16:22 Alasarmyk / satiriki hekaýa | |
ALASARMYK
Satiriki hekaýalar
Agaly Bekçäýewiç ýokary edaralaryň birinde naçalnik bolup eslije ýyl işledi. Günlerde bir günem ol samolýotdan oklanan paraşýutçy ýaly bolup, kelemenläp aşak gaýtdy. Ýer bir gowy zat. Göwni-garny, öýke-kinesi ýok, öň kimem bolan bolsaň, näme-de bolan bolsaň seni öz goýnunda saklap bilýär, günäňi iş bilen ýuwmaga mümkinçilik berýär, ýöne gaty ýokardan gaýdany üçin ol özüni wagty bilen dürsäp bilmedi. Kelemenläp enter-pelegi öwrülen naçalnige raýon edaralarynyň birinden wezipe däl-de, ýönekeý bir iş berdiler. Ol ýüzüni aşak salyp, işlän bolup otyr. Gündiz sagat on ikä çenli edarada çaý içişlik başlanýar. Bellek aga jüründigi döwük uly çäýnegini çaýkaşdyryp, moýly käsesini ýuwuşdyryp, kerpiç gandy bilen gök çaý süzýär. Jemile bolsa demir çäýnegi demläp, zebra ýaly ala ýol-ýol käsesindäki çaýyndan aram-aram owurtlap, çot kakýar. Kim bal çalnan çörek iýýär, kim mesge, aý garaz, agzyň suwarýar-da. Agaly Bekçäýewiç uzak oturyp bilmedi. Daşary çykyp, birsalym gezmeläp geldi, içeri girdi, stolunyň çekmelerinden bir zatlar gözledi, ýöne näme gözleýändigini özem bilenokdy. Ol düýş ýaly ala-sarmyklykdady. ― Agaly Bekçäýewiç, sizem geliň-de, birki käse çaý içiň ― diýşip, onuň işdeş ýoldaşlary oňa mürähet däl-de, çyny bilen aýtdylar. Emma täze işgär yrylmady. Ol daşdan ýasalan, has dogrusy, entek ýasalyp, törpülenip, timarlanyp gutarylmadyk heýkel ýaly bolup, doňup otyrdy. Onda nähili-de bolsa nägilelik bar ýalydy. Jemile bir stakany ýuwdy-da, täze işgäriň stolunyň üstünde goýdy. Bellek aga bolsa 3-4 bölejik gant berdi. ― Aý, bi stakanda çaý içip bolmaz-la. Hany, edara çäýnek-käse bilen üpjün edenokmy? Naharhanalar nahary üstüňe getirip berenokmy? ― diýip, Agaly Bekçäýewiç çyny bilen aýtdy. Munuň sözüne işgärler tas pyňkyryşypdylar. ― Ýok-la, Agaly Bekçäýewiç, her kimiň özi öýünden getirinýär ― diýip, ýaşlardan biri aýtdy. ― Be, biz-ä beýle zady öň görmändik. Ýeri, bolýa-da, serdar, sen şu puly al-da, magazine gidip gel ― diýip, täze işgär bir ýigrimi bäşligi Gurbawa uzatdy. ― Nämeler almaly? ― diýip, Gurbaw täze işgäre soragly nazaryny dikdi. ― Owadan gyzyl gülli çäýnekden birini al, ýanynyň nagyşly käsesi bilen. Böwründe «Ýubileýe» diýlen ýazgysam bolsun. Onsoňam daşy Täçmahal bilen piliň suraty çekilen ýokary sortly hindi çaýyndanam bir paçka getir. Seýlonyň gara çaýam bolsa alaý. Ýene näme alsaňkaň, hawa, «Zolotoýe runo» diýen piltrli sigaretdenem iki gabyny getiräý, bir çüýşejik balzamam alaý. Elektrik bilen gaýnadylýan çäýnek gerek. Onsoňam, çökündisiz ereýän kofe al, däne-däne bolup duran gara işbildenem iki ýüz gramjyk getiräý ― diýip, Agaly Bekçäýewiç ýene bir ýigrimi bäşligi uzatdy. Emma Gurbaw soňky puly almady. Gaýtam öňki ýigrimi bäşligem stoluň üstünde goýdy-da: ― Ýaşuly, men o diýen zatlaryňyzy 28 ýaşap entek göremok. Bu gün jygyllyk günem-ä däl ― diýdi. Şondan soň Agaly Bеkçäýewiç özüniň başga ýerde oturandygyny bildi. Ol budundan çümmükledi, dodagyny dişledi. Emma oýanmady, çünki bu hadysa onuň düýşi däldi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |