10:20 ABŞ-nyñ Prezidenti kim bolarka? | |
ABŞ-nyñ PREZIDENTI KIM BOLARKA?
Publisistika
ABŞ-da geçirilen soñky pikir soralşygyñ netijeleri Demokratlar partiýasyndan talaşgärlige hödürlenýän, Prezidentiñ öñki kömekçisi Jo Baýdeniñ öñe saýlanýandygyny görkezdi. Hatda Baýdeni 14 utuk öñde görkezýän pikir soralşygyñ netijeleri-de bar. Amerikan halky Jorj Floýd atly garaýagyz raýatyñ Minnesotada polisiýanyñ agyr jenaýatynyñ pidasyna öwrülmeginden soñ başlan protestlere we hak-hukuk talaplaryna doly goldaw berýär. Her ýüz adamdan segseni garaýagyz raýatlara deñ göz bilen garalmaýandygyny we jynsparazçylykly çemeleşilýändigini pikir edýär. “Ýurduñ gowy dolandyrylýandygyna ynanýarsyñyzmy?” diýen soraga bolsa, her ýüz adamdan altmyş ikisi "Ýok!" diýen jogaby berýär. Ýagny ähli görkezijiler Baýdeniñ peýdasyna. Emma otuz alty ýyllap senatorlyk eden ýetmiş sekiz ýaşly talaşgäriñ iññän möhüm käbir hendikaplary bar. Teleýaýlyma düşende gojanyñ keşbini bermäge ýykgyn edýär. Üns beriñ, garry diýemok, goja diýýärin. Çünki garrylyk bilen gojalygyñ kän tapawudy bar!.. Mysal üçin, arada “Ulusa sesleniş” formatynda 25 minutlyk söz sözledi. Açyk ýygnaklar we metbugat serişdeleriniñ toplanşyklary bilen deñeşdirenimizde az wagtyñ içinde birnäçe gezek uzyn-uzyn üsgürdi. Hususanam wideokamera seredýän ýaly edip, öñden taýýarlanan teksi okamagy üpjün edýän prompter enjamyndaky yzygiderlilige ýetişmedi. Ýagny öñünden geçen ýazgyny arkaýyn okap bilmedi. Delawaryñ öñki senatory Baýden barada Waşingtonda on ýyllap ilçi wezipesinde oturan we şol döwrüñ Waşingtonynda iñ täsirli bäş ilçiniñ biri hökmünde görkezilen tejribeli dana diplomatymyz Şükrü Elekdagyñ pikirini soradym. Ol "Senator saýlanan ştatynda rumly saýlawçylaryñ agdyklyk edýändigi sebäpli Gresiýanyñ yñdarma tarapdarydyr" diýip başlan sözüni şeýle dowam etdi: “Ilçi bolup Waşingtona gidenimde amerikan syýasatynda täsirli orny eýeleýän şahslar bilen görşüp, Türkiýäniñ doktrinasyny düşündirýärdim. Jo Baýden bilenem görüşmekçi bolupdym, emma ol randewu bermedi. Günlerde bir gün Kongresiñ naharhanasynda duş geldim-de, ýanyna bardym. Özümi tanadanymdan soñ randewu (gepleşik, duşuşyk) talabymyñ bardygyny gaýtadan mälim etdim. Şonda göni ýüzüme dikanlap: "Siziñ bilen görşäýemde-de, pikirlerimi üýtgedip bilmen!" diýdi welin, onuñ bilen duşuşjak bolmagyñ biderekdigine düşündim!..” Meniñ bilen görşen beýleki daşary syýasat boýunça hünärmenlerem Baýdeniñ "Gresiýanyñ tarapdary, Türkiýäniñ garşydaşy" taraplarynyñ bardygyny nygtadylar. Kowid-19 (koronawirus) ýokanjyndan öñ ykdysadyýeti aýaga galdyryp, işsizligi ýok diýiljek derejä düşürendigi sebäpli Demokrat partiýalylar tarapyndanam saýlanylmagyna garaşylan Donald Tramp pandemiýa döwründe kabul eden kararlary we başly-barat ugur-utgasyz çykyşlary sebäpli kän utuk ýitirdi. Özem ýokanja garşy tutluşyga çykýan ýaly çykyşlary ony jany-teni bilen goldaýan tarapdarlarynda-da lapykeçlik döretdi. Jorj Floýd wakasyndan soñky gözegçiliksiz özüni alyp baryşlary bolsa, oña gönükdirilen tankydy oklaryñ gürelmegine sebäp boldy. Tramp halk köpçüliginiñ agzyny alardyp, toparlara bölüp, biri-birine garşy öjükdirip saýlawçylaryñ jylawyny ele alaryn öýdýär we täzeden saýlanmak üçin mitingler geçirjegini aýdýar. Emma bitarap synçylar koronawirusyñ ikinji ýokanç tolkunynyñ ABŞ-ny uran ýagdaýynda, onuñ saýlanmaga bolan hiç hili mümkinçiliginiñ galmajagyny aýdýarlar… Merhum Süleýman Demirel syýasatda bir hepdäniñ juda möhümdigini, şol bir hepdäniñ içinde köp zady üýtgedip bolýandygyny aýdardy. Trampyñ tarapdarlary-da Prezidentlik saýlawynyñ geçiriljek 3-nji noýabr gününe çenli dört aýa golaý wagtyñ bardygyny we onuñ şertleri öz peýdasyna öwrüp, täzeden saýlanjagyny aýdýarlar. Hatda bu babatda jedele-de girmekden çekinenoklar… Jedellerine tutaryk hökmünde-de Baýdeniñ taýýarlyksyzdygyny we gojalşandygyny, munuñ tersine Trampyñ ykdysadyýeti dolandyrmakdaky ukyp-başarnygy görkezýärler. Olar täze ýaşaýyş-durmuş formasy bilen birlikde ykdysadyýetiñ çalt janlanjagyna we ýokanç döwründe artan işsizlik derejesiniñ peseljegine ynanýarlarlar… Görnüp duran hakykata we uzyn gepiñ gysgasyna seretmeli bolsa: Baýden açyk-aýdyñ öñde barýar, emma bu onuñ heniz gutarnykly ýeñiş gazanjakdygyny añlatmaýar. Ugur DÜNDAR. "Sözcü" gazeti, 12.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||