10:08 Adamyñ özi - özüne duşman! | |
ADAMYÑ ÖZI - ÖZÜNE DUŞMAN!
Sözler
Ylmyñ öñüne böwet bolýanlar, adamlary ýalan-ýaşryklar bilen güýmeýänler adamzadyñ ganym duşmanydyr. * * * Adam haçanda özünden rüstem güýç görse, oña ytagat etmelidir öýdýär. * * * Adam haçanda belli bir pikire, ideologiýa, belli bir mezhebe köre-körlük bilen tarapdarlyk etse, ýalany hakykatdyr öýdüp başlaýar. * * * Adam aklynyñ añ ýetirip bilmeýän zatlaryny inkär edip bilýän mahlukdyr. * * * Döwlet önümçilikde we ykdysadyýetde monopoliýalaşmaga ýol bermeli däldir. * * * Ýolbaşçylaryñ we wezipeli işgärleriniñ wezipe ygtyýarlyklaryndan, döwletiñ beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp söwda we önümçilik işine girmegi şertleriñ deñ däldigi üçin adalatsyzlyga ýol açar. * * * Ýurtda halka salynýan salgytlar az bolsa, jemgyýet işlemek we önüm öndürmek üçin has köp işlär. Täze önümler we täzelikler köpeler, ýurt galkynar. Emma döwlet ýolbaşçylarynyñ artykmaçlyklara we bol-telkilige gözleri öwrenişdigiçe tarhandökerlik artar, munuñ bilen birlikde çykdajylaram köpeler. Munuñ netijesinde halka salynýan salgytlar artar. Jemgyýet muña döz geljek bolar, ýöne belli bir wagtdan soñ salgytlaryñ kem-kemden artmasyna öwrenşip, olam nämäniñ artýanyny bilmez! * * * Bäşinji faza ölçegsizlik we isripçilikdir. Bu etapda häkimiýet özünden öñ toplanan baýlygy soñuny saýman ýele sowrar we gereksiz çärelere harçlar. Şeýle-de häkimiýet agzalary ýakynyndaky ilen-çalanlaryna-da eçilibildigine eçiler. * * * Häkimiýet eýesiniñ töweregine jemlän adamlary wezipesine nämynasypdygy üçin olaryñ oñarmajak işlerini ynanar, jogapkärcilikleri berer. * * * Halk üçin açyk goýlan gapylaryny ýapar. Adamlardan daşlaşdygyça gep-söze gulak asmaz, töwegine etden diwar örer. Gowulaşmaga bolan umydy tükenensoñam, öz içine çöküp ýykylar. * * * Alla ýagşylar bilen biledir. * * * Ýokardaky sözler biziñ günlerimizde däl, XV asyryñ başlarynda ýaşap geçen taryhçy, sosiolog, akyldar Ibn Haldun tarapyndan aýdylypdyr. Şol bir wagtyñ özünde ykdysadyýet ylmynyñ öñbaşçylaryndan biri hasaplanýan bu beýik akyldary ýatladandygy üçin halypalaryñ halypasy, meşhur beýin hirurgy professor Jengiz Kudaýa minnetdarlygymy bildirýärin. Hem Ibn Haldunyñ, hem Osmanly döwletiniñ ruhy binýadyny tutujy saýylýan Şeýh Edebalynyñ giýewi Osman Gaza ýazan hatynda aýdan pikirleri adamzat dursa gymmatyny ýitirmän saklajak örän manyly pent-nesihatlar bolup galar. Hatda bular pent-nesihatdan zyýat soñ gijä galynmaz ýaly wagtyndan öñ berlen signal... Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 19.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |