ussat diplomat meni derrew yrdy, kagyza dolanan geň kostýumy myhmançylykdan gaýdamda alyp gitmäge mejbur etdi… Moskwa gelemsoň, ol kostýumy diwanyň üstünde serip taşladym-da, gaýtadan synladym. Geýdim. Üç gözli aýnanyň öňünde durup ser saldym. Bolar ýaly däl. Näçe ýyl Moskwada ýaşaýaryn, hälimi-şindi komandirowka gidýärin, her hili entek görülmedik eşik geýip edaramyza gelýän daşary ýurtlular bilen duşuşýaryn. Emma beýle kostýum geýen adama heniz gabat gelemok. Garaz, ony geýip, köçä çykmasyz etdim. Şeýlelikde, geň kostýum şifonýeriň törüne düşdi. Aradan telim ýyl geçensoň, Türkmenistan Ýazyjylar Soýuzynyň Mary oblast bölüminiň sekretary ýazyjy Amannazar Aşyrow tankytçylaryň ýygnagyna gatnaşmak üçin, Moskwa geldi. Ýygnak gutarandan soň ol ikimiz restorana girip naharlandyk. Nahar wagty, gep arasynda Amannazardan Moskwalyk näme aladasynyň bardygyny soradym. Ol ullakan aladasynyň ýokdugyny, çagalaryna süýji-köke almakdan başga tabşyryk berilmändigini aýtdy. Şonuň yzyndanam: —Aý, gabat gelse, özüme, oňa-muňa çykylanda geýer ýaly bir kostýum alaýmak meýlimem ýok däl—diýdi. Gylyç Kulyýewiň beren kostýumy ýadyma düşdi. Men pursatdan peýdalanmakçy boldum. —Ýygnaklara dagy geýip gidäýmek üçin bir gowy kostýum-a bar. Özem tüýs saňa bolaýjak welin… —diýip, men hasam gyzyklandyrmak üçin sözümiň yzyna köp hokat goýdum. Çakym dogry çykdy. —Gowy kostýum bolsa “welisi” näme?—diýip, Amannazar ümezläp duran gözlerini süzdi. —Näme ony menden gowa berjekmi? Üstesine, ikimiz obadaşragam. —Obadaş diýsegem bolýar. Men-ä Samsykýabyň sag kenaryndan. Senem çepinden. Ikimizem Samsykýapdan akylly däl… (“Samsykýap” diýmegi awtoryň tapan ýasama adydyr öýtmäň. 1860-njy ýyllarda Gowşut han tarapyndan irrigasion sistema ýola goýlanda Mary sebitinde gazylan ýaplara özüne bap gelýän atlar goýlupdyr. Mysal üçin “Tilki ýap” (tilki sapalagy ýaly egrem-bugram), “Akyl ýap” –beýikden pese akýany üçin, “Samsykýap” —pesden beýge akmaga mejbur edileni üçin. Şeýle hem ol döwürde ýap gazmaga gaty uly üns berlipdir. Hatda biziň hiç mahal suw baran däldir öýdýän Gulanly, Jojukly diýen ýaly ýerlerimize-de ýap çekilipdir. Mysal üçin, 19-njy asyrda ýaşap geçen Dowan şahyrda: Jojukly aramyz, Gulan pellämiz, Alty segsen daýhan bolduk hemmämiz — diýen setirler bar. Şu maglumaty beren tejenli Gurban aganyň aýtmagyna görä, tekäniň her 6 taýpasyndan 80 adam ýygnanyp, Gulanly bilen Jojukly arasynda ýap gazypdyrlar.) … —Seň kostýum diýýäniň haýsy magazinde? —Magazinde gowy kostýum bolýanmydyr? “Samsykýaplynyň” gepini tapmasana! Kostýum meniň öýümde. …Könebiçüw kostýum Amannazara-da birneme holpugrak geldi. Myhman ony aňdy. Men Gylyç Kylyýewiň özüme aýdan sözlerini gaýtalanymdan soň, Amannazar kostýumy almaly etdi. —Bahasyny aýt. —Özüm-ä 150-a aldym. —Maňa näçä berýäň? —Men nepkeş däl. Fransuzyň alan puluny beräý. Birdenem Amannazaryň nazary penjegiň igdäniň çöpüne meňzeş iliklerinde eglendi. —Ilikleri dagy nähil-aýt myň? —Iň soňky modamyş. Özüň bilýäň, moda ilki Parižde doglup, soň dünýä ýaýraýar. —On-a bilýän. —Şonuň üçinem men muny her öňýeten modabilmeze hödürlemän, saňa hödürledim. Wah, muny özüm geýip gomparjak welin, ulurak bolýar… Birki aýdan soň Mara ýolum düşende, oblast gazýetiniň redaktory bolup işleýän şahyr Tagan Söhbedowyň ýanyna sowuldym. Taganyň kabinetinde özünden başga-da bir garry adam bar eken. Men ony ýüzünden tanaýardym, redaksiýanyň garawulydy. Salam-helikden soň Tagan: —Gowy geläýdiň, Senden bir haýyşam bardy—dýýdi. —Näme hyzmat? —Sen Amannazar Aşyr bilen “gepleşik” geçirmeli. —Nä özüň onuň bilen tersmiň? —Ters däl welin, bu ýerde başga bir inçe gep bar. Ony sen gowy çözersiň… Tagan Sögbediň “gep” diýýäni Amannazaryň menden alan kostýumy bilen baglanyşykly eken. Amannazar Aşyr öz iş-aladasy bilen Mary obkomynyň jaýyna ýygy-ýygydan girip-çykmaly bolýar. Onuň üýtgeşik ilikli geň kostýumy obkomyň “ketdeleriniň” birine ýaramandyr. Emma onuň özi Amannazara: “Sen şu kostýumyňy geýip obkomyň jaýyna girme” diýmegi başarman, ol ýumşy Tagan Söhbede buýrupdyr. Taganam asyl paýasy ýumşak adam—Amannazaryň göwnüne degäýmekden çekinip, ol aladany maňa tabşyrmakçy bolýardy. —Diýselerem, o kostýum Pariži haýran eden, iň täze modadaky kostýum bolmaly—diýip, men onuň tarypyny etdim. —Pariži däl, Berlini haýran etse-de, Amannazaryň beýle eşik geýip, obkomyň jaýyna barmagy, dogrudanam, gelşikli däl—diýip, Tagan hem öz pikirini aýtdy. —Beýle modaçy bolýan bolsa, Amannazar o kostýumy Pariže gidende geýäýsin-le… —Wiý, Amannazar janyň täze alan kostýumyna diýýäňizmi?—diýip, gürrüňiň magadyna ýeten ýaşuly gobsundy. —Weý-weý, beýle geýim göwnünden turmaz ýaly obkom işgärini ne döw çalypdyr! Ol iň gowy mawutdan tikilen-ä. Şony Amannazaryň egninde görsem, men öz ýaşlygymy ýatlaberýän. —Nä, ýaşkaň, senem şolar ýaly kostýum geýipmidiň?—diýip, Tagan sowal berdi. —Wah, olar ýaly gymmatbaha eşik bize ýetdirýärmidi? Otuzynjy ýyllarda Maryda Eýranyň konsulhanasy işleýärdi. Baş konsul edil Amannazaryňky ýaly mawut kastýum geýip, agşamlaryna şäheriň köçelerine gezime çykýardy… Ahli zat düşnükli boldy. Maňa sowgat edilen, mendenem Amannazara ýeten geň kostýum 1930-njy ýyllarda Gylyç Kulyýew diplomatik mekdebe okuwa girende, “mekdep formasy” hökmünde oňa mugt berlen geýim bolmalydy. Şol günüň ertesi men Murgaba, Amannazaryň öýüne bardym. Gep arasynda gürrüňi dabarasy dag aşan “fransuz kostýumynyň” üstünden düşdi. Men entek obkom işgäriniň T. Söhbetiň üsti bilen ýollaýan haýyşyny beýan etmänkäm, Amannazaryň özi: —O kostýumy-ha çopan goňşyma satyp goýberdim—diýdi. —Näçä? —Senden alan ýerime. —Satmaly däl ekeniň-dä. Şu mahal modadaky kostýum. Özem Parižden getirilen maldy. Oňarmansyň. —Parižden gelenine-hä müňkür bolamok welin… —diýip, Amannazar sözüne dyngy berdi. —Aý, Atajan, ony Pariže gidip geýäýmeseň, Mary ýaly ýurtda geýip bolmyýa. Köçä çyksaň, hemme adamyň gözi sende. Ýylgyryp geçýänem bar, başyny ýaýkap geçýänem… 1976—96. Şu gün Türkmenistanyň Milli Radio-telewideniýe komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary, Kemine adyndaky teatryň ozalky baş režissýory Abdylla Ýakubowyň ýanyna salamlaşmaga bardym. Ol telewideniýäniň režissýorlarynyň birini kabinetine çagyryp, indiki hepdäniň programmasyny düzmek bilen meşgul eken. Men hödürlenen çäýnegi öňüme çekip, başlyk bilen režissýoryň arasynda bolup geçýän döredijilik gürrüňini diňläp oturdym. —Ol kinoň bolanok… Olam bolanok. Başgasyny tap. —Ozal gidip ýören 24 filmi görkezmek gadagan edilen bolsa, men size “başgasyny” nireden tapaýyn, Abdylla Şyhyýewiç? —Gözle, agtar. Altynjy oktýabra nämäň bar? Belkem, Aşgabat ýer titremesi baradaky dokumental lentany gaýtalarsyň? —Bolmaz. —O näme üçin? —O lentada bir-ä Şaja Batyrow bar. Onsoňam, kömek edýänleriň köpüsi orslar… —Üstüni ýapyp bolmaýarmy? —Synanyşyp göreýin… Ine, şeýdip, taryhy täzeden ýazmaga “synanyşýar” ekenler. 25. sent. 1996. Uýgur dili türkmençä iň golaý dil bolsa gerek. Ony sözlüksiz okap oturmaly. Tötänden elime düşen “Uýgur nakyllary” diýen kitapdan saýlan nakyllarymyň birnäçesini siziňem okap görmegiňizi isledim. Hudaňdan gorkma, gudaňdan gork. Haýt güni hatyn alma, ýagyşly gün—at. Iti süňk bilen ursaň üýrmez. Akylsyz başyň belasyny aýak çeker. Aty ýitirip, nal gözleme. Garyp garyp bolany üçin baý baý bolýar. Garybyň içen suwy dişini çarhlar. Baýyň pişigi hem towşan tutar. Ölerdim welin, kepenligim ýok. Itiň öňünden barma, atyň yzyndan. At ölse, ite toý. * Şahyr Aman Kekilowa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berlipdi. Şol pursat onuň özi daşary ýurtdady. Ol Moskwa dolanan badyna maňa jaň etdi. —Watanda näme täzelik? —Watanda oňatçylyk. Bir uly täzelik—Aman Kekilow Magtymguly baýragynyň laureaty boldy. Şol baýrak bilen sizi gutlaýan… Aman aganyň sesi üýtgedi. —Sen, inim, samsyk bolup doglupsyň, samsyk bolubam geçjek-dä. —Näme beýle… —Olar ýaly waka telefonda gutlanýanmydyr?—diýip, ýaşuly göçüp ugrady. —Hany, derrew “Moskwa” myhmanhanasyna gel. Aýdan hoş habaryňy bellemeli bolar. Ýogsam, baýragy yzyna alaýmasynlar. Men oňa ýanymda A. diýen şahyryň bardygyny aýdanymda ol begendi. —Ony-ha hökman alyp gaýt. Ol biziň öz dälilerimizden (tire ady. —A. T.) ahyryn. Meniň iş wagtym gutarandan soň, A. ikimiz “Moskwa” myhmanhanasyna, A. Kewkilowyň otagyna bardyk, ony baýragy bilen gutladyk. Keýpi kök şahyr bizi restorana çagyrdy. Onuň keýpi kök bolmazça-da däldi. Aman aga Türkmenistanda Magtymguly baýragyny alýan (gaty ýalňyşmaýan bolsam) ilkinji şahyrdy. Zandy örän gysganç hasap edilse-de, şatlykly pursat ony “pişigini goýbermäge” mejbur etdi. Restoranda tegelek stoluň daşyna aýlandyk. Derrewem iýmek-içmek getirildi. Biz iki sany ýaş ýazyjy bolup, uly şahyryň, akademik şahyryň baýragny mübärekläp bada göterdik. Ol biziň saglygymyza, bizem onuň saglygyna içdik. Meniň ýanym bilen baran şahyr Aman aganyň ýüzüne çiňerlip seretmäge başlady. —Näme how, beýle çiňerildiň-le?—diýip, Aman aga oňa üns berdi. Ýaş şahyr çiňerilip seretmeini dowam etdi-de, birdenem: —Sen özüňi akademik hasaplaýaňmy? Sen akademik däl, bisowat ahyryn—diýdi. —Sen “A” harpyndan şermende. Sen akmak. Akademik bolanyň bilen, baýrak alanyň bilen bisowatlygyň, akmaklygyň aýrylýandyr öýdýärmiň?. Sen şahyr hökmünde-de hiç zat. Sen häzirki zaman poeziýäsynyň “P” harpynam tanamaýan, nadan iliň şahyry… Umuman, ýaş şahyr A. ýüz gram içse, erkini elinden aldyrýar, näme gepleýänini-de bilmeýär diýip ozalam gürrüň edýärdiler. Ýöne men onuň edil şu günki ýaly edýän hereketine şaýat bolup görmändim. Saryýagyz Aman aganyň ýüzi gyp-gyzyl boldy. Ol düşnükli ýagdaýdy. Ýöne bu ýerde başga bir düşnüksiz zat boldy. Aman aga özüni kemsideni ýoldaşym däl-de, men hasaplaýan ýaly, oňa söz diýmän, maňa ýüzlendi: —Hany, inim, ýoldaşyňam al-da, ýola düş. Ýagşam bir iş bitirdiňiz. Asyl bolaýdy! Ertesi men şahyr A. bilen telefonda gepleşenimde, düýnki bolan gelşiksiz wakany ýatladym. Ol utanmaga derek, gaýtam: “Senem meni kemsitjek bolup, ýok zatlary tapýaň-aýt!” diýdi. Şol wakadan soň men şahyr A. -dan daşrakda duranymy kem görmedim. Umuman, adam durmuşynda düşnüksiz hem geň wakalar kän bolýar. Gürrüňi edilen A. häzir 70 ýaşap barýar. Şu mahala çenli onuň Aman Kekilow bilen “turzan oýny” ýaly oýunlaryň onlarçasyny “döredendigini” eşidýäris. Ol hatda ýokary derejedäki resmi kabul edişliklerde-de masgaraçylyk derejesine çenli baryp ýetýär. Ol köp etmişi bagyşlanmaly ýanyp duran talantam däl, tapylgysyz akyldaram däl. Emma hiç kim oňa hiç zat diýmeýär. Ol şeýle ýagdaýynda-da daşary ýurt saparlaryna-da, içeri ýurt saparlaryna-da hemişelik gatnaşyjy. Döwlet baýraklary-da öňürti şoňa berilmeli. Başga bir edepli, A. -dan has talantly şahyr ýeke gezek tötänden “aýagyny gyşygrak” basaýsa, onuň adyny ähli spisokdan öçürýärler. * Köneçe: Muhammet ymmaty malsyz bolmasyn, Malsyz bolsa, kowum-gardaş ýat bolar. Täzeçe: Muhammet ymmaty postsyz galmasyn, Postsuz galsa, kowum-gardaş ýat bolar. * Şeýlebir zamana gelip, düňýäden ötüp giden ýazyjylaryňam ähli ýazan eserlerini kitap edip çykarmak islegi, münkinçiligi dörese, men şu aşakda görkezýän eserlerimiň okyja ýetirilmegini islemezdim: 1. “Saragt galasy” — roman. (kitap bolup çykany) 2. “Pereňli ýesiriň ýatlamasy” — powest. (ozal çap bolany) 3. “Çagaly tumaýak” — powest 4. “Sen-sen” — powest. 5. “Uruşdan soňky söweş”—powest. 6. “Hanhowzuň tallar” — pýesa. 7. “Iň owadan gyz” — pýesa. 8. “Gaýnene” — pýesa. 9. “Bir desse çemen” — hekaýa. 10. “Gyzylgül”—oçerk 11. “Bir gije hem bir gündiz”—hekaýa. 12. “Patma gyz dogrupdyr” —hekaýa. 2002. Okyjam, diňleýjem hil-hil bolýar. Men okyjylar bilen örän seýrek duşuşýan awtor. (Häzirki döwürde-hä bizde ýazyjy, artist, kompozitor bilen duşuşyk geçirmek däbi düýpden togtadyldy diýen ýaly). Oňa garamazdan, duşuşan mahalym okyjynyň ýazyja gulak asyşyny üns bilen synlaýaryn. Bizde zalda oturan adamlar gulagynyň eşidýäni hakda däl-de, başga bir pikiri kellesinde aýlaýana meňzeýärler, nazarynda ulumsulykmy, göwnüýeýetmezçilikmi ýa başga bir zatlar bar ýaly. Olar duşuşyga diňe wagt geçirmek üçin gelene meňzeýärler. Şonuň üçinem duşuşyk mahaly ýa-da ondan soň awtor bilen okyjynyň arasynda adaty “tutaşyp gidýän” birek-birege gyzyklanma-da oýanmaýar, sowal-jogabam döremeýär. Ýogsam awtor bilen okyjynyň duşuşygyny gyzykly hem manyly edýän zat şol sowal-jogap. Meniň Wengriýanyň kiçijik bir şäherjiginde 20 ýyl mundan ozal bolan duşuşygym welin henizem ýadymdan çykanok. Men kitaphananyň 60-70 adam oturan zalyna ýaýdana-ýaýdana girdim. Sebäbi men olaryň dilini bilemok, olar meniň dilime düşünenok. Duşuşyk dilmajyň kömegi bilen geçmeli. Goşgy okasaňam, hekaýa okasaňam, manysy diňleýjä doly ýetjek gümany ýok. Duşuşyk içgysgynç bir ýagdaý döretjek. Oturanlar meni birinji gezek görýärler, meniň ýekeje eserimi okany-da ýok. Şonuň üçinem men zala ýaýdanyp girdim. Emma zaldan welin haýran bolup çykdym. “Eserleriňiziň biriniň mazmynyny gürrüň beriň!” diýen haýyşa men “Uruş haçan gutarýar” hekaýamyň mazmynyny jogap etdim. Men rusça geplemelidim. Çünki maňa dilmaç edilip berkidilen gyz türkmen dilni bilmeýärdi. Şeýle geçirilen duşuşyk içgysgynç bolaýmaly ýalydy welin, diňleýjileriň yz-yza beren sowallary duşuşygy gyzdyrdy. Hatda aýallaryň arasynda gözýaş edip oturany-da bardy. Olaryň başga bir milletiň awtoryna, näbelli bir ýurduň durmuşyna öýaran gyzyklanmasy kiçijik hekaýanyň mazmunyndan uly edebi duşuşyk döretdi. . Sowallaryň sany köpelip, gürrüň edebiýatyň çygryndanam çykdy, ýurt gatnaşygyna, millet gatnaşygyna ýazdy… Bizde welin, akademiki teatryň tomaşaçylary-da spektaklyň aglamaly ýerinde-de güläýýärlerem… 1989. Geň zat: Gurhany türkmen diline terjime eden Hoja Ahmet ahun okyjyny gyzyklandyraýjak wakalary-da bolmadyk öz biografiýasyny kitabyň başky sahypalarynda çap edipdir. (Iň bolmanda, Muhammet pygammeriň biografiýasyny ýerleşdiren bolsa has çuň täsir galdyrardy.)Ol hem “Hoja Ahmet ahun özüni gurhandanam oňde saýýarmyka?” diýen sowalyň döremegine getirýär. Meniň terjimeçi ahunyň ylmynyň ýetikdigine, arap dilini gowy bilýändigine müňkür bolmaga hakym ýok. Ýöne her bir ylymly, dil bilýän adamdan ökde terjimeçi çykmaýar. Hoja Ahmet ahun hem terjimäni gaty kynlyk bilen edýär. Ol Gurhandan ozal hiç zat terjime etmedige meňzeýär. Onuň kän zähmet çekendigine garamazdan, gurhanyň haýsy sahypasyny açsaň, düşnüksiz, tagaşyksyz sözlemlere gabat gelýärsiň. Mysal: “…siz düňýädekäňiz eden ýagşy amallaryňyz sebäpli behiştiň tagamlaryny, şeraplaryny köp iýmeklik (şerap iýilýärmi?) bilen zyýan görmeýän halyňyzda iýiň we içiň” (2-nji tom, sah. 574 sah.) bilersiňiz”. Ýene şol sahypadan: “We biz olary gözleri uludan owadan, gözleriniň agy ak, garasy gara hur (“hüýr” bolsa gerek) gyzlara öýlendireris. ” Gutarnykly derejede adamzada ýetýänçä müň gezek taraşlanan medeni miras bolan Gurhanyň arap dilindäki asyl nusgasynyň ýokarkylar ýaly “çalgyrt” dili bardyr öýdüp çak edesiň gelenok. Şonuň üçinem terjimeden tejribesiniň ýokdugy bildirip duran Hoja Ahmet ahun beýle agyr ýüki täk özi göterjek bolman, mysal üçin, Annaly Berdiýew ýaly ussat terjimeçiniň birini ýanyna alaýmaly eken. Emma özüniň daşary ýurtda ýaşaýandygyna garamazdan, Oraz Perwişiň “Injil” terjimesini (Stokgolm, 1994) “büdremän” ýa-da gaşyňy çytman, ahyryna çenli okap bolýar. 1997. Şu gün Sergeý Mihalkow, Boris Možaýew, Feliks Kuznesow, Walentin Rasputin dagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Ruslan Imranowiç Hasbulatow kabul etdi. Biz başlygyň kabinetiniň öňünde bäş minut ýaly garaşmaly bolduk. Sergeý Mihalkow ýoldaşlaryna ýüzlendi-de: —Men-ä indi aňy gaçan goja—diýip ýylgyrdy. —Elbetde, kitap alyp gaýtmagy ýadymdan çykarypdyryn. Russiýanyň ikinji derejeli ýolbaşçysynyň huzuryna ýazyjy bolup geleňsoň, oňa kitabyňy sowgat bermeseň… Kimde öz kitaby bar? Kitap diňe Boris Možaýew (Ol “Mužikler” diýen ajaýyp romanyň awtory.) ikimizde bar eken. Sergeý Mihalkow buýryk beriji äheň bilen: —Derrew awtograf ýazyň! Siz utansaňyz, özüm gowşuraýjak. Russiýada syýasy dartgynlygyň möwç alan döwrüdi. Oňa garamazdan, Ruslan Hasbulatow bize bir sagatdanam gowrak wagtyny sarp etdi, çaý, kofe bilen hezzetledi. Ol Russiýanyň häzirki galagoply ýagdaýy hakda gazýet sahypalaryna düşmejek habarlary-da aýtdy… R. Hasbulatow degişgen adam eken. Ol biz bilen ýeke-ýekeden hoşlaşyp ýörkä: —Sergeý Wladimirowiç, men-ä bu gün ýazyjylar bilen duşuşýandygym üçin şofýoryma-da “Para-peşgeş berilse-de, maşynyň bagažnigine salmagyn. Bu gün bagažnigi kitapdan doldurmaly bolar” diýipdim welin… —diýdi. Sergeý Mihalkowam her hili ýagdaýdanam baş alyp çykmaga ökdedi. Ol çalarak sakawlap (Ol az-kem sakawrakdy) jogap gaýtardy. —Gadyrdan Ruslan! Bu meselede günäkäriň kimdigimi aýdyňlaşdyryp durmalyň. Tipografiýalar işlänok, kagyz bereňizok. Onsoň kitap nireden çyksyn? Oňa garamazdan, biz seni örän sylamyzsoň… Şu gün seň kabul eden ýazyjylaryň iki ýurduň, Russiýa bilen Türkmenistanyň wekilleri. Kagyz bermeseňizem, eserler çykmasa-da, biz saňa her ýurtdan ýekeje kitap sowgat getirdik. Şu ýagdaýda şojagaz sowgadam kiçi hasap etme. —Men minnetdar!—diýip, R.Hasbulatow ýylgyrdy. —Russiýadan başlaýas. Hany, Možaýew? Boris Možaýew kitabyny gowşuransoň, gezek maňa ýetdi. Kitabymy gowşuramsoň, elimi gysyp durka, Hasbulatowa: —Ruslan Imranowiç, okaýan okyja kitap berenimde, mydama gorkýaryn, kitabym okalmanka, öňünden ýaýdanýaryn. Şu gezek Size welin kitabymy gaty arkaýyn gowşurýaryn—diýdim. —Çünki ullakan döwlet ýüki egniňizdekä meniň kitabymy okamaga asla wagtyňyzyň bolmajakdygyna gaty ynanýaryn. Ruslan Hasbulatow, näme üçindir, başyny ýaýkady. —Dogry, wagtym az. Ýöne siziň tamaňyzy ýalana çykarmak üçin bu kitaby okamaly bolaryn. Şonuň üçinem gaty arkaýynam bolubermäň… 27. 11. 1992. Latyn elipbiýine geçilmegi bilen Türkmenistanyň uly ýaşly (20-den ýokary) nesliniň 99 prosenti bisowat bolup galar. Hut meniň özüm-ä, ýazýan-bozýan adama zerurdygyna garamazdan, latyňça okamagy öwrensemem, ýazmagy öwrenip bilmezmikäm öýdýän. Aslynda latyn elipbiýine geçmekden ullakan utuş beri barmyka? Onuň tarapdarlary häzirki elipbiýimiz kompýutora oňat gabat gelenok diýýärmişler. Geň zat: kiril elipbiýinde ýaşaýan Russiýa ýada bir topar ýewropa ýurtlarynda kompýutor, faks ulanylmaýarmyka? Ýa-da gürji, ermeni harplary tehniki ösüşe gabat gelip, kiril harpy gabat gelmeýärmikä? Latyndan aýratyn bähbit bar bolsa, Russiýa bizden öňürti oňa geçerdi. Umuman, 70 ýylyň dowamynda elipbiýi bäş gezek çalşyrmak türkmen halkynyň bisowat bolup galmagyna getirdi. Munuň ýörite şeýdilen bolmagam gaty mümkin zat. Sebäbi syýasat kimdir biriniň bähbidi üçin hiç hili namartlykdan gaçmaýar. 1996. * Garaja aga arryk, gözleri ýanyp duran degişgen adamdy. Ol 1950-nji ýylyň agyr garynda kakasy pahyrdan galan ýekenil köne tüpeňini alyp, Samsykýabyň boýuna awa gidýär. Ol ýerde gyzylkekeç meýdan horazlary bolagandy. Gojuk awçusyna, dogrudanam, gyzylkekeç horazyň iň semzi gabat gelýär. Garaja aga garyň üsti bilen emedekläp, atyma barýar. Ýaşuly horazy didiwana mündürip mäşäni gysýar. Tüpeň göçmeýär. Ýene gysýar, ýene göçmeýär. Üçünji, dördünji gezegem şeýle bolansoň, ýaragynyň atylmajagyna gözi ýeten Garaja aga tüpeňi gapdala zyňyp, ör turýar-da, sesinde bary bilen: —Hora-a-az!—diýip gygyrýar. Gojanyň çirkin sesinden eýmenen gyzylkekeç horaz uçup gidýär. * Garaja aga mal ýataga düşemek üçin bir maşyn çäge ibermegini sorap, brigadire ýüz tutýar. Brigadir wada berýär, ýöne kän mahal geçse-de, gojanyň öýüne çäge gelmeýär. Garaja aga şol haýyş bilen başlygyňam ýanyna barýar. Başlygam: “Geregiň çäge bolsun, Garaja aga. Çäge üçin pul tölemeli däl. Maşyny Murgabyň boýuna eltip susubermeli. ”Myhman suw dilesin!” diýýse-de, beren sözüni ýadyndan çykarýar. Bolmajagyna göz ýetiren Garaja aga öz deň-duşy hem dosty, Gojugyň toýunyň –ýasynyň beýemçisi Hudaýberdi işanyň öýüne barýar. —Işan, “Garaja aga ölüpdir” diýip, oba “myş” ýaýratsana! Aňk-taňk bolan işan: —Ölüm “myş” bolmaz, Garaja. Ölüm habary mydama çyn bolýandyr. Il ony çyn diýibem kabul eder. —Wah, işan, maňa-da geregi şol-da. Bir maşyn çäge üçin brigadire-de, başlyga-da ýüz tutdum welin, iki aý bäri çäge gelenok. Başlygyň gulagyna “Garaja aga ölüpdir” diýen habar ýetse, jynazama duruljak ýere düşemek üçin derrew çäge iberer… * 1950-nji ýylda bolsa gerek, Gojuga elektrik togy geldi. Pelteli çyradan dynan adamlar hezil edindiler. Täze çekilendigi hemem şol mahalky hünärmenleriniň entek öwrenjeräkdigi sebäpli elektrik simleriniň adam boýundan sähel ýokarrakda sallanyşyp duranlary-da bardy. Ertir irden sygryny sürä goşmaga barýan, uzyn boýly, körjümek Hepbeli aga elindäki çybygyny ýokaryk galdyranda, çybyk simleriň ikisine-de galtaşýar. Tok ýaşulyny birki ädim gapdala zyňyp goýberýär. Ýöne onuň bedenine welin şikest ýetirmeýär. Ol habar derrew Gojuga ýaýrady. Hepbeli agany “toguň urandygyny” eşiden ýeke aýak Tagan çonak gaharlanýar, özüni oýnajak bolýandyrlar öýdýär. Ol öýünden çykyp, elektrik simlerini synlaýar. —Tapdyňyz keçetelpek gojuklyny! Tok diýilýän zat urýamyşynmy? Hon-ha guşlaram simiň üstünde hatar bolup otyrlar ahyryn. Serçeleri urmaýan tok adamy urarmy? Günorta golaý daýaw eşegini münüp, öz aladasy bilen bir ýere ugran Tagan çonak beýik köpriiň üstünden geçmeli bolanda, simleriniň ýere has-da golaýlan ýerinde elektrik togynyň urýanyny-urmaýanyny barlamakçy bolýar. Ol eşegiň üstünde oturan ýerinden, kelte taýagyny ýokaryk uzadyp, tokly simleriň ikisine-de galtaşýar. Tagan çonagyň eşegi ölüp, özi diri galdy. Şondan soň elektrik togunyň urýandygyna müňkürlik eden gojuklylar oýlanmaly boldular. * Ellinji ýyllaryň ortalarynda kolhozlarda tertip-düzgün örän berkdi. Gowaçany gark edip ýa-da ala suwarýan suwçularyň başyna oýun salýardylar. Hatda olaryň käbirini, göz etmek üçinem bolsa, raýkomyň býurosyna çenli çagyrýardylar. Garaz, suwa gaty aýawly garalýardy. Bir gezek raýkomyň birinji sekretary gijeki nobatda uly ýola gaçyp, köl bolup ýatan suwuň üstünden gelýär-de, maşynyny saklaýar. Ol golaýdaky iki sany suwçyny ýanyna çagyrýar. —Muny nätdiňiz? —Aý, ýaşuly, suw-da, gijelikde gidäýipdir-dä… —Adyň kim? —diýip, raýkomyň sekretary olaryň birine gahar bilen ýüzlenýär. —Adym Namaz, ýaşuly. Suwçy adyny dogry aýdan däldir öýden sekretar: —Seň adyň kim?-diýip ikinji suwçudan soraýar. —Musulman. Heniz beýle atlara gabat gelmedik ateist sekretar. —Men size musulmanyň, namazyň nämedigini düşündirerin!—diýip, brigadiriň üstüne barýar-da, gaharyny pürkýär. —Seň daýhanlaň ýola suw gaçyryp jenaýat edenlerini az görýän ýaly, atlarynam ýalňyş aýdyp, raýkomuň sekretaryny oýnajak bolýarlar… Gojuk obasynda ýaşaýan täjikleriň arasynda Namazdan, Musulmandanam has delräk atlylaryň bardygy düşündirilen sekretar birneme köşeşensoň: —Bolsa-da, Namaz, Musulman atly adamlary men raýkomyň jaýyna-ha çagyryp bilmen—diýýär. —Ikisiniňem çäresini özüň gör! * Elli bäşinji ýyllarda goşun gullugyna giden iki goňşy bir günde oba dolandy. “Gözüň aýdyň!” diýmäge gelen gojuklularyň arasynda owadan harby eşikli, döşleri ullakan gymmaty ýok jäjeklerden doly iki esger öz aralarynda rus dilinde gürleşen bolýardylar. Biri bir zat sorasa-da “net” ýa-da “da” diýip jogap gaýtarýardylar. Ahyr Ylyg aga ýüzüni kürşerdip ýerinden turdy-da: —Gideliň, adamlar! Bular-a jyrk ors bolup gelipdirler—diýdi. —Birki aýdan, türkmençe öwrenensoňlar dolanaýarys-da… Soň-soňlar bilip ýörsek, ol iki esgeriň rus dilini bilişleri-de örän ýüzleýje eken. * Kaka aga ömrüniň köpüsini çölde çopançylyk edip geçiren adam. Ol oba-da ýylda bir ýa iki gezekden kän dolanmaýardy. Şonuň üçinem ýaş-ýeleňler-ä ony gatybir tanamaýardylaram. Bir gezek, Kaka aga oba gelende, aýaly oňa goňşy obadaky haraza gidip, bir halta bugdaý üwedip gelmegi tabşyrýar. Ömründe çopan taýagyndan başga zat görmedik ýaşuly, eşegi araba goşup bilmän, kän heläk bolýar. Ahyr ol eşegi araba bakdyryp goşjak bolup durka, gabat gelen Garaja aga oňa eşegiň araba nähili edilip goşulýandygyny görkezýär. Garaja aganyň hereketlerini synlap, aňk bolup duran çopan: —Bäý, şü biziň türkmenlemmizde-de kelle bar-ow!—diýip, başyny ýaýkaýar. * Ellinji ýyllaryň başlarynda obalaryň ykdysady ýagdýy pesdi, gahatçylykdy. Gowurak geýim-gejim edinmek hakda-ha gürrüňem ýokdy welin, adamlaryň garny gury nandanam doýmaýardy. Ilat şeýle hor-homsy ýaşaýan mahaly oba lektor geldi. Indi oýlanyp görsem, lektoryň gelmegi geň däldi-de, leksiýanyň temasy geňdi. Leksiýa sowutgyjyň, ýagny holodilnigiň öý hojalygy üçin peýdasy baradady. Ol mahallar Gojukda holodilnikli öý-ä ýokdy welin, asyl meniň obadaşlarymdan holodilnigi öz gözi bilen göreni hem bardyr öýtmeýärin. Özi-de çüprek geýnen daýaw lektor holodilnigiň çyzgysy çekilen ullakan kagyzyny iki sany piliň sapyna berkitdi-de, onuň bähbidini düşündirmäge başlady. Sowutgyjyň haýsy öýjüginde et goýmaly, haýsy öýjüginde mesge, gök önüm saklamaly—hemmesi düşündirildi. Ahyram lektor iş üstünde guma bulaşyp oturan kolhozçylara ýüzlendi. —Hormatly daýhan ýoldaşlar, düşünmedik ýeriňiz bar bolsa, arkaýyn sowal beriberiň! Ilki hemme kişi dymdy. Ahyram bir çetde gury kesege ýaplanyp ýatan Garaja aga dillendi. —Inim, ýaňky haladilnik diýýän zadyň et salmaly öýjüginde dyzy ýamaly balagyňy goýsaňam bolýamy? Sowalyň asyl manysyna düşünmedik lektor gara çyny bilen jogap gaýtardy. —Ýok, ýaşuly, holodilnik diýilýän zatda diňe et, mesge hem gök önümler goýulýar. Oňa balak-koýnegiňi, umuman, mata ugruny salmak bolmaýar. Çaky, adamlaryň gülküsindenem lektor degerli many alyp bilmedi. * Ömrümde ilkinji gezek lektor görenimden otuz ýyl dagy geçensoň, men belli rus ýazyjysy Wasiliý Şukşiniň “Aý aýdyň agşamdaky söhbet” diýen hekaýalar kitabyny türkmen diline terjime etmeli boldum. Şukşiniň adyny äleme ýaýan dogduk obasynda gabat gelýän, onuň özi aýtmyşlaýyn “çudikler” (“tentejikler”) boldy. Men Şukşiniň gahrymanlary hakda kän oýlandym. Meniň Gojuk obamyň “tentejikleri” Şukşiniň “tentejiklerini” agzyna garatjak “tentejikler” ahyryn. Näme üçin olaryň obrazyny çeper edebiýata salmaly däl? Gojuk obasynyň her öýünde bir hekaýa ýazar ýaly gowy material bar. Ortaça hekaýanyň temasy-ha Gojugyň köçelerinde-de pytraşyp ýatyr. Eglip al-da, hekaýa ýasaber. Ýokarky oýlanma maňa ynjalyk bermedi. Oba lektoryň gelşini hekaýa öwürdim. Hekaýa gazýetde çap bolan badyna ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowdan şeýle hat geldi: “Atajan, salam! Ýap-ýaňy “Edebiýat we sungat” geldi. “Leksiýaň” çap bolupdyr. Aý, sen, tüweleme, eýgertjek däl. Ajap! Ýazyjynyň beýik ussatlygynyň hoşboý ysy gelýär. Döwür, gylyk, Sapar aga, Nur aşpez, Jumadurdy lektor. Hersini Eflatun bilen bir saçak başynda oturdyp, Gowşut hana jylawdar edip belläýmeli. Üstesine-de, durmuşyň kyn hem wajyp meselesine paýhasly ýylgyryş bilen garamak (meniň başarmaýan zadym) eseriň ýugrumyny ýetiripdir. Beýle sýužetleri nireden tapýaň diýsene! Sýužetem sýužet welin, ony ýazmakda iş bar. Mende, meselem, sýužetden köp zat ýok, tutuş bir spisok. Emma olary ýazmak üçin mähnet bir adamyň iki gulajy hem ýetmeýän G… (syrt. —A. T.) gerek. Umuman, seni okamak, walla, hezil. Höwri köp bolsun! Gurbandurdy Gurbansähedow. 17.10.1977. Aşgabat” Uly ýazyjynyň haty meni galkyndyrdy. Netijede, gojukly “tentejikleriň” durmuşyndan ýazylan 7-8 sany hekaýa döredi. * Marydan otla münen Ypbat aga wagona girip barýarka, prowodnikleriň agzy açyk duran kupesiniň gapysyndan jyklaýar. Stoluň üstünde ýatan ullakan şor balyk gojanyň agzyny suwardýar. Neşedenem az-kem habarly, obada-da eýesi ýanynda ýok orakmy, zynjyrmy görse, goltugyna salaýmakdan gaça durmaýan ýaşuly balygy çilýär-de, öz kupesine baryp oturýar. Otly ugransoň, üç sany salpymurt özbek wagonyň iki tarapynyňam gapysyny gulplap, ogurlanan balygy gözlemäge başlaýar. Kupe-kupe barlap gelişlerine olaryň Ypbat aganyňam üstünden düşjekleri hak zat. Goja balygy daşaryk zyňaýyn diýse-de, aýna mäkäm ýapyk. Gizläre-de ýer ýok. Asyl gizläýeniňde-de, ysy eýýäm kupäni dolduran balykdan prowodnikleriň ünsüni böljek gümanyň barmy! Özünden ökdä duşan Ypbat aga kupesinden çykýar-da: —Eý, özbek garyndaşlar! Gözleýäniňiz balyk bolsa-ha, balygyňyz bärde!-diýip gygyrýar. Gojukda eşidenlerimden: Akbaş odunmyşynmy? Oýnaş hatynmyşynmy? Igde kişmişmişinmi? Selme biş-düşmüşinmi? Umyt uçmuşmyşynmy? Rysgal gaçmyşmyşynmy? Segsen ýetmişmişinmi? Ömrüm ötmüşmişinmi? * Ahat diýgil, oglanym, Samat diýgil, oglanym. Molla berjek nanyňy, Özüň iýgil, oglanym. * Ýüwürjim—ýüwrük taýym, Ýüwrüp geler ýanyma. Baldyzym—çuwaldyzym, Ýatsam batar ýanyma. Gaýnenem—gara garga, Ot sowurar synyma. Gaýnatam—garry köpek, “Gar-gar” eder ganyma. (Çuwaldyz—gödek zatlar tikilýän temen) * Maşynyň köne bolsa, ataň neşekeş ýalydyr. * Baýramguly 30 manatlyk kellesine 60 müň manatlyk şlýapa alypdyr. * —Iňňe ýasamagam elinden gelmez welin, türkmene öwün diýseň. —Aý, edil beýle-de däldir-le. Türkmen iňňe-hä ýasap biler. —Dogry aýdýaň, iňňäni ýasar. Ýöne, gözüni deşip bilmez. * Neneň janyň ýanmasyn! Indi her öýde ýüzden, iki ýüzden çemçe bardyr welin, türkmen elli adamlyk üýşmeleň etse-de, iki adama bir çemçe berer. Onsoň, tabakdaşyň sülekeýine degen çemçäni senem agzyňa degir-de otur. * —Neşekeş bolsa-da, sen işana dil ýetirme. Öleňde jynazaňy okajak ýene şoldur. —Şol işanyň ýok ýerinde-de türkmeniň ölenniň jesedi güne gurap ýatanok. * Hudaýyň özi geçirer-dä, ýogsam men-ä namazyň sözlerini dogry aýdýandyrynam öýdemok. Raýonlarynyň serhedindäki “Jumaş oý” diýilýän ýerde Mämmetguly aga bilen gowaça suw tutýardym. Mämmetguly aga obada sylanýan, Watançylyk urşuna-da gatnaşan, namazhon adamdy, sowatlydy, köne kitaplary, Gurhany kän okaýardy. (Ol maňa enemiň sandygyndan çykan, 1926-njy ýylda arap grafikasynda çap bolan “Magtymgulyny” hem okamagy öwredipdi.) Biziň suw tutýan ýerimiz Mary-Murgap ýolunyňň gyrasyndady. Ol çöp-çalamsyz çägesöw meýdandy. Çaý gaýnatmak üçin bir goltuk odun tapmagam hyllallady. Suw peselen ýaly boldy welin, Mämmetguly aga maňa “ýokaryny” barlap gelmegi tabşyrdy. Kimdir biriniň suwuň öňüne dykyn taşlan bolmagy-da mümkindi. Gojanyň çaky dogry çykdy. Men “ýokardaky” dykyny aýryp gelýärkäm, bize tarap akýan ýabyň gyrasyndaky garpyzlygyň üstünden geçmeli boldum. Tüňňerişip ýatan ýetişen garpyzlar meniň nebsimi otukdyrdy. Emma çatmadan (belki-de meni görüp) çykan garawul Gylyçdurdy aga bärik garap, suwçynyň aşak egilmegine garaşyp durdy. Men aşak egläýsem ol: “Haýt!” diýip, gygyrmaga taýyndy. Men aşak hem egilmän, edil ýabyň gyrasynda ýatan ullakan ala garpyzy aýagym bilen sapagyndan tänderdim-de, suwly ýaba tarap depip goýberdim. Esli ýöräp, yzyma garasam, ala garpyz suwuň ýüzünde loňkuldap, yzyma düşüp gelýärdi. Suwçynyň garpyz ogurlaman ara açanyny görüp ynjalan garawulam eýýäm çatmasyna giren eken. Meniň yz ýanym bilen ala garpyz hem biziň suw tutýan ýerimize akyp geldi. Garpyzy gören Mämmetgyly aga: —“Hem daýyňlara gitdiň, hemem taýyňa baş öwretdiňmi?”—diýdi. —Sorap aldyňmy ýa-da… —Diläniň, soranyň bilen Gylyçdurdy aga saňa garpyz berermi?—diýip, men hakykaty boýun aldym. Ýaşuly Gurhanyň haýsydyr bir süresindenem tutaryk edinip, maňa iňirdedi, ogurlygyň adam tarapyndanam, Hudaý tarapyndanam iň bir halanmaýan gylykdygyny düşündirdi. Asyl gaharlandam. —Men seni obamyzyň iň edepli oglany hasaplaýardym welin, ýalňyşan ekenim… Çägesöw meýdanda çaý gaýnatmak üçin odun tapjak gümanyň ýokdy. Şonuň üçinem tüňçelerem torbamyzdan çykarmandyk. Günorta nanymyzy gury iýmelidi. Men ala garpyzy kesdim welin, gyzyl köz ýaly bolup çykdy. Garpyzyň bir pellesini öňüme çekip, beýlekisini ýaşula tarap süýşürdim. Mämmetguly aga gaharlanjak boldy. —Ogurlyk närsäni iýmegem, ulanmagam günädir—diýip, ol ýüzüni kesä sowdy. —Günäsi meň boýnuma, babaý. Nanyňy gury iýip oturma-da, alaýsana! —Kişi günäsini kişi götermez—diýip, goja agras jogap gaýtardy. —Öz ogurlygyňy özüň iý. Günäsinem özüň çek. Garpyz örän şirin eken. Men ony nan bilen iýmäge başladym. “Babaýymyň” iýýän nanynyň bokurdagyndan kynlyk bilen geçýändigini aňýardym. Şonda-da men şapyrdadyp garpyz iýýärdim. Nan bokurdagyma degmän geçýärdi. Ýaşuly bolsa ýuwduna-ýuwduna, nanyny zordan iýýärdi. Men ýene birki gezek ýaşula garpyz hödürledim.Emma ol agras ýüýzüni maňa tarap öwürmedem. Men şol mahallar manysyna üns hem bermän eden herekedimiň ýaşulynyň öňünde uly günä iş bolandygyna, “babaýyň” ol hatany hiç mahal ötmejegine soň düşündim. Meniň öz günäm bilen dörän wakany kyrk ýyldan soň ýatlap, goýberen hatamy boýun alýandymym bolsa, Mämmetguly aga ýaly kalby päk obadaş gojalarymyzyň ruhlarynyň şu günem bize edep sapagy bolup hyzmat edýändigine şaýatlyk edýär. (Ýüzugra belläp geçsem, Mämmetguly aga ikimiziň suw tutýan “Jumaş oý” diýlýän çöketligimiz meniň “Keseki” eserimiň baş gahrymany, Fransiýanyň raýaty Gulibef de Blokwiliň 1860-njy ýyldaky gajar urşunda Gowşut hana ýesir düşen ýeri bolmaly. Blokwil özüniň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” diýen ýatlamasynda “Gumýabyň gündogaryndaky çöketlik” diýip görkezýär. Şol çöketlik, şol Gumýap häzirem bar. Çöketlik Mary-Murgap şossesiniň ugrundaky Murgap etrabynyň başlanýan ýerindäki ÝOLPOLIS postunyň gaýra tarapynda ýerleşýär. Ýöne Blokwil döwründäki Gumýaba häzir Hojaýap diýilýär.) * Kolhozyň ökde suwçusy bolany üçin gojukly Atagarrynyň “Lenin baýdagy” oblast gazýetinde eli pilli duran suraty çykdy. Ertesi giç agşamlygam onuň islegine görä, radioda bagşy Kiçi Geldimyradowyň aýtmagynda “Ogulmeňli” diýen halk aýdymyny goýberdiler. Birigün günortana golaý Atagarrynyň öýüne myhman geldi. Ol suwçynyň Marynyň Gökje obasynda ýaşaýan aýal dogany Bossan ejesidi. Bossanyň ýanynda ýetişen ogly hem bardy. Bossan eje gaty aladaly gelendigini aýdansoň, oglan iberip, Atagarryny hem suw tutýan ýerinden getirdiler. Beýle gyssagly hem wajyp möhümiň manysy Bossanyň iki aý mundan ozal uniwersitete girmäge gidende, ekzamenden ýykylyp gelen ogluny gaýtadan okuwa ýerleşdirmek maksady bilen baglanyşykly eken. Atagarry özüniň sada bir kolhozçydygyny, okuwa, uniwersitete dahylly işde elinden hiç zat gelmeýändigini aýdyp ahyram: —Bossan eje, men daýhanam bolsam, bir zady bilýän, senem şoňa düşünjek bol-diýýär. -Okuw diýilýän mesele awgustda çözülip gutarýar. Häzir bolsa, sentýabryň aýagy. Okuwa girjek girip, okajak okap ýör. Sen nä akylyňdan azaşyp ýörmüň? Ýak, dogan, senem-ä… —Gep nokatlama-da:”Kömek edesim gelenok” diýäý!—diýip, myhman gözüne ýaş aýlaýar. —Seň bir sözüň uniwersitetiň ketdesine ýeterlik. Gijem bolsa, däküwmendi düzüw dälem bolsa, Döwran jany okuwa aljaklaryny bilýän. . —Bossan eje, men hiç kim ahyryn… —Seň kimdigiňi, indi eliňden köp zat geljekdigini il-gün aýdyp ýör. Men-ä göremek welin, suratyň gazýetde çykypdyr. Hut öten agşamam seň adyňy radiýada tutdular, Öz gulagym bilen eşitdim. Onsoň, bir oglany okuwa salmagy başaramok diýseň, doganyň ynanar öýdýäňmi? Meni beýle akmakdyram öýtmegin sen… Netijede, “Bir söze bitäýmeli” möhüm bitirilmäni üçin dogan dogandan öýkeläp gidipdir. * Men insitutda okaýarkam, her tomus kanikulynda Gojuga gelýärdim. Bir gezek oba dolanamda, inisi bilen salamlaşmaga gelen doganoglan agam Sapar kakam: —Näçinji kursa geçdiň?—diýip sorady. —…Bäşinjä geçen bolsaň-a bu gezek gidýänçäň, günde seň ýanyňa oturmaga gelmeli bolar-ow! Meskewada okuw gutaryp işe başlaňsoň, seň kabinetiň gapysam goragçyly bolar. Biz ýaly daýhany salamlaşmaga-da göýbermezler… * —Gurbagalar warryklanlarynda nämä diýýäler, bilýäňmi? —“ O ýurt, bu ýurt, Mary bir gowy ýurt, Tejeniň suwy bir owurt” diýýämişler. * Häzir beýle düzgün barmy ýa-da ýok—bilmedim, ýöne meniň gürrüňini edýän döwrümde welin sapaklaryna ýetişmeýän juda çöňňe okuwçylary indiki klasa geçirmän, öňki okan klasynda galdyrýardylar. Bazar bilen Sähet her iki ýyldan öňki okan klaslarynda galdyrylýandyklary sebäpli, onunjy klasa ýetýänçäler, göwrelerine görä sapakdaşlaryndan has tapawutlanyp, özlerini okadýan mugallymlar bilen boýdaş boluberipdirler. Şonuň üçinem oba mugallymy Ata Ataballyýew her gün klasa girende, Bazar bilen Sähedi okuwçy hem hasaplamaýan ýaly, olar bilen aýratynlykda: —Salam, Bazar! Salam, Sähet! –diýip salamlaşyp, yzyndanam: —Salam, okuwçylar! – diýýär eken. * Men tomus kanikulyna gaýdanymda, ýük edip ýörmäýin-de, bir kilo süýji kökäni Aşgabatda alaýaryn diýip, Moskwadan boş gaýdyberýärdim. Bir gezek oba eltmeli süýjümi Aşgabatdanam alman, Mara uçdum. Maryda-da eglenip ýörmän, Gojuga ýetemsoň, oba dükanyndan iki kilo karamel alyp, öýe bardym. Men çaý içip otyrkam, ýaşulymyz bolan Sapar kakam salamlaşmaga geldi. Onuň öňünde hem çaý goýuldy. Goja käsesine çaý guýdy-da, meniň getiren süýjümden birini eline aldy, ony gözüne degrip diýen ýaly synlady. Süýjini dişsiz agzyna salyp iki dulugynyň arasynda esli kowalansoň ol: —Al, biz deňligi görmän, dünýäden ötjek-dä—diýip başyny ýaýkady. —Näme boldy, Sapar kaka? Ýaşuly ortadaky gazýetiň üstünde ýatan içi toşaply süýjülere tarap nazar aýlady. —Gör-ä bu süýjüleri! Daşynyň kagyzy dagam bir geňsi. Agzyňda-da eräp barýa. Haram Keliň öz adamlaryna iýdirýän süýjüsiniň tagamam bap-başga… Sapar kakamyň “Haram kel” diýýäni SSSR-iň baştutany N.S.Hruşýowdy, öňünde ýatan süýjüleri bolsa Moskwadan getirilendir öýdüp öwýärdi. Aslynda ol karameller Mary şäheriniň önümidi. —Ýeri, şular ýaly agza ýakymly kemput Maryda baram bolsa, biz alyp biljeg-ä. Hawa-da, deňlik hiç mahalam bolmandyr, indem bolmaz… * Sapar kakam garry bolsa-da, näme üçindir woleýbola tomaşa etmegi halaýardy. Klubuň ýa-da mekdebiň ýanynda ýaşlar woleýbol oýnasalar, eşeginiň üsti ýükli bolsa-da ol saklanman geçmezdi. Bir gün ol öz eýwanynda çokaýyny oltaňlap otyrka, peýda bolan poçtalýon onuň öňüne bir petde gazýet taşlap gidýär. Sapar kakam mekdepde okamadyk, ýeke harpy-da tanamaýan adamdy. Ýöne ol mahallar gazýet- žurnallara mejbury ýagdaýda ýazylmalydy. Gojuk obasyndaky düýpden bisowat garry aýallar-da “Sowet Türkmenistany”, ”Lenin baýdagy”, “Stalinçi” (soňra ol “Murgap” boldy) gazýetlerine hökman ýazylmalydy. Meniň Sapar kakamam mejbur bolup gazýete ýazylýanlaryň biridi. Gazýet getirilen badyna onuň 3-nji klasda okaýan agtygy Baýrammyrat peýda bolýar. Çokaý oltaňlap, içi gysyp oturan ýaşuly: —Pul baryny töläp alamyzsoň, peýdasyny göreli. Hany, o gazýetleň birini al-da, oka!—diýýär. Okaýşy hem ýabygorlurak bolansoň, Baýrammyrat gazýet sahypasyndaky iň kiçi habary okamaga başlaýar. Ol habar hem Russiýanyň bir şäherinde geçirilen Bütinsoýuz woleýbol ýaryşynda Türkmenustanyň komandasynyň 17-nji orun alandyklary barada bolup çykýar. Habar woleýbol hakda bolansoň, edip oturan işini goýup üns beren ýaşuly: —O nähili 17-nji orun bolýa? Respublika diýýänleri öň-ä on altydy. Soňam olaň biri oňuşman aýrylyşdymy-nämemi, on bäş bolup galdylar. Hemmesi 15 bolsa, nädip 17-nji orna düşüp bolýarka? Elbetde, ýaş oglan beýle sowala jogap berip bilmeýär. —Bar, git-de, Atajan dädeňden sorap gel. Ol Meskewada okansoň, hemme zady bilýändir. Haýdap gelen oglana men 15 sany respublikanyň, üstesine Moskwa bilen Leningradyňam öz komandalarynyň bardygyny düşündirdim. Agtygy sowalynyň jogabyny eltende Sapar kakam gazaba münýär. —Ýeri, iň soňky orny almak üçin bir topar ýal ýagysynyň harajatyny çekip, Orsýete ibermek nämä gerek bolupdyr? Aljagyň iň soňky orun bolsa, ony üstüňe getirip berýäler ahyryn… * Gojuk obasynyň adamlarynyň lakamsyzy ýok diýen ýaly. Sebäbi obada Ata, Durdy, Çary, Juma, Aşyr, Baýram diýen atlar üçden-dörtden. Bir gezek goňşy obadan bize myhmançylyga gelen žurnalist Meret Garryýew bilen iki obadaky üýtgeşik lakamlary sanadyk. Şonda biz 8: 2 hasaby bilen ýeňdik. Ýöne Meret Garryýewiň obasynda-da üýtgeşik lakamly adamlar bar eken. Mysal üçin “Çary” diýen adyň lakamlaryny seljeremizde bizde “Çary ýirik”, “Çary petir”, “Çary gaýşak”, “Çary syrt”, “Çary ganjyk” bar hem bolsa, Meret Garryýew ýeňdi. Sebäbi olarda “Ölen Çary” lakamly Çary bar eken. Onuňam sebäbi ol adam öldi diýlip patasy hem alnansoň, bir ýerden peýda bolaýypdyr. Kutuzow lakamly obadaşymyzyň hakyky adynyň Orazmämmet agadygyny ol pahyra jynaza okalanda bilip galdyk. (Jynazasy okalanda, merhumyň hökmany suratda dürs ady tutulmaly). Orazmämmet aga Kutuzowa mazaly çalym hem edýärdi welin, iň esasy ol hem Kutuzow ýaly ýekegözdi. * Sazanda Sähetmyrat Welmyradowyň agasy Ata Welmyrada “marşal” diýýärdiler. Sebäbi onuň marşal Budýonnynyňkydanam haýbatly murty bardy. Biziň “marşalymyz” gaty daýawdy, boýy iki metre golaýdy. Ata aganyň “elinden dür dökülýärdi”: dutar, gyjak ýasaýardy, dutar, gyjak çalýardy, adik, mesi, köwüş tikýärdi. Ol tikin maşyny ökde aýallardanam gowy işledýärdi. Ata Welmyrat Watançylyk urşuna gatnaşyp, oba-da ýaradar bolup dolanypdy. Onuň aýaly ermenidi. Biz oňa Asýa bajy diýýärdik. Asýanyň ejesiniň adyny bilýän ýokdy. Oňa ýöne “mama” diýäýýärdiler. Ata Welmyrat uruşdan oba ýazan hatlarynyň birinde: Gurgunmydyr ol Asýanyň mamasy? Gojuk bilen birleşendir obasy. Ata bilen daşlaşandyr arasy, Gaýynenem bolan Mama kän salam — - diýse, fronta iberilýän jogapda şeýle setirler bardy: Ogluň Meret bäşinjide okaýar, Gyzyň Marguş altynjyda bekeýär. “Kakam geler” diýip, ellik dokaýar, Bizden sowal sorsaň, jogaby şeýle. Ellinji ýyllaryň başlarynda Gojukda arak içýän adam düýpden ýok diýerlikdi. Şonuň üçinem biz — 9-10 ýaşly oglanlar “Budýonnyý” dükana tarap ugrasa, assyrynlyk bilen ol ýere barýardyk, “marşalyň” arak içişini synlardyk. Ol proses şeýle geçýärdi: Aýagy ýalpyldawuk gaýyş ädikli çal donuny ýapynjaň alan uzynsatan “marşal” dükana girer-de, “Saglykmysyňyz, oglanlar?” diýer. Dükançy düşbüdir. Ol her günde edýän hereketini gaýtalar: aşak egler-de, ullakan bulgury arakdan dolduryp, tagtanyň üstünde goýar, ýekeje kökänem bulguryň gapdalyna taşlar. ”Marşal” doly bulgury sag eline alansoň, çep eliniň başam barmagynyň ýeňsesi bilen pişge ýaly murtuny taýly gezek sypalar. Şondan soň bulgur murtuň aşagyna ýelmeşer. Bulgur tagtanyň üstüne gaýdyp gelensoň, murtuň aşagyna köke barar. Ata aga ony iýmez, diňe ysgar-da, kökäni dükançynyň öňüne, tagtanyň üstüne taşlap goýberer. “Aragyň yzyndan zat iýseň, janyň üçin zeleldir”. Biz ol mahallar “marşalyň” sözlerine ynanardyk… * Atamyrat obadan Mara gatnap, dükanda satyjy bolup işleýärkä, adam baryny ýygnap, ýygy-ýygydan oturlyşyk edýärdi. Bir gezek ol nobatdaky oturlyşygyň myhmanlaryny ugradyp gelensoň, garry kakasy: —Beýdip, günde-günaşa adam ýygnap ýörmeseň-ä, gowy bolardy—diýýär . —Iliň gözem görgürdir, dilem ýitidir. Atamyrat ýylgyrypdyr-da: —Aý, kaka, ilden alýanymy ile bir iýdireýin-dä—diýipdir. * Daşardaky ojagyň başynda duran tabagy ýalany üçin Gully aga Kellemenowyň Baýramaly şäherindenem 30-40 km. gaýradaky Kişman diýilýän ýerde çöle taşlanyp gaýdylan pişigi 70-75 km. ýol söküp, 2 aýdan soň Gojuga dolanyp geldi. Öz gapysynda mawlap oturan pişigine gözi düşen Gully aga başyny ýaýkapdyr-da: “Şu janawer menden soňa galaýsa, hor-homsy etmäweriň!” diýip çagalaryna wesýet edipdir. * Gojukda maýdaja ogrulykdan başlap, soňra-da Mary şäheriniň “tanymal ogrusy” bolup ýetişen Jyma jüwlük oba gelende, bir kiçijik ogurlyk etmegiň sapagyny berdi. —Towuk ogurlajak bolsaňyz, onuň galmagalyna il örmez ýaly inçejik ýüpüň ujuna balyk tutulýan çeňňejik daňyň, çeňňege-de kiçijik çigit dakyň. Ýöne, çigit ak bolsa gowy. Towuk çigidi çokan badyna ýüpi çekiberiň. Sesem çykmaz, üýnem. Towuk seňkidir. * 1990-hjy ýylda men Gojukda jaý gurmaga başladym. Kolhozara gurluşyk edarasy bilen baglaşylan şertnama görä, ýylyň aýagynda jaýyň açary meniň elimde bolmalydy. Emma iki ýyl geçse-de, jaýyň boýy hem ýetmedi. Men Mary obkomymyň birinji sekretary G. M. Orazowyň ýanyna baryp, ýagdaýy aýtdym. Şertnamanyň bir nusgasyny hem eline berdim. Ol oblast gurluşyk edarasynyň başlygy Aşyr Nuryýewe jaň etdi-de, ýagdaýy düşündirdi. Edil şol günüň ertesi meniň gurluşygy togtadylan jaýymyň daşynda gaýda-gaýmalaşyk köpeldi. Bir maşyn kerpiç getiren görmegeý şofýor ýigit, elim byçgyly duramsoň, ýanyma geldi-de: —Ýaşuly, Atajan Taganyň özem basym gelýär öýdýän?—diýdi. Men ýagdaýa düşündim-de: —Hawa, üç-dört günden geler diýip bizem garaşýas. Ýöne sen onuň geljekdigini nireden bilýäň?—diýdim. —Başlyklammyz “Şu işi gaty tizlemeli” diýip, oda-köze düşüberdiler welin, özi gelýýndir öýdüp çak etdim. —Maşynyna tarap gönügen ýigit yzyna gaňryldy-da: — Ýaşuly sen Atajan Taganyň garyndaşymy?—diýdi. —Ýok, men onuň kömekçisi. Şofýor ýigit “A. Taganyň kömekçisi” bilen tanşanyna-da begenen ýaly, ýanyma gelip, elimi gysyp gitdi. 16. 08. 1991. Aşgabatda ýaşaýan obadaşym hem dostum, medisina ylymlarynyň doktory, professor-hirurg Hoja Babaýewe salamlaşmak üçin Murgapdan jaň etdim. Ol Gojuk täzelikleri bilen gyzyklandy. Men oňa Ogulsapar ejäniň 83 ýaşap ýogalandygyny aýtdym welin, oba seýrek hem aýak üstünden gelýän professor: —Ogulsapar eje nä ozal ölmedimi?—diýdi. —Medisinanyň kanunyna laýyklykda, o pahyr ikinji gezegem öläýdi—diýip, men sowala görä jogap gaýtardym. * Mary-Murgap şossesinden Gojuga tarap aýlanan ýerimde 23-24 ýaşlaryndaky bir ýigit durdy. Ol obanyň sygyr çopany Ahmetdi. Ol elini galdyrmanka, maşyny sakladym. Men malym-garam bolmansoň, Ahmet bilen heniz ýakyndan iş salşyp görmändim. Ýöne obadaşlarymyň käbiri oňa samsygrakdyr diýýärdi. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, Ahmet tä oba ýetilýänçä, geplemän oturdy. ”Şäherläp gelýäňmi?” diýsemem, diňe baş atdy. Men öz köçäme sowulmaly ýerimde maşyny sakladym. Ahmet ulagdan düşdi-de, baş atyp gidiberdi. — Maşyna mündürip, ynjytman getirenim üçin bir manatjyk dagy töle ahyryn!—diýip, men onuň yzyndan gygyrdym. Ahmet meniň degişýändigime düşünýärdi. Bolsa-da : —Aý, häzir bir manat bersem, sen ony ýitirersiň. Agşam öýňize eltip gaýdaýaryn —diýen jogaby bilen ol meni geplemez ýaly etdi. Ynha, meniň Gojuk obamyň adamlarynyň käbiri bilen bolan wakalar şulardan ybarat. Gojuk obasyna ýene-de gaýdyp geleris. Sebäbi ol örän üýtgeşik oba. Menem şol obada doglanyma, şol obanyň adamlarynyň hemmesini gaty ýakyndan tanaýanyma, olaryň özlerine sarpa goýmagyma esas döredendiklerine ýürekden begenýärin. 1963—1993. Gojuk—Mary —Aşgabat —Moskwa. Kynçylykly düňýä barada pikirlenip, iliň agyr durmuşy barada çuňňur gynanç bilen oýlanyp bilýän hakyky halk ýazyjysyny özüniň hususy ýagdaýynyň abatlygy, tükeniksiz baýlygy-da köşeşdirmeýär. Dünýäniň iň baý ýazyjylarynyň biri bolan graf L. N. Tolstoý öz ýaşaýşyny garyp halkyň ýaşaýşy bilen deňeşdirende tebigylyk duýmany üçin, onuň arasyndaky tapawudy ynsaply adamçylyk duýgusyna sygdyryp bilmäni üçin, utanjyna öýüni terk edip gitmäge mejbur bolýar. Şeýlelikde, ol öz baý mülki bolan Ýasnaýa polýanany taşlap, Astapowo diýen demir ýol stansiýasynda ölüp galýar. * Hünärmeniň diňe ýeke halypa tutunmak bilen oňmagy, döretmegi mümkin. Emma ýazyjynyň halypasy ýeke bolmaly däldir diýip pikir edýärin. Sebäbi onuň döredijilik derejesi ösdügiçe, edebiýata bolan garaýşy hem şoňa görä özgerýär. Her döwürde ösýän düşünjesiniň talabyna laýyklykda göwnünden turan eser hem oňa halypalyga öwrülýär. Men özümiň döredijilige baha beriş hem talap ediş nukdaý nazarymy yzarlap görýärin welin, diňe halypalyk derejesinde kabul eden adamlarym kem-kemden başga bolupdyr. Berdi Kerbabaýew (“Aýgytly ädimden” başlanýar), L.Tolstoý, Stendal, Çehow, Moem, Žorž Sand, Balzak, London, Bykow, Aýtmatow, Mustaý Karim, Rasputin, Matewosýan, Fazliddin Muhammadi. . Ýöne dünýäde iň beýik, iň akyldar ýazyjy hasap edilýän, dünýäde özüni sowatly saýýanlaryň hemmesiniň ürç edip okaýany F.M.Dostoýewskini welin özüme halypa diýsem, siziň öňüňizde ýalan sözledigim bolardy. Belkem, onuň aň derejesiniň özümiňkiden juda tapawutlydygy üçindir, Dostoýewskini uly lezzet, höwes bilen okap bilmeýärin. Has takygy, ol maňa eýgertmeýär. Diýmek, men entek oňa okyjy bolmaga-da ýetişen däldirin-dä. Ýöne onuň institutyň ekzameni mejbur edensoň gyssaglyrak okalan eserlerine (özümi synap görmek üçin) ýaňadandan dolanmak hyýalymam ýok däl. Seniň ösmegiňe oňaýly täsir edýän her bir awtor halypalyga öwrülýär. Elbetde, ömrüň dowamynda olaryň halypalyk derejesinden düşýänleri-de, hemişelik halypalykda galýanlary-da bolýar. * Her guş özi üçin saýraýar. Her guş öz sesinden lezzet alýar. * Maryda Ata Köpek Mergen, Ata Atajanow, Aşgabatda Kerim Gurbannepesow, Gylyç Kulyýew, Berdi Kerbabaýew, Çary Nurymow, Nury Halmämmedow, Gurbannazar Ezizow köçelerinden geçenimde guwanja hem hasrata gaplanýaryn. Men olar bilen uzak ýyllaryň dowamynda duz-emek bolupdym. Şu gün Gyzylarbat şäherinde giň köçe bilen barýarkam, beýik jaýyň diwarynda “Gök Abaýew köçesi” diýen ýazga tötänden gözüm düşdi. Men Moskwada işlän döwrümde, Türkmenistan Ministrler Sowetiniň SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky hemişelik wekili Gök Abaýew bilen edil aga-ini ýaly bolup gatnaşypdym. Asly käri mugallym bolan Gök Abaýew edebiýata-da gowy düşünýärdi, dutar hem çalýardy. 16.10.1996. Gyzylarbat. Şeýle sowala ozalam jogap beräýipdim öýdýän. Bolsa-da, eger Hudaý maňa: “Ýaşan ömrüňi gaýtadan bersem alarmyň?” diýen sowal berse, ol meniň aşakdaky şertlerimi goldasa razylaşardym: 1. Öňki ýaşan ömrümdäki goýberen ýalňyşlyklarymy gaýtalamazlyk. 2. Öňki ýaşan ömrümdäki gatnaşan, sulhum alşan aşnalarymyňam gaýdyp gelmegi. (Olarsyz ýaşaýşyň gyzygy bolmaz ahyryn). 3. Öňki ýaşan ömrümdäki ýaşan duşmanlarymyňam gaýdyp gelmegi. (Olarsyz ýaşalan ömür gyzyksyz hem içgysgynç bolar ahyryn). 1997. Eýýäm bar zat hakydamdan çykypdyr. Göz öňe gelenok saçyň tary-da. Bilemok, niçiksi geçdi gijeler, Şol gijeler—müňkürligiň ýary-da. Bilemok, biz daňy garşy aldykmy, Ýa-da garşy aldymyka daň bizi. Bilemok, gülkämi ýa-da hasrata, Nämä şaýat boldy asman ýyldyzy. Niçik nazar bilen bakýardy gözleň, Gülüpmidiň? Şolam çykdy ýadymdan. Howa siňdi aýdan gabahat sözleň, Diňe nyşan galypdyr seň adyňdan. Hakykatçy duşman, töhmetçi dosty Saýgarmak üçinem bar eken bir çäk. Dostlaryň şatlygma begenmändigem, Ýat-oýumdan çykyp gidipdir birçak. Ýaň salsa-da geçip giden ýaşlygym, Kalbyň salgymlara gulak asmasyn. Bolýandyr ters işiň bähbit berýänem, Gördüm ýagşylygňam ýaman nusgasyn. Näziň nähilidi, özüň nähili, Oturyp-turşuňam kem-kem unutdym. Şol günleriň ýagşy-ýaman baryny Ýatlajak bolmagyn, senem unutgyn. Haýsy nazar bilen bakýardy gözleň? Gara kül döräpdir sönen oduňdan. Emma bagtly günleň yzda galany, Nämüçindir, hiç çykanok ýadymdan. 1989. Kiýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |