00:48 Akpamyk / satiriki hekaýa | |
AKPAMYK
Satiriki hekaýalar
Gadym zamanlarda käbir tankytçylar çeper esere syn ýazanlarynda, onuň awtory üçin ýazýar ekenler. Bu, elbetde, orta asyrlarda şeýle bolupdyr. Biz arhiw agtaryp ýörüşimize iki hili makala gabat geldik. Olaryň ikisem bir awtoryň bir eserine ýazylypdyr. Geň zat! Emma, ýene-de arhiw dörüberdik weli, hemme zat düşnükli, aýyl-saýyl boldy. Birinji makala ýazylan döwründe awtor bilen tankytçynyň arasy saz bolupdyr, ikisiniň içen piwosy aýry gitmeýän ekeni. A ikinji makalanyň ýazylmagyna ertekiniň awtorynyň özi günäkär bolupdyr, ýagny tankytçynyň kellesine piwo kružkasy bilen urupdyr. Aşakda makalalaryň ikisinem çap edýäris. Birinji, awtor bilen tankytçy çüýşedeşkä ýazylypdyr. • Guýmagursak awtoryň ölmez-ýitmez eseri Zehinli awtoryň uly meşhurlyga eýe bolan «Akpamyk» ertekisi orta asyr edebiýatynyň naýbaşy eseridir. Akpamygyň ýedi doganynyň öýüni-ilini taşlap awa gitmegi, olaryň öz enelerine aýdan real sözlereri (kursiw meniňki) özüniň originallygy bilen eseri höwesli okamaga okyjyny mejbur edip biljek üýtgeşik detallardyr. Akpamygyň enesiniň gowurga gowurmagy döwrüň real beýanydyr diýsek hiç hili öte geçdigimiz däldir. Düşbüje, akyllyja Akpamygyň enesinden öz doganlaryny soramagyň çözgüdini tapyşy (kursiw meniňki) awtoryň bu eseri ýazmakda gaty kän piwo sowadanlygyny aňladýar. Ertekiniň her bir wakasy aýry-aýrylykda rezonans döredip, (kursiw meniňki) tutuş köne döwri yrandyrýar. Her bir kontekstde belli bir ahlak hem ideýa aksenti (kursiw meniňki) ýüze çykýar. Zehinli awtoryň wakany interpretansiýa edişi (kursiw meniňki) ertekini häzirki zaman edebi şedewr (kursiw meniňki) derejesine ýetirýär. Eserdäki triumf, kontrast, detonasiýa, içki proses (kursiw meniňki) hronika däl-de, tutuş bir masştab ahyry! Eserde obraz öwüşginliliginiň introspeksiýasy, detallaryň ýönekeýligi, ahlak tämizliginiň assosiasiýasy (kursiw meniňki) göwnejaý beýan edilipdir. Umuman, awtoryň döreden «Akpamyk» ertekisi biziň edebiýatymyzyň genji-hazynasyna önjeýli goşantdyr. Ikinji, tankytçynyň kellesinde awtor piwoly kružka döwüpdir. Şondan soň ýazylan syn ine şeýle. • Şowlamadyk eser Awtoryň «Akpamyk» ady bilen çap edilen ertekisini eliňe alanyňda üstünden üç gün geçip, gyzan piwo ýadyňa düşýär. Özüňi gaty mejbur edäýmeseň, känbir aňryňam çekenok. Ýeri, eserde gowurga gowurmak nämä gerek boldy diýsene! Onsoňam, gowurga çagalaryň dişini (kursiw meniňki) zaýalaýandygyny awtor ünsden düşürýär. Munuň özi tüýs antipedagogika dälmi eýsem?! Eserdäki ýedi doganyň öýden-öwzardan bizar bolşup gitmegi (kursiw meniňki) gaty bir ynandyryjy däl. Olary komsomol putýowkasy bilen BAM-a ibermeli ekeni. Şeýle hem ýedi doganyň aw awlamagy, munuň özi barypýatan (kursiw meniňki) brokonýerlik dälmi?! Eserde tebigaty goramak barada didaktiki materialyň berilmezligi awtoryň görnetin minusydyr. Hany, eserde «Ohotnadzor» inspeksiýasynyň roly? Indi döwüň obrazy barada durup geçeliň. Döw örän ejiz görkezilipdir, passiw hereket edýär. Awtor döwüň üsti bilen gara güýjüň (kursiw meniňki) hatda minimum täsirini beýan edip bilmändir. Döw diýlen zat döw ýaly bolmaly. Emma «Akpamygyň» döwi derwezänem açyp bilenok. Şeýle hem onuň gan sormagy (kursiw meniňki) nadanlygyny aňlatmakdan başga hiç zat däldir. Çünki ganyň kategoriýasy, eýesiniň sagatlygy eserde anyklanmandyr. Onsoňam döw otrisatel gahrymana has bolan (kursiw meniňki) zatlary edenok-da, diňe gan sorýar. A onuň deregine awtor oňa Ýerewan konýagyny beren bolsa (kursiw meniňki) eser şowly bolardy. Şeýle hem awtor Akpamyga kefir içirmeli (kursiw meniňki) ekeni. Sebäbi položitel gahryman kefirsiz ýaşap bilmez (kursiw meniňki) ahbeti. Şeýlelikde eseriň baş gahrymany Akpamygyň obrazy gaty solgun beýan edilipdir. Ol doganlarynyň kirli geýimlerini diňe elde ýuwýar. Gol zähmetini ýeňilleşdirmek meselesi ertekide iki aýagy bilen agsaýar. Hany, kir ýuwujy «Kirgiziýa» maşyny?! Kirli geýim tabşyrylýan «Himçistka» nirede?! Awtor ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kombinatyň işine, zähmetine (kursiw meniňki) kembaha garaýar. Sözümizi jemläp aýtsak, awtoryň «Akpamyk» ertekisi ertirki güni däl, (kursiw meniňki) hatda şu günki güni hem görkezip bilmändir. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |