13:41 Ah, agamjan, ah... | |
AH, AGAMJAN, AH...
Publisistika
Belli suratkeş Bedri Baýkam şeýle diýýär: "- Özüni atatürkçi yglan edip bu uruşda Russiýanyñ arkasyna geçenleri-de taryh bagyşlamaz". Bedri Baýkam sungat adamsyna mahsus duýguçyllygy bilen biziñ hemmämiz ýaly uruşlara garşy, muña şübhe ýok. Eýse bu diñe Ukraina bilen Russiýanyñ arasynda bolýan uruşdyr öýdýäñizmi? Bu "kartinany" çekenler kim? Uruşyñ geosyýasy, ideologiki köküniñ, strategiýasynyñ üstünde pikir alyşmazdan düýpli gürrüñlere girip bolarmy? “Görünmeýän bir el” bar we şu sebäpli tizara taryhy prosese seretmäge mejburdyrys. “Çotgany” elinde saklaýanyñ kimdigini görmek lazym! Munuñ üçin kän-kän yza, ABŞ-nyñ imperialistik güýç hökmünde orta çykan XIX asyra çenli gitmeli. "Sowuk uruş" döwründe ABŞ-nyñ howpsuzlyk boýunça birinji öñünde goýan maksady Ýewraziýa yklymyny gözegçilik astyna almakdy. Şeýle-de: Prezident Ruzweltiñ birinji öñe sürýän prinsipi "ýeke-täk dünýäli uniwersallykdy". Ýagny, Stalin bilen dostluk. Ol ölenden soñ Prezident Garri Trumen halkara gatnaşyklary harbylaşdyrdy. "Sowet giñelmeginiñ öñüni almak doktrinasy" ady bilen 1949-njy ýylda Sowet Soýuzyny gurşap alan "Uly ýarymaý" maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Koreýadan tä Wýetnama çenli aralykda bolan uruşlary şu maksat bilen turuzdy. Agressiw syýasaty saýlap alan ABŞ diñe uruşdyr žandarmlyk bilen däl-de, "Marşall meýilnamasy" bilen täze guran IMF we Bütindünýä bankynyñ üsti bilen ykdysadyýetiñ üstünde gözegçiligi ýola goýup, özüne garaşly global gatnaşyklary ösdürdi. Muña eýermeýän ýurtlary döwlet agdarlyşyklary we ş.m. ýollar arkaly "mugyra getirdi". Mysal üçin: 60-njy ýyllarda Prezident Kennedi döwlet garaşsyzlyk hereketlerini basyp ýatyrmak üçin MRU (CIA) tarapyndan taýýarlanan "Ösüş üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasy" atly tolgunşyklara garşy meýilnamany durmuşa geçirdi. ABŞ häzirki status-kwosyny saklap galmak üçin her ýola baş urdy. • HAKYKY ÝÜZI Has ýakyn taryha geleliñ: 90-njy ýyllar... "Sowuk uruşdan" soñky bolup geçen hoşniýetlilik we oñyn howpsuzlyk atmosferasy juda gysga wagta çekdi. Muny bozanam ýene ABŞ boldy. Ol daşarky syýasatyny ýene ýygjam harbylaşdyrma prosesine atardy. Pars aýlagy urşy üçin döredilen Günbatar koalizasiýasy döwründe ABŞ-nyñ prezidenti uly Buşyñ merkezinde "Amerikan imperiýasynyñ" agalyk sürýän "Täze dünýä düzgüni" maksatnamasyny güýje girizdi. Täze ýigrimi iki ýurt döretmegi maksat edinen Beýik Ýakyn Gündogar maksatnamasy munuñ miwesidi. ABŞ "assimetrik howp" tüýsünde goşunyny Yraga, Owganystana, Somalä, Gaitä, Siriýa we beýleki ýurtlara saldy. "11-nji sentýabr" akty bilen ABŞ bu strategiýanyñ esaslaryny ýerli-ýerine oturdyp, "halkara terrorizmine garşy uruş" diýip, öñi-ardy görünmeýän çozuşlaryñ başyny başlady. Globallaşmagyñ we postmodernizmiñ barha ýyrtyjylaşdyran amerikan gegemoniýasy "dünýäniñ ketdesi" bolmak arzuwyny hiç goýbolsun edesi gelmedi. Şular ýaly neoliberal syýasatlaryñ-täze konserwatiw hereketiñ amerikan daşarky syýasatynyñ ugruny kesgitländigi nädip bilnenok? Meselem, Çarlz Krauthammeriñ ady nämüçin tutulanok? 80-nji ýyllarda nasional döwletleriñ "taýma müddetine" möhüm we progressiw üýtgeşme hökmünde baha beren köne troskiçi, täze konserwatiw neokonlar (neokonserwatistler) kim, tanajak bolýan bir barmy? Neokonlar Jeýms Bernhemiñ, Robert Kaganyñ, Deniel Fridiñ adyny eşitmedikler ABŞ-nyñ hakyky ýüzüni nädip bilibiler? Ýa-da "tümlükleriñ prinsi" Riçard Perl? Haýsysyny ýazaýyn: Konserwatiwleriñ "Nikson merkezi" ("Nixon Center") atly düşünje merkeziniñ ABŞ-nyñ daşary ýurtlara meçew bermeginden duýýan ynjalyksyzlygyny her pursatda dillenýändigini eşitmedik bolubilmikä, Bedri Baýkam? • ULY SURAT Global howpsuzlyk meseleleriñ üstünde pikir ýüwürtmän Ukraina-Russiýa urşuny düşünip bolarmy? Resmi taýdan yglan edilýän döwürlerden oba göçdi. Bedri Baýkam "wekilçilik urşy" diýilýän adalgany eşitmezlige haky ýok! Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, Ukraina-Russiýa urşuny kimler, nämüçin gorjady, nädip añ edilenok? Soñky ýigrimi ýyl bäri Russiýa her pursatda ABŞ-na "NATO-ny çäklerime direme" diýmedimi? Muña garamazdan Russiýanyñ goñşularyny kim ýaraglandyrdy? Bu ýurtlary kim NATO-nyñ düzümine aldy? Jemlär bolsam: ABŞ konwensional urşa girmezden Russiýa, Hytaý ýaly bäsdeşlerini syýasy-ykdyssdy taýdan gowşatmak, basyş astyna almak üçin "ýeñasty uruşlary" çykarýar... Garşysyna ösýän global güýç deñagramlylygyny peýdasyna öwürmek üçinem Ukraina ýaly Taýwam konfliktini-de şu sebäpli çykardy. Ah, Bedri Baýkam! ABŞ PKK-ny nämüçin goldaýandyr öýdýäñiz, Ýa FETÖ-ny? Bulary dogry analiz edende Ukraina-Russiýa urşy meselesinde nädip dogry analizleri berip bileñzok? Bular biri-birinden üzñe zatlardyr öýdýäñizmi? "Uly suraty" göreñzokmy? Diñe öz bähbitlerini pikir edýän we häzirem özüni "kowboý" sanýan imperialistik ABŞ-nyñ haýu-höwesleriniñ çägi ýok! Gara güýç syýasatyny ulanyp güýçli bolma strategiýasyny elden bermek islemeýär. Gürrüñsiz, 90-njy ýyllarda we 2000-nji ýyllaryñ başynda güýjüniñ kanoniki menziline ýetdi. Indi güýji we oýnaýan roly barha azalýar, azaldygyçada agressiwleşýär. Bedri Baýkam ýaly progressiwlerimiz seresap bolmasa, ABŞ çöküp barýarka dünýäni ýakyp kül etjege meñzeýär. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |