7. DILEG
– Ýaban aga, şu ýakynda Ýylgynla baryp gördüňizmi?
– Hawa.
– Nähili üýtgeşiklik bar eken? – diýip, Nurgeldi ýylgyrjaklady.
– Seniň işiňmi şolar?
– Näme, menden çykmaz öýtdüňizmi?
– Ýok-la.
– Nurgeldini sen gowy tanaňok, Ýaban. – Nurjan işan possunyny düzedişdirdi-de, Ýabanyň ýüzüne çiňerildi. – Gül ýaly oglan. Ýok, ýok, diýip oturma. Razy bolaý. Gyzyň ýag iýip, ýüpek geýer. Baryp-gelşersiňiz. Araňyz uzak hem däl. Gör-ä, Rahym bilen gepleşmän, näçe wagt gaharlaşyp gezdiňiz? Eşidişime görä, ýene araňyz gowumyş. Adamlara ýüzleý baha berýäň, ýüzleý. Özüň obanyň aýagujynda otyrsyň. Suw meseläň hem häzir ýabygorly. Suwsuzlykdan ýaňa, ekýän bugdaýyňdan her ýyl oňly hasyl alyp bileňok. Nurgeldi bilen düşünişip, bu meseläňi hem çözersiň. – Nurjan işan Ýabanyň öýüni ýene birlaý gözden geçirdi. Ünsüňi çekerlikli zatda nazary saklanmady. Ol Ýabanyň dillenerine garaşdy. Hiç hili jogap eşitmänsoň, özi gürrüňini dowam etdirdi. – Biz seni gyssamyzok. Gowy pikirlen. Biz bir hepdeden geleris. Häzirlikçe bolsa, hoş!
Ýaban Nurjan işanyň toýunda Nurgeldiniň öweç peşgeş bermeginiň sebäbine indi akyl ýetirdi. Aýalynyň: «Bir çöpi bolaýmasyn?» diýen sözleri gulagynda ýaňlandy gitdi. Ol agyla tarap ugrady. Ondan öweji göterip geldi-de, ýüpi Nurgeldä uzatdy.
– Me, inim. Äkit munyňy.
– Ýok, ýok! – diýip, Nurgeldi ýüpi goýberdi-de, howlukmaç atyna mündi. – Men muny: «Yzyna alaryn» diýip bermändim. Sag oturyň, Ýaban aga. Biz ýene geleris onda.
Içerden agy sesi eşidildi. Ogulsenemiň agysy. Ol Nurjan işan dagynyň näme üçin gelendigini aňan bolsa gerek, ejesine ýalbaryp zaryn aglaýardy. Muňa Ýabanyň ýüregi gyýyldy.
– Eje, meni oňa bermäň, ýalbarýan! Ja-an, eje! Onuň gyzy meniň joram ahyryn. Nädip dözýäňiz? Ä? Nädip dözýäňiz? Ja-an, eje!.. Ýalbarýan! Jan, eje! Ja-an, eje!..
– Goý-a, saçy kesilen. Kakaň eşidäýmesin. Utan!
– Iň gowusy, meni öldüriň. Ýöne beýdip diri ýakmaň!
Bu: «Kakam eşitsin» diýlip aýdylýan sözlerdi. Ýaban muňa düşündi. «Gyzy söz aldar, ýigidi – göz» diýleni-dä. Saňa o äteňenälet Durdymyradyň dilewarlygyna özüni aldyran gyz diýerler. Oňa çykyp, bagtyň güler öýdemok men-ä. – Başyny aşak salyp oturan Ýaban ýuwaşja pyşyrdady. – Munuň haýsy tarapyny alsaňam, bize ýeňili ýetenok...»
Ýabanyň göz atuwynda Durdymyradyň ýylgyryp duran keşbi janlandy. «Özüň-ä judabir erbet ýigidem däl. Gören ýeriňde Taňry salamyňy sypdyraňok. Mellegiňiziň hossasynam ýeke özüň çekýäň. Ýöne käte kakaň ýoluny özüňe çelgi edinäýýäň-dä. Näme üçindir, men kakaňy nemämden doly aýryp bilemok. Muňa biçak geň galýan. Ol işi bitýänçä meniň çyn dostum. Işi bitýär, soň ol meni bardyram öýdenok. Sen ýaş wagtyň her ýyl mellegiňiziň galaba bölegini men deperdim, ekerdim. Kakaň hem ýanymda güýmeň-süýmeň edip ýörendir. Gyş gelýär welin, meniň bilen kyn salamlaşýar. Ýedi ýat ýaly. Onsoň: «Indiki ýyl-ha meni aldap bilmeseň gerek?!» diýýän. Bolanok, eýdýär-beýdýär, göwnümi awlaýar. Kakaň adamyň ejiz tarapyny bilýär. Nähoşlasaň, halyňdan habar almaga ýaltananok. Özem onuň bilmeýän zadam ýok. Könedenem bilip dur, täzedenem. Muňa men hormat goýýan. Minnetini welin nemedemok. Käte onuň minnetli gepini diňläp, guragyrysy galan çep aýagymy kesip «Al-how şuny!» diýesim gelýär. Şeýtsem-de onuň goýmajagyny bilýän. Ýogsam bir gün oňa: «Indi şol gürrüňiňi goý!» diýip, iki gotanyň ýagyny, pyşbaganyň dört sany ýumurtgasyny beribem gaýtdym. Peýdasy bolmady. Ondan daşrak bolandan gowusy ýok. Kakaň bu bolşuny beri almajak bol, jan inim».
– Ýaban jan!
Ýaban adynyň tutulmagyna aýňaldy. Ol hyrra beýlesine öwrüldi. Zordan ýöräp gelýän goňşusyny görüp, özüni ele aldy.
– O-how, gel, Rahym! – diýip, Ýaban ýylgyrmaga synanyşdy. Birdenem onuň ýüzi aladalandy. – Her näme-de bolsa, gowy sagalýançaň nemetmeli däl ekeniň.
– Bolýarmy näme, Ýaban.
– Bolman näme?
– Gelnejeň iňirdisinden ýaňa öýde dudarlyk galmady.
– Hä?
– Awa haçan gidip geldiň?
– Öňňin...
– Näme getirdiň?
– Towşan.
– Dogan jan, şony bermeseň-ä o al kakmyş meni öýde oturtjak däl. «Besdir indi ýatanyň. Oduň başynda derçiräp oturmagy menem gowy görýän. Maňa towşan getir, towşan» diýýär. Maňa towşan bermeseň boljak däl.
– Getirenim ýeke towşan. Ondan galdymyka beri?
– Ýaban jan, meni beladan dyndyr. Gaýrat et! – Rahym ýylma şol köne keşbine girdi. – Arkalaşaly. Gerek ýerinde menem öňkim ýaly kömek ederin. Guragyryň indi gozgaýan däldir. Ol has gowudy. Daş ýerlerden gelibem menden alyp gidýärler. Köp wagt geçmänkä-de gelip «Taňryýalkasyn!» aýdyp, öňki beren teňňeleriniň üstüne ýene berýärler...
Gapy açyldy. Içerden Jumagül çykdy. Ol elindäki ýarty towşan etini adamsyna uzatdy. Rahym ýylma ony Ýabandan garbap aldy-da, samyrdap öýüne ýumlukdy. Ýaban Rahym ýylmanyň yzyndan seretdi. Daş işikde duran Zöhräni görüp, Ýaban uludan demini aldy.
– Kakasy, kesel halyňa senem azara goýduk. Hernä, awuň oňupdyr.
– Oňmajak bolsa gitmezdim.
Ýaban gapdalyndaky töňňäniň üstünde oturdy. Eli bilen ýüzüne tutdy. Hydyr gelip kakasynyň elinden aslyşdy-da, goňşularyna seredip, ýuwaşja madyrdady:
– Ejemiň gazana salan etini äkitdi-dä. Ol ýaman adam-laý, kaka.
Ýaban ogluna: «Onuň öz işi bitse bes. Beýlekiler ölüp gitsin» diýmekçi boldy. Saklandy. Ol Rahym ýylma bilen gatnaşygy çürt-kesik goýmagy ýüregine düwdi.
– Ol bize kömek etdi. Özem agyr günümizde. Bizem oňa kömek etmeli ahyryn, oglum – diýip, Ýaban göwnüniň tersine gürledi. – Seni gaty uraýdymmy, oglum?
– Ýok, kaka...
– O göhert siziň gazana salanjaňyzy eltäýipdir. Ynsapsyz – diýip, Zöhre aňyrdan gelşine dillendi. – Bermeli däl ekeniňiz, alaryny bilse, ol taňrysynam gaýgyrjak adam däl. Agyly maldan doly. «Birini soýaly» diýip, köp ýalbardym. Diňlemedi. Görüň-ä, indem edip ýören işini.! – Zöhre içerik girdi. Jumagül bilen gadyrly salamlaşdy. – Wah, goňşy jan, size gelsem, dünýäm giňäýýär...
8. GAÝA
Howa birneme ýazlyşyp ugranda – ýazyň başynda Rahym ýylma özüni mäkäm tutdy. Aýak üstüne galdy. Ýöne onuň elguşsuz içi gysdy. Elguşly bolasy, çöle çykyp aw awlasy, atyny keýikden mas ýükläp gelip, aýalynyň ýanynda öwünesi, goňşy-golamlaryna et satasy, Nurjan işana oljasyndan şeýtel berip, alkyş-pata alasy geldi. Bir ýerde oturyp karary ýetmeýän Rahym ýylma sähel zat üçin çagalaryna jabjynýardy. Näçe gün awdan galandygyny içinden gaýta-gaýta hasaplap, gussa batýardy. Garyplyk gerdeninden basyp duran ýaly, ýegşerilýärdi. Nädibem bolsa elguş edinip, ony albaýa öwretmeli diýen pikir ondan daşlaşmaýardy. Ol teýahyr ýola şaýlandy. Üç-dört günlük iýip-içer ýaly zady atyna ýükläp, Ýabanyň ýanyna ugrady.
Ýaban agylynyň ýanynda odun maýdalap otyrdy. Ogly Hydyr onuň maýdalan odunyny öýe daşaýardy. Ol her gezek odun äkidende ylgap gidýärdi. Gujagyndaky oduny öýüň içine zyňdygy ýene yzyna ylgaýardy. Ol gelip, kakasynyň ýanynda oturýardy. «Yzyny aýdyber» diýýän terzde kakasyna seredýärdi.
– ...Dergazap bolan ýolbarslar nemelere garşy uruş yglan edipdirler. Başlanypdyr bir uly söweş. Dogrudanam, garynjalar köplük eken. Olar ýolbarslaryň çem gelen ýerinden dişläp, diriň-diriň bökdüripdirler. Ýolbarslar ýogyn-ýogyn arlaşyp, ýeňilendiklerini boýun alypdyrlar. Allatagalanyň näme üçin özleri bilen oturan ýerinde, garynjalar bilen bolsa ýerinden turup, gadyrly salamlaşýandygynyň sebäbine ýolbarslar şondan soň düşünipdirler. Soň olar garynja gördükleri edep bilen salam berip, aýlanybrak geçipdirler. Ýöne ol söweşe sary garynjalar, kiçi bolansoňlar, ýetişip bilmändirler. Olar ähli zatdan bihabar galypdyrlar. Şonuň üçin olar nemeler bilen häzirem söweşýärmiş. Olaryň gyrjyny ýolbarslaryň çagalarymyş. Ýolbarslar garynjalary messepsizlikde aýyplaýarmyşlar...
Ýaban goňşusynyň gelýändigini görüp, gürrüňini kesdi.
– Gel, Rahym! – diýip, elindäki paltasyny gapdalyna taşlady.
– Näme, bu gün awa gitmediňmi?
– Aý-ý, ýok... Ýör, öýe gireli. – Ýaban goňşusyna mürähet etdi.
– Taňryýalkasyn! Seniňkide entek köp oturarys. Ýöne bu gün men seni çagyrýaryn. Özem daga.
– Daga?
– Gezip geleli, Ýaban jan. Bu bäş günlük ýalançyda diňe gezenimiz galar. Öýde içim gysýar. Birki günlük obadan çykyp gidesim, keremli daglarda entäsim gelýär. Ýöne ýeke gitseň gyzykly däl. Seniň ýaly bir gepiň alyşýan, mana düşünýän bilen gitseň gowy. Şonuň üçin hem başga hiç kimiň ýanyna barman, göni sen diýip geldim.
Ýaban nätjegini bilmän ýaýdandy. Rahym ýylmanyň näme üçin: «Daga gideli!» diýip ýer depip durmagynyň sebäbine düşündi. «Daga barandan soň, bürgüt gerek diýip başlar. Ähli gezelenjiňem, görjek höziriňem şo bor. Ol bürgüt alyp bildigem, oba gaýdar. Guşy albaýa öwreder. Ýene-de öňki nemeler başlanar. Ýok, Ýaban, gidäýmegin! – diýip, Ýaban öz-özüne öwüt berdi. – Ýeke gidip bilmez. Howatyrlanar».
– Men düşlär ýaly, gowy ýer bilýän. Şol ýere bararys. Ol ýerde awam hemişe köp bolýar.
– Bi wagt dag hatarly, Rahym. Doňdur, ýarysy erän, ýarysy eremedik buzlukdyr. Iň gowusy – çöl.
– Çölden halys bez bolupdyryn. Çynym.
Ýaban esli salym sesini çykarman durdy-da, Rahym ýylmanyň ýanyna bardy. Onuň ýüzüne çiňerildi.
– Näme, mus-muslap dursuň? Mustapasyny aýdaýanyňda bolanokmy? Saňa elguş gerek, Rahym. Şonuň üçin daga gitjek bolýaň. Dag küýsemeýändigiň belli-le. – Ýaban çäkmenini egnine aldy. Öň beýle batyrgaýlyk edip, bir aý düşekden galyp bilmän ýatypdy. Ol ýene-de şol güne düşmäge razydy. Ýöne çölüň keýiklerine azar berilmese bolanydy. Her sapar Rahym ýylma atyny awdan mas ýükläp gelende Ýaban bir ölüp bilmezdi.
– Öň men saňa zat diýmedim. Ýogsam menem arymy alyp bilýärdim. Ýöne indi sähel zady-da ümsüm goýmaryn. Ahyryna çenli gidişerin. Dogrymy nemedeýin, elguşuň gidendigine men begendim. Onuň gelmezligini, seniňem başga elguş edinmezligiňi isledim...
– Men-ä saňa ähli zada düşünýärmikäň diýýärdim. Walla, şu gezeg-ä tamamy ödemediň. Çynym. – Rahym ýylma ýöwselledi. – Sen maňa düşün. Hany, aýt, meniň kem zadym barmy? Ýok. Dokuzym düzüw. Maňa indi hiç zat gerek däl. Öňkim ýaly bolmajagym hak. Guşy awa ilki öwredenler türkmenler bolmaly. Oguzlaryň ähli taýpasynyň tugunda hem elguşuň şekili bolanmyş. Elguş bilen aw etmäge ilki başlan hem türkmenler bolmaly. Çingiz han türkmenleriň bu awuna haýranlar galypdyr, heziller edipdir. Onsoň Çingiz hanyň ogullarynyň bu şikäre kelleleri gyzypdyr, birgiden guş awlap, Buhara kerwen bilen satmaga ugradypdyrlar. Haýsydyr bir gyrgyz hany Çingiz hana şuňkar sowgat edip, wezipe alypdyr. Ýöne ata-babalarymyz hemişe awy ynsaby ýoldaş edinip awlapdyrlar. Awdan gazanç edinmegi günä hasaplapdyrlar. Şu dogrudyr. Bizem günä galmarys. Çynym. Elguşam, näme, ata-babalarymyzyň höwrügen zady. Çöle diňe göwün açmak üçin çykarys. Dünýäde birek-birege düşünişmekden uly döwlet ýok, Ýaban jan. Senem maňa düşün. Men çöle öwrenişipdirin. Aýratynam seniň guran çalmaryňa. Şoňa baryp otursam, çaý içsem, dünýäm giňelýär. Şony oňarypsyň, Ýaban jan! Walla, çynym! Dogrymy aýtsam, elguşa-da öwrenişipdirin. Ol bolmasa, ýarty göwräm ýok ýaly. Sen menden arkaýyn bol. Öňki ýaly harsydünýälik bolar diýip, küýüňe-de gelmesin. Çynym. Adamyň başyny hemişe dert alyp duranok. Guragyryly bolaňda, bilýän, ýaman ruhdan düşdüň. Men muny seni görenimden aňypdym...
* * *
Olar daga iňrik garalanda ýetdiler. Jülgäniň insizje ýodajygy bilen esli ýol geçdiler, at toýnaklarynyň sesleri jülgäniň içinde ýaňlanyp gidýärdi.
– Şu ýerde düşläli, Ýaban jan. – Rahym ýylma atynyň jylawyny çekdi-de, şemala duwlanç ýere elini uzatdy. – Örän amatly ýer. Pena. Öňki sapar hem Nurgeldi bilen gelenimde, bürgüdi şu ýerde düşläp alypdym. Hana, şol gaýada bürgüdiň höwürtgesi bar. Şoňa çykdym. Çynym! Özem gije. Bürgüdiň duýgurlygyna şonda haýran galdym. Garaňkynyň içinde ol meniň bilen dikleşen boldy. Meniň oňa aman-zamanyny berjek gümanym barmy näme?! Aşak düşsem: «Rahym aga, goltugyňyzdaky näme?» diýip, Nurgeldi geňirgenip dur. «Şol-a, inibatyr, meniň tutmak islän zadym» diýdim. «Bürgütmi?» diýdi. «Edil özi!» diýdim. Nurgeldi meniň garaňkynyň içinde hakykatdan hem bürgüt getirendigimi görüp, aňk boldy galaýdy. Soň-soňlaram: «Rahym aga, şol sapar-a meni haýran galdyrdyňyz. Nädip gije gaýa çykdyňyz-aý?» diýip sorady ýördi. Çynym!
Ýaban odun çöpläp geldi. Ýeriň garyny syryp, ot ýakmaga başlady. Tüňçäni gardan dolduryp, oduň gyrasyna süsdürdi. Rahym ýylma çadyr gurmak bilen başagaýdy. Ol tüsseläp duran ody gözüni ýaşardyp üfleýän Ýabana öňki gelişleri barada gürrüň berýärdi:
– Bu ýerde, baý, köp oturlandyr-a! Men bu ýeriniň howasyny gowy görýän. Nurgeldi bilen gelip, kä gijeler tä daňdana çenli oturýarys. Soňky gezek gelenimizde eýlämize-beýlämize bakmankak, adama bir tüňçe çaýy içipdiris. Içigar, onuň ýanynda tas masgara bolupdym. Ýanym bilen çaýy az alyp gaýdypdyryn. Hernä, çaýyň köp içiljekdigini bilip, Nurgeldi bir haltajygy dolduryp gaýdan eken. Ol: «Çaýyň soňy siziňki» diýip, tüňçäniň soňky ajyja ýerinem maňa syrkyp berýär. «Aý, ýaşkiçidir. Ýaşulynyň özi bilen çaý içýänine begenýändir» diýip, oňa onçakly ünsem beremok. Bir görsem, ol garaňkynyň içinde ylgap barýar. «Hä, inibatyr, ugur hanjak?» diýip, men ondan soradym. «Häzir geljek. Birazajyk garaşyň, Rahym aga» diýip, Nurgeldi gözden ýitdi. Köp wagt geçmänkä-de, ol bir gujak odun getirdi. «Rahym aga, siziň bilen ýene bir tüňçe çaý içmesem armanlydyryn» diýýär. «Inibatyr, wagt bir çen boldy. Gözleriň awusyny alsak, gowy boljak» diýdim. «Men-ä, Rahym aga, bu gijäniň ukusynyň haýryndan geçdim. Entek ömrümde beýle akylly-başly gürrüň diňläp göremok. Sizi diňläp, dünýäm giňäýdi. Gürrň diýeniň şeýle ýakymly bolaýsa» diýýär. Men loh-loh güldüm-de: «Haý, inibatyr, ol aýdýanyň-a dogry» diýýän. Meniň gürrüňlerim Nurgeldä has ýarady. Ol gözlerini petredip diňläp otyr. Eger-eger, uklajak adama meňzänok. Onuň köneden bilesi gelýär. Menem elmisakdan şol tutup otyryn. Ukym tutsa, Nurgeldi çaý äberýär. Ol: «Siz şunça zady nädip ýatda saklaýarsyňyz?» diýip geňirgenýär. «Inibatyr, bu saçlar ýöne ýere agaranok» diýýän. Oýun-oýun bilen daňyň nähili atandygynam bilmändiris.
Bu gürrüňler Rahym ýylmanyň hyýalydy. Ol düýrmegi bilen gürrüň berýärdi. Aýdýan gürrüňlerine özem ynanýardy. Göwnüne bolmasa, şeýle wakalar bolan ýalydy. Ol aýratynam gurply, emeldar, atly-abraýly adamlar bilen hyýalynda duşuşmak, olary özüne haýran galdyrmak isleýärdi. Ýöne ol köplenç diňleýji tapman kösenerdi. Bu gün onuňky çüwdi, isleýän diňleýjisini tapdy. Ol barha gylawlanyp gürledi. Gürrüň berýän wakalary birin-birin göz öňüne geldi. Öz-özüne guwandy. Howlukmaç çaý içip, gürrüňini dowam etdirdi.
– Gündiz ýatmak häsiýetim ýok. Nurgeldiniň bolsa agşam ýatmadygy gözünden bildirýär. Gözleri towşanyňky ýaly gyzaryp dur. Gürrüň bermämi goýdum. Ol ýatjak bolýar. «Haý,ini batyr, seniň halyň-a bir gijelik eken. Beýle bolsaň-a seni aýalyň hem gowy görmez. Erkek bol! Ýatma, tur, ýol ogly ýolda ýagşy» diýipdirler. Ugraly, ýogsam gijä galarys» diýdim. «Azajyk ýataýyn, Rahym aga. Ynha häzir turjak» diýip mydyrdaýar. Ony öz gününe goýman, alyp gaýtdym. Ol ýolboýy uklap gaýtdy. Ýykylar diýen gorky bilen men onuň böwrüne dürtüp oýarýaryn. Dogrusyny aýtsam, Ýaban, ýolda sen barada-da gürrüň boldy. Gelýärkäk, birden atymyz ürkdi. Öňümizde doňup galan keýik maslygy bar eken. Nurgeldi: «Ýabanyň gerek ýeri. Muny görse, ol enesi ölen ýaly bolup aglardy» diýdi. Onuň bu samsyk gepine saklanyp bilmän, gamçyny depesinden inderdim. «Beýle gürrüň etme!» diýdim. Gowy adama dil ýetirilse, men halamok...»
Ýaban haçan irkilendigini özem duýman galdy. Ol aladaňdan üşäp oýandy. Ot öçüpdi. Rahym ýylma şol öňki oturan ýerinde bir çugdam bolup gyşaryp ýatyrdy. Ol hyýalynda henizem gürrüň berýän bolarly, öz-özi ýylgyrýardy. Agzyndan gyllygy akyp, kellesiniň aşagyna goýan telpeginiň biraz ýerini öl-myććyk edipdi. Onuň ýalbaryp görünmegi Ýabanyň ýüregini bulady. Ýaban oňa seretmezlige çalyşdy. Ol ýerinden turup, odun getirmäge gitdi. Dolanyp gelende-de Rahym ýylmanyň şol ýatyşydy. Ýaban howlukmaç ot ýakdy-da, tüňçäni oda goýdy. Köp salym geçmänkä, tüňçe lakyrdap ugrady. Ýaban goňşusyny yralady:
– Rahym, tur! Çaý gaýnady.
– Hä? – Rahym ýylma gözüni açdy. Gerinjiräp pallady. Ol agzynyň daşyny süpürdi-de, telpegni geýdi.
– Çaý içeli.
– Çaý içeli, Ýaban jan. Baý, gowy uklapdyryn! Haçan ýatanymy bilemok – Rahym ýylma oturan ýerinde gerindi – Içigar, ýöne gijä galypdyryn.
– Nämä gijä galypsyň?
– Ir bilen turup, gaýa seretjekdim. Bürgütleriň häzir şol ýerde ýaşaýanyny-ýaşamaýanyny anyklajakdym.
– Men synladym. Iki bürgüt gaýadan ýaňy uçup gitdi.
Rahym ýylma ýuwnup, oduň gyrasyndan ýazylan keçäniň üstüne geçdi. Çaýdan birki gezek owurtlap, oda gyzdyrylan çörege işdämenlik bilen agyz urdy.
– Ýaban jan, ýalňyşmaýan bolsam, gallaň azalypdyr. O gün baranymda oturyşyňy görüp, ýüregim gyýyldy. Bir zat diýmegiň ebeteýini tapmadym.
Ýaban Rahym ýylmanyň gepine ýaňy kesmeklän ýarasynyň üsti aýrylan ýaly, gaşlaryny çytdy.
– Maňa aýdaýmaly ahyryn. Men berip biljek ahyryn diýeniňi. Beýtmäň bolanok, Ýaban jan. Şundan barsak, näçe galla gerek bolsa alyp gaýt. Haçan berseň beräý soň ony.
– Alla ýalkasyn!
Olar çaý içip, duzak gurmaga ugranlarynda, gündogardan gyzyl şapak ýaňy görnüpdi. Howa bu gün maýyl boljaga meňzeýärdi. Jülgeden hoştap şemal at gamçylap geçip durdy.
– Keselçilik halys aňkamy aşyrypdyr. Ýadadym. Birneme oturaly-la – diýip, Rahym ýylma gaýanyň düýbünde aýak çekdi-de, ýuwaşlyk bilen daşyň üstünde oturdy.
– Iki bolup nemetmek hökman hem däl ahyryn – diýip, Ýaban ýokaryk seretdi. Ýüpi biline daňyp, gaýa dyrmaşyp ugrady.
Rahym ýylma ýokaryk dyrmaşyp barýan Ýabanyň yzyndan seredip durşuna oýa batdy. Gör, ol Ýabany näçe gezek çürkedi, sadalygyndan peýdalandy. Şonda-da Ýaban ýüreginiň töründe kine saklaýana meňzänok. Ol Rahym ýylma üçin hemişe hoşlygaw, hiç zadyny gaýgyranok. Onuň ýüregine Ýaban has ýakyn göründi. Ony öz ýanyndan hormatlady. Bu yssylyk onda geçen agşam gürrüň edip durka döräpdi. Onuň galla berjegi hem boş wada däldi. Onuň oba dolanyp bardygy, Ýabana bir çuwal galla berjegi, ak ýürek bilen gatnaşyk etjegi gara çynydy. Ynha, olaryň ikisem elguşly çöle çykar. Garagumuň uç-gyraksyz gözelligine syn eder. Hars urmak gerek däl. Nurgeldi bilen hem ol egri oturyp, dogry sözleşmeli bolar. Goý, onuň özem, gyzam jähennemiň dik düýbüne gitsin! Ol ýeke däl! Onuň üçin otdan-suwdan gaýtmajak dosty bar! Ynha, onuň uly baýlygy! Gaýadan-da uly baýlygy! Bu baýlygy goramak gerek. Ýaban daşlaşdygyça, Rahym ýylmanyň içi gysdy. Onuň çaltrak dolanmagyny isledi. «Sag-aman dolanyp gelsedi» diýip öz ýanyndan dileg etdi. Ol ýene buýsanç bilen Ýabana seretdi.
Ýaban Rahym ýylmadan esli aryny açyp, gaýanyň çür depesindäki garalyp görünýän daşa, bürgütleriň onuň gapdalyndaky höwürtgesine seretdi. Şol ýerik çaltrak ýetmek isledi. Ol çalt-çalt öňe süýşdi. Birki gezek aýagy typyp, zordan ýykylman saklandy. Ýaban geleňsiz edilen her bir hereketiň janyna howp salýandygyna düşündi. Ol bar ünsüni her tutýan daşyna gönükdirdi. Ilki tutjak daşyny barlaşdyrdy. Onuň berkdigine göz ýetirip, ýokaryk galdy.
Ýokary galdygyça, onuň ysgyny gaçdy. Ýoluň önmeýşine içi byjyklap, ýetilmeli ýere ahmyrly nazaryny aýlady.
Gyş sowuk bolansoň, Ýabanyň eli doňara geldi. Ol üfläp, gezekli-gezegine elini ýylytdy. Ýadawlykdan aýaklary titredi. Dargursaklyk edip sähel salymda ýadandygyna, howlukmaly däldigine düşünip, öz-özüne igendi. Aýaklarynyň titremegi onda gorky döretdi. Ol dynç almak üçin amatlyrak ýer peýledi. Oturara ýer tapylmandan soň, dyrmaşmagyny bialaç dowam etdirdi. Öňe seredip: «Ýetmeli ýerim juda daşam däl» diýip, özüne teselli berdi. Aýagyna basmaga amatly her bir daşa begendi. Öňe omzap, daşa el ýetirdi. Ony bar güýjüni jemläp özüne çekdi. Aýagynyň aşagyndaky daş gopdy-da, alaşakyrdy edip aşak gaýtdy. Aslyşyp duran daşy hem gaýdarly göründi. Ýaban daşyň üstüne göwresini goýberip, uludan demini aldy-da, birhowa özüni dürsedi. Dyzyna galyp, arkasyny daşa berdi. Aýagyny aşak sallady. Dünýäsi giňän ýaly boldy. Howply işe baş goşandygyna akyl ýetirdi. Allany çagyryp, aşak seretdi. Ha-ana, Rahym. Onuň henizem şolbir oturşy. Ol bärik seredýär. Ýabanyň oňa nebsi agyrdy. Özüniň ony bürgütli etjekdigini, begendirjekdigini hyýalynda aýlady. Bu onuň göwnüni göterdi. Bürgüdi alyp, Rahymyň nähili begenjekdigi göz öňüne geldi. Haýyrly iş edýändigi baradaky pikir onuň ýadawlygyna ýazgynlyk berdi. Ine, Rahym hem elguşly bolar. Olar kä günler göwün açmak üçin çöle çykarlar. «Aw aw däl-de awy» diýýärler. Ol awy bolsa-da, örän lezzetli awy. Şol awydan datmagyň üýtgeşik bir keýpi bar. Olaryň ikisi-de şol awydan dadarlar. Çalmara baryp, çaý içerler, çöl şarasyndan garbanarlar. Belki, bu Rahymyň işi bitýänçä tapyp ýören ýalanydyr? Ýaban deňi-duşlarynyň Rahyma zemzen diýişlerini ýatlady. Belki, Rahymyň soňky gürrüňi hem melul ediji «tarpyldydyr»?!
Ýaban başlan işini çaltyrak gutarmak maksady bilen ýerinden turmakçy boldy. Kimdir biri yzyndan iteren ýaly duýuldy. Öňe egildi. Daşdan berk ýapyşdy. Ýüregi jigläp gitdi. Ýene bir ýola aşak göz aýlap, aralygy ölçedi, has ýokaryk galandygyna göz ýetirdi. Nähilidir bir gorky aňynda gozgalan döretdi. Çagalary, aýaly ýadyna düşdi. Ölümi ýakynlap gelen ýaly duýuldy. Eden pikirinden howpurgap, özüniň entek ölmäge hakynyň ýokdugyny ýatlady. Ol çagalaryny ösdürip ýetişdirmeli. Gyzyny durmuşa çykarmaly. Iki ogly öýerip, öý dikip bermeli. Bu ata-baba arkama-arka gelýän parz. Eger Ýaban bu parzyny ýerine ýetirmän gitse, atalyk borjuny ýere çaldygy bolar. Ýaban şol parzy ýerine ýetirjek gününe, gör, nähili umyt bilen garaşýar!..
Ýaban ýokaryk dyrmaşyp ugrady. Üç-dört metr ýokary galandan soň, ol ýylçyr daşyň ýüzünden tutar ýaly zat tapmady. Indi ara juda az galypdy, bary-ýogy ýigrimi-ýigrimi bäş metr toweregidi. Ýöne oňa eltýän ýoda görnenokdy. Ýaban nireden tutjagyny bilmän ýaýdandy. Ol bir duran ýerinde esli saklandy. Öňünde keserip duran daşdan aslyşyp biläýse, ondan aňry aňsat ýaly görünýärdi. Ýöne oňa ýetmek üçin bir gulaç göterilmelidi. Böküp aslyşmagam hatarlydy. Sähel bärden ýa gopaýjak bölekden tutdugyň, kelemenläp aşak gaýdybrmelidi. Ýaban beýle töwekgelçilikden saklandy. Bilindäki ýüpi çözüp ýokaryk zyňmagy dogry çykalga hasaplady. Bir eli bilen daşdan tutup durandygy üçin, ol ýüpi-de çözüp bilmedi. Sary-sadylla halda esli ýaýdanjyrap durdy. Oňa töwekgellik edäýmekden başga çykalga görünmedi. Aşak seretdi. Hyrra başy aýlandy. Maňlaýyny sowuk daşa berip, birselem durdy. Eli doňara geldi. Beýdip durmagyň oňlugyň üstünden eltmejekdigi bellidi. Ýaban howlukdy. Ol ýenebir gezek dynç almak isledi. «Nädip düşüp borka?» diýip oýlandy. Rahymyň bu ýere gije çykdym diýen sözüni ýatlanda, çalaja ýylgyrdy. Näme üçindir, Ýylgynly oýundaky iltimas bolup galan keýigiň bakyşy, durşy onuň göz atuwynda janlandy. Ýabanda keýigi görmek höwesi döredi...
Ýabanyň göz öňünde ata-enesiniň miras galdyryp giden öýi peýda boldy. Kakasy ogluny öýlendiren güni nähili begenipdi! Ol aňsat-aňsat ýylgyrýan adam däldi. Şol gün welin, ol ýylgyrypdy. Sebäbi ol atalyk parzyny berjaý edipdi ahyryn! Ýaban hem şol borjy berjaý edip bilmän, ýalançy bilen hoşlaşarmyka?! Eger şeýle bolsa, onuň öz çagalarynyň öňünde ýüzügara boldugy dälmidir? Ýok, ol ýüzügara bolmaz! Çünki, ol ata ýoluny mukaddes saklady.
Ýabanyň aýagyndaky çokaý sowuk derden ýaňa öllenip, typmaga başlady. Ol aýagyna her hili agram salyp görse-de, üýtgän zat bolmady. Çokaýyň aýagynda typyp başlamagy Ýabanyň ýagdaýyny has-da agraltdy. Ol aýagyndaky çokaýyny silkeläp çykardy. Diňe ýüň dolak bilen galdy. Bu onuň üçin gabyl boldy.
Uzaga çeken ýagdaý Ýabanyň kejebesini daraltdy. Ümsüm durandan bagtyny synap görmegi ýüregine düwdi. Ol basyp duran daşyna agram saldy-da, öňe çykyp duran daşa özüni birden oklady, Ýylmanak daşdan aslyşmak Ýabana başartmady. Eli sypdy. Ol elini çem gelen ýere urdy. Tutara daş sermeleşdirdi. Ol birden aşaklygyna gaýtdy. Eli nähilidir bir daşa ildi. Ol çep elinem daşa tarap uzatdy, ýöne badyny saklap bilmän, kelemenläp aşak gaýtdy. Onuň bir ýetişen zady – aýylganç gygyrdy. Rahym ýylma ýüregi ýarylan ýaly, zöwwe ýerinden galyp, Ýabanyň gaçan tarapyna okduryldy.
Ýaban gana bulaşyp dem-düýtsüz ýatyrdy. Gözleri açykdy. Olar çykylmadyk gaýanyň depesine ahmyrly seredýän ýalydy.
– Men saňa: «Özüňden habardar bol!» diýdim-ä... – Rahym ýylma gaharyna dişini gyjyrdatdy. Bürgütleriň höwürtgesine göz aýlady. – Ah... Oňarmajagyny aňypdym.
Gaýanyň ýokarsynda iki bürgüt peýda boldy. Olar gaýanyň daşyndan bir öwrüm etdiler-de, höwürtgeleriniň abatdygyny görüp, ýene-de gözden ýitdiler.
1980-1983.
Powestler