16:49 Abiş hatyn | |
ABIŞ HATYN
Zenan şahsyýetler
Eýranyñ Pars etraplarynda gurlan Salyr Türkmen Atabegliginiñ hökümdary Saad Ikinjiniñ (hökümdarlyk eden ýyllary 1260-njy ýylyñ 18-nji maýy - 1260-njy ýylyñ 30-njy maýy aralygy) gyzy, 1263-nji ýylda Salyrlar neberesinde erkek göbekli tagt mirasdüşeriniñ ýoklugy sebäpli, tagta Abiş hatyn geçirilipdir. Döwletiñ pullarynda hem onuñ ady zikgelenip başlanypdyr. Ol juwan ýaşynda, 1264-nji ýylda Çingizler neberesinden Hulagu hanyñ ogly Meññi Teýmire durmuşa çykarylypdyr. Biraz wagtlap äriniñ mülkünde ýaşan Abiş hatyn, 1271-nji ýylda Salyr Atabegliginiñ paýtagty bolan Şiraza gelipdir. Onuñ hökümdarlyga geçmegini şirazlylar bir aýlap baýram edip belläpdirler. Bu döwletde 13 ýyllap asudalykda, abadanlykda ýaşalypdyr. 1284-nji ýylyñ dekabrynda bolsa mongollaryñ ''Ilhany'' Argunyñ ýörite iberen wekili Seýid Ymadeddin Abu Ýal Şiraza gelipdir we Abiş hatyny tagtdan indiripdir. Şiraz halky eý görýän hökümdarynyñ tagtdan inderilenine namys edip, mongollaryñ wekilini öldüripdir. Argun han goşun iberip, gozgalañçylary jezalandyrypdyr. Abiş hatyn bolsa Töwrize alnyp gidilipdir. Hulagu hanyñ oglunyñ aýaly bolsa ony ölümden halas edipdir. 1286-njy ýylyñ 29-njy dekabrynda Töwriziñ eteginde ýerleşen Jahandepe diýlen ýerde Abiş hatyn wepat bolupdyr. Ilki şol ýerde jaýlanan Abiş hatynyñ jesedini soñra gyzy Kurduçin Şiraza getirdip, ''Abudiýe'' medresesinde jaýlapdyr. Abiş hatyn Salyrlar neberesinden bolan iñ soñky hökümdar bolupdyr. Orta asyr şahyrlary Abiş hatynyñ gözelligini, hökümdarlyk adalatyny taryplap, ajaýyp şygyrlar düzüpdirler. Olaryñ biri-de meşhur şahyr Saady Şirazydyr. Öwez GÜNDOGDYÝEW. "Türkmen Zenanlarynyñ Taryhy Keşbi", Aşgabat-2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |