10:28 Şajan wäşiniň şortalary | |
ŞAJAN WÄŞINIŇ ŞORTALARY
Degişmeler
Bir gün Şajanyň ýoldaşy obadaşy Kerim agadan namaz okanda geýer ýaly bir telpek soraýar. Kerim aganyň özem degişmäni gowy görýän adam. Olar kinodaky Gandym aganyň geýýäni ýaly bir şyrdy telpegi berip: “Al, şunda okaber. Sogaby meniňki” diýipdir. – Kelle baryny gören telpek bolarly. Geýer dagy eder ýaly däl. Bir gün biri sadaka berdi. Ýaňky telpek alan oglan bilen bile şoňa barýas. Agşamara. Ýolda onuň bilen maslahat etdik. Kerim agany käýindirmeli. Gaharyny getirmeli. Bardyk. Kerim aga-da otyr. Ol bize ýüzlenip: – Näme, gijä galýaňyz märekeden?! – diýip sorady. Menem ýoldaşymyň adyny tutup: – Ýusup aýaly bilen dawa edýän eken. Men ony zordan öýünden çykardym – diýdim. Kerim aga geň galdy. – Gijäň içinde aýaly bilen näme dawasy barka? Göreniň Ýusup, gepde hakyny giderjekmi? – Kerim aga, maňa “Namaz okaňda geýersiň” diýip, bir telpek beripdiň. Ony men öýe salýan welin: “Munuň sirkesi, biti bar” diýip, aýalym daşaryk zyňýar. Dawamyz şo” – diýdi. * * * Ýene bir gün çynaryň aşagynda otyrys. Men: – Ýusup, agşamara är-aýal bolup tamdyr başynda näme işläp otyrdyňyz¬ – diýdim. Olam: – Aý, şo Kerim agaň beren telpeginiň bitini tamdyra kakyp otyrdyk – diýdi. Kerim aga bolsa saklanyp bilmän: – Indi telpek ýerine belaň sapyny alarsyň – diýip käýindi. Muňa oturanlar hezil edip gülüşdiler. * * * Şajanyň daýysy Çary molla “Göroglyny” diňlemegi gowy görýän eken. Bir gün onuň çagalary “Göroglyny” okaýan ekenler. Görogly atyny gözlemäge gitjek bolup, ýola çykanda Agaýunusa: “Men birden atyma diýip gidemde Göroglydygymy tanap öldürseler, senem meni ölendigimi eşitseň, näme diýip aglarsyň?” diýip, soran ýerine ýetende, Çary daýym aýalyndan: – Döwletgül, men ötemde sen näme diýip aglarsyň? – diýip sorapdyr. Aýalam degişgen: – Sen ötmeseň, gözümden ýaşam çykjak däl – diýip jogap beripdir. • Kurortda Segseninji ýyllaryň ahyrynda Şajan Nalçige, kurorta gidip gelipdir. Baran gününiň agşamsy tans bolýan eken. Şajanam barýar. – Tans başlandy. Alyp baryjy bir artistiň adyny tutup, “Ol aradan çykdy. Ýöne onuň bir tans aýdymy bardy. Şony eşitdirjek” – diýip, yşygy öçürtdi. Her kim biriniň golundan tutup, tans meýdançasyna çykdy. Menem birini alyp çykdym. Garaňkylyk, pyrlanyberdik. Ahyr ýadap, yşygy ýakdylar. Görsem, meniň alyp çykanym daýaw erkek kişi bolsa nätjek. Hernä, garagolluk edip, ony ogşap zat etmändirin. • Dagda Tomusda nohurlylaryň ählisi daga, ýazlagda çykýarlar. Güýzüň soňky aýynda-da oba göçüp gelýärler. Şajanyňam ata-enesi çarwa çykýarlar. Bir günem olar ýazlagçy goňşularyndan sargyt edipdirler: “Şajana aýdyň, maşyn getirsin. Är-aýal bolup galdyk. Oraçamyzam söküldi. Başga adamam ýok”. Şajanam bu habary eşidip, maşynyň gözlegine çykýar. – Goňşy Garawul obasyndan bir tanyş sürüji oglan gabat gelýär. Muny saklap: “Ýazlagda kakam bar. Şony göçürip geleli” diýsem, “Ýör” diýdi. Munuňam maşyn sürüşi däliň sürüsi ýaly-da. Ýok edip barýar. Barsak, kakam bilen ejem oraçany söküp otyrlar. Kakam maňa: – Sen ejeň bilen maşynyň içine mün. Men üstüne münjek – diýdi. – Özüň içine münäý – diýsemem etmedi. – Aý, men zatlara seredip gitjek – diýdi. Ejem bilen maşynyň içine mündük. Şopuram bir: “Mündüňizmi?” diýip gygyrdy. Bir ses geldi. Ugradyk. Aý, basyberdi şopur. Gönüläp gelýä ýollardan. Oba gelip, öýümiziň derwezesiniň agzynda maşyny saklady. Düşüp seretsem, maşynyň üstünde kakam ýok. Ejem-ä “waý-waş” ediberdi. ”Sygyr hudaýýoly, goýun hudaýýoly...” urbadan çykaryp barýar. Maşyny yzyna öwürdik. Ýoluň gyralaryna seredip barýas. Şeýdip oraça söken ýerimize, ýazlaga bardyk. Barsak, kakam gaharly, başyny aşak salyp otyr. – Kaka, näme boldy? – diýip soradym. – Zäher boldy, merez boldy – diýdi. Asyl, şopur “Mündüňizmi?” diýip, gygyranda, ol elini ýaňy maşynyň nowasyna ýetiren eken. Maşyn ugranda-da galypdyr. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |