17:55 Ala şeýtan / satiriki hekaýa | |
ALA ŞEÝTAN
Satiriki hekaýalar
Arada «Altyn açar» atly gastranoma bardym. Öý üçin oduk-buduk alyp durkam, satyjy bilen arama hakyt ala şeýtan düşse nädersiň. Ýaňky ala şeýtan maňa şokolad çekip duran satyjynyň böwrüne dürtüp: «Şu alyja bir kilo däl-de, sekiz ýüz gram şokolad çekip ber, darka ýarylýan bolsa ýarylsyn, göreli» diýip paşyrdady. «Ýüz otdan ysy» diýipdirler, satyjy hem şeýtanyň ýüzünden geçip bilmän, maňa sekiz ýüz gram şokolad berdi-de, menden bir kilogramyň bahasyny aljak boldy. Edil şol pursat ýaňky messepsiz, ikiýüzli, ala-mula stilýaga şeýtan meniň tarapyma geçdi-de: «Hakyňy talap et, sen ýene iki ýüz gram şokolad almaly» diýip, ýeňsedamaryma pitikläp goýberdi. Menem melgunyň ugruna gidip, satyjy bilen harçaňlaşmaga başladym: «Sen mes bolýaň. Bujagaz güňüňi özüňe köp görýäň. Men seni ýüzlüge ýüzüň düşmez ýaly, eliňe ellilik degmez ýaly ederin» diýdim-de, şokolady kontrol terezä goýdum. Görsem şokoladyň üç ýüz gramy kem. ― Bu näme boldugy, ýaňy iki ýüz gramy kem ýalydyla ― diýip, men satyjynyň üstüne çöwjäp başladym. ― Sap şokoladdan iki ýüz gramy kem, a kagyzyň agramy bolsa ýüz gram. Sen kagyzyny kontrol terezä goý-da göräý ― diýip, ol ýaňky myrtar ala bela kalbymda seslendi. «Baý-ba-a, görseňizläň bu şeýtany, eýýäm ýüregime aralaşypdyr― diýip, men geň galdym. Biziň gohumyza «Altyn açaryň» direktory hususy «GAZ-24» «Wolgasynyň» altyn açaryny süýembarmagynda pyrlady geläýdi. Direktoryň görnenem şoldy weli, meniň kalbymdaky ýaňky sypjyk şeýtan nirädir bir ýerik sumat bolaýdy. Ol eýýäm prilawkanyň aňyrsyna geçen ekeni. Görsem direktoryň agzyna gep salgy berip dur. Direktor ýuwaşlyk bilen: ― Ýeri, bolýa-da, han ogul, bu bir iş wagtydyr, bi ýaş oglan ýalňyşandyr, üç ýüz gram şokoladyňy alaýsana ― diýdi. Direktoryň sözüni gutararyna mähetdel ýaňky ala melgun prilawkanyň bärsine geçdi. Ol indi meni öjükdirýärdi. ― Men şikaýat depderçä ýazjak. Häzirem gidip döwlet söwda inspeksiýasyndan adam getirjek. Sizimi... şeýdäýmesem bolmaz... Dogry-da walla, özüňçe barla-ýokla hakyňy iýdirip ― diýip, men hiç eňek bermedim. ― Han ogul, üç ýüz gram şokoladyňy alman gitseň, onsoňam ýaňky diýen işleriňi etjek bolsaň, gaty horlanarsyň ― diýip, direktor süýem barmagyndaky altyn açaryny hozanak ýaly pyrlamaga başlady. Men çoýun taňka ýaly gaýnamaga başladym: ― Meni horlap bilseň, armanym ýok. Men indi ýüp alyp yzyňyza ymykly düşerinem, sizi hut etmişiňiziň üstünde tutarynam ― diýip, baý, lasyrdap gaýnadym-a. Çykyp ugranymam şoldy weli, yzyma adam düşdi. Olar ilki meniň başlygyma, soňra meniň garry atama, eneme, ähli kowum-garyndaşlaryma töwella etdirtdiler. Kärdeş dostlarym ýanyma gelip: ― Şu işiňi goýsana ― diýip towakga etdiler. ― Emdiren süýdüme razy däldirin ― diýip, enem aglady. ― Ol biçäreleriň çagalaryny ýetim goýma. ― Saňa kem bereni bir gadagam ýok, sen bir musulmany ujypsyz zat üçin ýakma. Ine, garry atamyň ölüm ýassygynda ýatan ýerinden aýdan sözi. ― A-haw, dostlar, men şolaryň günäsini müň kerem bagyşlaýan, haw. Nädip bagyşlamajak, kakaňyň, ejeňiň, dostlaryň diýenini etmän bolar, emma başlykdyr aýalyňy nätjek? ― Ýok, sen bize al salyp, ogrynça bir iş etjek bolýansyň ― diýişip, dostlarym günüme goýmadylar. Ahyrsoňunda çydaman şol ala şeýtany bir ýerde tutdum. ― Sen melgun, ilki maňa gep salgy berip, soňam meni azara goýýaň, janyňy jähenneme ibereýinmi? ― diýdim. Ol meniň elimden ýakasyny sypdyryp: ― Tumşugyny dik asmana dikýän söwda işgärleriniň kän tanyş tapyp bilýändigini saňa subut etjek boldum ― diýdi. Ynha adamlar şol magazine baraýsaňyz ägä boluň, ala şeýtan bardyr. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |