15:56 830 ýyl ýatan diwan.. | |
Osman ÖDE
Taryhy makalalar
▶SEKIZ ÝÜZ OTUZ ÝYL ÝATAN DIWAN 1914-nji ýylda dünýäde türkmene dahylly nähili waka bolupdyr diýilse hökman: «Birinji jahan urşy başlandy» diýip jogap beriljegi ikuçsuz. Emma... Şol ýyl dul galan bir aýal, gün-güzerany bijaý egbar düşüp, daşy dolanyp ençe ýyl sandykda ýatan kitaby satlyga çykarýar. Ol aýal Türkiýäniň Diýarbekir şäherinde ýaşap dünýäden öten bir kitapşynasyň aýaly eken. Ol bende dünýäden ötmezinden öň: «Gaty horlanyberseň, şu kitaby sataýgyn, emma otuz lirden arzan beräýmegin» diýip, zynharlap sargap gidýär. Ýadyňyza salyň, Isa pygamberi hem şägirdi otuz kümüş pula satypdy. Dul aýal kitaby satýar, türkmeniň, türki halklaryň bagtyna kitap tüýs hak eýesine gowuşýar. Ol kitaby okap çykyp: – Bu kitabyň asyl bahasy tölenmeli bolsa, onda oňa dünýäniň hazynasy hem ýetmezdi – diýipdir. Şeýlelikde, ylmy ulanyşa girmän 830 ýyl ýatan bu diwan ylmy dünýä aralaşyp, awtory Mahmyt al-Kaşgarynyň adyny bütin dünýä meşhur edipdir. Şeýdip, arzylanyp saklanylyp ýörlen kitaplar ýüz-müňlerçedir, çünki Gündogar halklary arap hatynda ýazylan kitaplary ylahy kitaplar diýip arzylap saklaýarlar, keramat hökmünde görýärler, satlyga çykarmak hakda pikir hem edilmeýär. Alym, adyndan belli bolşy ýaly, Kaşgarda dogulýar, ylym-bilim alýar. Ýerligi oguz bolan alym Seljuklar Bagdady basyp alyp, paýtagt edinenden soň Bagdada baryp, ylym bilen meşgullanyp başlaýar. Mahmyt Kaşgary «Diwan lugat at-türk» atly 5 tomluk sözlüginiň birinji tomunda: «Oguzlar – türkmenlerdir. Olar ýigrimi iki urugdyr... Birinjisi hem baştutanlary kynyklardyr. Zamanamyzyň hakanlary şu kynyklar urugyndandyr» diýip ýazsa, üçünji tomunda: «Türkmen – bular oguzlardyr» diýip, has hem tekrarlaýar. Mahmyt Kaşgary sözlüginiň başga bir ýerinde: «Men bulardan (tire-taýpalardan) esasylaryny, ene uruglaryny ýazdym, şahamçalaryny taşladym. Oguz türkmenleriniň weli maýda uruglaryny hem, olaryň mallaryna basylýan tagmalaryny hem ýazdym» diýip belläpdir. Alym türkmene dahylly zatlary doly ýazaýmaly, sebäbi häkimiýet şolaryň ellerinde. Alyma garaşyk edýän hem şolar. Mahmyt Kaşgary kitabynda olaryň öz dilinde gürleseň gowy görýändigini, penalaýandygyny hem belleýär. Oguzlaryň ajaýyp, röwşen taryhy bar, dünýä ýaň salan, dünýäniň depesinde tug diken taryhy bar. Şol sebäpli bu günki gün öz aslyny oguzlardan agtarýan alymlar köpeldi, ahmal galsaň olar taryhyňy – ataňy eliňden alaýjaklar. Sag bol, beýik Mahmyt Kaşgary, sen oguzlaryň türkmenlerdigini, türkmenleriň oguzlardygyny tassyklaýan taryhy dokumenti ýazyp, aşagyna möhür uranyň üçin! Beýik alym Mahmyt Kaşgarynyň bu diwany türkmen dili, halk döredijiligi, durmuşy babatda gaty köp-köp maglumatlar berýär. Eýse şu diwan arkaly türkmeniň geçmişiniň ýene bir sahypasy açylmaýarmy? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |