00:35 Ahlak dawasy | |
AHLAK DAWASY
Publisistika
Käbir zatlary ýazamda, örtenip-bişip, janyma jaý tapamok. Şu aşakdaky ýazjaklarymam şeýle. Ýaşar Kemal biziñ beýik ýazyjymyz. Muña söz ýok. 2011-nji ýyl... Žurnalist Baryş Pehliwan bilen bile Siliwri türmesinde bir kamerada ýatyrys... Türkiýäniñ žurnalistler sindikaty diñe tussagda oturan žurnalistleriñ çykyş edip biljek “Tutuklu Gazete” ("Tussag gazet") gazetini çykarmagy we gazeti käbir habar habar beriş organlarynyñ gapdalyna ýanap, okyjylaryna gowuşdyrmagy meýilleşdirýärdi. Baryş Pehliwan "Men Ýaşar Kemal bilen gürrüñdeşlik geçirjek!" diýdi-de, ýörite iş edinip taýýarlan sowallaryny aklawjynyñ üsti bilen ýazyja ugratdy. Şol wagtlar Baryş Pehliwan togsan dört ýaşly Stefan Esseliñ dünýädäki adalatsyzlyklara garşy çykýan "Gaharlanyñ!" kitabyny okaýardy. Diñe Fransiýadaky satuwy iki million ekzemlýardan geçen we ýigrimi bäş dile terjime edilen "Gaharlanyñ!" şol döwrüñ Günbataryndaky nägileçilikli tolgunşyklaryñ manifestine öwrülipdi... Baryş Pehliwan şol wagt segsen sekiz ýaşan Ýaşar Kemalyñ Siliwridäki adalatsyzlyklary-pyssy-pyjurlykly dildüwşikleri ýazgarar öýdýärdi. Emma. Garaşmadyk jogabyny aldy: Ýaşar Kemal "nähoşlandygyny" aýdyp, soraglara jogap berip bilmejekdigini aýtdy! "Nähoş" sözüni eşdip, hernä goja çynaryñ başy aman bolsun-da diýip, uly aladada galdyk... Ýazyjynyñ başynyñ amandygyny gündelik gazetleri gözden geçirip durkak bilip galdyk. Gazet sahypalarynda Ýaşar Kemalyñ gülüp duran suraty bardy! Habar şeýle: ■ BEÝIK OFISER Ýazyjynyñ gülüp duran suraty Fransiýanyñ Stambuldaky konsullygynda düşürlipdir. Fransiýa Ýaşar Kemala mundan öñ beren "Legion d'Honneur" hormatly nyşanynyñ derejesini ýokarlandyrmagy makul bilipdir. "Legion d'Honneur" nyşanynyñ “Commandeur” (Serkerde) derejesine 1983-njy ýylda mynasyp bolan Ýaşar Kemal bu gezek şol nyşandan bir dereje ýokardaky “Grand Officier” (Beýik ofiser) derejesi bilen sylaglanmalydy. Dabaraly ýygnanşykda söz sözlän Ýaşar Kemal abraýly nyşany gowşurmak üçin Stambula gelen "Légion d'Honneur"-yñ rysary Žan-Luis Žorželine ýüzlenip: "Ýaşar Kemaly menden has gowy tanaýan ýene bir täze dost edindim" diýdi… Goşun generaly Žan-Luis Žorželin bolsa eden çykyşynda: “Manyly ömrüni tükeniksiz erkinlik we adalat göreşine bagyşlan Ýaşar Kemaldan başga kim bu sylaga mynasyp bolup biler?” diýdi… (1803-nji ýyldan bäri bu nyşany kimler almady?!.. Gowsy agzaman geçäýeliñ…) Siliwri türmesiniñ kamerasynda gazet habarlaryny okap otyrkak, serimizi buýr-bulaşyk pikirler gaplap aldy. Ýaşar Kemal nähoşlana meñzänokdy. Jany sagdy. Özem Ertugrul Özkök bir makalasynda ýazyjynyñ şol çärede şatlanyp-gülüp durka degşip, “Ulan Ertugrul, kak bäşi!” hem diýip elini uzadandygyny ýazypdy! (Munuñ sebäbi "Hürriyet" gazetiniñ neşir syýasaty däldi, Özkök özüni tanadanda, “Ulan seni tanamaz ýaly derejede garrandyr öýtdüñmi meni” diýip henek atypdy!) Ýaşar Kemalyñ keýpi ýerindedi… Ýöne biz... ýazyjynyñ Baryş Pehliwanyñ gürrüñdeşlik teklibine "ýaramok" bahanasy bilen jogap bermänine gynandyk. Bizi hemme zatdan beter gynandyran zat şudy: Ýaşar Kemal "Beýik ofiser" nyşanyny alýan wagty, Fransiýa Siriýadyr Liwiýany bombalaýardy! Žan-Pol Sartr şeýle diýýär: "Intellektual - özüni gyzyklandyrmaýan zatlara burnuny sokýan adamdyr". Gynansak-da, Ýaşar Kemal şahsy bähbidine peýda bermejek hiç bir zat bilen gyzyklanmady… Indi sözümi jemlesemem bolar: ■ BIZEM “ULAN” DIÝÄÝSEKMIKÄ? Odatv ýapyldy... Ýaž žurnalistlerimiz ýene türmä dykyldy... Intelligensiýanyñ wekillerinden şahsy tanyşlygymyz bolanlaryndan başgasynyñ sesi-üýni çykanok. Haý-haýly, atly-dabaraly žurnalistler bu barada ýeke setir ýazanoklar. Bu näme üçin şeýle? Türk intelligensiýasynyñ wekili näme üçin “Ýaşar Kemal çemeçilligininden” ýüz öwrüp bilenok, näme üçin Gün şöhlesi diñe özüni ýagtyltmalydyr öýdýär! Mesele diñe Odatv-mi näme? Asyl üstünde durulmaly žurnalistlik dälmi, erkinlik dälmi? Pyssy-pyjurlyk dälmi? Bu dymyşlyk nämäniñ alamaty? Sözden-ümden añlamaýan jemgyýetde çekişme diñe şahslaryñ üstünde turýar. Hut şonuñ üçinem hemişe haýsydyr bir “günäkär” gözlenýär! Çünki, sözüñ içi pak bolsa boşluga öwrülýär ahwetin… Odatv žurnalistikanyñ kada-kanunlaryny syýasy häkimiýetden özbaşdak, dogry we dürs ýerine ýetirýändigi üçin ýumduryldy. Eger şeýle bolýan bolsa, asyl mesele, ýurdumuzyñ erkinlik meselesi dälmi näme? Bu mesele boýunça näme üçin umumy çözgüde gelmeli däl? Intelligensiýanyñ wekilleri nädip ümsümlige bürenip bilýärlerkä? Has beterini hemmelerden soralyñ: hiç kim mundan utananokmy? Eflatun şeýle diýýär: “Eger jemgyýet ahlak taýdan bozulan bolsa, siziñ ýekelikde ahlakly bolanyñyzyñ we muña eýereniñiziñ hiç hili manysy ýok.” Ýagny, ahlaksyzlyk jemgyýeti gaplap alan bolsa, onda özüñiziñ ahlaklydygyñyzy aýtmagyñyz derege ýaramaz. Hawa, hakykaty aýtmak üçin jan edýäris, emma ne gören bar, ne eşiden?... Şuña düşündim: Ikinji "Odatv intrigasy-da" aslyýetine seredende ahlak dawasydyr. Ol herkesiñ ahlagyna aýna tutýar… Hiç kim ýokmy o taýda? “Ulan” diýeliñmi, ýa “kak bäşi!” diýeliñmı? Konsullyklara boýun sunalyñmy? Watansöýüjilik duýgumyzdan el çekeliñmi? Nädenimizde sesimizi eşderlerkä? Ýurdum üçin örtenýän-bişýän, janym ýanýar. Soner ÝALÇYN. "Sözcü" gazeti, 19.06.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |