06:59 Aktual poema ýa-da goşgular çemeni | |
Kerim GURBANNEPESOW
Goşgular
▶ AKTUAL POEMA ÝA-DA GOŞGULAR ÇEMENI (bölekler) POEZIÝA MODADAN GAÇÝAR diýýärler, Beýle gürrüň daşgarydyr kadadan. Bir mahal poeziýa modadan gaçsa, Ertesi Söýgi hem gaçýar modadan. Ýer ýüzünde barka Ýigit bilen Gyz, Hem barka ýanynda Wysal, Aýralyk- Poeziýa hemra bolar Ýaşlyga, Öz söwer dostundan gitmez aýrylyp. Ýer ýüzünde barka Ak bilen Gara, Bile gezip ýörkä Haýyr bilen Şer- Poeziýa ähli şerlere garşy Göreşipdi, Göreşip ýör, Göreşer. Şer diýilýän zatdan halas bolup Ýer, Haýyr tutan güni önuň öwezin- BEÝIK MISSIÝASYN BITIREN ŞYGYR Lowurdadar öz ýeňiji gözlerin. Gomerden, Puşkinden, Magtymgulydan, Ýene kän uludan başlanyp gaýdan Çyn şygyr hiç haçan modadan gaçmaz, Ony asyrlara äkider adam. Ýöne kör goşgulaň, göýdük goşgulaň Ykbaly hemişe bolupdy agyr. Şolardyr şu günki modadan çykýan Hem ertir hasapdan çykmaly şygyr. ...Öz gözlerim bilen gördüm men şu gün (Kime gerek bolsa-adresi anyk): Bir şahyry satyp duran ekenler Başga bir şahyryň biline daňyp. Dýuma ata bilen Pýotr Birinjiň Biline saralgy ýene-de biri... Geldi-de owadan zenan maşgala, Tussagdan boşatdy iki ýesiri. “Ýesirleň puluny töläýin, ýöne Özleri durubersin!” diýdi-de zenan, Gerekli kitabyn aldy-da gitdi. (Ne günlere düşdüň, Eziz Poeziýam!) Zenan şeýtdi gitdi. Satyjy bolsa Öwrendekli eken. Däldi piňine. Şerlogyň biline daňdy-da ony, Atdy ýene alyjyň öňüne. Bir gapdalda duran ak bägül gelin (Ýanynda-da nika ýüzükli gerçek) Hümürdedi: “Şeýdip şahyr bolandan, Biz-ä ölenmizem gowurak görjek...” Ine, Şu “poeziýa” modadan çykýar, Tutuş hasapdan-da çykar ol ertir. Ýer bilen asmanyň aralygynda Galypdy, galyp ýör, galar ol ýetim. Ýetime hemişe kömek beriler, Emma bu ýetime... kim kömek ýetir?! *** TAMDYRA MODADAN GAÇÝAR diýýärmiň? Düşünýän: tamdyra diýýäniň dutar. Ýöne tamdyra modadan gaçsa- Şo gün tamdyryň hem modasy gutar. Arkaýyn çalyber tamdyrajygňy. Modalar sowular. Myş-myşlar geçer. Eje, kaka hiý modadan gaçarmy? Tamdyra-kakaňdyr, Tamdyr hem ejeň. *** BEDEWLER MODADAN GAÇÝAR diýýärler Beýle zada ýol berilmez hiç haçan. Modadan gaçsa-da, bedewler däl-de, Bir topar eşekler Modadan gaçar. At planyn öwrüp et planyna, Bedewleri ete tabşyran nadan, Indi ne-hä athananyň ýanynda, Ne-de öz postunda görner ýaňadan. Bedewleriň ete berilşi hakda Obalaň birinde bolan ýygnakda, Segsen bäş ýaşynda (ilkinji gezek!) Tribuna çykanmyş Gulmyrat Akga. Şonda şeý diýipdir Gulmyrat ata: “Kimde-kim ýene-de kast etse ata, Olaryň özlerin tabşyrys ete!”... Elbetde, azajyk geçse-de öte, Örän hak aýdypdyr Gulmyrat ata... Bedew entek-entek çarpaýa galyp, Gider, asyrlaryň çuňlugna gider. Dünýä gözellerni aňk etse bili, Mert bakyşy mert ärleri aňk eder. Dünýäde hiç haýwan deňeşip bilmez Onuň AKYLY hem EDEBI bilen. Dünýäň mallaryndan bir Döwlet düzseň- Prezidenti TÜRKMEN BEDEWI bolar. *** SALAM HEM MODADAN ÇYKÝAR diýdiňmi? Hawa, köpelipdir ses-üýnsüz salam. Eliňi ýetir-de gulagyň ýanna, Arkaýyn geçiber. Tamam. Wessalam. Tanşyňmy, dostuňmy, goňşyňmy kimmi- Hökmanmyşmy ýanna dykylyp barmak! Biperwaý kelläni çalaja silk-de, Geçiber. Geplemek nämäňe gerek. Ýaşaýarkak tygşytlylyk döwründe, Her tygşytlan sözüň-bir döwüm çörek... “Salam!” diýmek-parahatlyk dilemek. Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman. Arada Pöwrize daglarna çykyp, Üç gezek gygyrdym: “Salam! Salam! Salam!” Näçe salam bersem, şonça-da gezek “Salam!” diýip, jogap gaýtardy daşlar. Görýän weli,biziň käbirimizden Şol daşlaram asyllyrak ýoldaşlar!... | |
|
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Watan / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |