5. ALADA
Gelýän garanyň Nurgeldidigini gaty uzakdan saýgarmak boljakdy. At näçe bökdürse-de, onuň şol bir oturyşydy. Eger-eger sarsmaýardy. Elindäki bürgüdinde-de hereket görünmeýärdi. Nurgeldiniň çypar tazysynyň hem iki tarapyna «ýalt-ýult» edip, hemişe atyň yzy bilen selkildäp gelşidir. Ol atdan öňe-de düşjek bolanok, yza-da galanok.
Rahym ýylma ony uzakdan tanap galkyjaklady. Murtuny sypalaşdyrdy. «Haý, zor ýigid-ow sen! Aslyňam-a gurpluja ýerden welin, sähel salymda özüňi tutduň ötägitdiň. Miraplyk sapynyň saňa ýetip ýörenine men-ä haýran. Öň gyllygyňy akdyryp meniň bilen gürleşip bilseň armanyň ýokdy. Indi bolsa meni hasap etmejek bolýarsyň. Hany, duruber bakaly, men seniň enterpelegiňi aýlaryn» diýip, Rahym ýylma içini gepletdi-de, oduny ulaltdy.
– Garagumy tüssä garyp oturan senmikäňem diýipdim-le – diýip, Nurgeldi aňyrdan gelşine gygyrdy. – Zöhre gelnejem naharlaman goýberdimi? Göwnünden turan dälsiň, sen, zaňňar! Ýogsam ol seni aýasynda saklardy. Indi gaty ojary gujakla-da ýatyber. Lagar düşseň, boljagyň şudur! Ha-ha-ha!
– Gel, Nurgeldi jan, çaý başyndan.
– Hä, günüňe ýanaýyn – diýip, Nurgeldi başyny ýaýkady. – Näçe çaý içseňem, barybir, ýigdelip bilmersiň. Ýorganam ýylytmarsyň. Ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolsun. Iň gowusy, tur-da maşgalaňaladasyny et. Ýa: «Ýatsam rysgym baýguşuňky ýaly agzyma geler» diýýäňmi?
– Ýok-la, gelme näme işlesin?! Ýöne ertirden bäri hars urup, birneme ýadadym. Çynym! Şuş-şu pille çaý diýip oturdym.
– Bar awlanyň ýarty haltamy?
– Awam indi aglak bolupdyr. Çynym.
– Awlasyň gelýän däldir – diýip, Nurgeldi eýeriň ganjygasyndan asan towşanlaryna, keýigine elini aýlady. – Awlap bilseň kän-le. Bürgüt bolmaz ondan. Garrapdyr. Güm et ony.
– Aý, ýok. Muny Ýolbars baý: «Bir süri dowara çalşaly» diýip özelendi. Ylalaşmadym. Çynym.
– He, pessaý-la, garry melgun.
– Çynym!
– Çyndyr-la...
– Käte munuň bilen otuzdan gowrak tilki awlaýan saparlarym hem bolýar. Ýöne men bu gün başga bir iş etsemmikäm diýýän.
– Näme iş?
– Çalmaryň içinde Ýabanyň keýigi ýatyr. Şony alyp gidibersemmikäm diýýän. Ýadyňdamy, öňem bir aýagy döwlen keýigi näçe wagt öýünde saklady, em etdirdi. Soňam çöle goýberdi. Menem ony awlap öýe eltsem, o samsyk gaharyna aglaýjak-aglaýjak bolýar. Ýakamdan tutup silteýär. «Neneň dözdüň?» diýýär. He-he-he. Şuny äkitjek welin, ol ýene şermendelik edäýermikä diýip gorkýan. Çynym.
– Hany, sen şoňa barmagyny degirip bir gör.
– Hä?
– Häsini barmagyňy degireniňde görersiň. Özem indi şu ýerde çaý içmäňi goý. Dynç alasyň gelýän bolsa, senem guýy gaz, çalmar gura.
– Baý, degişgen-ow sen, Nurgeldi jan!
– Seni ýene-de bir gezek şu ýerde görsem, menden gaty görme.
– Ýaban muny...
– Hemmeler üçin hem bolsa, seniň üçin däl bu. Düşnüklimi?
– Düşnükli! – diýip, Rahym ýylma näme üçin Nurgeldiniň Ýabanyň arkasyny çalyp gürleýändigine düşünmän geňirgendi.
– Ha-ha, ýogsa-da bu gün ýagyş ýagarmyka? – diýip, Nurgeldi birden gürrüňiň ugruny üýtgetdi.
– Näbileýin-dä.
– Hany, ýagyş ýagjak bolsa, bürelerim çakyberýär diýýärdiň-le? Ha-ha-ha. Näme, häzir çakanokmy?
Rahym ýylma Nurgeldä näme jogap gaýtarjagyny bilmän ýaýdandy.
– Men gitdim. Çüw-w! Ýene aýdýan, şu ýerde garaň görünmesin.
– Çaý içip gitseň-ä gowy bolardy, Nurgeldi jan. Çynym – diýip, Rahym ýylma Nurgeldiniň yzyndan gygyrdy. «Haý, samsyk. Gomparan bolýaňmy? Aňryna geçiren baýlygyň seni gözli kör edäýipdir öýdýän. Hany, göreli, arabaň nirä çenli giderkä?»
Nurgeldi gidenden soň Rahym ýylma uzak oturmady. Çaý içen tüňçesini alan ýerinde goýdy. Sazakdan çöwlük örülen guýynyň üstüni ýapdy. Gorsawlaşyp ugran oda ýene bir ýola elini çoýup, elguşunyň aýakbagyny çözdi. Algyry elinde oturdyp, atyna atlandy. Possunyna çümüp, töweregine göz aýlady. Çalmardaky keýikden tamasyny üzüp bilmedi. Ýöne Nurgeldiniň sözleri ýadyna düşüp çekindi. Onuň näme üçin Ýabanyň arkasyny alandygyna welin, näçe arrygyny gynasa-da düşünip bilmedi.
«At aýagy bilen görýär» diýleni çyn bolarly, ol keýerip kişňedi. Birki ädim öňünden tilki ala-hasyrdy bolup gaçdy. Üç-dört depe geçip-geçmänkä ýaňky tilkiniň ýene görünmegi Rahym ýylmany geňirgendirdi. Ýeke gezýän haýwana degmek günä bormuş diýen yrymy ýatlap, ol ýene ýoluny dowam etdirdi. Ýöne tilkiniň soňky sapar görünmegi onuň girre gaharyny getirdi. Ol näme bolsa şol bolsuna urup, bürgüdiniň başlygyny aýyrdy. Bürgüt töweregine garanjaklady.
Elguş asmanda dem salym pel-pelläp durdy-da, birden şaglap aşak eňdi. Ol ýerläp, depeleriň arasynda basym gözden ýitdi. Köp wagt geçmänkä algyr al-asmana galdy. Rahym ýylmany gorky basmarlady. «Bu nämäniň alamatyka? Awuny alyp bilmedimikä? Belki, ýaňadan hüjüm eder?»
Elguş täzeden hüjüm etmedi. Ol kem-kemden ýokary galdy. Birdenem ugruny şemalyň yk tarapyna öwürdi. Rahym ýylmanyň ýüregi sogrulana döndi. Iki elini elguşa bulaýlap, öňe tarap omzady!
– Haýt, haýt!..
Ses uzaklara ýaňlanyp gitdi. Elguş saklanmady. Rahym ýylma onuň yzy bilen at saldy. Depe yzyndan depe aşdy. Eliniň ysgyny gaçýança atyny saýgylady.
– Ha-aýt, haýt-t!..
Bu zatlary hakydasynda aýlap ýatyşyna Rahym ýylma aýalynyň sesine başyny galdyrdy.
– Kakasy, saňa näme boldy? Ýüzüň boz-ýaz-la? Ýene gyzdyrýaňmy? – diýip, Zöhre adamsynyň ýatan düşeginiň gapdalynda saçak ýazdy. – Burçluja unaş bişirdim. Şondan birazajyk iç. Derrewjik derlärsiň. Derleseň, derdiň egsiler. Azajyk mäşjagazam atdym içine. Mäş derman bolarmyş. Kelläňi ýaglyk bilen daňyp bereýin. Derlemegiň üçin gowy bolar. Ynha şeýdipjik daňaryn welin, derrew derlärsiň. Ýorgandan çykjak bolma. Ýel gapaýmasyn içiňe. Howanyňam bul günler mazasy ýok. Tirsekläpjik iç. Bul ýassygy-da alaý. Beýigräk bolsun. Eliňi ýuwaryn diýseň, ynha, legen bilen kündük getirdim. Akydaýyn.
Rahym ýylma aýalynyň beýle içginsiremegine geňirgenip, elini ýuwdy. Ýassyklary bir gyra süýşürip, nahara bissimilla etdi.
Zöhre çaý demläp getirdi. Kül bilen ýuwlup agardylan käsäni adamsynyň öňünde goýdy. Oňly nahar iýmän, aşyklaryny daşyna üýşürip, ala-goh edip oturan ogly Babageldä gygyrdy:
– Goý, ýerçeken, galmagalyňy! Wah, şul gudumanlaryň derdinden ýaňa çaýymy rahat içen müddetim ýok. Bary üç bolsa-da, müň azap berýärler.
– Zeýrenme, heleý. Ynha hä diýmänkäň, bularyň hersi bir deräň şiri bolar. Soň ähli aladadan dynarsyň. Çynym. Bizem her gün çagalarymyzyň biriniňkä myhmançylyga bararys. Olara guwanyp, törleriniň arzyly myhmany bolup, dyzymyza agtyk mündürip oturarys. Rahym ýylma aýalyny öz ugruna kowup, agşamlygyny rahat edinmekçi boldy. Bolmady. Ol sözler aýalyny köşeşdirmedi-de, gaýtam, onuň nägilelik kömejini kesekläne dönderdi:
– Wah, sen agtygyň gürrüňini edýäň. Ilki bir bulary öýli-işikli et. Ynha, Durdymyrat jan ýigit çykdy. Ony müddetinde öýermek bize parz...
– Ýene başladyňmy?
– Meniň ýüpüni aýagyma orap, sallançak üwräsim gelýär. Gelnime ol-bul işleri tabşyrasym gelýär. Öýüň hysyrdylaryndan dynyp, çaýymy ine-gana derlä-äp içesim gelýär. Öýde kürk towuk ýaly bolup oturman, onuň-munuň ýanyna gürrüň etmäge gidesim gelýär. Toý-märekä ýeke selkildemän, gelnimi yzyma tirkäsim gelýär...
– Goý-how, heleý! Isleýän zadyň köpeliberýär seniň gepiňe hä-hawa diýilse. «Öýereris!» diýdim, öýereris! Çynym! Öý işiňe di-yssuwat et-de gez. Näme, müjerret ötüp, garrap barýan ogluň barmy?
– Wah, o diýeniň bolýamy näme?! Onsoňam, ol meni günüme goýanok.
– Kim ol?
– Durdymyratdan başga kim bor öýdýäň? Ol her gün galyň bimaza deňi-duşunyň birini öýe getirýär. O gelenem: «Gelneje, Durdymyrady haçan öýerýäňiz?» diýip soraýar. Agzynyň sarysy gitmedik halyna, ogluňy ir öýerseň gowy bolýandygyny düşündirýär. Ýabanlara baryp görmegi maslahat berýärler. Ýaşam bolsalar, akyl berişleri uly adamlaňky ýaly.
– Olara gulak gabardyp ýörme.
– Nädip gulak gabartmajak?! – diýip, Zöhre adamsyna ýakyn süýşdi. – Janköýerlerinden oňly netije çykmasa, Durdymyradyň özi bujurygyny artdyrýar. Ho-o gün maňlaýyny gabsa urup, ýylgyran bolýar. «Adam ulalsa kyn boljak eken» diýýär. Kä aňyrrakdan: «Ogluňyzy öýeriň, ogluňyzy!» diýip gygyrýar. Ýeri, onuň şeýdip ýörmegi bize uslypmy?
– Dargursaklyk edýäň, gelinbaý – diýip, Rahym ýylma giňgöwrümlilige salyp ýylgyrdy.
– Men-ä şul ahyr bir zadyň üstünden bararmyka diýýän. Şonuň üçinem gyssanaly, kakasy. Ogulsenem gül ýaly maşgala. Özüne tarakgy berip ýören gyz däl, şonda-da boýdaşlaryndan saýlanypjyk dur. Tüweleme, munymyz saýlap bilipdir-le! Telpejigini gyşardyp, şolara tarap serediberse, geňrägem görüpdim. Onsoňam, kakasy, Ogulsenem janyň elem çeper. Bişirýän naharlaram bal ýaly.
– Saňa jypdyr diýseň bäş per. Çynym. Dünýäni unudýaň.
– Ogulsenem janyň ho-o gezekki bişiren kürtüginiň tagamy häzirem agzymdan gidenok. Ýogsa-da, kakasy, oglumyzy Medinäniň düýbüniň tutulan güni1 öýereli. Şeýtsek, Hudaý halap, ogul agtygymyz köp bolar.
– Zöhre, men-ä seni hemme zada düşünýänsiň diýip, öwüp ýörün. Sen bolsa çaga gürrüňini edýäň. Ýadyňdamy, men: «Nurgeldiniň gyzyny oglumyza alyp beräýeli» diýsem, ikelläp goldapdyň.
– Goldadym.
– Indikiň näme onda? «Nurgeldiniň gyzy gowy, nahary tagamly bişirýär, elem çeper, mährigöý» diýip, haýdan-haý meni sawçylyga iberdiň. Indi näme üçin ony taryp edeňok? Hany seniň messebiň? Sen-men ýok, başga biriniňkä sawçylyga barsam, Nurgeldi näme diýer?
1 Musulmançylykda Medinäniň düýbi tutulan güni – juma güni toý eden maşgalanyň ogly köp bolýarmyş diýen yrym bar.
– Başda Nurgeldiniň gyzyna razydym. Häzirem Nurgeldiler bilen guda bolunsa gowy görjek.
– Onda näme?
– Biziň isleýänimizi oglumyz islänok. Öň beýle bolaram öýtmändim. Oglumyz Ýabanyň gyzy diýip, ýer depip dur. Onuň ýüregine ýara salmak nämä gerek, kakasy?
– Ýyly gujaga girensoň, ýüreginde ýara galmaz. Çynym.
– Onsoňam men-ä Nurgeldi bize gyz berer öýdemok.
– O näme üçin bermezmiş?
– Onuň howalasy belent. Özündenem baýrak adamlar bilen garyndaşlyk açasy gelýär onuň. Nurgeldi üçin bolsa biz hiç kim.
– Baýyň berjegini bizem bereris. Gerek bolsa artygragam bereris. Bilýän-ä men onuňka bary-ýogy bir gezek bardym. Şonda ol meni ýitirip tapan ýaly bolup garşylady. Çynym.
– Bilýän-le. – Zöhre ajy ýylgyrdy. – Yzyňy ýel çalmanka geldiň-le.
– Nurgeldi daşymda hozanak bolup aýlandy. Ähli zadyny orta dökdi. Habarymy eşidibem: «Asylan agyr daş ahyr şahany aşak egýär. Rahym aga, heleýem şeýle pisint zat bor eken. Onuň ýadamasy ýok. Ol hemişe idäp otyr. Teýahyr ol seni öz ýodajygyna salyp, islän ýerine südenekledýär. Menem indi erkini aldyryp, şol südeneklenip ýörenlerden boldum. Şonuň üçinem onuň bilen maslahatlaşyp görmesem, özüm size bellibir jogap aýdyp biljek däl» diýdi. «Şuny-ha dogry aýtdyň, Nurgeldi jan. Ýüregime jüňk bolaýdy» diýdim. Çynym.
– Şeýle bolsa, aýdanymy ederdiňiz – diýip, Zöhre jibrindi. – Häzirki müddeti elden bermäli. Gyz razy, ata-enesi razy, şart-şurt toý edeli. Nurgeldem dursun duran ýerinde, gyzam. Ýaban näzimizi çekip durmaz. Gyzyň hyrydary bolsa köp. Olara her gün garynja gatnaw edip durlar. Biziň hatyramyz üçin olar henize-bu güne çenli hiç kimiň habaryny alanoklar.
– Nätse şeýtsinler.
– Illeriň biz baradaky pylan-pissidykany hem köpelipdir. Uly il: «Ogulsenem bilen Durdymyrat söýüşýär!» diýip aýdýar.
– Ony ile ýaýradan özüň. Dogýany bir ýumurtgadyr welin, towuk guzlajagyny ýarym gün öňünden käkeläp, töweregine buşlap çykýar. Seniňkem şeýle. Ilde ýokdur-ow seňki ýaly ogul öýerjek?!
– Ho-o gije oglumyz bilen Ogulsenem jan gürleşip durka, Ýaban üslerinden barypdyr. Ogulsenem jan şonda ejesiniň gujagyna özüni oklap aglanmyş: «Meni Durdymyrada beriň» diýip.
– Hä, bihaýa...
– Beý diýme, kakasy. Ol pakyr Durdymyrat jan diýip durmuş. Ýaban şonda olaryň ýanyna baryp: «Siz ýaly biri-birine taýy men öň hiç ýerde görmändim» diýenmiş.
– Äl, senem-ä.
– Weý, weý, seni aldap näme, meniň saňa ýalan bergim barmy? Durdymyrat janyň özi gürrüň berdi muny.
– Nokgy-nokgy edip, halys ýürege düşdüň. Ynanaý, şumat sen gözüme ýaman myrtar görünýäň. Indi, gowusy, sem bol-da otur. Ýogsam şu ahyrýaşda bir bolmasyz iş edäýmäýin. Çynym.
– Taýagyňy az iýen däldirin, indi meni onuň bilen sem edip bilmersiň.
– Düşün-how – diýip, Rahym ýylma elewredi. – Menem çagalarymyň aladasyny edýän. Ýöne, seniňki ýaly diňe şu günüň däl, ertirki günüňem gamyny iýmeli.
Rahym ýylma aýalynyň ýüzüne biparh seredip oturşyna iňkise gitdi. «Ýa bularyň gaňyryşyna gaýdyp oturman, Ýabanyň gyzyny alyp beräýsemmikäam? Ýeri, alyp berdimem-dä. Ondan maňa näme peýda bar? Garyndaşlyk açmanymda-da, men oňa aýdanymy etdirip biljek ahyryn. Gyzynyň öýünden bärik getirip biljek zady ýok. Nurgeldini sypdyrmaýyn. Onuň bilen garyndaşlyk açsam, suwa nobata durmaly bolup ýörmerin. Mirap gudaň barka, suw aladaň bolmaz. Olam öz çagasynyň horlanmagyny islemez...»
– Seniň çagalaryň gowy görşüň düýe köşegini söýse üstüne çökermişe barýar.
– Onsoňam onuň gyzy ýuwaş ahyryn – diýip, Rahym ýylma düşündirmek isledi.
– Gowy-da şol.
– Nämesi gowy? Men gyňyr aýallary gowy görýän. Sebäbi olar maşgalany tiz dikeldýärler. Biziň barlyja bolmagymyz seniň gyňyrlygyňdan dälmi? Ýabanyň aýalyny gör. Has ýuwaş. Asyl geplänogam. Şonuň üçinem olar garyp ýaşaýarlar.
– Iýjegim, geýjegim tapylyp dursa, günüm ala-ýazlykda geçse, maňa başga baýlyk gerek däl. Heý, seniň ömründe çagalaryňy gülüşdirip oturan müddetiň boldumy? Bolan däldir. Şatlyksyz baýlygyňy başyma ýapaýynmy? Dünýäň zady dünýä bilen galar. Iýmän-içmän, birki kel toklyňa guwanyp ýörme – diýip, Zöhre başlady. Içerik ümsümlik aralaşan hem bolsa, ol uzaga çekmedi. Ala-şakyrdy edip oturşyna ýene adamsyna ýüzlendi. – Ho-o gün Nurjan işany gördüm. Toýy haçan etjekdigimizi sorady. «Toý etjek bolsak, ilki sizi çagyrarys, Nurjan aga» diýdim.
– Eý, Alla-a! – diýip, Rahym ýylma aňyrsyna öwrüldi. – Günegargan ýaly, tükezzybanyna bir başlasa, lüti çykýança dynmaz eken. Ýaňky ýalym-ýulum edişiňdenem-ä bir çöpüň bardygyny aňypdym. Çynym.
Rahym ýylma aýalynyň iňirdilerini diňläp, öz ýanyndan ogluna igendi: «Haý, samsyk, saňa owadanlyga aňyny aldyran mahluk diýerler. Näme, sen onuň görküni ezip içjekmi? Ertiriň aladasyny et. Ýabanyň gyzyna öýersem, biriň iki bolmaz. Il-güne-de sen bitin eşigiň, duluňdaky goşuň bilen adamsyň, aňryňda zadyň bolmasa, seni sylamazlar. Çynym. Bu hemişe şeýle. Adamlar senden peýda görüp biljek bolsalar mylakatly. Peýdaň ýoklugyny bilseler, olar seniň bilen gepleşmezlerem. Nurgeldä giýew bolsaň, ýagdaýyň başgaça bolar. Saňa ýaranjaňlyk etjegem tapylar, hormat edenem. Onuň gyzy juda bigörkem däl ahyryn. Ýöne ol gyňyr. Ine, onuň gowy tarapy! Ol atasy öýüne zygyr-zygyr gatnap, zat daşar. Bir zadyň bu gün görseň iki, ertesi görseň üç bolar. Özem işlär, senem işleder. Ýabanyň gyzy ärini dürtekläp durmaz-da, näme etse kaýyl bolar. Erkegem erkek-dä. Aýaly gapdalyndan iňirdisini ýetirip durmasa işläýmez. Çynym...»
Daşardan Nurgeldiniň sesiniň eşidilmegi Rahym ýylmanyň süňňüni ýeňletdi. Ol näsaglygyny hem unudyp, hasanaklap ýerinden galdy.
– He, agasy, nä ýatyrsyň? – diýip, Nurgeldi ýylgyryp içerik girdi.
– Hoş gördük, Nurgeldi jan! Gel, gel! Berekella. Käte şeýdip geläýmeli ahyryn.
– Nä ýatyrsyň?
– Ýarawym ýok, Nurgeldi jan.
– Jögülik edýäň. Göbegiň düşmedigi-hä belli. Ýa Ýylgynly oýdaky sözümden soň gelnejemden ar aljak bolýaňmy? Şeýledir. Hä, sen şeýtanda oýun köp-ow.
– Aý, ýok-la. Ar almak näme işlesin? Ol degmese, men razy.
– Algyr gitdi diýsene. Onda garrandygyňy şo-da aňypdyr.
– Şeýle bolarly. – Rahym ýylma aljyrady. – Geçsene, Nurgeldi jan! Biziň garyp külbämize-de nazaryň düşjek eken-ow seniň. Şu kiçigöwünliligiňi gowy görýän, Nurgeldi jan.
– Geçip barýardym. Ýagdaýyňy göräýeýin diýdim. Seniň ýarawsyzlygyňy Ýaban aga aýtdy.
– Olara-da bardyňmy?
– Ol-a seni öwýä. Nähili, onuň bilen araň gowumy?
– Ýaman däl – diýip, Rahym ýylma ýylgyrjaklady. – Nurgeldi jan, şu gün geljegiňi-hä aňypdym. Düýnden bäri sag gözüm çekdi durdy. «Haý, özi bize bir nurana kişi geläýjek ýaly» diýip, içimi gepletdim. Häzir şony heleýime aýdyp otyrdym. Senem ýetişdiň-de geläýdiň.
– Ýaban agalyk bir işim bar. Seni onuň ýanyna iberip göräýsem, bulaşdyrmarsyň-da hernä?
– Ýaban bilen bitýän iş bolsa, arkaýyn aýdyber. Meniň oňa eden ýagşylygym az däldir. Çagasy ölüm pillesinde ýatyrka, pyşbaganyň ýumurtgasyny getirip berdim. Özünem men ölümden alyp galdym, ýagşylyk unudylýan däldir. Men baryp bir zat haýyş edem-de, ol işimi bitirmese bolmaz ahyryn.
– Aý, ýok, sen bulaşdyrarsyň. Minnetli sözüň bilen, gaýtam, Ýaban aganyň gaharyny getirersiň.
– Nurgeldi jan, şonluk işiňi bitirmesem men erkek däl. Çynym.
– Pessaýla, garry göhert.
– Çynym.
Nurgeldi ýerinden turdy-da, elini silkip goýberdi:
– Men gitdim.
– Ýok-ýok – diýip, Rahym ýylma ör-gökden geldi. – Duz datman gitseň bolmaz. Heleý, sen, nä, otyrsyň? Hany, biş-düşüň ugruna çyk.
– Et bolmasa, nädip nahar bişireýin? – diýip, Zöhre azmly gürledi.
Nurgeldi hezil edip güldi:
– Hä, garry göhert, gutarypsyň indi...
– «Susak sapy elinde, ilde ýok söz dilinde» diýenleri eken bul pälazan-a – diýip, Zöhre gaharly hüňürdedi. – Özünden ulyny hormatlamagy bilenok, terbiýesiz. Diýýän zatlaryny gör-ä onuň?!
– Öýüň eýesi urkaçy ýaly-la? – Nurgeldi oňaýsyz ýagdaýa düşdi. – Iki goç süsüşse-de, goýun ara goşulmazmyka öýdýärdik...
– Senmi goç? – diýip, Zöhre tarsa ýerinden turdy.
– Men-ä gitdim – diýip, Nurgeldi howlukmaç yzyna öwrüldi. Çykyp barýarka, erbet-erbet sögündi.
– Nurgeldi jan, oňa gulak gabartma. Bu öýde men hojaýyndyryn! Bagyşla, Nurgeldi jan...
Öýe ümsümlik aralaşdy. Rahym ýylma aýalyna alarylyp bakdy. Onuň bolşy aýalyny düýt-müýt ederli göründi. Ol iki egninden dem alyp, özüni aşak goýberdi. Ýöne uzak ýatmady. Ol aýalynyň agysyna başyny galdyrdy.
– Ýeri, iniň gijeýärmi? – diýip, ol aýalyna ýüzlendi. – Nurgeldi eşegiň ýanynda masgara etdiň. Şoň üçin jezaňy bermedigime gylawlanaýdyň öýdýän. Arkaýyn bol, myrryhymy atlandyrsaň, alaryn depginiň astyna.
– Saňa sataşan günüme nälet bolsun! – Zöhre agy gatyşykly jibrindi. – Seniň ýaly söltük ärli bolandan, ömrülla ýeke geçeniň gowudyr.
– Geçäý geçseň.
– Seniň bilen goş birikdirip, bagtym küle çökdi. Oturyp-oturyp janym ýanýar. Haçan görsem, sokudaş ýaly bolup otyr. Tas bir müçe kiçilerem muňa sen diýip ýüzlenýär. Iňňän ujuça abraýyň ýok. Bar pikiriň köpräk ýygnamak. Ony-da başaraňok. Nurgeldiniň howalasyndan başga bizden nämesi artykmyş? Agylymyz maldan doly, Hudaýa şükür. Ýöne olardanam peýda ýok. Ine, näçe günüň içidir, gatan jyrryk bilen mydar edip ýörüs.
– Mesligem gara goýun göterýä...
– O nämäniň mesligi? Dişimiň kirini sorup mes bolaýynmy? Ýa taşlandy jirimiňi ýalap mes bolaýynmy? «Öwejimizi soýaly» diýsem eşitmediksirekýäň. Iýmän, iýdirmän näme etjek olary? Ýaňy hem: «Nahar bişir!» diýýäň. Et bolmasa, men belaň sapyny gaýnadaýynmy? Şul agşam çagalara näme bişirip berjegimi-de bilemok.
– Gapyşdyr dünýäni.
– Hakykaty aýdýan. – Zöhre gözýaşyny gyňajynyň çowuna syldy. – Porsamasyn diýip, düýe ýüňüne dolap goýan towşan etleriniňem iň soňkujasyny düýn nahara saldym.
– Onuň üçin-ä gözýaş döküp oturma. Iýjegiň et bolsa, ynha, getiräýerin – iýip, Rahym ýylma ýerinden turdy.
Zöhre äm-säm bolup, adamsyna geňirgenme bilen seretdi:
– Keseliňden gutulman, hiç ýeriem gitmersiň.
– Ony senden soraşman.
– Kakasy...
– Goý, goý, başymy agyrtma! – Rahym ýylma çäkmenini geýip, gowşutdan asylgy duran hyrlysyny aldy. – Size meniň saglygym gerek däl-de, et gerek.
– Babageldi, sakla kakaňy.
– Kaka, gitmesene! Sen syrkaw-a.
– Otur!
– Kejenekdir, kejenek – diýip, Zöhre jöwlan urdy. – Heý, kesel halyňa-da aw bolarmy? Öňem ýaňy özüňe geldiň. Iň gowusy, öwejimizi ýa maňramazymyzy soýaly.
Rahym ýylma aýalyna bakdy-da, ses-üýnsüz daşaryk çykdy. Hiç zada baş galdyrman, çöle ugrady. Köp wagt düşekde ýatanlygy üçin bolsun gerek, başy aýlandy. Mejaly gaçyp, gözüniň öňi garaňkyrady. Ol muňa üns bermezlige çalşyp, ýörişini çaltlandyrdy.
– He, näme boldy? – Nurgeldi atyny gorduryp, Rahym ýylmanyň öňünden çykdy. – Awamy? Akylyňa aýlanypsyň-ow? Kesewiň demine düşensoň, melgunyň dabyrdyklap barşyny gör! Ha-ha-ha!
– Nurgeldi jan, günüm agyrlaşdy. – Rahym ýylma müzzerdi. – Gaharyma öýdäkä towşan getirip beräýerin diýipdirin... Indi öýe iki eliňi burnuňa sokup barmak hem birhili. Sen maňa bäş sany towşan bermeseň boljak däl. Soň beren towşanlaryňy iki esse edip bererin. Häzir bolsa aw edere ýarawlygym ýok. Gaýrat et, Nurgeldi jan.
– Towşan gerekmi? Ha-ha! Belki, saňa jennetiň köwser howzunyň suwundanam gerekdir?
– Gaýrat et, Nurgeldi jan. Öýe boş barmaýyn.
– Ha-ha-ha! Gör, melgunyň bolup durşuny.
– Hiç bolmanda birini ber, Nurgeldi jan. Ýalbarýan.
– Ha-ha! Bitiň iýip ýörme-de, agylyňdakylardan birini soýaý...
– Nurgeldi jan, gaýrat et! Agyldakylaryňam öz ýeri bar.
– Ha-ha-ha!
– Nurgeldi jan...
– Çüw-w! – Nurgeldi atyna gamçy çaldy.
– Nurgeldi jan, birini ber, soň men ony iki esse edip yzyna gaýtararyn.
Rahym ýylma lapykeç halda çöle çykdy. Çar töwerek gar. Gözüň gamaşýar. Sörtü şemalyň, şagallaryň uwwuldysy ýaly, şol birsydyrgyn ses edip durşy. Ýalaňaç çaly-çerkezler eginlerindäki garlary uzak göterip bilmän, küt-kütden ýere seçeleýär. Gar tozgalary düýegeriş depeleriň yk tarapyny ýukaldyp, pes ýerleri dolduryp barýar. Kybladan müleme gara goýnuň ýüňüne çalym edýän kowçum-kowçum bulutlaryň gündogara şol bir göçüp durşy. Ynha, niredenem bolsa ýakyn bir ýerden alajahöwreniň porsy ysy gelýär.
Rahym ýylma büräniňki ýaly çöňňe gözlerini öňe dikdi. Algyry gitmedik bolsa geçen bir hepdäniň içinde näçe baýlyk toplajakdygyny öz ýanyndan ölçerdi. Ol indi özüni gus-gury galan hasaplady. Täze elguş edinýänçäňem näçe wagt gerek! Oňa çenli haýwanlaram höwre durar...
Ol depejigiň üstünde esli durdy. Eýýäm asman çöle gara ýapynjasyny büräp ugrapdy. «Bu alagaraňkyda awy nireden tapjak? Wah, men mergenem däl. Ýa ol Ýylgynlydaky keýigi alyp gaýdybersemmikäm? Içigar, aty münüp gaýtmaýşymy. Ýogsam aýalymyň ýanynda dilim uzyn bolardy».
Çöl Rahym ýylma öňkülerindenem ýürekgysdyryjy göründi. Näme üçindir, onuň dünýäniň azabyndan dynasy, ýöne ilki şu çola çölde aglap, içini gowzadasy geldi. «Ýalança gelip gören höziriň näme? – diýip, ol içini gepletdi. – Ýaşan dört müçämiň hemmesi, gölegçiniňki ýaly, howlukmaçlykda geçdi. Aýaklarymy uzadyp, rahat oturan günüm ýadyma düşenok. Göwnüme bolmasa, kimdir biri albaý bulap dur. Şol albaýda-da dünýäniň bolçulygy bar ýaly. Oňa ýetjek, hözirini görjek bolup, her gün hars urdum. Bary biderek boldy. Elguş ýaly albaýa aldananym galdy. Indem dokuz gary biýze ýetýänçäm, günüm häzirkisinden üýtgär öýdemok».
Rahym ýylmanyň göz öňünde Ýaban janlandy. Gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly, onuň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy. Şu wagta çenli Ýadyna Ýabanyň düşmeýşine geň galdy. «Horlanyp ýörmek nämä gerek? Ýaban mahal-mahal awa gidip dur ahyryn. Onda hökman towşan bardyr». Nurgeldiden alyp bilmedigem bolsa, ol Ýabandan towşan alar. Ol muňa ynanýardy.
Rahym ýylma barha tapdan düşdi. Ol birazajyk hem bolsa dynjyny almak üçin aşak oturdy...
6. SOWUKLYK DERÝASY
Öý arasynda herniçik sowuk-salalygam bolsa, Ýaban bilen Rahym ýylma gepleşmän ýörmezdi. Olar biri-birine gabat gelenlerinde salamlaşardylar, gürleşerdiler. Ýöne şol gürleşmeleriň aňyrsynda uly sowuklyk derýasy akyp ýatyrdy. Ol derýanyň gözbaşy gaty aňyrlardan gaýdýardy. Olaryň ýaşlykda hem sulhlary alyşmazdy. Şeýle bolsa-da olar ýekeje gezek hem berk çaknyşmandylar.
Ýaban kinesini içinde saklamazdy. Aýdardy. Rahym ýylmanyňky welin tersinedi. Ol hernäçe gahary gelse-de, hiç zat bolmadyk ýaly, özüni rahat alyp barardy. Gaharyny misginsokarlyk bilen çykarardy. Olar öýli-işikli bolanlaryndan soň hem aralaryndaky sowuklyk derýasy öňküligine galdy. Ol derýa käte eseldi, käte peseldi. Ýöne hiç wagt guramady, gurajagam däldi. Ýöne Ýabanyň guragyryly bolmagy, gyzynyň endamyny çiş alyp götermegi şol sowuklyk derýasynyň kiçelmegine sebäp boldy oturyberdi.
Rahym ýylmada pyşbaganyň ýumurtgasynyň, gotanyň ýagynyň bardygyny eşidip, Ýaban dileg salyp goňşusynyň bosagasyndan ätledi.
– Biçak gowudyr, goňşy. Bular üçin sökmedik golum galan däldir. Seniň nesibäň bar eken. Wagtynda geldiň. Ýogsam başga birine söz beripdim – diýip, Rahym ýylma ikirjiňlendi. Ýabanyň yzyna dolananyny görüp, dessine başky bolşuny üýtgetdi. – Ýok, ýok, al. Oňa gyssagly däl. Saňa welin häzir gerek. Men oňa başga getirip bererin.
Ýaban alan zatlarynyň bahasyny töläp, öýüne gaýdypdy. Gyzynyň çiş ýerlerine pyşbaganyň ýumurtgasyny çalyp sarady. Özüne-de gotanyň ýagyny çaldy. Rahym ýylmanyň sözi dogry çykdy, bir hepde geçip-geçmänkä, onuň özüne-de, gyzyna-da dert ýokuşmadyga döndi. Ýaban Rahym ýylmanyňka howlukdy. Içki tolgunmasyny saklap bilmän, goňşusynyň elini berk gysyp, şol bir sözi gaýtalady:
– Taňry ýalkasyn, Rahym. Taňry ýalkasyn!..
– Men: «Gowudyr!» diýip aýtdym ahyryn.
– Gowy eken. El bilen aýran ýaly edäýdi derdimi. Taňry ýalkasyn! Eliň-gözüň dert görmesin!
Şol wakadan soň iki goňşynyň biri-biriniňkä garynja gatnawy başlandy. Ýabanyň çöregini ýeke iýesi gelmedi. Ol her gün diýen ýaly öýüne Rahym ýylmany çagyrdy. Nahar başynda olaryň gürrüňi gyzdy. Esasy gürrüňçi Rahym ýylma boldy.
Togsan dolup, ýere ýylynyň girmegi bilen Rahym ýylmanyň hysyrdysy köpeldi. Sähel bir iş üçinem ol Ýabanyň ýanyna ylgady. Ony kömege çagyrdy. Ýaban ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berýändigine begenip, monça boldy. Ýöne Rahym ýylmanyň üznüksiz: «Kömekleş!» diýip gelip durmagy onda azda-kände kine döretdi.
Ýaban ol gün ir bilen turdy. Ýöne keýpsiz turdy. Düýşünde düýe münşüni, daňdan alahekegiň jakyrdaýşyny nämä ýorjagyny bilmän, ýorgan-düşekleri ýygnap, çaý gaýnatdy. Indi bir hepde bäri ýarawsyz ýatan aýalynyň ýassygyny beýgeldip, derman berdi. Çagalaryny naharlady. Şol mahal Rahym ýylma geldi:
– Ýaban jan, gurgunçylykmydyr?
– Bir mydar-a bar.
– Ýaban jan, men-ä işlije geldim. Oruma başlaýsam diýýän. Bugdaý kemsiz bişipdir. Ýöne ony orara meniň ýarawlygym ýok. Şoňa birneme kömekleşäýmeseň, ony guş-gumursy gutrjak.
– Bä – diýip, Ýaban uludan demini aldy. – Rahym, men entek özümiňkinem oramok. Şony orara mende neme ýok. Jumagül agyr keselläp ýatyr. Çagalaram entek ýaş. Bularyň ýanynda bolmasam...
– Hiç zat bolmaz-la.
Ýaban näme jogap berjegini bilmän aljyrady. Goňşusyna ýagdaýyny düşündirmekçi boldy. Ýöne Rahym ýylma boş gaýdarly däldi.
– Arkalaşaly, Ýaban jan. Guragyrydan horlanyp ýörkäň, gotanyň ýagyny berdim. Bahana gözledimmi? Gözlän däldirin. Başga birine goýan zadymy saňa berdim. Elbetde, men muny minnet edip aýdamok. Çynym. Gaýtam, ýigrenýänim minnet edýän adam.
– Gidäýiň, çagalaryň kakasy. – Düşekde ýatan Jumagül ysgynsyz başyny galdyrdy. – Biz bir oňňut ederis.
Ýaban Rahym ýylmanyň kesel däldigini, ýöne onuň peýda görmek isleýändigini aňdy. Ol sesini çykarman, Rahym ýylmanyň yzyna düşdi. Işledi. Özem indi onuň şol minnetli sözüni eşitmezlik üçin işledi. Ol goňşusynyň bugdaýyny orup, harmanyny atdy. Öz bugdaýynyň orumy gijä galdy. Bugdaýyň yzy ekilmedi. Hasylyň biraz bölegi guşlara şam boldy. Ol her ýylky alýanyndan az hasyl aldy. Alanjasy hem gyşyň örküjine gutardy. Ýaban alaçsyz ýagdaýda Rahym ýylmanyň ýanyna däne sorap bardy. Rahym ýylma gallasynyň juda az galandygyny ant içip, awy ýalap aýtdy. Ýaban muňa ynanmady. Sebäbi ol özüniň getirip, Rahym ýylmanyň parhawyna basan halta-halta gallalarynyň entekler gutarmajakdygyny bilýärdi. Rahym ýylma dileg bilen gelen goňşusyny yzyna boş gaýtardy.
Gyşda işiň azalandygy sebäpli, Rahym ýylmanyň Ýabanyň ýanyna gatnamasy kesildi. Şol günleriň birinde ikisem awy çykdy. Çölde olaryň gürrüňleri alşyp gidibermedi. Ýabanyň sözi Rahym ýylmanyň gaharyny getirdi.
– Öz iýjegiňden artyk aw etmek günä bormuş, Rahym...
Rahym ýylma gahary gelse-de, syryny bildirmedi. Sypaýyçylykly gürledi:
– Wah, Ýaban jan, garlawajyň çagalary ýaly agyzlaryny açyşyp oturan dogmalarymy aç saklamajak bolýan. Olaryň egin-eşikleriniň bitin bolmagyny isleýän. Näme, Rahym aw etini satyp, keýpine günä gazanýandyr öýdýäňmi?
Ýaban Rahym ýylmanyň sözüne ilki ynanan hem bolsa, onuň agylyndaky mallaryny, her ýylky alýan hasylyny ýatladygyça, başky pikiri yrgalandy. Gel-gel, indi Ýaban Rahym ýylmanyň kimdigini, nähili ýaşaýanyny soramaly däl ahyryn.
Zemzen guýrugyny ýere tarpyldadyp, haşyldap, geçini özüne imrindirýär-de, oňa ýakynlaşýar. Haşyldadyr tarpylda melul bolup, aldawa düşendigini geçi emjegi zemzeniň ygtyýaryna geçensoň bilip galýar. Zemzen garnyny süýtden gerk-gäbe doýrup gidýär. Geçiniň emjegi bolsa ýara bolýar. Ýara geçä kän azar berýär. Şondan soň geçi bu güzaply aldawa aňsat düşmejek ýaly. Ýöne zemzen köne heňi bilen ýene geçini aldawa salyp bilýär. Ýaban beýle ýagdaýy, zemzeniň geçi emişini, geçiniň aýak kakyp jan berşini gözi bilen görüpdi. Her sapar Rahym ýylmadan aldananda, Ýaban özüni şol aldawa düşýän geçi ýaly duýýardy. Ýöne ol goňşusyndan näçe köp aldansa-da, ony onçakly ýigrenip bilmändi. Ýaban adamyň her egninde bir perişdäniň oturandygyny, olaryň sag egninde oturanyň adamyň eden sogaplaryny, çep egnindäkiniň bolsa günäleri hasaba alýandygyny, dünýäde bihasap zadyň ýokdugyny, goňşusynyň her bir günäsi üçin pälinden tapjakdygyna ýüreginden uýýardy. Bu oňa teselli bererdi.
...Obada uly toý boldy. Giň tamyň içini dolduryp oturanlaryň gürrüňi awçylyk barada gitdi.
– Ata-babalarymyz awy göwün açmak üçin eder ekenler. Özem birki jandardan artyk awlamaz ekenler. Anna güni awa çykmagy günä hasaplapdyrlar. – Ýaban gürrüňe goşuldy. Ol oturanlaryň özüni diňleýändiklerini synlap, ýene sözüni dowam etdi. – Aw diýleni indi eklenje öwrüldi. Düýn anna güni bolsa-da, Rahymyň awdan getiren keýiklerini at janawar zordan göterýär.
– Ynsap öňe düşensoň, günä-sogap saýhallatdyrýan däldir.
– Bu geplere gulak gabartma, Rahym – diýip, oturanlaryň biri kinaýaly ýylgyrdy. – Ýygnaber.
– Näme, biziň şi nemämizden soň Rahym üýtgär öýdýäňmi? Kakasy öňüne geçip özelenip ýalbarsa-da, indi Rahymy ýolundan saklap bilmez.
– Baý, Ýaban jan, görib-ow sen – diýip, Rahym ýylma ahyry ýaryldy. – Isleseň, senem awla. Eliňi owgan kesmändir ahyryn. Indi, gel-gel, çölüň bihasap jandaryna bahylçylyk edýäňmi?
– Bahylçylygymyz ýok, ýöne kada-kanuny aýdýan. «Dinden çyksaň çyk, ýöne ilden çykma» diýipdirler.
– Goýuň-how, şu gürrüňi, biriniň toýunda ýene göwne degşäýmäň...
Oturanlar ýaşulyny diňlediler. Şondan soň Rahym ýylma söz diýen bolmady.
Şol gün agşam Ýabany kimdir biri garaňkyda güpbasdy etdi. Degenekli zat bilen onuň çem gelen ýerine saýgylady.
Ýaban bir aýdan gowrak düşekde ýatdy. Oba adamlary bu wakany şeýle goýmady, kaza bardylar. Rahym ýylmanyň jezalandyrylmagyny talap etdiler. Ýöne bu hiç hili netije bermedi.
Ýaban toýda Rahym ýylma barada dil ýarmakçy däldi. «Çölde sözümi almady, köpçüligiň içinde ýüzi gyzsa, belki, gowy bolar» diýen niýet bilen ol köpüň arasynda dil ýarypdy. Ol aýdan sözüne öýe gaýdanda, özi hem geň galdy. Ýöne ol şol zatlary goňşusynyň ýüzüne aýdyp bilenine begendi. Rahym ýylmanyň ynsabyna haý diýmegine garaşdy. Tamasy çykmady. Rahym ýylmadan urlany üçin aryny almagy ýüregine düwdi. Ýöne muňa eli barmady. «Alladan tapsyn!» diýip, baryny Alla tabşyrdy. Onuň bilen gatnaşygy kesmegi makul gördi.
Iki goňşynyň arasyndaky sowuklyk derýasy ýene akyp ugrady. Ondan bäri köp wagt geçdi. Ynha, ýene gatnaşyk başlandy. Iki öýüň arasyna basylan çetiniň bolsa şol öňki durşudy. Ýaban ony aýyrmagyň ebeteýini tapman ýördi. Ol Rahym ýylmanyň sözüni ýatlady: «Birimizden sähel aýyp tapsak gaharlanýas. Yzyndan gybatyny edýäs. Närazylygymyzy aýdýas. Özümizem akja guş. Ine, senem şeýle. Menden gaty görüp ýörsüň. Ýalňyşmaýan barmy näme?! Bu ýalançyda geçeni geçdi biläýeňok!» Ýaban goňşusynyň sözüni unady. Şonuň üçinem ol Rahymyňka gatnawyny kesmedi. Ýöne ol bir zadyň – nirä barsa-da küýsäp barmagyň, özüniňkä geleniň hem küýsäp gelmeginiň umydygäridi. Ol mydama şeýle hem edýärdi. Sulhy alyşýan dostunyňka giderdi. Şol oturylyşyk onuň uzynly günki ýadawlygyny el bilen aýrana döndererdi. Rahym ýylmanyňka welin ol şeýle höwes bilen gidenokdy. Nähoşa sähel ýyly söz hem medet ahyryn diýip pikir edýärdi.
Gyzy bilen Durdymyradyň duşuşyp duruşlaryny görensoň, Ýabanyň olara aýagy çekmedi. Barmaga namys etdi. Olardan sawçy gelerine garaşdy. Şol gije gyzyny urmandygyna begendi. Olaryň bagtlarynyň açyk bolmagyny isledi. Şeýle-de bolsa, gyzynyň kişi maşgalasydygy, başga bir gapydan girip-çykmalydygy, onda-da özüniň islemeýän gapysyndan girip-çykmalydygy baradaky pikir Ýabanyň ýüreginde gozgalaň döretdi. Ol perzendi elinden gidip barýan ýaly elewredi.
Boýy ýeten gyzynyň öz ýüzüne gelip:
– Rahym aganyň ýanyna gitseň, nahar bişirip bereýinmi? – diýmegi ony has hem geň galdyrdy. Gyzyny utançsyz, samsyk hasaplady. Ol gyzyndan utandy. «Ata bolaýşyňdan?!» diýip, öz-özünden zeýrendi.
– Azara galma, gyzym...
– Kaka, barybir muny Durdymyrada berme – diýip, Hydyr kakasyna soragly seretdi. – Içini ýak. Bolýamy, kaka.
– Näme, näme?
– Sen ýek görseňem, bu Durdymyrady ýagşy görýär – diýip, Hydyr doganyna ümledi. – Nahary hem Rahym ata gowy görünmek üçin bişirýär-laý ol.
Ýaban ogluna sary elini aýlap goýberdi.
Hydyryň ýaňagy gyzyp gitdi. Gözi garaňkyrady.
– Heý, doganyňa-da şeýle diýmek bormy, pedernälet?
– Dogrymy aýdýan-a. Şoň üçinem urýaň...
– Sem bol! – Ýaban oglunyň dulugyna ýene çaldy. Ol ogluny ursa-da urdy welin, şol şarpyk özüne çalnan ýaly boldy.
Hydyr zordan ýykylman saklandy. Başy aýlandy. Ol ejesiniň ýanyna baryp çökdi. Ejesi ony bagryna basdy, başyny sypalady. Ýigdekçäniň eje gujagynda aglasy geldi. Şarpygyň awusyna däl-de, onuň nähaklygy üçin aglasy geldi. Hyrçyny dişledi. Erkegiň aglamaly däldigi barada gulagyna guýlan ýörelgäni saklamak oňa häzir örän agyr düşdi. Ol, hernäme-de bolsa saklandy.
Powestler