19:37 Adamlarmy ýa jynlar güýçli? | |
ADAMLARMY ÝA JYNLAR GÜÝÇLI?
Geň-taňsy wakalar
Dogrusyny Alla bilýär. Işiñ meñzeşi wujut gurluşyndan gelip çykan tizlikleri, päsgelçilikleri aşma aýratynlyklary, uzak ýaşaýandyklary we adamlaryñ görmeýänlerini görme ukyplary bilen jynlar adamlardan ýokardadyrlar. Emma ýaradylanlaryñ köpüsinden ýokarda goýlup, iñ gözel görnüşde ýaradylyp, ýer ýüzüniñ halyfy kylynandyklary üçin mantyk we aýyl-saýyl etme ýaly umumy taraplary bilen adamlar jynlardan ýokardadylar. Ýöne adamlaryñ baş-başdaklyk çykarma we gan dökme şeklindäki ýaramazlyklary has ýüze çykgyçdyr". ("Rahman" süresiniñ 15-nji aýaty, "Isra" süresiniñ 70-nji aýaty, "Tin" süresiniñ 5-nji aýaty, "Bakara" süresiniñ 30-njy aýaty). • Jynlar gaýyby bilip bilýärlermi? Yslamdan öñ göge çykyp perişdelerden maglumat almaga synanyşyklary Muhammet pygamberiñ (s.a.w) döwrüniñ gelmegi bilen birlikde goragçy güýçli perişdeler we ýakyp-ýandyryjy ot ýalynlardan ybarat galkanlar bilen öñi alnypdyr. ("Jyn" süresiniñ 8-10-njy aýaty). Bu boýunça ylalaşyp boljak tapawutly düşündiriş üçin Elmalyly Hamdy Ýazyryñ "Hak dini" kitabyna seredip bilersiñiz. Geljegi bilýändir öýdülip, dürli medeniýetlerde bolşy ýaly, yslamdan öñki jahylyýet medeniýetinde-de götergilenip Hudaýa deñ tutulan jynlar ("Engam" süresiniñ 100-nji aýaty) geljegi bilmeýişi ýaly, özi görmedik bolsa öñ bolup geçen zatlary-da bilmeýär. Gurhan bu hakykaty açykdan açyk beýan edipdir. ("Sebe" süresiniñ 14-nji aýaty). Şu manyda gaýyba degişli maglumat diñe Hudaýa aýandyr. ("Neml" süresiniñ 65-nji aýaty). Şonuñ üçinem diñe Hudaýa aýan maglumatlary jynlar bilen baglanyşdyryp, olara hudawy häsiýetleri ýöñkemek - jynlary Allaha deñ tutmakdyr, ýagny Hudaýa şirk getirmekdir. Bulam ömürlik dowzaha giriftar edip biljek etmişdir, günädir. • Jynlardan ygtybarly maglumat alyp bolarmy? Yslam alymlarynyñ arasyndaky dürli pikirleri bir ýana goýup, jynlardan maglumat almagyñ mümkindigi we dogrudygy mälimem bolsa, jyn çagyrma seanslary ýaly eşdilip-görlüp boljak her dürli ýollar alynjak ýa-da mediýumlar, jynçylar, palçylar, bilgiçler arkaly alynýandygy öne sürülýän geçmişe we geljege degişli maglumatlar ynamly däldir. Bular ýaly maglumatlara ynanyp ömrümizi soñlandyrmaga synanyşmak, olara çokunmak derejesinde hasaplanyp bilinjek yslama sygyşmaýan nadanlykdyr. Hezreti pygamberimiziñ dili bilen aýdanda, "Gurhana ynançsyzlykdyr, inkäre togarlanmakdyr". Alla mertebesini belebt etsin, Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: "Bilgije - geljekden habar berýän adama ýüz tutup, onuñ geljek bilen baglanyşykly sözlerini tassyklan adam Muhammede inderilen Gurhana iman etmedigudir, inkär etdigudir". (Tirmizi, "Taharet", 10). "...(Çünki ol sözler) jynlaryñ dosty bolan bilgiçlere was-wasy berip, pyşyrdap habar berilen, olaryñam ýüz sany ýalan goşul gelhek bilen baglanyşdyrýan sözleridir". (Buhary, "Medisina", 46). (Esasy bellik: Ölüm bilen bedenden aýrylan ruh içinde ýaşaýan gabyr-berzah äleminden bir sebäp bilen gelmek islese-de, biziñ dünýämize gelip bilmeýär. ("Mömin" süresiniñ 99-100-nji aýatlary). Şonuñ üçinem ruh çagyrma seanslarynda gelýän ruh däl-de, jyndyr). Jynlar geljegi bilmek beýlede dursun, ýaşaýan döwürleriniñ özleri bilen baglanyşykly wakalaryny-da bilmeýär. Ýöne jynlaeyñ ýörite gyzyklanyp yzarlap biljek ýakyn geçmişe degişli maglumatlary edinmegi teoretiki taýdan mümkindir. Şeýle-de bolsa, olardan alynjak maglumatlar maglumaty alan adam üçin bir many añladýanam bolsa, umuman alanda baglanyşdyryjy tarapy bolup bilmez, yslam hukugyna laýyklykda ýuridiki güýji bar hasaplanmaýar. • Jynlar adamlar tarapyndan görlüp bilnermi? Adamlar tarapyndan görlüp bilinmejekdigi üçin olara "göze görünmeýän" manysynda "jyn" diýlipdir. Emma göze görünmeýän kowumdan bolan perişdeler we şer işleri gaýyrmakdan başga işi bolmadyk asly jyn şeýtanlar ýaly jynlaram adamlary görüp bilýär. ("Infitar" süresiniñ 10-12-nji aýatlary, "Araf" süresiniñ 27-nji aýaty). Göwre gurluşymyzda tapawutlanýan taraplarymyzyñ bardygy üçin adamlaryñ olar bilen üçünji biri tarapyndan eşdip ýa görüp biljek derejede aragatnaşyk açmahy umuman alanda mümkin däl. Emma muña degişli däl ýagdaýlaram bolup bilýär. Olaryñ pygamberler tarapyndan görülendigi we olar bilen gürleşilendigi hakykat. Şol sanda dogrudygyna şübhe duýup bolmajak ýagdaýda bolan we bolýan hadysalar, jyn intrigasydygyna şübhelenip bolmajak rug çagyrma seanslary we şuña meñzeş gözegçilige - syn etmelere goldanýan hadysalar we täsirleri örän adatdan daşary-da bolsa, adamlar bilen jynlaryñ arasynda belli bir derejede ýaşyryn - ogryn-dogryn, düşnüksiz gatnaşyklary ýola goýup bolýandygyna yşarat edýär. (Bellik: Garyndaşlarymdan bolan iki aýalyñ biri bürenjekli jyn aýal bilen görüşýändigini, beýlekisi-de duşmançylykly göz bilen garaýan jyny birnäçe gezek görendigini aýdýar. "Aýatel-kürsini" okaman ýatan käbir gijelerim ýarym ukulykam uly agyrlyk bilen we dem alyp bilmejek şekilde üstüme çökýändikleri, okamaga başlan badyma-da sumat bolýandyklary meniñ başdan geçiren ýagdaýlarymdyr. Şeýle-de seret: S.Nursi "Mektubat" 19, "Mektup" 14, "Yşarat" 2, "Şübe".) Şol sebäpli olaryñ biz adamlar üçin absolýut gaýypdyklaryny - akyl-huş, duýgy organlary arkaly añşyryp bolmaýandygyny yslamyñ adyndan aýdyp bolmaz. Galyberse-de, şeýtanlaşan adamlaryñ we jynlaryñ biri-birlerine aldawçylykly iwadan sözleri pyşyrdap bilýändikleri, şeýle ikitaraply gatnaşygyñ umuman jynlaryñ hökmürowanlygy we ýoldan azaşdyrmagy şeklinde bolup geçýändigi mukaddes Gurhanymyzda aýdylýar. "Engam" süresinde şeýle diýilýär: "Adamlaryñ we jynlaryñ hemmesini huzurynda toplan güni Alla şeýle diýer: - Eý jynlar kowçumy! Siz adamlaryñ köpüsini sandan çykardyñyz. Jynlaryñ adamlaryñ arasyndaky dostlary-da şeýle diýerler: - Seniñ bize takdyr eden ajalymyza gowuşdyk. Alla hem şeýle diýer: - Siziñ ýeriñiz otdyr..." ("Engam" süresiniñ 128-nji aýaty). Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |