AKGOÝUN TOÝY
Giçligiň öň ýany, «heleý öýlesi» diýilýän wagtlary Akmämmet mugallymyň kellelerine telpekdir papak geýen epeý-epeý üç ogly aýal-ebtadyň agysy eşidilýän öýden çykdylar-da, töweregine garanjaklaşdylar. Öz aralarynda bir zatlar diýişdirdiler. Soň ellerini ýüzlerine tutup, gaýra bakyp, üçüsi deňine aýylganç ses çykaryp goýberdiler: «Eý, waý-eý, il-gün-eý, ýeteweriň-eý, dädem jan gitdi-ow… Eý, waý-eý, eý, waý-eý, il-gün-eý…». Şeýdip, bende amanadyny tabşyranda, goňşulara, töwerege habar bermek, çagyrmak dessury ýerine ýetirildi. Erkek kişileriň aýylganç towşy diňe bir daşda gezip ýörenlere däl, öýde oturanlara-da eşidilip, olaryň gulaklaryny üşertdi. Goňşy-golamlar indi ep-esli wagt näsag ýatan Akmämmediň amanadyny tabşyranyny aňyp: «Mugallym gutardy-ow» diýşip, ýerli-ýerden ýetişip geldiler.
Howa, Akmämmet mugallym gaýdyş boldy.
* * *
Akmämmet mugallyma şerigatyň düzgünlerine görä, bir ýaş goşup, altmyş dört ýaş berdiler. Mugallym ýaňy bir pensiýa çykyp, pensiýasynyň haýryny görüp ugrapdy. Mekdebiň direktoram: «Güýmenje bolar, bäş-üç sagat okadaý» diýensoň, oňa hepdede sekiz sagat sapak berdiler. Mugallym sapaklaryny iki günde okadyp, özi ýaly ýaşulular bilen iliň märekesine, toýuna-ýasyna gatnaşyp geziberdi.
Akmämmmet mugallym çagalarynyň öýermelisini öýerdi, çykarmalysyny çykardy. Il içinde aýdylyşy ýaly, gyzlary gyra gitdi, ogullary ora gitdi. Iki ogluny özbaşdak žöý-ojakly etdi. Onuň indiki bar arzuw-maksady uly edip, köp ýerleri çagyryp, akgoýun toýuny bermekdi. Pygamber ýaşyna ýeten bar, ýetmedik bar. Ynha, biçäre Oguljan pahyr bu ýaşa ýetmän gitmedimi näme!? Toý üçin harç aňryýany bilen ýeterlik. Tüweleme, direnip duran üç ogul: «Däde, näme gerek-ýaragyň bar? Näme hyzmat?» diýip, günde-günaşa habar alyp durlar.
Mugallym akgoýun toýuna taýýarlanyp ýörkä, ýarawsyzlyk tapdy. Ilki oba lukmanyna, soň etrap lukmanyna göründi. Netije bolmady. Kiçi ogly Saparmyrat dädesiniň eýle-beýle gürrüňine garaman, ony Aşgabada alyp gaýtdy. Düýpli barlaglardan geçirdi.
Barlag eden lukman elindäki kagyzlary Saparmyradyň eline tutdurdy-da:
− Ýaşulynyň özüne eşitdirip oturmaň, ýagdaýy agyr. Bagyr eräpdir, gutaryp barýar. Lukmançylygyň etjek emlerinden ötüşipdir. Inim, kakaňy öýüňde gowy edip saklaber. Az galypdyr ömrüne − diýdi.
Saparmyradyň bütin dünýesi daralyp, durky bilen titredi. Ýene-de özüni tutup, dädesiniň ýanyna geldi. Hiç zat bildirmän:
− Bagyrda kemçilik bar eken. Doktor gerekli dermanlary ýazyp berdi. Şolary alyp, öýe gaýdybermeli. Öýde alybermeli leçenýäni − diýip, soňuny gümmi-sümmä urdy.
Şondan bärem Akmämmet mugallym «hyk-çok» bilen öýünde boluberdi. Il-günem bir gowy zat. Mugallymyň halyny soramaga gelýärler. Gürrüňleşip oturýarlar. Öten-geçen ýatlanýar. Mugallym entek garrylyga per bermedik erkek kişiler, ýaş ýigitler, ýetginjekler gelse, ak ýürekden wesýet edýär:
− Inilerim, ogullarym! Menden size wesýet, hergiz-hergiz arak içmejek boluň, içýänleriňizem taşlaň şol zährimary. Şondan bir gram peýda ýok. Diňe saglygyňa zyýan bar. Ynha, men ömrüne arak içen adam. Arak etjegini edipdir, bagyra degipdir. Siz bir daş bolaweriň şondan!
* * *
Akmämmet mugallym ýaly häsiýeti gowy adam az-azdyr. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly, häsiýeti ýumşak adamdy. Mugallym bolsa-da sadady, ynanjaňdy. Ýüreginde garalygyň ýekeje nokady-da ýokdy. Şeýle bolansoň, bütin Aýböwüriň ilaty, ony tanaýanlar mugallymy gowy görerdiler, sylardylar. Okuwçylar-a mugallymy edil kakasy ýa atasy ýaly görerdiler. Wah, ýöne şeýle gyzyl ýaly adamyň bir kemi bardy. Mugallym arakhordy. Ýaşlykdan araga erkini berip, bellentgi bolupdy. Ýokary okuw jaýyny gutaryp gelip, mekdebiň kollektiwine goşulandan, araga meýilligi bilen özüni tanatdy. Dogry, kollektiwde-de içmeýän ýokdy diýen ýalydy. Ýek-tük ýaşuly bolaýmasa, hemmesi içýärdi. Ýöne çeni bilen içerdiler. Mugallymyň kiçiräk oturyşmalardan, doglan günlerden, toýlardan, ýene şular ýaly üýşmeleňlerden arak içmän ýa azrak içip, abraý bilen gaýdan gezegi ýokdy. Içse edil ýaka ýyrtyşyp durmasa-da, köp geplärdi. Manysyz gepler bilen adamlaryň keýpini alardy. Degnaňa degiji sözlerem aýdardy. Howa, Akmämmet mugallym içmese, gowy adam, içse başga tüýsli adamdy. Ol haýsydyr bir üýşmeleňde arakdan ýagşy edinensoňam, içmegi ýene bir ýerde ýa-da öýünde dowam ederdi. Aýaly, çagalary Akmämmediň yzygider arak içmelerinden bizar bolupdylar. Olaryň «Ile-güne masgara bolup ýörme, goý içmäňi» diýen janýandyrmalaryna Akmämmet serhoş wagty: «Goýman, eňegim daňlyp, başam barmaklam çatylýança goýman… Zyýanly zat bolsa, höküwmet öndürip, halka satmazdy» diýip, mojuk gep tapardy. Ynha, şol iş-hä-içişligiň netijesi. Akmämmet mugallym ýanyny ýere berdi. Indem, derdine sebäp bolan araga nälet okap ýatyr.
Akmämmet mugallymyň başyndan arak bilen bagly nijeme hadysalar geçdi. Haýsy birini aýtjak, haýsy birini ýatlajak!? Arakly geçmişler mugallymyň hakydasyndan çykmaýardy. Mugallym ýatlamalara berildi.
O döwürler öýüň ojaklarynda gübürdäp tebigi gaz ýanyp durmazdy. Ýogsa ilerki gyryň üstünden ýogyn turbalar bilen Orsýede türkmen gazy gije-gündiz akyp durdy. Hojalyklar tapan-tupan odunlary bilen oňňut ederdiler. Gurby çatanlar kömür satyn alardylar. Mugallymlara norma bilen berilýän az-owlak kömür gyşdan çykarmazdy. Maşgalalaram, näme, çil çaga. Garry-gurtylysam bar. Kömrüň, odunyň düýdenok.
Şeýle bolansoň, mugallymlar dynç günleri Mürze çöle sazak köwlemäge giderdiler. Pah, bu çäre Akmämmet mugallym üçin tebigata çykyp dynç alyşlykdy. Onuň güni gelerdi. Ýeňil gopup, işde iýlip-içiljek zatlary özi gurardy. Kebap, çişlilk üçin ep-esli et, bir tamdyr çörek, bir bidon suw, gök önümler, miweler… Elbetde, bu iýmitleriň ýanynda arak bolmasa, Akmämmät üçin birjik-de gyzygy bolmazdy. Uly ýol sumkany dolduryp, arak alardylar.
Motosikletiň yzyndaky ýük urulýan ýeri azykdan, keçe-küçe ýaly zatlardan mas ýüklenip, berk daňlardy. Motora artlaşyp münenleriň yzyndakysy paltadyr çot, pildir kätmen ýaly iş gurallaryny öňlerine gaýym kese basyp alardy. Artlaşykly üç-dört motosikletli «tar-da, tar» bolşup, dynç güni daňdan Mürze çöle tarap tutdurardylar.
Işe başlamazdan öň, Akmämmet eline arakly sumkany alyp, sazak sanap ugrardy. Munuň bolup ýörşünden habarlylar-a oňa seredip, nebsiagyrjylyk bilen kellesini çalaja çaýkardylar. Bu bolşa düşünmedikleriň käbiri bolsa:
− How, Aky, näme edýäň, näme etjek olary sanap!? − diýerdiler. Akmämmet bolsa, yzyna-da garaman, sag elini salgap goýberip, işini dowam ederdi. Onuň işi şundan ybaratdy: her on sazakdan geçip, on birinji sazagyň düýbüne bir çüýşe arak gömerdi. Düýbüne arak gömlen sazaklary nämedir bir zat bilen belgilärdi. Onsaň gör, Akmämmediň işleýşini! Girerdi gabarasy düýe ýaly sazaklaryň bir çetinden. Ýaňky sanalan sazaklary bir salymda ýatyryp çykardy. On birinji sazagyň düýbýüne gömlen araga bolan teşnelik ony doňuz ýaly işlederdi. Düýbünden arak çykarylan on birinji sazagy köwlemän, onuň penasynda gazetden kiçiräk saçak ýazardy.
− Geliň, how, ýigitler, bir-iki agyz çörek iýip kuwwatlanalyň. Işiň hiç ýere gidesi ýok − diýip, Akmämmet saçagyň üstüne odur-budur goýup, hälki gömlen çüýşäniň daşynyň çägesini üfläp oturşyna töweregindäkilere mürähet ederdi. Araga meýilliräkler Akmämmede çüýşedeş bolardylar. «Al-ha-al» bilen hä diýmän çüýşäniň düýbüne ýeterdiler. Haýal etmän ortany ýygnap, işe başlardylar. Düýbüne arak gömlen sazaga ýetip, içişlik arakesmesini etmek üç-dört gezek gaýtalanardy. Soňkularda diňe Akmämmediň özi galardy. Sanalan sazaklar köwlenip, iş bitse-dä biterdi welin, arak Akmämmediň halys haýyny alardy. Sazak köwlemäge ýaraman galardy. Ahyry ony goşda ýatyryp goýardylar. Soň el-el, aýak-aýak bolup ýatan Akmämmedi zordan ara alardylar. Dazlap barýan motosiklediň üstünde bulaň-salaň edip gelýän serhoşy giden bir kösençlik bilen öýüne getirerdiler.
Şunuň ýaly içişlikden soň, ertesi zordan aýňalýan Akmämmet öňki boluşlaryndaky ýaly: «Gaty gidipdiris-ow, goýmaly-ow şu aragy» diýerdi. Öz ýanyndan aragy «goýdum» ederdi. Barybir bolmazdy. Arak görse durubilmezdi. Onuň her bir içişligi öz-özüni masgara etmek bilen gutarardy. Özüne gelen Akmämmet eden masgaraçylygyny ýatlap, köp içenine ökünerdi. Serhoş wagty eden hereketleri, geplän gepleri ýadyna düşe, öz-özi utanardy. Geplän bolar-bolmaz sözleri üçin jogap bermeli gezeklerem bolardy. Käte degnasyna deglen adam bilen ýaka tutuşylardy.
Bir gezegem şeýle boldy. Goňşusy Ýagşygeldi Dädebaý dädesiniň günäsiniň geçilip, türmeden çykyp gelýänligi üçin «bäri gel» etdi. Bäş-alty goňşy gözaýdyňa üýşdi. Begenen Ýagşygeldem «mugallym ýykar» diýip at alan kelte çüýşe araklaryň üç-dördüsini syňraklarynyň arasyna gysdyryp gelip, saçaga goýdy. Nahar başynda gezekli-gezegine tost aýdylyp, Ýagşygeldä, onuň Dädebaý dädesine süýjüden-süýji arzuw-dilegler edildi. Tost aýtmak gezegi ýagşyja başy sämän Akmämmet mugallyma ýetdi. Mugallym ilki süýjüden süýji, owadandan owadan nobatçy sözleri aýtdy, emma yzyny bozdy:
− Ýagşy goňşy, Dädebaý dädeň ýene-de türmä düşüp çykybersin, bize-de oň gözaýdyňyna üýşip, şeýdip oturmak hemişe nesip edip dursun! Alyň göteriň onda, ha… ha… ha…
Kellesi düzüwräk biri muňa jogap berdi:
− Aýdany garabaşyňa gelsin-dä, mugallym, munyň-a bolmady, ýöne…
Akmämmet mugallymyň gülüşdirmek üçin degişme diýip aýdanyna öý eýesiniň girre gahary geldi.
− How, mugallym! Agzyňa näme gelse, samyrap otyrsyň. Näme diýýäniňi bilýärmiň özüň!? Haýp, saňa beren duzum… − diýip, tarsa ýerinden turdy. Han ýassyga ýaplanyp ýatan mugallymyň sag golundan dolap alyp, ýokary galdyrdy.
− Hany, ugra öýüňe, seňki ýetdi − Ýagşygeldi mugallymy südenekledip, gapa eltdi. Mugallym garşylygyň peýda bermejegini bilip:
− How, goňşy, men degişdim, degişmäni bilmeseň, senem… − diýen ýaly sözler bilen, entirekläp, öýüne ugrady.
Şunuň ýaly utançly gutaran oturyşmalaryň ýene biri direktorlarda boldy. Welaýat bilim bölüminden gelen inspektory direktor myhman aldy. Myhmanyň şanyna guralan oturyşma kollektiwden hyzmat etdirmek üçin bäş-alty mugallymam çagyrdy. Şolaryň arasynda Akmämmät mugallymam bardy. Janly soýuldy, çişlik taýýar edildi, beýleki hyzmatlaram ýerine ýetdi. Saçak başyna geçildi. Saçagyň daşyna çykaýyn diýýän nazy-nygmatlaryň bir çetinden girildi. Bir-birinden owadan çüýşeler açylyp, naşyja bulgurlara arak, konýak guýuldy. Ümsümligräk, birek-birekden utanylýan ýaly medeniýetlilik bilen başlanan oturyşma bir-iki gezek göterilensoň gyzdy. Ýuwaş-ýuwaşdan otagyň gowry belende galdy. Biri-birine gezek berilmän gürlenip başlandy. Myhmandan, onda-da mekdeplere, mugallymlara gözegçi bolup gelen myhmandan çekinmek galdy. Ony özleriniň birine öwürdiler. Akmämmet mugallymyňam geçisi daga ýaýrady. Wagyry artdy. Eýýäm özi bir çüýşä eýelik edip oturşyna, bulguryna arak guýdy-da, bir eline bulgury, beýleki eline owadan edip kesilen tegelek kolbasa bölegini aldy.
− Şu kolbasa dagy bolmasa, aragy içjegem däl-ä − diýip, pessaýrakdan öz-özi gepledi. Soňam belent ses bilen adamlara ýüzlendi:
− How, adamlar! Öňem bir şahyr şeý diýipdir:
Bir gün meni ajal gelip almasa,
Alar ahyr arak bilen kolbasa…
Bu aýdylan şygyr bölegine oturanlardan bir-iki sanysy gülen boldy. Birneme ýetenleriň biri Akmämmediň şygyrly gürrüňini alyp göterdi:
− Pah-pah, zaňňar, öz-ä diýen eken-ow, Omar Haýýamdyr ol.
Beýleden biri gürrüňe goşuldy:
− Aý, senem-ä, Omar Haýýamyň döwründe kolbasa bolupmy?!
− Näme bolman, kolbasany döreden biziň ata-babalarymyz ahyry, malyň içegisini arassalap, içine et dykyp, «gol bilen bas», «golbas» diýşipdirler, «kolbasa» adam şondan galan ahyry, soň ony orslar biziň dilimizden alypdyr.
− Bä, bi myndan çykdy-ow, seň bilmeýäniňi it iýsin diýäýmeli boldy, halypa…
Şunuň ýaly manyly-manysyzrak gürrüňler tapyp oturyşyna Akmämmet mugallym özi ýaly köpräk içip, öýüni ýadyndan çykaranlaryň biri bilen has gijiräk galdy. Öý eýesi bulary ugradyp bilmän azara galdy. Ahyry Akmämmediň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Beýleki arakdan doýman oturanyň gulagyna hem şeýdip pyşyrdady. Şundan soň bularyň ikisi hem: «Ýör, gaýdaly indi, giç boldy» diýşip, gaýdarman boldular. Iki serhoş allaýarlaşyp, «abraý» bilen çykyp gitdiler.
Ikisiniňem öýi bir ugurda bolansoň, daş çykyp, biraz ýöränsoňlar, Akmämmet mugallym ýoldaşyndan sorady:
− Bäş jan, direktir näme diýd-ä, saňa?
− Aý, diýen zady ýok, men-ä aňşyrmanam galdym şony.
− Aý, ýak, inim, bir üýtgeşik zad-a diýdi ol.
− Mugallym, özüňize aýdylan zady aýtsaňyz, aýdaýyn.
− Gepleşdik, aýt!
− Aýtsam: «Akmämmet oturyşmany bozup otyr, ony-muny samahyllap. Sen şony eýdip-beýdip, öýüne ugradyp gel. Saçagy täzeläp, gaýtadan gowy edip oturaly» diýdi.
− Wah, direktir-ä işimizi gören eken-ow. Maňa-da şeý diýdi-dä: «Bäşimi öýüne eltip gel» diýdi.
Bular serhoşlukdan açylana meňzäp, öz ýanlaryndan paýhaslanan boldular. Akmämmet mugallym:
− Aý, bolmady. Masgara edip, üstümizden gülen eken-ow. Aý, indi baryp bolmaz. Nerwini zaýalady-ow. Düzetmesek bolmaz, Bäş jan, nerwini. Ýör, Ýowjanyň dükanyna − diýdi. Ýowjanyň öýünde açýan dükanynyň äpişgesini tyrkyldadyp, iki çüýşe arak aldy. Akmämmet mugallymyň Bäşim mugallymy yzyna tirkäp öýüne baran wagty sagat 01-den 05 minut geçipdi.
Akmämmetlerde ýary gijäniň oňaýsyzlygyna bakman, ýene içişlik başlandy. Öý eýesi aýalyny, çagalaryny oýatmajak bolup, pişik basyşyny edip, aşhanadaky sowutgyja gatnady. Gyzdyrylmadyk galan nahar, öý eýesiniň arzyly kolbasasy, pomidor, hyýar… saçaga üýşdi. Iki mugallym direktorlarynyň adamkärçiliksiz adamdygy, öýüne çagyryp, beýtmesiniň iti çagyryp uran ýaly bolandygy, welaýatdan gelen inspektoryňam ulumsylanyp, özlerini hasap etmän içmän oturyşy, beýleki mugallymlaryňam oturyşmanyň gadyryny bilmän irden turup gidişleri hakynda, ýene-de şunuň ýaly gürrüňler bilen derrew iki çüýşäni syrkdylar. Ýowjanyň dükanyna ýene gidildi. Direktora «gahar edip» içilen bu içişlik ertesi iki ülpeti işden alyp galdy. Munuň soňy işden galan iki mugallyma direktorlyk tarapyndan «berk käýinç» bermek bilen gutardy.
Mekdepdäki «käýinçli» ýygnakda Akmämmet mugallym direktoryň, kollektiwiň öňünde mundan buýana arak içmejekdigi barada söz berdi. Öýünde, çagalarynyň arasynda, köpçülkde-de arakdan arasyny açanlygyny yglan etdi:
− Ak toba, gara toba, owaly Hudaý, indi içmen, goýdum şol adyýamany.
Onuň aragy goýanlygyna il-günem ynanyberdi. Allanäme, alty aýyň içi, mugallym araga meýil etmedi. Arak içilýän üýşmeleňlerden gaça durdy. Ýaşulularyň arasyna özüni atdy. Şolar bilen oturdy, şolar bilen turdy.
Bolmajak bolsa, bolmaz eken. Akmämmediň bu alty aýlyk agyz arassalygy biderek boldy. Goňşy Goşahowly obasyndan jan ýaly kursdaş dosty Öwez gelinalma toýuna çagyrdy. Akmämmet şenbe güni mekdepden boşansoň, ýatagyndaky bäş-alty janlynyň birini güýläp, «Toýatanyň» yzky ýük nowasyna atdy. Bir gün öňünden, toýuň tutulýan güni toýa ugrady. Toýa barsaň, näme, hödür-kerem, iýme-içme. Arak-şerabam ýany bilen. Akmämmet arakdan gaçyp, ýaşululary yklaryn, özümi saklaryn diýen pikirdedi. O pikiri bolmady. Agşamara toý jaýa baran Akmämmet Öwez dosty bilen biraz wagt saglyk-amanlyk soraşyp durdy, toýuny gutlady, toý sowgady diýip getiren janlysyny gowşurdy. Şundan soň, Öwez hyzmat edip ýören ýigitleriň birine ýüzlendi:
− Berdiş, şu ýaşulyny hol, ilerki jaýa elt, şol ýerde Baýram bardyr, şoňa tabşyr!
«Berdiş» diýilýäni Akmämmedi tirkäp, rast gyzyp duran, wagyrdysy, şowhuny ýer ýaraýyn diýýän otaga eltdi. Otaga girenden, şowhun has artdy:
− Bo-how, tüýs biziň garaşýan adamymyz geldi.
− Gel, gel, hany, şu ýerejik.
Akmämmediň gelmesini Magtymgulynyň şygyr setiri bilen dabaralandyranam boldy:
− «Adam indi geler, görgül diýdiler»…
Tanaýan-u-tanamaýanlar Akmämmedi şeýle şowhunly garşyladylar. Bularyň arasynda serisagy ýok diýen ýalydy. Törde oturan Baýram Akmämmet dagy bilen bile okapdy. Häzirem etrapda uly wezipede işleýärdi.
Berdiş Baýrama ýüzlendi:
− Baýram aga, şu mymany size tabşyrmaly diýdiler, ony özüňiz «adam edersiňiz-dä!» − diýdi.
«Adam edersiňiz» diýilse, näme etmelidigi düşnükli… Öňden göçüp oturan Baýram has göterildi:
− Pah, pah, Aky jan, senmi bu? Gel, hany, kursdaş. Bäh, näçe wagt boldy, görmänimize?! Toý bir gowy zat, şeýdip üýşüräýär bizi. Ýogsa iş-alada diýip, görşübem bilemzok.
Baýram gobsunyp, ýanyndan Akmämmede ýer ýasady. Ýerinden turup, onuň bilen gujaklaşyp görüşdi. Bir-biriniň arkasyna kakyşyp, saçagyň başyna geçdiler. Saglyk-amanlyk soraşyldy. Akmämmet bir käse çaý içensoň, Baýram kursdaşyna ýüzlendi:
− Biz-ä öňden ýetip otyr, şonda-da seniň bilen bir-iki gezek alaly, sen giç geldiň, jerimäňem bitirmeli bolarsyň, Aky jan! Al, hany, şol çüýşäni!
− Ýok, ýok, Baýram, men içmäni goýdum. Özüňiz içiberiň! − diýip, Akmämmet aňyrrakda duran çüýşäniň naşyja bokurdagyndan saçagyň gyrasynda ýatan kagyz desmal bilen seresapja tutup, Baýrama äberdi. Ol bu hereketi bilen özüniň arakdan arasyny açandygyny, ony haram hasap edýändigini, oňa elini-tenini hem galtaşdyrmak islemeýändigini sözsüz duýdurdy. Munuň bu hereketi aragyň güýji bilen öňdenem gülesi gelip oturanlara biraz wagt gülüşmäge sebäp boldy. Baýram çynlakaý hüjüme geçdi:
− «Goýdumyň» bolmaz dostuň toýunda, goýanam bolsaň, içmeli borsuň! Ýogsam, eden arzuw-dilegleriň gury gider.
− Äý, men içmäýin, söz berdim ahyry… − diýip, Akmämmämet birneme gowşady. Baýram ýene nesihata meňzeş gep aýtdy:
− Arak diýlen zat hemişe içilip ýörülenok. Biziň halkymyz muny begenende içýär. Toý-tomaşaň gelşigi-ä bu. Dost jan, senem: «Goýdum, içjek däl» diýip, özüňi hondanbärsi tutýaň ýa bizi hasap edeňokmy, Öweziň toýuna göwnüň ýetenokmy?».
− Ýok, ýok, how, beýle däl. Bir goýamsaň, indi…
Baýram ýeke dyzyna galyp, has tijendi:
− Aý, senem, dostum, toýuň, dostlugyň hatyrasyna al, hany, şuny.
Akmämmet ýene arka çekilensoň, Baýram arakly bulgury uzadyp oturyşyna, hetjikläbiräk, batly ses bilen ultimatum aýtdy:
− Ýa şuny iç, ýa menden geç!
Bolmady… Heý-de, bir-iki ýuwdum arak üçinem, adamdan, onda-da kursdaş dostuňdan geçip bolarmy?! Şeýle oý-pikir bilen Akmämmet mugallym naşyja bulgura elini uzatdy. Şol naşyja bulgur soňra ýene-de birnäçe gezek göterildi…
Öweziň toýundan soň, Akmämmet mugallym märekä çykmasyny seýrekletdi. Köplenç ogullaryny iberdi. Köpçülige barsa, ýene Öweziň toýundaky Baýram ýaly birine sataşaryndan ähtiýaç etdi. Aragam birneme ýatdan çykyberen ýaly boldy. Ýetişip barýan agtyklardanam utanylýar ahyry indi. Hasaplap otursaň, ýaşam ellini erňekläp, altmyşy gorkuzyp ugran eken. Araga agzyny degirmedigine bäş-alty ýyl bolansoň, Akmämmet mugallym pensiýa çykdy.
* * *
Merhuma edilmeli ilkinji hyzmatlar edilensoň, ony abraý bilen baky dünýä ugratmaga borçly hem jogapkär adamlar goňşy otaga üýşdüler. Mugallymyň ogullary, garyndaşlaryndan birküç sany ýaşuly, goňşular, obanyň kähudasy Meret magsym, Galpakbaý molla dagy bolup maslahat etdiler. Maslahatyň karary şeýleräk boldy: namaza aýdylmaly ýerler belli edildi, ony bu işe gaýym ýigitlere tabşyrmagy Meret magsym boýun aldy. Mugallymy bu gün «myman alyp», ertir sagat üçde çykarmak, Nalaç baba öwülýäsinde, aýalynyň ýanynda goýmak hakynda karara gelindi. Öwülýä gidip, gabyr gazjak görmanlar atlandyryldy, merhumyň üstüne girmek, döwre çykmak ýaly işler hem çözülip goýuldy.
Adamlar öz aralarynda: «Başga näme etmeli, näme zat ýatdan çykdy, şu wagt aýdyň» diýişdiler. Şol wagt aga-ini Geldimyrat bilen Akmyrat bir zatlar pyşyrdaşyp diýen ýaly gürleşdiler. Bu pyşyrdyly maslahata körpe ogul Saparmyradam boýnuny sozdy. Soňam Geldimyrat bir möhüm zat aýtjaga meňzäp, ýerinden gozgandy, ardynjyrap köpçüligiň ünsüni özüne çekdi:
− Adamlar, molla aga, bir mesele bar, dädem akgoýun toý berjek bolup ýördi, indem… Biz eşiden ýalydyk, altmyş üçden geçip, dünýeden gaýdanlara jaýlanmazdan öň akgoýun toýuny berýärler diýip… Şo nähili bolarka?!
Ara biraz dymyşlyk düşdi. Ony ýuwaşja sesi bilen Galpakbaý molla bozdy:
− Menem eşidipdim mugallymyň: «Akgoýun toý berjek» diýýänini. Altmyş üçüni doldurypmydy özi?
− Bugdaý orakda doldurypdy, molla aga − diýip, Akmyrat jogap berdi.
− Siziň eşiden gürrüňiňiz rast, oglanlar. Pygamber ýaşyny dolduran bende dünýeden gaýtsa, ony böwre çekip, akgoýnuny bermeli − Galpakbaý molla ýas ýerinde «toý» diýmegi oňaýsyz gördi öýdýän. Ol sözüni döwam etdi:
− Şunuň ýaly ýagdaý bolanda, amanadyny tabşyran bendäni razy edip goýberer ekenler öten ata-babalarymyzam. Bu ilde bar zat. Meniň özümem bu dessury bir-iki ýola gördüm.
Meret magsym gürrüňe goşuldy:
− Bi, Atgyrlandaky Mätjan bugaltyram şeýtdiler. Başga-da bar şunuň ýaly.
Oturan ýaşululardan bir-iki sanysy baş atyp, aýdylany tassykladylar. Galpakbaý molla arasy kesilen gürrüňini dowam etdi:
− Sizem näme, ataňyzyň dirikä göwnüne düwenini gijem bolsa, amal edip goýbereli diýseňiz, özüňiz bilýäňiz, görüň-dä.
− Amal ederis ony, ilde edilýän bolsa. Ýöne näme etmeli, aýdaýmasaňyz özüňiz, biz-ä…
Maslahat pygamber ýaşyny ýaşap, amanadyny tabşyran Akmämmet mugallymyň jesedini böwre çekip, akgoýun toýuny bermek hakynda karara geldi.
Ertesi irden ýas ýerindäki ýaş ýigitleriň birküç sanysy Akmämmet mugallymyň akgoýun toýuna niýetläp, baga bakyp oturan janlysyny derrew soýup, etini obanyň aşpezi Çaly murtuň ygtyýaryna berdiler. Çaly murtuň eline düşen etler kaklandy. Garma palaw üçin geregini alan aşpez mähetdel etmän, kömekçisi bilen daşardaky ýarma ojakda ortaça gazanda nahar ataryp, işi bilen boldy. Galan eti Galpakpaý mollanyň tabşyrmagy bilen obanyň ýeter-ýetmezine, çagasy köp maşgalalara, garry-gurtulara sadaka diýlip paýlandy. Çaly murtuň gazanynyň ýanyndan süýtliaş bişirmek üçin ýene gazan ataryldy. Bu gazana mugallymyň goňşusy Abadan eje hojaýynçylyk etdi. Ol bir-iki sany gelniň ýardam bermegi bilen, getirilen süýtdür tüwini çenläp, akgoýun toýuň esasy teperrik nahary bolan süýtliaşy ataryp, ýola düşürip goýberdi. Gün çäş wagtyna galanda, sagat onlarda garma-da, pygamber aşy süýtlaş-da taýýar boldy. Oňa çenli Meret magsymyň görkezmesi bilen ýaş ýigitler jaýyň kölege tarapyna tagaşyksyzraga-da düşek düşediler. Kelte-külteräk saçak ýazdylar. Obanyň hemme toýdur sadakasynda, ýasynda eşidilip ýörülen tanyş ses ýaňlandy. Meret magsym belendiräk ses bilen namaza gelenlere ýüzlendi:
− Adamlar, eleşdirmäň, «Toý bilen ýas deň geler» diýleni şu boldy. Akmämmet mugallymy soňky ýoluna ugratmankak, onuň akgoýun toýuny toýlalyň. Geçiň düşege, toýa bişen nahardan dadalyň. Çekinmän iýiň, toýuň naharydyr bu.
Galpakbaý molla törräkde aýratyn ýazylan körpeçäniň üstüne geçensoň, tegelenişip duran adamlaram onuň yzyna eýerdiler. Garry-ýaş, her kim öz ornunda oturdylar. Kelleleri papakly, tahýaly birküç ýetginjek aýlanyp, el ýuwdurdylar. Molla tebärek çykansoň, tabak çekildi. Adamlar ikowara, üçowara bolup, palawly, süýtliaşly tabaklaryň daşyna egrildiler. Her ýerräkden, her ýerräkden belentli-pesli, öňlin-soňlyn «bissimilla» diýen sesler çykdy. Meret magsym: «Çekinmän iýiň, toýuň naharydyr» diýse-de, nahara işdämenlik bilen ymtylan bolmady. Edil merhumyň düşek aşyndan dadylan ýaly, adamlar her nahardan bir-de ýarym çemçe aldylar-da, yza tesdiler. «Bolduk-da, bolduk» bolşup, tabaklary yzyna berdiler. Howa, nädip iýjek?! «Toý-da» bolsa, bogazdan zat geçenok. Jaýyň içindäki aýallara hem toý naharynyň çekilişi şeýleräk boldy. Tabaklar el degrilmedik ýaly yzyna gaýtdy. Merhum jaýyň böwründe süýnüp ýatsa, edil bärsinde-de toý toýlap bolarmy?! Tüýs türkmeniň «depme halaly» boldy.
Belki, Akmämmet mugallym ömrüne sähel irräkden dawa eden aragy içmedik bolsa ýa-da ýagdaýy bilenräk içen bolsa, ýas bilen gatyşan bu akgoýun toý bütinleý başga bolardy. Daşdan-ýakyndan bezenip-beslenip toýa myhmanlar gelerdi. Adamlar toýa bişen tagamlardan ýazylyp-ýaýrap iýerdiler. Ogul-gyzlar, agtyk-çowluklar, dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar, dost-ýarlar, tanyş-bilişler, bir wagtlar okadylyp, seçilip goýberilen okuwçylar pygamber ýaşyny bitiren Akmämmet mugallyma süýji-süýji arzuwlar bilen halat-serpaý ýapardylar. Saz-söhbetler, süýji-süýji gürrüňler wag bererdi. Toýda seçilen oýunjaklaryny bir-birine güjeňleşýän, gülüşýän, aglaşýan çagalaryň sesleri toý şowhunyna şowhun goşardy.
Bularyň hiç birem bolmady. Boljakmy, eýsem, ýas ýerinde?! Gaýtam tersine, dolup duran bogazlardan bir sukum aş zordan geçdi. Toýuň bezegi iki-ýana ylgaşyp ýören şadyýan çagalar «toý jaýdan» goňşy öýlere «sürgün edildi». Saz-söhbetiň, jak-jak gülküleriň ýerine aram-aram daş-içden aýallaryň agy sesleri eşidildi.
Gündiz sagat üçde jynazasy okalan Akmämmet mugallymy agaç aty bilen maşynyň nowasyna goýup, soňky jaýyna alyp ugradylar.
Belki, Akmämmet mugallym özüni araga aldyrmadyk bolsa, ýaşan ömrüniň tas üçden ikisini arak bilen suwarmadyk bolsa, onuň akgoýun toýy başga hili bolardy…
Aý, ýöne biz aýdaýýarys. Bu zatlary bendesi bilmez, nämäniň nähili boljagyny diňe Alla bilýär.
2017-nji ýyl, oktýabr.
Nury SEÝIDOW.
Hekaýalar