AK GOŞGY
Ahyr seniň bile duşurdy ykbal!
Bagtam zelel eder häzir geläýse,
Bagt gerekmez saňa duşup bolaýsa...
Maňa häzir
hiç zat,
hiç zat gerek däl,
Maňa häzir gülgün ýazyň goýnundan
Sen ýerleşer ýaly ýer berseler bes!
Ýer berdiler bes!
Al güller uýalyp ýüzüni sowýar,
Öýlänçi aýlanyp geçýär beýleden.
Asmanda galgaýar elwan ýaglygyň,
Zeminde galgaýar elwan ýaşlygyň.
Ah, men näçe jebir-jepany çekdim,
Seni ýaratmadyk bolsady taňrym,
Ol men bilen hasaplaşyp bilmezdi.
Şemal seniň desse saçlaryň kimin
Emaý bilen biziň üstümiz ýapýar.
Daşymyzda diňşirgenýän ümsümlik
Tisgindi!
Ümlük!
Ýok, gynanma,
ýok, aglama, ezizim,
Bu dünýäde iň günäli nowjuwan
Päkizedir
perişde deý garrydan...
▶ BAGT
Edepli gyz duşuşyga giç gelýär,
Garaşdyryp sabryň soňuna çenli,
Eý, katdy-kamatyn küýseden bagtym,
Sen juda edepli bolmaga çemli.
Giç açylýar hoşboý ysly bägüller,
Kemsiz ganyp tylla günüň nurundan.
Bir gün beýhuş eder öýdüp ysyna,
Ynamyma beýhuş bolup ýörün men.
Dolan aý giç dogýar,
giç dogýar çenden,
Gijäni ýagtyldyp gündiz ýaly ol.
Garaşaryn, bagtym, mümkin däle çen,
Ýöne ýarym-ýalta däl-de, doly gel.
Özgäniň bagtyýar aýdymyn aýdyp,
Garaşýan, men saňa garaşýan, bagtym.
Sen gelersiň, ýöne, ynan, gorkýaryn,
Gersiň öýdüp, bagta mätäç däl wagtym.
▶ GABANMAK
Diňe söýmeýänler gabanyp biler,
Hem söýýänler söýgiň çäginden aşyp:
Ol biriniň bil baglara yşky ýok,
Ol biri aklyndan aýrylan aşyk.
▶ AK GIJE
Ak gije,
Gök säher,
Dünýä asuda.
Ýapraklaň üstünde köreýär çyglar,
Çyg kimin iýmişler üfleseň ýanjak,
Gymyldasaň sähel,
Ýöreseň sähel
Çal ümsümlik ukusyndan oýanjak
Sessiz akyp ýatyr «Ýylanjyk» çaýy,
Emaý bilen ýuwýar gijäni säher.
ÝA suwda eräpdir gižäniň Aýy,
ÝA şol dury säher eräpdir suwda.
Ukuly berýoza ukuly gyz deý
Meni görüp birden tisginip gidýär.
Ýadyrgaýar,
Gorkýar,
Hem gözeilginç
Owadanlygyndan howatyr edýär.
Daşlar ýyldyraşýar çaýyň düýbünde
Hem berýozaň ýapragy deý balyklar.
Durun men, del nazar düşmedik ýere,
Ýaşyl tokaýlara haýran galyplar.
Akar çaýa suwa düşüp
säheriň
Elwan öwşünine öwrülen suwdan
Içip,
gana içip, şahyr kalbyňy
Taýganyň ter,
tämiz säherne ýuwsaň...
Ýöne syrdam senuberler,
arçalar
Galpyldaýar duýman meniň meýlimi.
...Birhili utanýaň geýimlidigňe
Hem utanýaň çykarmaga geýmiňi.
▶ «DARAÝY DONLY»
Ö. Nobadowa we A. Ýagmyrowa
Edara.
Radio. Iş petde-petde.
Ýaňlanýar efirde «Daraýy donly».
Meni owsunyna dolady ol saz,
Şol saz gursagyma püre-pür doldy.
Köwsarlap, köwsarlap ýaňlanýar owaz,
Tüweleý deý meniň başymy aýlap.
Bu ne gudrat: meniň ýitiren bagtym,
Duşmadyk ykbalym gelýär golaýlap.
Gelýär seýkin basyp daraýy donlym,
Öz-özi ýylgyryp eljiräp gelýär.
Suwly bedresine gaçan gök asman
Ýüregimi gozgap, endiräp gelýär.
Ýylgyrýan.
Ýylgyrýar. Humarly gözler
Gülümsiräp pynhan-pynhan garaýar.
Ençe gün ýadymda bişiren sözlem
Dodagymda garpyz kimin ereýär.
Saz soňlanýar.
Dem alýaryn uludan.
Edara... Radio...
Derdiňe urna—
Eliňdäki sönen çilimiň otlap,
Indi bolsa on ýaş garra otur-da!
* * *
Ýene gujagyny gerdi penjiräň
Hem elleriň...
Görüp galdym çalaja.
Ýap-ýaňydy ýaz ýeli deý eljiräp,
Del gözlerden dulanypdyk agaja,
Del gözlerden bagtymyzy ýaşyryp,
Penje-penje ak gül bolan almany
Ýyldyzly asman deý üste ýapynyp...
Gülüşerdik,
gürleşerdik pyşyrdap
Hem sorardym säher kimin lebleriň
Eý, sen meniň çeşme kimin inçe bil,
Çeşme deý towlanyp duran dilberim
Çilim çekjek bordum,
mynjyradardyň,
Posadan soň çilmiň mazasyn goýaý.
Gara saçlaryňda gizlärdim ýüzüm,
Ak buluda ýüzün süpürerdi Aý.
Ýap-ýaňydy...
Ahu gözli jereni
Ykbal aýra saldy raýymy ýykyp.
Posalardan,
ýaşlygymdan soň meni
Hezil edýär dünýä çilim deý çekip.
Ýylgyrýaryn: şol ajaýyp günlerem
Tas ýadymdan çykyp giden ekeni
Gursagymda dert alada baslyga.
Goşgy okamda sowgat berlen çemeni
Oklaýaryn şol almanyň astyna.
...Ýene gujagyny gerdi penjiräň,
Ýele gujagyny gerdi penjiräň...
* * *
Gyzgyn Garabilde dünýä geldim men
Hatda eşitmändim deňziň adyny.
Ykbal, neneň ýerleşdirip bildiň sen
Meň kalbyma deňziň harasadyny?!
Aýlandym dünýäniň ulus-illerin
Hem gygyrdym: «Kimse çeker bi derdi!»
Meniň gujagymda sähraly gelin,
Gursagymda owsun atýar suwpersi...
▶ HUMARALA
Hany seniň humar ala gözleriň,
Hany beýnä uran posanyň dady?
ÝA men tersa,
Ýa-da tersimden gelip
Aýnaň arkasyny süpüren ýaly,
Ýyllar,
sensiz ýylar bozupdyr ýady.
Bozupdyr hyýaly,
Bozupdyr düýşüm,
Neneň aglamarsyň agysyn düýnüň,
Neneň, serwim, labyryny atmaz gam!?
Seni düýşde görüp (bagtyň çüwende)
Hem onuň düýşdügne ynanyp ýatsaň!..
Goşgular