15:39 Adamzadyñ Altyn Asyry | |
ADAMZADYŇ ALTYN ASYRY
Edebi makalalar
Biz ynam bilen: «XXI asyr türkmen halkynyň asyry bolar!» diýip aýdýarys. «XXI asyr – täze dünýäniň, täze pikiriň, täze zamanyň asyry bolar» diýip ylym adamlary aýdýarlar. XXI asyrda Adamzat keselden dynyp, ölüm diýen zady ýeňip geçer. Bu pikir fantastika däl, durmuşy zerurlyk! XX asyr adamzadyň nadan pikirleriniň jemini jemläp, gelejek üçin uly sapak taýynlady. XX asyrda uly-uly imperiýalar syndy, sebäbi kolonialiste bakna döwletleri, halklary saklamak, eklemek peýdasyz bolup başlady. Iki sany Jahan urşuny başdan geçiren dünýä goňşyň bilen urşup görjek peýdaňdan goňşyň bilen söwda etseň, has peýdalydygyny görkezdi. Dünýäniň döwletleri, halklary, kontinentleri aýra-aýralykdan bitewüligiň bähbitlidigine akyl ýetirdi. XXI asyrda biziň düýbünden garaşmaýan zatlarymyz bolup geçer. Meselem, toprakdan, suwdan, howadan alymlar et, süýt alarlar. Ýok, bu pikir fantastika däl! Adamzat güllerden hoşboý ysy alyp, atyr, anbar ýasamagy müňlerçe ýyl mundan ozal öwrendi. Medisina adaty iýip ýören zatlarymyzyň kaloriýasyny týubiklere ýygnamagy bireýýäm öwrendi. XXI asyr Nanotehnologiýanyň asyry! Nanotehnologiýa bolsa bütinleý başgaça ýaşaýyş diýmekdir. 1959-njy ýylda Nobel baýragynyň laureaty Riçard Feýnman: «Geljekde islendik tozandan, islendik materialdan iýmit hem ýasap bolar, gymmatbaha daş hem» diýen pikir bilen çykyş edeninde, oňa ýylgyryp oňaýypdyrlar. 1965-nji ýylda amerikan ýazyjysy Artur Klark bir hekaýasynda alymlaryň aýratyn atomlary manipulýasiýa etmegi öwrenip, ähli iýmit önümçiliginiň ornuny tutup bilýän, ertekilerdäki özi açylyp, özi ýapylýan dürli-dürli nazy-nygmatly saçaklary döredýändigini beýan edýär. Hekaýany okan alymlaryň birentegi hem oňa: «Fantast fantastikanyň halys düýbüni deşdi» diýipdir. Emma eýýäm bu zatlar fantastika däl. Dünýäniň onlarça uniwersitetlerinde ýigrimi ýyl bäri Nanotehnologiýa öwrenilip ýör. Nanotehnologiýa – biziň ýaly sada adamlar üçin hakykatdanam fantastika. Biz şindi mikrotehnologiýanyň açyşlaryna agzymyzy açyp, haýran galýarys, alymlar bolsa «mikronyň» çygryndan çykyp «nanonyň» dünýäsine aralaşdylar. Ähli genial açyşlaryň ýönekeý bolşy ýaly, Nanotehnologiýanyň açylyşy hem ýönekeý. Dünýäniň atomlardan ybaratdygyny bilýäris. Atomlar dünýäni Ýaradanyň emri boýunça öz sebitinde aýlanyp ýör. Alymlar gerekli atomlary alyp, bir ýere toplaýar weli, Gudrat başlanýar… Alymlar eýýäm XXI asyryň birinji ýarymynda çörek problemasyny çözýär, «ýyl gurak geldi, hasyl bolmady» diýen jümleler arhiwe gidýär. Ýazyjy Artur Klarkyň ýazyşy ýaly, ösümlikleriň, haýwanlaryň emeli analoglary peýda bolup, eti, süýdi, miweleri fabrikler öndürip başlaýar. Olary almak üçin topragyň hem kömürturşy gazyň atomlaryny peýdalanmak ýeterlik. Alymlar zerur atomlary bir ýere toplap, ony adamyň ganyna goýberýärler. Şol atomlar ynsanyň ganynyň içinde lukmanyň etmeli işlerini edýär, adam organizmini doly gözegçilik astynda saklap, bedeniň haýsy öýjüginde kesel dörese, şolbada baryp, keseli hatardan çykarýar. Bu eýýäm ölmez-ýitmezlige golaýlaşmakdyr. Gadymy rowaýatlarda, ertekilerde kentawrlar, mintawrlar barada söhbet açylýar, eýýäm XXI asyryň ortasynda alymlar adam bilen maşyny birleşdirmegi wada berýärler. Adam – terminator! Adam terminator – öz-özüni remont edip, öz gerekli synasyny täzesi bilen çalyşmaga ukyply. XXI asyryň ikinji ýarymynda adam donorlar gerek bolmaz. Bagyr, öýken, böwrek ýaly ynsan synalary laboratoriýada ýetişdiriler. Robotlara, kompýuterlere ynsan organlary goýular. Häzirki jübi telefonlarynyň deregine, adamyň gulagyna gerekli atomlary operasiýa edilse, ol dünýäniň islendik ýeri bilen apparatsyz gürleşip biler. Fantastikamy? Ýok! Üstünde işlenilip ýörlen, ýakyn ýyllarda durmuşa geçjek hakykatlar! Biziň çagalarymyz, agtyklarymyz şeýle hakykaty gözi bilen görüp, onuň eşretinden peýdalanarlar. Biziň geçmişi, dinozawrlary taryhy kitaplardan geň galyp öwrenişimiz ýaly, döwür geler, biziň şu günümiziň problemalaryny geň galyp öwrenerler. Çünki adam öwrenmek üçin bu dünýä gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |