20:19 Adamzadyñ soñsuz bilesigelijiligi: Başga saýýaralylar | |
ADAMZADYÑ SOÑSUZ BILESIGELIJILIGI: BAŞGA SAÝÝARALYLAR
Geň-taňsy wakalar
ABŞ-nyñ Goranmak ministrligi-Pentagon geçen aýyñ ahyrynda gapbarçanaklar (uçýan legenler) boýunça beren beýannamasynda "näbelli uçýan närseler-UFO" sözüni ulandy welin, jedeller ýene möwjedi: Dünýämizden başga ýerde näbelli jandarlar barmy? Ilkinji UFO megerem, b.e.öñki 467-nji ýylda hytaýly astronomlaryñ ýazga geçiren Halleý guýrukly ýyldyzydy. Myş-myşlaryñ yzy hiç haçanam kesilmedi. Başga saýýaralylaryñ metbugat organlaryñ ünsünden düşen wagty ýok... Şeýle bir adamlar UFO-laryñ bardygyny öñe sürdi welin, olaryñ kimlerdigini bilseñiz haýranyñyz hekgerer: NATO-nyñ öñki başlygy admiral Lord Hill-Norton, MRU-nyñ (CIA) öñki başlygy Roskou Hillenkotter, ABŞ-nyñ Howa goşunlary garnizonynyñ serkerdebaşysy general-maýor Artur Ekson, Kanadanyñ öñki Goranmak ministri Pol Hellýer, amerikaly senator Barri Goldwater, astronawtlar Gordon Kuper, Edgar Mişel ýaly nijemeleri... William Reýç ýaly psihiatristlerem bar. Geçen asyryñ 50-nji ýyllarynda Reýç birnäçe amerikaly ýaly näbelli gapbarçanaklaryñ bar bolma ähtimallygyndan ýiti täsirlendi. Ýakyn taryhda adamzadyñ başga saýýaralylar bilen gyzyklanmasy haçan başlady? Mysal üçin.… 1938-nji ýylyñ 30-njy oktýabry. Nýu-Ýorkuñ "CBS" radioýaýlymynda her hepde bir roman esasynda "radio oýun" berilýärdi. Şol gün agşam iñlis ýazyjysy Gerbert Uellsiñ "Dünýäleriñ urşy" romany seslendirilmelidi... Tema marslylaryñ Ýer togalagyna çozmagy baradady! Döwrüniñ iñ gowy artistleriniñ çykyş edýän "Merkuriý" teatrynyñ ýolbaşçysy beýik sungat işgäri Orson Uells romanda beýan edilenleriñ habarlar gepleşigi ýaly seslendirilmegini isledi... Oýnuñ başynda "Bu bir ýöne radio oýundan ybarat, hakykat bilen hiç bilen baglanyşýan ýeri ýok" diýilse-de, oýnuñ dowamynda alyp baryjynyñ Mars saýýarasyndan meteorit ýagyp başlandygyny, ekin meýdanlarynyñ birine meteorit gaçandygyny, hadysanyñ bolan ýerinde marslylara gabat gelnendigini aýdýan ýeri diñleýjileri aýaga galdyrdy. Hususanam oýundaky "marslylar dünýäni zäherleýär" sözi adamlary aýylganç howatyrlandyrdy… Nýu-Ýorkuñ içeri işler uprawleniýesi radioýaýlymyñ binasyna girip, dessine oýuny togtatdy. "Bu bir ýöne radio oýundan ybarat" diýlip, her on bäş minutdan ýatlatma duýduryşy berlenem bolsa, adamlaryñ añynda "dünýäni basyp alan başga saýýaralylar" düşünjesi galdy! Başga ýurtlarda-da şuña meñzeş wakalar bolup geçdi. 1949-njy ýyl. Ekwadorda ýene şol roman esasynda goýlan radio oýun halky başagaýlyga saldy, ýigrimä golaý adam wepat boldy… ■ ILÝUMINATIÝ MERKEZI Başga saýýaralar hakyndaky komplimasiýa teoriýalarynyñ iñ giñden ýaýran ýurdy gürrüñsiz ABŞ-dyr! Bu ýurtda köp kişi hökümetiñ ýa-da uly şereketleriñ hakykaty halkdan gizläp saklaýandygyna ynanýar.… Meselem: Newada çölüniñ 51-nji raýonyndaky Nellis kompleksi dünýäniñ iñ gizlin harby bazasydyr. Onuñ ýerleşýän ýeri hiç bir kartada görkezilmedik. Sebäbini-de bu harby bazanyñ başga saýýaralylar bilen ýakyn gatnaşykdadygy bilen düşündirilýär! Kosmos ulaglary şu ýerik gelip-gidip durlarmyş. Hatda 1974-nji ýylyñ 8-nji iýulynda Nýu-Meksika ştatynyñ Roswell şäheriniñ ýakynlaryna bir ekin meýdanyna düşwn gapbarçanagy gaýtadan abatlamak üçin şol harby baza äkidipdirler. Birnäçe ýyl geçenden soñ tapylan "gapbarçanagyñ" bölekleriniñ SSSR boýunxa "diñleýji çawuş" bolmagy göz öñüne tutulan "Project Mogul" atly gizlin harby operasiýada işe girizilende heläkçilige uçran howa ulagynyñ bölekleridigi mälim edildi… Şu ýerde ýörite durup geçeýin: Käbir adamlar Alýaskadaky Ýokary tolkunly täsirli Gün boýunça ylmy-barlag maksatnamasy (HAARP) kompleksiniñ añ gözegçilik laboratoriýasydygyna ynanýar. Otuz üç at gaýtarym meýdanda 180-den gowak antenna bolmagynyñ sebäbi-de şudy. "Columbia" kosmos dikuçaryny 2003-nji ýylda weýran edenem şu ýerdi. 2011-nji ýylsa Joplin gaý-tupanyny döredenem şu ýerdi. Sanasañ sogaby bar... 2011-nji ýylyñ 22-nji maýy... ABŞ-daky Denwer halkara howa menzilinde añ gözegçiligini amala aşyryp, hökümetleri we guramalary ele geçiren hut Ilýuminatiý merkezidi! Gonalga meýdanlarynyñ ýokardan bakylanda haç şekilinde bolmagy-da munuñ delilidi... Özem... Howa menziliniñ daşyna aýlanan haýatyñ diwarlarynyñ içine gizlenip çekilen gaz maskaly nasist ofiseriñ suratyna näme diýmeli? Munuñam üstesine: Dakotada ýadro raketalaryna garşy 1975-nji ýylda açylan harby bazasy bolan Stenli R.Mikelsen adyndaky gorag kompleksi-de Ilýuninatiý merkezlerinden biridi! Amerikanlaryñ pikiriçe, 1913-nji ýyldan bäri ABŞ-nyñ Demirgazyk Karolona ştatynyñ Brown Mountain sebitlerinde görülen syrly yşyklaryñ sebäbi-de Ilýuminatiden başga hiç zat däl. Ýeri bolýa, gürrüñi başga saýýaralylara dolap getireliñ, ýogsam muña meñzeş aýdylýan haýsy wakany sanap çykjak... Kän, gaty kän waka bar... Birnäçe kişi hut gözi bilen UFO görendigine güwä geçdi... "Näbelli uçýan jisimler" we başga saýýaralylar bilen baglanyşykly san-sajaksyz hekaýatlar aýdyldy... Käbirleri kinofilmlere tema boldy. ■ ALNYP GAÇYLAN ÄR-AÝAL 1961-nji ýylyñ 19-njy sentýabry. Är-aýal Betti we Barneý Hiller ABŞ-nyñ Nýu-Hempşir ştatynda başga saýýaralylar tarapyndan alnyl gaçylandygyny aýtdylar! Hill maşgalasynyñ başyndan geçenler boýunça iki möhüm aýratynlyk birnäçe alymyñ gözünde wakany ynandyryjy görkezdi: Birinjisi, Betti Hilliñ gipnozdan soñ çyzan ýyldyz kartasy. Betti munt özüne nämälim jandarlaryñ öñbaşçysynyñ görkezendigini aýtdy. Has soñra soñra karta boýunça geçirilen analiz arkaly munuñ dünýäden 30 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän "Zeta Retucili" ýyldyzlar toplumyna yşarat edendigi ýüze çykdy. Bu ýyldyzlar toplumyny 1969-njy ýylda çap edilen katalog çykýança hiç kim bilenokdy! Başga söz bilen aýdylanda, katalog Hilleriñ aýdanlarynyñ üstünden sekiz ýyl geçensoñ çap edildi. Ikinjisi, Betti Hill "ýalan sözleme maşyny" testine oturdyldy. Ýyldyz kartasynda görkezen maglumatyny keseki barlyklardan alyp-almandygy, aýdýanlarynyñ ýalan bolup-bolmandygy soraldy. Bettiniñ beren jogaplary "ýalan sözleme maşyny" tarapyndan seljerilende, olarda hakykaty golaýlygyñ juda ýokarydygy belli boldy… Bu birinji gezek bolýan zat däldi. Bäş ýoldaşynyñ gözüniñ öñünde 1975-nji ýylda alnyp gaçylan tokaý işçisi Trawis Waltonyñ başyndan geçenler 1993-nji ýylda kinofilme düşürdildi... ■ BAŞGA SAÝÝARYLARDAN GELEN SES BAR 1977-nji ýylyñ 15-nji awgusty. ABŞ-nyñ kosmos gullugy NASA 1960-njy ýylda gurlan dünýäden daşary "SETI" maglumat gözleme taslamasynyñ işgäri astronom Jerri R.Ehman 310 metrlik "uly gulakly teleskop (The Big Ear) ulanyp, bir radisignal ýazga geçirdi. Ýetmiş iki sekunt dowam eden we otuz esse güýçli sesde: “Wow! Signal!” diýilýärdi. Gynansak-da, signal ikilenç ýañlanmandyr. Käbirleri munuñ başga saýýaralylaryñ sesi bolup biljekdigine ynandy. Resmi beýannama görä signal teleskopdaky bir näsazlykdan bolan zatdy! Esasanam UFO ulaglaryny adamlar ýekelikde görýärler. 1988-nji ýylda Wirjiniýa ştatynyñ Witewill şäherinden tegelek üç müñ adam gök ýüzünse parlaýan UFO görendiklerini aýtdylar. Muña şaýatlyk edýän hekaýatlar ýurtda uly gyzyklanma döretdi, emma görülen zadyñ nämedigini welin, hiç kim düşündirip bilmedi... UFO baradaky meşhur hekaýatlardan birine Utah ştatynyñ Ballard Skinwalker posýology şaýarlyk etdi. Terri Şerman maşgalasynyñ UFO we geñsi yşyklary görendigini metbugata habar berdi. Olaryñ mellek ýerinde gapbarçanaklaryñ galdyran yzlary-da bar eken. Munuñ geñ galdyryjy tarapy bolsa, başga saýýaralylar sygyrlary alyp gaçyp, böleklere bölüp taşlap gidýärlerdi! 1970-nji ýyllardan galan bir gazetde sebitde ýaşyl yşyklar bilen gurşalan UFO görülendigini ýazanda, Şermanyñ mellek ýeri ABŞ-da meşhur boldy… Aýdylýan hekaýat köp, emma jemläýin: 2011-nji ýyl. Ak tam amerikan hökümetinden başga saýýaralaryñ Ýere syýahat etmelerine rugsat bermegi talap edýän iki ýazmaça hata resmi jogap berdi: “ - ABŞ hökümetiniñ saýýaramyzyñ daşynda haýsydyr bir ýaşaýşyñ bardyfyna ýa-da dünýäden daşarky barlyklaryñ adam nesliniñ haýsydyr bir wekili bilen aragatnaşyga geçendigine ýa bolmasa biziñkilerden biriniñ olar bilen aragatnaşyk açandygyna degişli hiç hili subutnama ýokdur…” Fransiýadan Italiýa çenli birentek ýurtda UFO boýunça çekişmeler hemişe üns merkezinde boldy. Komplimasiýany fantastikadan, habardan we real dünýäden aýyl-saýyl etmegiñ tragiki ýagdaýda mümkin däl döwründe ýaşaýarys… ■ MRU “UFO TOPARY” Ufologiýa adalgasy näbelli uçýan jisimleriñ delillerini öwrenýänleriñ alyp barýan umumy işini atlandyrmak üçin ulanylýar… "Kosmos maşynlary" 1940-njy ýyllardan soñ "Uçýan legenler" ýa-da "uçýan diskler" diýip atlandyryldy. Bu sözi ulanan ilkinji kitaplar Donald Keýo we Frank Skalli ýaly ýazyjylar tarapyndan ýazyldy. 1950-nji ýyllaryñ başynda UFO-laryñ hakykatdanam bardygyny aýdýan kitaplar iñ köp satyn alynýan kitaplaryñ sanawynsa rekord netijeleri gazandy… “Uçýan legen” ("Uçýan tarelka") sözi 1947-nji ýyldan soñ giñden ýaýrady. Şol ýyl Kenneth Arnold atly pilot Rainier dagynyñ golaýynda uçýan dokuz sany jisim görendigini aýtdy. 1950-nji ýyllarda ilki tehniki edebiýatda, soñra populýar dolanşykda fenomene hala geldi. "Sowuk urşuñ" başlangyç ýyllarynda "uçýan legenler" hakynda her dürli myş-myşlar ýaýrady. Şwesiýanyñ harby güýçlerinden Skandinawiýa ýurtlarynda, Fransiýada, Portugaliýada, Italiýada, Gresiýada näbelli syrly howa jisimleri barada iki müñden gowrak habarnama ýazyldy… MRU 1951-nji ýykda "Uçýan legenler boýunça iş alyp barýan toparyny" döretdi. Özem “UFO” (“UFOB”) adalgasy 1953-nji ýylda ABŞ-nyñ Howa güýçleri (USAF) tarapyndan ulanylyp "döwlet diline" aralaşdy. Diñe ABŞ-da däl... Şwesiýada, Braziliýada, Fransiýada, Urugwaýda, Angliýada şuña meñzeş işler amala aşyryldy… ABŞ-nyñ UFO beýannamasy bolan “Mawy kitap” we “Kondon habarbamasy” ep-esli wagt jedelleşildi. Emma UFO ylmyñ esasy ugrunda o diýen bir gyzyklanma döredip durmady. Döwletleriñ ikirjiñlenmeli gümürtik ýagdaýy UFO çaklamalarynyñ güýjemegine sebäp bolýar. Mysal üçin... 2010-njy ýylyñ 5-nji awgustynda çap edilen iñlis çeşmelerine görä, premýer-ministr Uinston Çerçill köpçülikleýin howsala döretmeginden çekinendigi üçin UFO-ly wakalaryñ üstüni örtüpdir. Çerçilliñ dykgatyna ýetirilen habarnamalaryñ birinde Ikinji jahan urşy tamamlanyp barýarka Fransiýadan ýa-da Germaniýadan dolanyp gelýän Korollyk Howa güýçleriniñ (RAF) añtawçy uçarynyñ täsin metal "kosmos ulagyna" duşandygy aýdylýar. Jisim fotosurata alnypdyr, emma Çerçil muny halkdan gizlemegi makul bilipdir… Jedelleriñ, çekişmeleriñ hiç haçanam soñy gelmez: Iñ soñky gezek "New York Times" gazetiniñ 2019-njy ýylyñ maý aýyndaky sanynda amerikan flotiliýasynyñ 2014-nji ýylyñ tomsundan 2015-nji ýylyñ ýaz aýlaryna çenli ABŞ-nyñ gündogar kenarlarynda näbelli jisimler bilen birnäçe gezek gabatlaşylandygy ýazyldy. ■ ASLYNDA NÄME GÖRÜLDI? Ýuliý Obsekwent… IV asyrda ýaşandygyna ynanylýan rimli ýazyjy. “Liber de Prodigiis” (Prodigies kitaby) eseriniñ awtory. Kitabyñ temasy b.e.öñki 249-njy ýyl bilen 12-nji ýyllaryñ aralygynda Rimde bolup geçen alamatlar baradady. Obsekwenkiñ kitabynyñ başga bir tarapy asmanda hereket edýän käbir zatlara ýüzlenmesidi. Bular Günbatar taryhynda ilkinji UFO habarnamalary hökmünde düşündirildi. Käbirleriniñ pikiriçe bular ýöne bir meteoritdi. Häzirki döwrüñ UFO barlagçylary orta asyrlardan galan suratlardaky käbir dini simwollaryñ arasynda UFO habarnamalarynyñ arasynda meñzeşlikleriñ bardygyny aýdýarlar. Görşüñiz ýaly, näçe wagt geçse-de, bu baradaky çekişmeli pikirler gutarjaga meñzänok… Pentagon geçen aý UFO-dygy aýdylýan suratlary paýlaşdy. Meselem: 1561-nji ýylyñ 14-nji apreli. Nýurnbergiñ ýaşaýjylary uly gara üçburçlyk jisim görendiklerini habar berdiler. Gözi bilen gören şaýatlaryñ aýtmagyna görä asmanyñ ýüzünde ýüzlerçe şarlar, silindrler we başly-barat ýüzinligine hereket edýän geñ-tañsy şekilli jisimler peýda bolupdyr. Meselem: 1878-nji ýylyñ 25-nji ýanwary. Ýerli daýhan Jon Martin çaltlyk bilen uçýan howa şaryna meñzeş, gap-gara kölegeli äpet jisim görendigini habar berdi. Dünýäniñ çar künjünde muña meñzeş köp sanly habarlar peýda boldy… Müñlerçe adam 1897-nji ýyldan başlap Amerikanyñ aýry-aýry ýerlerinde "howa gämilerini"görendiklerini aýtdylar. Myş-myşlar Tomas Edisonyñ gulagyna degende, ol: "Ýalan gep-gürrüñler" diýip goýdy. XX asyryñ başlarynda habar beriş serişdeleri giñden ýaýrap başladyçava pilotlaryñ görýändikleri aýdylýan "täsin howa gämileri" gazetleriñ baş temasyna öwrüldi. Rus suratkeşi, ýazyjy, filosof-mistik Nikolaý Rerih ýalylar hem bu pikiri öñe sürýänlerib hataryna goşuldy: "Howada hereket edýän ýumurtga şekilli Güni ýatladýan uly we ýagty bir zat gördüm". Sene 1926-njy ýyldy. Resmi beýannamalara görä UFO görendirin öýdýänler şulary görýän bolarly: – Astronomik jisimler (parlak ýyldyzlar, saýýaralar, astreoidler, meteoritler, adam eli bilen öndürilen kosmos gämileri, emeli hemralar we Aý…); – Uçarlar (synag uçuşlary we beýleki uçarlar, dikuçarlar…); – Şarlar, alonlar (oýnawaç şarlar, howa şarlary, uly ylmy-barlag şarlary…); – Beýlekileri guşlar, adatdan daşary bulutlar, batbörekler, signal salýutlary, ýagtylyk fenomeni salgymlary, kompleksleýin ýyldyrymlar, aý itleri, prožektorlar, beýleki ýer çyralary we başgalar... Tom-tom kitap ýazsañ bu gürrüñleriñ soñuna çykyp bolmaz… Özümden mysal: Erik won Danikeniñ kitaplaryny ýaşlygymda elimden düşürmezdim! Soner ÝALÇYN, "Sözcü" gazetiniñ žurnalisti, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |