ALBAÝ
1. HOWSALA
Ýaban çagşan tüneginiň tärimlerine, göwşüllän üzükleriň sallam-sajaklygyna gözüni dikip, öýüň adam ömri bilen basdaş bolýandygy baradaky birmahal eşiden gürrüňi ýatlady. Ol öz ömür-peýwendi hem şu öý ýaly çagşap, keltelip ýörendir öýdüp öz ýanyndan hopukdy.
Öýüň çüýrän ýerlerini çalşyrmaga Ýabanyň gurby çatjakdy, üstüne täze üzük-de atyp biljekdi. Ýöne bu hütdük gara öý Ýabana ata-enesinden galan ýalňyz ýadygärlikdi, mirasdy. Olar Ýabanyň şu öýde döwletli bolmagyny arzuwlapdylar. Şol arzuw-muhabbet bilen gurlan öýe el degirmäge Ýaban milt edip bilmeýärdi. Ol ömrüni paýawladyp, şu öýde oňňut edip gelýärdi. Şondan bäri geçen ýigrimi ýylyň içinde ol öýüň hiç zadyna el degirmän, mukaddes saklady, onuň hiç bir zadyny çalşyrmady. Dogry, ýekeje çalşan zady boldy. Onam bu öýe degişli diýseňem boljak, degişli däl diýseňem.
Ýabanyň kakasy gyşyna daýhançylyk aladalardan dynyp, çöle çykardy, aw ederdi. Ol öýüň gapysynyň çep tarapynda – Ýabanyň çaý içýän ýerinde elguşuň tutdan ýasalan hekemini oturdypdy. Hekemiň ýokarsynda – tärimde elguşuň naharlanýan albaýy asylgy durardy. Ýaban, ana, şol albaýy aýyrmaly boldy. Ony aýyrmazlyga Ýabanda çykalga galmady. Kakasyndan galan elguş – tarlan hiç kim bilen öwrenişmedi. Içde-daşda eýesiniň görünmezligi onuň rahatlygyny gaçyrdy. Özüne öwrenişdirjek bolup çeken ähli azaby reýgan bolansoň, Ýaban tarlany erkinlige goýberdi. Elguş mahal-mahal eýesiniň öýüne dolanyp-dolanmandygyndan habar alyp durdy. Kä gün gelip, hekeminiň üstünde oýkanjyrap-oýkanjyrap ýatybam gitdi. Wagtyň geçmegi bilen onuň öýe gelmesi galdy. Ýöne tarlanyň yhlasy Ýabanda başga bir elguş edinmäge höwes oýardy. Ol öz elguşuny kakasyndan galan albaýyň üstünde naharlady. Ýaban tomusda elguşuny albaýa öwrenişdirdi. Bürgüt uçup esli ýokaryk galdygy, ol her gezek elguşuny nahara çagyranda aýdýan «haýt, haýtyny» gygyryp, albaýyny galgatdy. Köpden bäri aç bürgüt albaýa gözi kaklyşandan aw gözlemesini goýup, eýesine tarap ok ýaly atyldy. Batly gelşine albaýyň ortasyna penjesini urdy. Ýöne ondan et tapman, gaty-gaty gygyryp, ganatlaryny pasyrdatdy. Iki ýanyna seredip, et gözledi. Onuň bu bolşuna Ýabanyň haýpy geldi. Entegem özüni rastlamadyk bürgüdiň ýeleklerini barmaklary bilen daraklady. «Men seni keýpine aldamok ahyryn. Sen aw etmegi öwrenmeli. Bi diňe aw öwrenýänçäň şeýle bolar. Soň seni hiç wagt hem nemetmen».
Aldawyň birnäçe gezek gaýtalanmagy elguşuň sabyr käsesini pürepürledi... Albaý onuň gyrjyny boldy. Bürgüt albaýy görmek islemedi. Onuň üstünde berlen eti iýmedi. Hekemiň ýokarsyndaky albaýy gördügi öýüň içinde ala-pasyrdy turuzdy. Şonuň üçin hem Ýaban kakasyndan galan albaýy öňki ýerinden aýryp, täzesini dikmeli boldy.
Öýüň içindäki albaýdan başga zatlaryň şol birmahalky durşy.
Kakasyndan galan bir tanap ýere Ýaban her ýyl bugdaý ekýär, bugdaý ýygnaldygy, mäşdir-u-noýba ýaly, ojagyň aş-suwuna ýaraýan, tiz ýetişýän zady ekýär. Ýabanyň özüniň jepakeş bolşy ýaly, onuň mellegem jepakeş, ýylyň ähli paslynda boş ýatman eýesine hyzmat edýär. Barybir, bir tanap ýer bilen güzeran dolap bolanok. Şonuň üçinem Ýaban Nurjan işanyň ýeriniň bir bölegini kärendesine alyp, bugdaý ekýär. Ondan düşýän paý rozugäre biraz tekge. Onuň aýaly, çagalary-da Nurjan işanyň işiginde kömege durýarlar.
Ata-ene öý dikip, Ýabany illendiren hem bolsalar, agtyga guwanyp bilmän geçdiler. Olar agtyk gördüler. Ýöne Akmyratjyk uzak ýaşamady. Ol dört ýaşynda gyzamykdan agyr syrkawlady. Çaga kakasynyň boýnundan gujaklap, ragbatsyz halda gözünden ýaş dökdi. «Kaka, kaka, meni ýagşy görýäňmi?» diýip pyşyrdady. «Heý-de seni ýagşy görmenmi, oglum? Sen meniň daýanjym ahyryn» diýip, Ýaban ogluny bagryna basdy. Oňa anna güni bazara äkitjekdigini, halwa alyp berjekdigini aýtdy. Çagajyk muňa biçak begendi. Ysgynsyz eljagazy bilen kakasynyň boýnundan gujaklap aglady. «Onda aldama, kaka. Bazara äkit. Halwa geregem däl...» Ýaban ogly gutuldygy bazara äkitmegi göwnüne düwdi. Ýöne ogly anna gününe ýetmedi. Akmyratjygyň delminip-delminip gitmegi Ýabanyň göz öňünden aýrylman, ajy gussa bolup, ezýet berdi. Ogluny bazara äkitmäge, halwa alyp bermäge eden wadasy ýadyna düşüp, ol müýnürgedi. Ogluny öň bazara alyp gitmändigine puşman etdi. Akmyradyndan soň bolan iki çaganyň üznükmegi Ýabany agyr derde goýdy. Üç çagany, iki gaýyny bir gapydan ugradan Jumagül gelniň hem bu öýde durasy gelmedi. Adamsyna başga ýere geçmek barada aýdyp ugrady. Ýaban ony diňlemänsoň, ýalbardy, özelendi.
Göçmäge sebäp diňe bir çagalaryň, gaýynlaryň ýogalmagy hem däldi, goňşulary Rahym ýylmalar bilen Ýabanlaryň oňşuklary pesdi. Är-aýal şolardan birneme aňyrrakda bolanlaryny kem görenokdylar. Birbada olar obanyň ýokary tarapyna çekilelem diýdiler. Ýöne Jumagül öýüň ýelbagyny çözüberende, Ýaban saklanyp bilmedi. Aýalynyň elinden şapba tutdy-da: «Bi ojagy taşlap gitmäli, Jumagül! Gitsek, hiç ýerde-de döwlete ýüzümiz düşmez» diýdi.
Ýaban Rahymlardan uzakda bolmagy hemmeden beter isleýärdi. Käte: «Rahym bilen hiç mahal gatnaşmaryn» diýip ýüregine düwerdi. Ýöne bu goňşuçylykda bolýarmy näme?
Ýene bolmady...
Ýabany öýi, ömri hakdaky oýlardan, köne ýatlamalardan aýalynyň gapdalda getirip goýan bir çäýnek çaýy halas etdi. Ol dikeldi, çaýa güýmendi.
Çaý oňa gurp berip ugrady, göwnüni açdy. Bolsa-da garaýagyz ýüzüne gelşik berip duran uly gözleriniň agyp-dönüşi, imeşik tüýli gataňsy eli bilen käse göterişi, her agşam irden, towuklar bilen deň ýatýan Merdanjygyň tükeniksiz sowallaryna jogap berşi, onuň uzynly günüň hysyrdylaryndan ýadandygynyň alamatydy. Gaty göwni açylanda dagy ol çagalaryna erteki aýdyp bererdi. Käýarym aýalyna henek ataýmasam bardy.
On-on iki ýaşlaryndaky oglan kürsäp öýe girdi. Ol iç işikde sojap durşuna, nämedir bir zat aýtmakçy bolup, ellerini hereketlendirdi.
– Nä entäp ýörsüň gijäniň ýarynda? – diýip, Ýaban ogluna käýindi. Hydyryň saňňyldaýşyny görüp, ýerinden turdy. – Näme, bir zatdan gorkduňmy?
– Ony jyn kowalandyr – diýip, Hydyryň kiçi jigisi – basdaşy Merdanjyk ýorganyň aşagyndan jedirdedi.
– Jyn kowalanok – diýip, özüni birneme dürsän Hydyr garaçyny bilen aýtdy. – Babageldiniň kakasy ýykyldy. Ejesem aglap otyr.
– Nireden ýykyldy?
Hydyr näme jogap berjegini bilmän, eginlerini ýylgyrdy. Ol ýene aljyrady.
– Nireden ýykyldy diýýän saňa?
– Ýerden...
– O nähili ýerden?
– Ýerden-dä...
– Nätdiň-aýt muny? – diýip, Ýaban gaharly hüňürdedi.
– Babageldem aglady. Täzegülem...
– Sen olarda bi wagta çenli näme iş edip ýörsüň?
– Babageldi çagyrdy: «Bizde oýnaly» diýip.
– Bir zat bolandyr, çagalaryň kakasy – diýip, tikin-çatyn edip oturan Jumagül ataly-ogluň gürrüňine goşuldy.
– Gijäniň bir çaky näme bolduka oňa, allajanlarym? – Ýaban ýabadan asylgy duran çäkmenine elini ýetirdi.
Hydyr kakasynyň ýüzüne seredip durşuna aljyraňňy seslendi:
– Kaka...
– Hä – diýip, çokaýyny geýip duran Ýaban seslendi. Soňam ol aýalyna ýüzlendi. – Sen nemedip durma-da, ogluňy ojagyň başyna geçir. Suw ber bir owurt. Ýüregi süýşen bolaýmasyn.
– Kaka...
– Hä?
– Gitmesene.
– Näme üçin?
– Gitme-dä...
– Gel, oglum, şujagazy iç – diýip, Jumagül ogluna käse uzatdy. – Näme etjegini kakaň özi gowy bilýändir.
2. GOŇŞULAR
Rahym ýylma dähedem-dessemläp öýüne barşyna borap urýan gara sögünýärdi, elguşunyň kellesine geýdirýän başlygyny gysymynda mäjumlaýardy. Ol munuň bilenem köşeşmän, bürgüdiň başlygyny zyňyp goýberdi. Öýüniň deňine gelip, aýak çekdi. Içerdäkileriň seslerine birmeýdan diň salyp, ýuwaşlyk bilen gapyny itdi. Ol içerik girenden, gowur tapba kesildi. Öýdäkileriň nazary onda saklandy. Ol hiç kime seretmän, hemişeki ýatýan düşekçesine baryp süýndi. Onuň gözüniň öňünde öýüň içi ik ýaly pyrlandy. Ol ýerinden galmaga synanyşdy. Boýnundan agyr zat asylan ýaly duýuldy. Başynyň aýlanmagy, kellesiniň lors-lorsunyň artyp, gözleriniň ümežlemegi, şol ümezligiň arasynda-da kinniwanja uçgunjyklaryň gaýmalaşmagy onuň melullygyny dura-bara düýnäp barýana meňzedi.
Zöhre adamsyna howsalaly ýakynlaşdy. Gözüniň owasyny ýaşdan dolduryp, onuň aýagyndan çokaýyny çykardy. Öl-myććyk bolan dolagy aýyrdy-da, adamsynyň üstüne ýorgan büredi. Ýassygy beýgeldip, howsalaly dillendi:
– Näme boldy, kakasy?
– Ol gitdi, heleý, ol – diýip, Rahym ýylma ahmyrly pyşyrdady. – Yzyndan köp gygyrdym. Dolanmady...
– Heý, şoň üçin beýle güne düşmek bomy, kakasy? Gitse jähennemiň dik düýbüne gitsin. Ol, näme, seniň iki dogup bir galanyňmy? – diýip, Zöhre adamsyna bir käse sowan çaý uzatdy. – Ynha, şujagazy iç. Ol bolmasa, ýene biri eken-dä.
Rahym ýylma tirsegine galyp, çaýy hopurdadyp içdi-de, kellesini täzeden ýassyga goýberdi. Ol üstüne galyň ýorgan ýapylan bolsa-da, gagşap, üşütdi. Ähli zat düýşündäki ýaly duýuldy. Aýalynyň sözi onuň gulagynda güňleç ýaňlandy.
– Hydyrguly jan, bar indi gaýt, dünýäm. Bul günlükçe oýny boldy edäýiň. Bomy? Indi gijem boldy. Gygyryşyp otursaňyz, Rahym agaňyz halamaz.
Täzegül kakasynyň bolup ýatyşyna seretdigiçe hamsykdy. Kakasynyň titräp ýatyşyna haýpy indi. Ol agysyny saklap bilmedi. Içigip, gözýaş döküp ugrady.
– Aglama, gyzym. Daýyň başy kel bolar – diýip, ejesi ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzynyň gözýaşyny süpürdi.
Täzegül ejesine gysmyljyrap oturşyna kakasynyň öňküsi ýaly turup oturmagyny, agşamlyk edinmegini küýsedi. Kakasynyň elguşsuz gelendigine ol has hem gyýyldy. Çaga öz howsalasyny ejesine duýdurdy:
– Eje, elguşumyz indi gelmezmikä?
Zöhre gyzynyň naýynjar keşbine seredip, näme diýjegini bilmedi. Adamsyna aýdan ýaňky sözlerine indi ökündi. Ol gyzynyň çokulyndan sypap oturşyna:
– Geler, gyzym, geler. Ol bizi taşlap nirä gitsin? – diýip, öz göwnüniň tersine gürledi.
Daşarda kimdir biriniň ardynjyramasy eşidildi. Uzak salym geçmänkä-de, Ýaban içerik girdi.
– Giç ýagşy!
Rahym ýylma nepesini dürsäp, başyny ýassykdan galdyrdy. Ol geleniň Ýabandygyny tanap geňirgendi. Näme diýjegini bilmän, oňaýsyz ýagdaýda galdy.
– Gelen ýagşy! – diýip, Zöhre begenjine guş bolup uçaýjaga döndi. – Goňşy, geleweri. Ýat bolduň sen-ä. Hany, geç törräge!..
– Eýgilikmi, Rahym?
– Bolan zat ýok-la! – diýip, Rahym ýylma aljyraňňy mydyrdady. – Gel, geç.
Ýaban öýüň içini birlaý gözden geçirip oturşyna özüniň bu öýe gelmän ýörenine näçe wagt geçendigini hakydasyna getirjek boldy. Ol görmäni bäri öý öňküsinden ep-esli üýtgäpdir. Öň öýde beýle keşdeli sandyk ýokdy, biri-biriniň üstüne münderilgi halylar köp däldi...
– Ýaňy Hydyrgulymyz öýe gorkup bardy: «Rahym aga ýykyldy» diýip. – Ýaban Rahym ýylmanyň ýüzüne soragly bakdy.
– Elguşumyz gidipdir. Ynha, bar bolan zat. Şony gaýgy dibem kakasynyň bolup ýatyşy şul. Özem mazaly sowuklapdyr. Men-ä gideni gowy bolaýypdyr diýýän. Haýwan nätseňem haýwandyr. Ondan daşrakda bolandan gowusy ýok. Ol garaşman durkaň, haýwanlygyny edäýer. Süleýmanyň elguşy nätdi? Ýogsam Süleýman elguşuny biçak gowam görýärdi. Haram guş onuň ýalňyz oglunyň kelleçanagyny ýaraýypdyr. Süleýman bende oglunyň gana bulaşyp ýatanyny görende, ýöne duran ýerinde ulili bilen bagyryberipdir. Şondan soň onuň öňküligi hem bolmady. Dogry dälmi, goňşy?
– Dogry öz-ä...
– Goňşy, çaý içiber. Ynha, kakasy bilen gümür-ýamyr edip, bir käse çaý içýänçäňiz men nahary hem gyzdyraýyn. Durdymyrat jan, bar, dünýäm, bir goltuk odun getir.
Bir gyrada nazaryny Ýabandan aýyrman oturan Durdymyrat haýsydyr bir hyýala gark bolanlygyndanmy-nämemi, ejesiniň sözüni eşitmedi. Ady ikinji ýola tutulanda, ol ýalt edip ejesine seretdi. Odun getirmelidigini aňyp, daşaryk ýumlukdy. Ol gapböwürdäki gap-çanaklaryň üstünden basyp, alaşakyrdy turuzdy. Durdymyrat eden işine utanyp, çym-gyzyl boldy. Ol döwlen iki çäýnegi eline alyp, gorkuly gözlerini kakasyna dikdi.
– Haý, seniň bir...
– Jäç döwülse gowulyk bormuş ahyryn, kakasy.
– Şonuň bilen öýe gowulyk gelýän bolsa, me muny-da döw – diýip, Rahym ýylma öňünde duran çaýly çäýnegi Durdymyradyň üstüne zyňyp goýberdi.
– Degäýse nätjek, kakasy?! – diýip, Zöhre zöwwe ýerinden galdy. Tärime degip döwlen çäýnegi ýerden göterdi. – Bilip döwenok ahyryn. Bar, gidiber, dünýäm. Wah, boýuňdan aýlanaýyn seniň! Hernä, seni beren Hudaýa döneýin! Dur, dur. Hany, egniňe bir zat geý. Ýogsam senem sowuklarsyň. – Zöhre gapyny ýapmagy unudyp giden ogluna içinden käýindi. Baryp gapyny ýapdy. Ol içki närazyçylygyny ýüze çykarman, aljyran oglunyň tarypyny ýetirdi. – Tüweleme, goňşy, biziň şul oglumyz-a duran bir ot. Hudaýa şükür, iş buýursaň ýok diýmäni bilenok. Kakasynyň perişan halyna aljyraýdy. Dünýämiň öň beýtmesi-hä ýokdy.
Ýaban Rahym ýylmany assyrynlyk bilen synlady. Ýüzünde garrylyk alamatlary birneme ýük basypdyr diýmeseň, onuň şol birmahalkylygydy. Eňegi gögele oglanyňky ýaly ýys-ýylmy, giň maňlaýy, inçe eňegi ony has arryk görkezýärdi. Uzyn göwre häzir galpyldaýardy. Rahym ýylma hernäçe özüne erk edip oturan hem bolsa, onuň üşüdýändigi duýlup durdy.
Ýaban tebip çagyrmak üçin, howlukmaç ýerinden turdy...
3. PEŞGEŞ
Ýaban elguş edinjek bolup köp horlandy. Baharda köýtenli bir ýigdekçeden bürgüdiň üç sany ýumurtgasyny satyn aldy. Olary düýe ýüňünden edilen guşaga dolap, biline daňdy.
Bilinde ýumurtga göterip ýörendigini eşitseler, tikenli sözler bilen «duýgudaşlyk» etmek obanyň käbir adamlaryna ýoň bolupdy. Olaryň «duýgudaşlygyny» eşitmejek bolup, ata-babadan arkama-arka gelýän bu täri – bilde ýumurtga uýadyp, jüýje çykarmagy ulanýan soňky wagtda selçeňleşipdi.
Ýabana sataşan ýerlerinde deňi-duşlarynyň käbiri şol bir sözleri gaýtalaýardy. «Bu günler-ä mazaň ýokdur, Ýaban jan. Ýüz-gözüňe-de ýakal düşüpdir. Gaýgy etme. Sen näme, aýalça ýokmy? Bary geçer. Adamyň başyny alyp duran dert ýokdur». Ýaban toýa-tomga barsa, şol gürrüň ýene alnyp göterilerdi. «Ýaban aş saýlaýandyr. Onuň näme iýesiniň gelýändigini ilki özünden soraberiň-how» diýip, oturanlaryň birisi başyny aşak salyp «gaýgylanýardy», çalaja kikirdeýärdi. Ýaşulular: «Haý, bihepbe. Näme, bu tär ýitip galybermelimi?» diýip, başbozarlara gatyrganardylar.
Her kim her zat diýse-de, ahyrynda Ýabanyň erki üstün çykdy. Jüýjeler ýumurtganyň üçüsinem döwdüler.
Ýaban üç bürgüdi ösdürip ýetişdirdi. Urkaçy elguşuň eýesine wepaly, armazak bolýandygyny, erkek elguşuň ýalta, gaharjaň häsiýetini göz öňünde tutup, Ýaban özüne urkaçy bürgüdi alyp galyp, beýlekilerini güýzde erkinlige goýberdi. Ýöne özüne alyp galan bürgüdi her baharda höwre gitjek bolup, iki ýana çyrpynanda Ýaban eden işine ökündi. Ol güýzde ýeleklerini täzelän bürgüdini suwa ýuwlup, gany aýrylan et bilen naharlap arryklatdy. Gözi gypyrdap awuna göni inip bilmez diýen howatyr bilen bürgüde üç gije-gündiz uky bermedi. Bürgüdi uklatmazlyk üçin, ony dürtekläp durmak, sallançaga salyp yralamak Ýabana agyr düşdi. Ol aýaly bilen gezekleşip uklady. Şondan soň Ýaban bürgüdine bir aýlap «okuw geçdi» – aw öwretdi. Sabyrsyz garaşylan ilkinji aw şowsuz gutardy. Çöle çykyp olaryň ilki sataşan toklutaýlary yhlasynyň ýüzüne urup gitdi.
Ýaban toklutaýy görenden, bürgüdini awa saldy. Elguş toklutaýa göni hüjüm etmän, ondan ýokaryk galyp, depesinden indi. Muny aňan toklutaý şaglap aşak düşdi-de, guýrugyny yzyndan ýetip gelýän bürgüde tarap öwrüp peýlendi. Bürgüt has ýakyn gelende, yzyndan suwuk nejasatyny pürküp, birki ädim öňe süýşdi. Bürgüdiň kellesi suwuk nejasata bulaşyp, patlap ýere düşdi. Gözüniň yzasyna çydap bilmän urundy.
Şol wakadan soň elguşuň haly teňleşdi. Ýaban onuň gözüniň öňküliginde galmagy üçin, gije-gündiz aladalandy. Tebip çagyryp, em etdirdi. Bürgüdiň gözi kem-kem gowulaşdy. Ýöne onuň çep gözündäki şikesi aýrylmady. Ondan bäri on ýyldan gowrak wagt geçipdir. Ýaban şondan bäri her gyşyny çölde geçirýär. Bu gün welin onuň ýüzi çöle däl-de, Nurjan işanyň ogul öýerme toýuna tarapdy.
Ýaban toýa baranda, elguşlaryň ýaryşy entek başlanmandy. Oba adamlary atgaýtarym meýdanyň daşyna egele bolup durdy. Elguşly adamlar meýdandan birneme aňyrda kiçeňräk depäniň üstünde oýnuň başlanaryna garaşýardy. Oýun geçiriljek meýdançadan, olara tarap barýan ýoldan hem tomaşaçylar çykarylypdy. Ýaban märekä höwes bilen seretdi. Özüniň hem şunça adam ýygnap toý tutasy geldi. Hany, ol başardyp durmy näme?! Garyp bolsaň bu diňe arzuw bolup galjak.
Durdymyrat atyny gorgunyna sürüp, orta çykdy. Özüne seredýän märekäniň gowry ýigidiň göwnüni göterdi. Ol içki tolgunmasyny gizlejek bolup durmady. Tomaşaçylara ýylgyrjaklap, elini galgatdy. Ýaryşy başlamaga özüniň taýýardygyny duýdurýan äheňde, beýemçä baş atdy.
Durdymyradyň atynyň eýeriniň ganjygasyna inçe, uzyn ýüp getirip daňdylar. Ýüpüň beýleki ujy tilki gäbine berkidildi. Durdymyradyň borjy meýdanyň aňry çetine ýakyn dikilen ujy ýaglykly syryga çenli elguşa ýetdirmän gitmekdi. Eger elguş syrykdan bärde gäbi eýelese, şol guş ýeňiji hasaplanýardy.
Depäniň üstünde duran awçylardan ilki Nurgeldi orta çykdy. Ol ýaryşyň başlanandygyny habar berýän ýaglyk galgandan, elguşunyň başlygyny aýyrdy. Elguş eýesiniň elini uzadan tarapyna nazaryny dikdi. Atyň çekip barýan «tilkisini» görende gobsundy. Nurgeldi ony awa saldy.
Durdymyrat Nurgeldiniň elguşunyň gelýändigini görüp, syryga çaltrak ýetmek üçin, atyny yzly-yzyna gamçy çaldy.
Atyň yzyndan kowup barýan «tilki» bellibir ugur bilen gaçanokdy. Kä saga, kä çepe towsup, guşuň inmesini kynlaşdyrýardy. Şonda-da elguş gelip, «tilkiniň» üstüne batly gondy-da, ýiti dyrnaklaryny onuň kellesinden geçirdi. Durdymyrat muny görse-de wagty bilen ýüpi goýbermedi. Syrygyň deňinden geçip, yzyna seretdi. Näçe togalansa-da bürgüdiň gäbi goýbermändigine ol geňirgenip, hyrçyny dişledi.
– Haý, seniň bir... Näme üçin ýüpi goýbermediň? Bürgüt gäbe syrykdan aňyrda gondy ahyryn. Rast, oňaraňokmy, bärde görünme – diýip, Nurgeldi aňyrdan gelşine Durdymyradyň üstüne gygyrdy. – Bir maksatjygyň bardygyny ýaňy maňa ýiti-ýiti seredeniňdenem aňypdym.
– Tüweleme, elguş diýeniň şunuň ýaly bolaýsa – diýip, Durdymyrat hiç zat eşitmekden bolup parahat ýylgyrdy. – Bürgüdiňiz-ä gäbiň işini görüpdir, Nurgeldi aga. Muny eleme-deşik edäýipdir.
– Elguş üçin alada edilýändir, han ogul – diýip, öwgä az-kem gaharyny gowşadan Nurgeldi öňki hyrsyzlygy bilen jogap gaýtardy.
Ýaryş gyzdy. Ýaryşa elguş yzyna elguş goýberildi. Her elguşuň syrykdan bärdäki görkezen oýnuna, awa topulyşyna görä baýrak berildi.
«Tilki» awlamak gezeginiň Ýabana ýetendigini gören Durdymyrat öňki gyssanmaçlygyny goýdy. Iliň goh etmeginden howatyrlanyp, atyny gyssan ýaly etse-de, bildirgisizlik bilen atynyň jylawyny çekdi. Gaýta-gaýta yzyna seretdi. Ol bürgüt ýakynlaberende, ýüpi goýberdi. Tomaşaçylar ýüpüň öň goýberilendigini görüp gygyryşdylar.
Bürgüt aşagynda dem-düýtsüz ýatan gäbi birki gezek çokalady. Ol bu ýatanyň tilki däl-de, jansyz zatdygyny duýup, gahar bilen ganatlaryny pasyrdadyp gagyldady. Birden hem ýokaryk göterildi. Aldawçynyň öňdedigini aňan bürgüt aty didiwana mündürýän ýaly ýokarda birhowa sägindi-de, birden aşak indi.
Işine werdiş Durdymyrat öňden taýýarlanyp goýlan basrygyny atyň kellesine howul-hara ýapdy-da, özüni aşak oklady.
Bürgüt baryp atyň kellesine uruldy. Ol bu sapar hem aldawa düşendigini syzyp, gagyldady. Ganatlary bilen aty saýgylady. Hijisindenem oňly netije çykmandan soň, ol ýene asmana göterildi. Penjesi bilen basrygy-da alyp göterildi. Elguş esli ýokaryk galyp, basrygy aşak goýberdi-de, hüjüme täzeden häzirlendi. Muny gören Durdymyradyň haýýady göçdi. Dik depesinden şuwlap inen bürgüdi görüp, çirkin gygyrdy. Ýer bagyrtlady. Birdenem ol ok ýaly bolup, atyň aşaygna özüni oklady.
At bürgüdiň çokmasynyň, dyrnaklarynyň yzasyna çydap bilmän, çarpaýa galdy. Durdymyrat honda atylyp düşdi.
Ýaban aňyrdan geliş ugruna «haýt-haýtlap» bürgüdi eline aldy-da, ony bagryna basdy. Ol çekip gelýän ýüpüni ir goýberendigi üçin Durdymyrada käýejekdi. Ýöne ol ýüzi ak esgä dönen Durdymyrady görüp, gaharyny ýuwutdy:
– Ir goýbermäň bolanok, Durdymyrat. Gör, tomaşaçylaryň närazylygyny.
Biraz demini dürsän Durdymyrat özüne zor salyp, çalaja ýylgyrdy. Näme diýjegini bilmän sakawlady:
– T-tüweleme, e-elguş diýeniň ş-ş-şunuň ýaly bolaýsa, Gäbiň-ä işini gördi. A-at janawaryňam işini gördi...
– Haýwanam bolsa, aldasaň halanok – diýip, Ýaban elguşunyň kelesine başlygyny geýdirdi. Atynyň jylawyny yzyna burdy. Ol märekeden saýlanyp barýarka elguşuň ýüreginiň dükgüldisini eli bilen barlady, müýnli pyşyrdady. – Gaharlanma, bürgüdim. Bi oýun ahyryn. – Ýaban birsellem dymyp, ýene elguşuna ýüzlendi. – Biriniň aldanmagy beýlekä oýunmy diýýäňmi? Şeýle-dä.
Durdymyradyň elguşdan gorkup gaçyşy, çirkin gygyryşy, gäbi sypalap ýalym-ýulum etmesi Ýabanyň göz öňünden aýrylmady.
Rahym ýylma her sapar elguşly ýaryş boljakdygyny eşidende, oýny alyp barjagyň öýüne barardy. Ondan öz gezeginde atyny ýuwaş çapdyrmagyny haýyş ederdi. Ýalbarardy. Ogly at üstünde oturmaga ýaransoň welin, Rahym ýylma ýalbaryp ýörmekden dyndy. Ol ogluny ata çykardy. Eýdip-beýdip oglunyň ýaryşda oýny alyp baryjy bolmagyny gazandy. Durdymyrat her gezek kakasy orta çykanda, atyny gyssamady. Ýaban muňa çydam edip bilmändi. Ol beýemçiden oýnuň dogry geçirilmegini talap edipdi. Ýöne ol beýemçiden ýylgyrmadan başga jogap almandy... Oýnuň dogry geçmezligi-hä geçmezligi, Rahym ýylma ýaly ýene bir misginsokaryň döräp gelmegi Ýabanyň janyny ýakýardy.
Nurgeldiniň atyny säpjedip gelmegi Ýabanyň Rahym ýylma baradaky pikir uşlybyny üzdi.
– Ýaban aga! – diýip, Nurgeldi Ýabanyň gapdalyna geldi. Öňüne alyp gelen öwejini galdyryp, dabaraly gürledi. – Elguş ýetişdirmegi sizden öwrenmeli, Ýaban aga. Ýaňky ediberişiňize synym oturdy. Şonuň üçinem men size şu öweji peşgeş berýän.
– Peşgeş?!
– Ene süýdünden halal, Ýaban aga. Almajak bolmaň. Eger almasaňyz, men gaty görerin.
Ýaban Nurgeldiniň bolşuna geňirgendi. Öweji aljagyny-almajagyny bilmän, böwrüne diň saldy.
– Göwnüňize bir çiglik gidýär öýdýän? Bildimmi, Ýaban aga? Ýok, maňa ynanyň. Bu öweç meniňki däl-de, siziňki bolmaly – diýip, Nurgeldi sägindi. – Ýogsa-da, muny öýüňize eltişäýeýin? – Nurgeldi kibtindäki bürgüdini eline alyp, başlygyny aýyrdy. – Ýeri, begim, halyň niçik? Bar, sen öýe gaýt. Menem derrew bararyn. Görýäň-ä, men häzir işli. Ýaban aga ýaryşda alan baýragymyzy eltip bereýin. Barýançam garagolluk edäýmegin. Düşnüklimi?
Nurgeldi elguşuny uçurdy-da, başlygyny guşagyna gysdyrdy. Atynyň böwrüne depdi. Ol Ýabanyň öýüne baryp, öweji atdan düşürdi-de, daş-töweregine göz aýlady.
– Gelneje, aý, gelneje – diýip, ol gygyrdy. – Meniň getiren peşgeşimi kabul ediň! Gelneje-how, a-how, gelneje, çykyň daşaryk, Ýaban agamyň elguşunyň oýnuny görüp, ýaňy akylym haýran boldy. Şol oýun üçinem men Ýaban agama şu goýny ak ýürekden peşgeş berýän.
Jumagül daşaryk çykdy, adamsynyň ýetip gelýändigini görüp, ýene içerik girdi.
Nurgeldi atdan düşüp, öweji göterip, agyla saldy. Eden işinden göwnühoş bolup, öweje garaý-garaý yzyna öwrüldi.
– Munyň birhili bolýar. Nurgeldi.
– Hiç hilem bolanok, Ýaban aga! – diýip, Nurgeldi atyna mündi.
– Näme, gaýtjak bolýaňmy?
– Gaýdaýyn, Ýaban aga.
– Çaý içip git-dä.
– Taňry ýalkasyn, oturmaýyn.
– Mürähed-ä däl.
– Ýene bir ýol düşende...
Gapy açylyp, içerden eli saçakly Jumagül çykdy. Ol saçagy Nurgeldä uzatdy:
– Äl, şun-a oňaraýdyňyz, gelneje! – diýip, Nurgeldi ýylgyrjaklady. – Size gelip, duz datman gitmek birhili bordy.
Nurgeldi nanyň gyrasyndan bir çümmük döwüp aldy-da, ýüzugra töwir galdyryp, atyny gamça basdy.
Ýaban daşlaşyp barýan Nurgeldiniň yzyndan seredip ýylgyrdy. Ol keýpihon halda içerik girdi.
– Jumagül, hany, çaý goý bakaly. Ikimiz nemedip oturaly. Bi gün adamyňa näçe hyzmat etseňem azdyr.
Jumagül ojakda ot ýakmak bilen boldy. Ümsümlik Ýabanyň içini byjyklady. Onuň çaga ýaly şatlanasy, şol şatlygyny hem aýaly bilen paýlaşasy geldi. Bu günki wakalar şatlananyňa degýär ahyryn! Elguşy nätdi? Ine, saňa oýun! Durdymyradyň gorkusyna tas ýüregi ýarylypdy. Tomaşaçylar ýüpüň öň goýberilenine ilki närazy boldular. Ýöne elguşuň ediberişini görüp, göhleri geldi. Baý, gygyryşdylar-a. Ýaban öýüne bir günde iki mal getirdi. Şuňa begenmän, eýsem, nämä begenjek? Nurgeldi nätdi? Bir öweji goýdy gitdi...
– «Nurgeldi kireýsiz kilim kakjak adam däl» diýip obada gürrüň edýärler. Bize peşgeş beren boldy welin, munuň bir çöpi bar bolaýmasyn, çagalaryň kakasy? – diýip, Jumagül adamsynyň öňüne bir çäýnek çaý getirip goýdy.
– Menem onuň bi peşgeşine başda geň galdym, keýwany. Ýöne ol: «Şi goýun ene süýdünden halal!» diýip duransoň, sesimi çykarmadym. «Elguşy ýetişdirmegi sizden öwrenmeli» diýdi. Dogrusyny aýtsam, beýle peşgeş bermek tüýs jomardyň işi. Özümiziň-ä başarjak işimiz däl bi.
– Göwnüme, ol bizden bir zat hantama ýaly bolup dur, çagalaryň kakasy...
– Hantama bolar ýaly, bizde näme bar?
Aýaly hamana ärine diýjek sözüni rowa görmedik ýaly ýuwdundy-da, gaýdyp sesini çykarmady.
Içerik Hydyr girdi. Onuň üst-başy durşuna gandy. Ol eli bilen burnundan akýan gany saklap durdy. Muny gören Ýaban haýykdy:
– Näme boldy saňa? – diýip, ol zöwwe ýerinden galdy.
– Uruşdym. – Hydyr göwünsiz jogap gaýtardy.
– Kim bilen?
– Babageldi bilen.
– O nähili seni urýar? Ol senden neme ahyryn?
– Onuň guýrugy köp. Ýekeme-ýeke çyksyn!
– O nähili «guýrugy»?
– Guýrugy-da – diýip, Hydyr gaşlaryny çytdy. – Hemmeler şonuň tarapynda.
– Günäkärsiň – diýip, Ýaban aýalynyň eline tutduran kündügi bilen oglunyň ýüzüniň gan-kokuny ýuwmaga durdy. Ol oglunyň ýüzünde gatap ugran ganlary öl esgi bilen süpürişdirdi.
– On kakasynyň zady kän-dä. Bizde bolsa zat ýok. Şonuň üçin beýlekiler onuň tarapyny tutan bolýar – diýip, Hydyr kemsindi. – Sizem dyman bolýaňyz. Men Babageldini uran bolsam-a, oň kakasy derrew gygyryp gelerdi. Siz-ä baryp bileňzok.
– Babageldi nähak ýere uraýmaz. Belanyň körügi sendedir – diýip, Ogulsenem gürrüňe goşuldy.
– Sen-ä gepläbem oturma. Näme üçin oň tarapyny çalýandygyňy bilýän-ä. Saňa doganyň öläýsin...
– Ýeri, ýeri, munuň ýaly gepleri nireden tapyp ýörsüň?
– Onda nä: «Nähak ýere uraýmaz» diýýär.
– Dogry aýdýar. Özüň ýakymsyzlyk edensiň. Ümsüm durkaň, ol seni näme üçin ursun?
– Ol ýalan sözleýär – diýip, Hydyr gahardan ýaňa sandyrady. Onuň gözüniň owasy nemlendi. Ol dodagyny dişläp, zordan saklandy.
– Ol näme diýip ýalan sözleýär?
– «Kakaň ýaranjaň eken» diýdi. «Geçen agşam biz gulak asmasak hem öýümizde oturdy» diýdi. Menem: «Seniň kakaňy Hudaý ýigrenýär» diýdim. Ýalanmy näme? Hudaý ýigrenmedik bolsa, olaň bürgüdini almazdy.
Ýaban ogluny düşekçäniň üstünde ýatyryp, üstüni ýorgan bilen büredi. Hydyryň gaharynyň entegem köşeşmeýşine ýüregi gyýyldy. Ol oglunyň saňňyldaýan kiçijik elini aýasyna alyp gysdy. Bu Ýabanyň duýgudaşlygydy. Ýöne muňa Hydyr düşünmedi.
– Kaka, men Babageldini öldürjek – diýip, Hydyr bolan waka namys edýän ýaly hyrsyzlandy. – Onuň guýruklarynam öldürjek. Olar erkegem däl-laý. Ýeke-ýekedeý çyksynlar! Urulsamam: «Waý!» diýmäýin. Barysy Babageldä ýaranyp bilseler razy.
Hydyr birsalym gözüni ýokaryk dikip ýatdy. Ol birden garysyna galdy. Kakasynyň ýüzüne gaňrylyp bakyp, aýtjak sözüni agramlap görýän ýaly sägindi.
– Ýat, oglum, ýat.
– Kaka, onuň aýdýany dogrumy?
– Kimiň?
– Babageldiniň.
– Ýok-la. Diýýäniň näme, oglum?
– Zatlary bolanda näme... Baý, ýigrenji adamlar-a. Senem geçme şolara tarap, kaka! – diýip, Hydyr mydyrdady. Başyny ýassyga goýdy. Kakasyna gysmyljyrady. Ýaňy gahardan ýaňa ýüregi içine sygmadyk Hydyr kakasynyň ýanynda birneme rahatlandy.
4. TESELLI
Rahym ýylma bir hepde ýanar ot bolup ýatdy. Bir tarapdan elguşuň gitmegi, beýleki tarapdan üsgülewük onuň halys aňkasyny aşyrdy. Ysgynsyzlykdan ýaňa onuň başyny ýassykdan galdyrasy gelmedi. Indi birneme gyzgynynyň gaýdyşyp ugranyndan boldumy ýa mäşli-noýbaly unaşdan, ol gara suw bolup derledi-de, süýji uka gitdi. Ony daňdanlar gyzy oýardy.
– Kaka, kaka – diýip, Täzegül ýyljyraklaýardy.
– Näme? – diýip, ukudan oýarylanyna jany ýanan Rahym ýylma gaharly başyny galdyrdy.
– Buşluk, buşluk...
– Näme?
– Tiz elguşumyz gelýär.
– Ony nireden bilýäň?
– Men ony düýşümde gördüm. Algyrymyz ho-o Suwguýar kölünde bar eken. Ol asmandaka, meni tanap, elime gondy . Ol, baý, agyr eken-ä. Men oňa «Sen näme üçin bizden gitdiň? Biz seni gowy görýäs-ä. Sen gideliň bäri kakam kesel ýatyr. Ol seni gaýgy edip kesel boldy. Kakam ýatyrka-da, seniň adyňy tutup gygyrýar. Ja-an Algyr, bize geläý-dä. Bolýamy? Sen gelseň, kakam hökman sagalar. Indi seni hasam gowy görjek. Öz iýmeli et paýymy-da saňa bereýin. Kakamy sagaltsaň bolýa» diýdim. Ol: «Tiz bararyn, Täzegül. Garaş!» diýdi. Ol geler, kaka.
– Ejeň ikiňiziň düýş görmekden başga edýän işiňiz ýok. Hany, aýryl! – diýip, Rahym ýylma gaharlandy.
– Ynanaý, kaka. Elguşumyz geler. Ynha, görersiň.
Rahym ýylma ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, beýlesine agdaryldy. Täzeden uklamak, az-kem ymyzganmak isledi. Ýöne gyzynyň habary ony howsala saldy. Ol uludan demini aldy. Algyr bir ýerde horlanyp ýören ýaly duýuldy. «Ol juda akyllydy. Janymyň ýanýan ýeri, näçe ýyl geçse-de, men onuň başlygyny täzelemändirin. Ony täzelemäge ýagdaýym bardy ahyryn – diýip, Rahym ýylma çalaja pyşyrdady. – Şol göwşül başlygy bilen niçeme ýyl hyzmatymy etdi. Oňa altyn jygaly başlyk geýdirseňem azdy...»
Birden daşardan Algyryň sesiniň eşidilen ýaly bolmagy Rahym ýylmanyň pikirini böldi.
– Geldi, geldi! – Rahym ýylma ragbatsyz ýatyşyna garysyna galdy. Nämedir bir zada güýmenip oturan gyzyna gygyrdy. – Täzegül, nä otyrsyň? Elguşumyz geldi. Sesini eşitmediňmi? Bar, bar, çagyr! «Haýt, haýt!» diý. Bar çaltrak.
Kakasynyň elguş geldi diýen habaryny eşiden Täzegül begenjine tarsa ýerinden turdy-da, gapa tarap okduryldy.
– «Algyrymyz geler!» diýdim-ä men, kaka. Gelendir görseňiz. Siz bolsa: «Algyr indi gelmez» diýdiňiz.
Täzegül daşarda esli eglendi. Rahymyň uzak garaşmaga takady ýetmedi.
– Haýt, haýt! – diýip, ol ýerinden galdy. – Şolmy? «Haýt, haýt!» diý ahyryn. Ol birden gahar edip gidäýmesin.
Täzegül gapyny ýuwaşja açyp içerik girdi-de, sägindi. Gözýaşdan doly gözlerini kakasyna dikdi. Ol hiç zat diýmän, aljyrap, möňňürip aglaberjege meňzedi. Ol kakasyna nämedir bir zat aýtjak boldy. Ahyry saklanyp bilmän, yzly-yzyna sojap, sessiz gözýaş dökdi.
– Hany, ol? Ýeri, nä dursuň? Bu iki arada gözäşyň näme? Geple ahyryn! Lal açdyňmy? Elgeş nirede? Ýa ol gitdimi?
Täzegül aljyraňňy halda elini ýeňsesine ýetirdi. Ol uzyn çokulyny mäjumlap durşuna kakasynyň soragyna ýaýdançly başyny atdy. Onuň kakasyny gynandyrasy gelenokdy. Ol kakasynyň begenmegi, elguşuň gelmegi üçin hemme zada kaýyldy. Ol kakasyna bakyp, agy gatyşykly gürledi:
– Ol geler, kaka...
– Wah, seni ýer ýuwutsyn! «Haýt, haýt!» diýeniňde öläýermidiň? – diýip, Rahym ýylma gyzynyň dulugyna çaldy. – Haý, seniň iýeniň haram bolsun!
Täzegül awuşan dulugyny tutdy. Aglamazlyga çalşyp, şol bir gepini tekrarlady:
– Elguşumyz geler, kaka! Jumagül gelnejem hem algyrymyzy düýşünde görüpdir. Ol: «Algyryňyz hökman geler!» diýdi.
Rahym ýylma gyzynyň gepine gulak gabartman, howlukmaç daşaryk çykdy, töweregine göz aýlady. Elguşy üçin diken hekemine seretdi. Onuň şol bir gugaryp durşy. Rahym ýylma elguşunyň oturýan, naharlanýan ýerine barasy, oturasy geldi. Ýöne başynyň aýlanyp, mejalynyň gaçmagy ony yzyna dolady. Ol ýerine geçip süýndi. Elguşuň gelmändigini, sesiň ýöne eşidilendigini aňyp, ýorgany göwünli-göwünsiz üstüne çekdi. Ep-esli wagt içini hümledip ýatansoň, irkildi. Ol kimdir biriniň sesine oýandy. Kellesini ýassykdan galdyryp diňşirgenende, gyzy Täzegülüň gurjak oýnaýandygyny görüp, başyny ýene ýassyga goýdy.
Täzegül gurjaklaryny öňünde oturdyp, olara nämedir bir zat hakda gürrüň berýärdi.
– ...Algyrymyzy kakam gowy görýär. Olam kakamy. Elguşumyzyň kakamy görmese, içi gysar. Häli görersiňiz, Algyr geler-de, kakamyň eline gonar. Ol ajygandyr. Kakam ony derrew naharlar... Abadan, sen nä diňläňok? Algyrymyzyň geljegine ynanmaýaňmy? Ä? «Gelmez!» diýýäňmi? – diýip, Täzegül hatar bolup oturan gurjaklarynyň birinden sorady. – Sen ýalan sözleme. Algyrymyz geler. Ejemden sorap göräý...
Rahym ýylma elguşuň dolanmajakdygyny bilýän hem bolsa, gyzynyň sözlerine ynanasy geldi. Bu oňa teselli berdi. Keselläp ýatan bir hepdesiniň içinde ol ilkinji gezek ýylgyrdy.
Aýak üstündekäň wagtyň geçeni duýulmazdy. Ýöne Rahym ýylma düşekde geçiren bir hepdesi tutuş bir är ömri bolup göründi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, onuň halyndan habar alan-da köp bolmady. Ýüz-ýüze düşüp durandan soň mejbury gelýänler-de uzak oturmady. Rahym ýylma bu zatlary duýmazlyga saldy. Içinden welin olary ýigrendi. «Rast, näsagyň halyndan habar almaga geldiňmi? Otur. Gowuja-gowuja gürrüňler bilen onuň göwnüni göter. Ýagdaýyň bolsa agza ýakymly nahar bişirip getir – diýip, Rahym ýylma goňşy-golamlaryndan zeýrendi. – Beýlekilerden-ä ýene Ýaban gowy. Içinde kine saklaýana meňzänok, bende. Hiç zat bolmadyk ýaly, her gün gelip ýagdaýymy soraýar. «Näme kömek gerek bolsa çekinme, aýt. Adamyň başyny alyp duran dert ýokdur» diýýär. Özem iki elini burnuna sokup gelenok. Her sapar birhili naharjagaz hem bişirdip getirýär».
Ýaban bu gün hem iňrik garalyberende bir çanak kürtük alyp, Rahym ýylmanyň halyny soramaga geldi. Rahym ýylma ony gülerýüz bilen garşy aldy:
– Gel, Ýaban jan!
– Nähili, gowulaşýaňmy? – diýip, Ýaban getiren naharyny saçagyň bir gyrasynda goýdy. – Rahym, hany, şundan birazajyk nemet. Öz-ä ýaňy bişirildi.
– Hudaýdan gaýtsyn, Ýaban jan! Men senden örän razy. Çynym. Adamyň kimdigi şunuň ýaly günde bilinýär. Walla, men-ä seniň öňünde müýnlem.
– Aý, goýsana.
– Biziň bezzadymyz Hydyrguly janyň göwnüne degipdir. Adam boljak däl bu haramzada. Men munuň gözünde ot ýakaryn entek.
Olar özara gürleşip naharlandylar. Nahardan soň Rahym ýylma nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly gobsundy. Aýtjak sözüniň Ýabana nähili täsir etjegini ölçerýän dek çiňerildi:
– Pyşbaga arkan düşse, ýoldaşy oňa kömege gelýär. Süri bolup gezýän ýabany atlaryň serdary duşman görse ýazzyny beräýenok. Atar diýip howatyr etdigi, göni garşydaşyna tarap okdurylýar. Çarpaýa galaga-da, atjagyň öňünde böwet bolup, öz sürüsiniň aman galmagy üçin janyny orta goýýar. Ýetim galan gyzylýetene garlawaçjyklara ýat garlawaçlar hossarlyk edýär. Meniň bu zatlara gözüm gidýär. Ýaban jan. Çynym. Men adamlardan hem şeýle arkalaşyga garaşýan. Ýöne köpüsinden bu tamam çykanok. Gije ukudan galyp, tebip getirdiň. Soňam her gün halymdan habar alyp dursuň. Her geleňde azap edip, naharam getirýäň. Meniň-ä senden juda göwnüm bitdi. Ýöne men Nurgeldi bilen tirkeşen bolup ýalňyşdym. Haý, adam çig süýt emen-dä. Sähel gurp onuň gözüniň alnyny dumanladyp, howalasyny artdyrýar öýdýän. Adam muny diňe başyna iş düşende duýjak eken. Men samsykdygyma başym ýassyga ýetende düşündim. Çynym. Ine, Nurgeldi bir gezek hem ýagdaýymy soramaga gelmedi, doňuz. Mal soýup çagyrsam welin, ol geler. Meniň tarypymy ýetirer. Çynym...
Iki goňşy mesawy gürrüň edişip, giç agşama çenli oturdylar. Rahym ýylmanyň hoş sözi Ýabanyň öňki kinesini el bilen ýuwup aýrana dönderdi. Ol öýüne gaýdanda, süňňünde ýeňillik duýdy. Ýuwaşja ýöräp, iki öýüň arasyna basylan çetiniň deňine geldi. Ol öňünde duran iki garany görüp, sakga saklandy. Ara uzak bolmandan soň, gürrüň mesaňa eşidildi.
– Wah, men nädeýin-ä? «Men öýeriň!» diýip göni ýüzlerine aýdaýynmy? Öýlenmek baradaky meýliňi duýdurmak üçin, maňlaýyňy gabsa urmaly diýseler, gör edenimi? Gözümi ýumup, maňlaýymy bäş ýola gabsa urdum. Ejeme maňlaýymyň ganyny görkezip: «Maňlaýym gabsa degýär. Ýigit çykyp gidipdirin. Aýdaňzogam» diýýärin. Ejemem: «Ös, oglum, ös!» diýip, içimi ýakýar. Ýeri, men näme edeýin? Birki gezek ho aňyrrakda durup: «Ogluňyzy öýeriň, ogluňyzy!» diýibem gygyryp gördüm. Eşitmediksirediler. Ýöne sen gaýgylanma. Ýene biraz garaş, ezizim. Ynha, görersiň, hemme zat biziň isleýşimiz ýaly bolar. Nädersiň aňyrsy bir aýa ýetmänkä, ejem goltugy saçakly öýüňize alaýaz bolup baraýsa...
Gepleýäniň Durdymyratdygyny Ýaban bada-bat aňdy. Onuň gepine gülküsi tutdy. Mydama maňlaýyny çişirip ýören Durdymyradyň ýagdaýyna gyýylyp, ýylgyrdy, başyny ýaýkady.
Ýaban ömründe aýal maşgala bilen duşuşmandy. Diňe gijelerine köne güpjegi gujaklap, arzuw edipdi, hyýalynda aşyk bolan gyzy bilen duşuşypdy, onuň imrindiriji gözlerine bakyp, melullanypdy. Gyzyň ak gollaryndan tutupdy. Özüne emr edip bilmän galpyldapdy. Şol gyzgyn, ýüregiňi elendirýän elden tutup, özüne çekipdi. Utanjyndan gyzaran gyzyň şar gara uzyn saçlaryndan sypalapdy. Kellesini döşünde goýan gyzyň zenan ysyndan humarlanyp, özüni ele alyp bilmändi.
Ýöne boş arzuwlar bilen beslense-de, ol günler gowudy, biçak gowudy. Ýaban her güne, gyzy görjek her pursadyna sabyrsyz garaşardy. Gyzam ony horlap ýörmezdi. Ýabanyň eli işden sypyndygy mydama hyýalynda örboýuna galyp ýylgyrar durardy. Arzuw edip ýetilmedik zenan gujagynyň, oýnalmadyk saçlaryň, gör-ä, mähir-muhabbetiniň datlydygyny! Şol goňşy gyza birki agyz habar gatyp biläýse, Ýabanyň şol günki horramlygy has artardy. Ýöne şol gaýybana bagt hem Ýabany uzak läliksiretmedi... Gyz başga bir ýigit üçin ot ýakdy. Şondan soň ganatly, hyýaly duşuşyklaryň öňüne böwet basylana döndi...
Ýaban birmahalky ýarasyny gozgamak, hyýaly däl-de hiç bolmanda hakyky duşuşygy synlamak isledi. Duranlary bagtly saýdy. Olary bagryna basyp, içki harasadyny gowzadasy, şol hyýaly duşuşyklaryň hiç bolmanda bir ülüşjagazyny göz öňüne getiresi geldi. Ýaban duranlary has ýakyndan synlamak üçin eglip birki ädim öňe ätledi. Ol nämedir bir zada büdräp, zordan ýykylman saklandy.
Duranlar çiňerilişip, güpürdi bolan tarapa seretdiler. Gyz gorkujyna oglana gysmyljyrady. Soňam sarç maral kimin, yza ökje göterdi. Ýaban gyzyň öz öýüne tarap ýegedekläp barýanyny görüp hüşerildi. Oňa çenli aňyrdan Durdymyradyň inçejik azmly sesi eşidildi:
– Eý, ol ýerde kim bar?
Ýaban eli bilen ýüzüni tutdy. Ähli hyýallarynyň pagyş-para bolup, onuň gyýçaklarynyň hem ýüregini gyýandygyna düşündi. Ýaňky sowalyna hiç hili jogap bolmandan soň, Durdymyrat birki ädim ileri ädip saklandy. Bu sapar onuň sesi has-da çasly çykdy:
– Eý, erkek bolsaň, busup durma-da, tur! Ýogsam, ynha, özüm barýan! Tanat özüňi...
Ýaban gahar bilen ýerinden galdy:
– Dur, men saňa...
– Wiý-ý, Ýaban aga, sizmi? – diýip, Durdymyrat hyrra yzyna öwrüldi-de, sähel salymyň içinde gözden ýitdi.
Gyzynyň bolşuna Ýabanyň gahary depesine urdy. Töweregine garanjaklap, degenekli zat agtardy. Ol özüni maşgala namysyna deglen adam saýdy. Öýüne tarap hasyrdyklap barşyna garaňkynyň içinde ýene bir zada büdräp, honda atylyp düşdi. Agzy baryp ýer garbady. Ol hasyr-husur ýerinden turdy. Gaty zada degip möçügen dyzyny sypady. Agyrysyna çydap bilmän, gaşyny çytdy. Ol öýüne ýetip gelýärkä, nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly, birden kürtdürdi. Gyzy diňe ene urmalydygy, ata taýagyny iýen gyzyň bagtygara bolýandygy baradaky Nurjan işanyň sözleri Ýabanyň öňünde diwara öwrülip, oňa öňe ätlemäge maý bermedi. «Ene ene bolanda gyzynyň ähli pikir-zikirini biler» diýip, Ýaban aýalyna gaharlandy. «Ýa onuňam bir zatlardan habary barmyka?»
– Ýüzüňiz ak esgä dönäýipdir-le, çagalaryň kakasy? – diýip, Jumagül içerik giren adamsyna ýüzlendi.
– Jyn kowalandyr – diýip, ýorgandan kelelsini çykaryp ýatan Merdan jykyrdady.
– Ýigrenýänim gije entemek. – Ýaban ýorgan bürenip ýatan gyzyna bakyp hüňürdedi. – Heý, beýle-de bir neme bolarmy? Gyssanyp ölüp barýaňmy?
– Zeleli ýok-la, çagalaryň kakasy.
– O nähili zeleli ýokmuş?
– Käte bir gezmegem bor ahyryn. Köpden bäri öýdenem çykaňzok.
– Burnuň aşagynda bolup ýören nemelerden habaryň ýok seniň.
Hekemiň üstünde oturan bürgüt ganatlaryny pasyrdadyp, ikiýana urundy. Ýaban elguşunyň ýanyna baryp çökdi. Ony gaharly, entegem sandyrap duran elleri bilen sypalaşdyrdy. Tanyş eli duýan bürgüt rahatlandy.
– Elguşumyz-a ýaňydan bäri pasyrdap dur, çagalaryň kakasy – diýip, Jumagül ody ölçerdi.
– Kündügiňde gyzgyn suw barmy?
Jumagül adamsynyň bu soragyna gyzardy. «Nä ýataňok, ýat!» diýän terzde oda çoýunyp oturan Hydyra alarylyp bakdy. Oglanjyk howlukmaç ýorgana sümüldi.
– Kündügiňde gyzgyn suw barmy? – diýip, Ýaban ýene öňki soragyny gaýtalady.
– Bar öz-ä, çagalaryň kakasy...
– Hydyrguly, gel, suw akyt, oglum – diýip, Ýaban bir gyrada duran tagarany ojagyň ýanyna süýşürdi. Bürgüdi tagaranyň içine salyp, onuň kellesindäki başlygyny aýyrdy-da, gapdalynda goýdy. Ol entegem köşeşmedik sandyrawuk sesi bilen ogluny ýüzlendi:
– Hany, akyt!
Mylaýym suw bürgüde ýarady. Ol gymyldysyz durdy. Gözlerini süzgekledip şu pursadyň uzaga çekmegini isleýäne meňzeýärdi.
– Görýäňmi muny? Her gün suwa düşesi gelip dur. Sen bolsa beýle däl – diýip, Ýaban ogluna gyjalat beren boldy. Ol ojagyň gapdalynda düşekçe ýazyp, bürgüdi ýatyrdy. Çaltyrak kepetmek isläp, elguşuň ýeleklerini barmaklary bilen daraklady. Bürgüdiň ýelekleri kepänden soň, Ýaban ony hekemine getirip oturtdy. Bürgüdiniň rahat oturşyny synlap, düşegine geçdi. Ol özüni hernäçe arkaýyn saklajak bolsa-da başarmady: gyzynyň duşuşyga çykmagy onuň aňyndan aýrylman, kejebesini daraltdy. Ol gözüni açyp ýatyşyna Hydyr Babageldiden urlup gelende Ogulsenemiň bolşuny, Rahym ýylmanyň halyny soramaga baranda Zöhräniň alçaklygyny, Durdymyradyň ýaryşda atyny howlukdyrman, ýüpi wagtyndan ir goýbermesini ýatlady. Ýatladygyça-da köp zatlar oňa syrly göründi.
«Sen ömrüňe sada bolup, agzyňy öweldip geçjeg-ow! – diýip, ol öz-özüne käýindi – Seni öňýeten aldaýar, öňýeteniň oýny seňkiden rüstem. Gel-gel, indi bir ýassyga baş goýýan aýalyň bilen biliňden önen çagaňam saňa rakyplyk etse... Muňa nädip çydap bolar?.. Gözügaralyk gursun, birneme aýnatdyk çagalary, başkyjalarymyzy elimizden uçuramyzsoň. Ýöne sen çaga dözseňem, ol seniň gamyňy iýip baranok. Gör bolýanyny!.. «Ýaşlykda gyzyny urmadyk, soň buduna urar» diýipdir-ä köneler...
Ol gyzyny sag-aman durmuşa çykarmak isledi. Ýaban bu zatlary unudyp, az-kem göwnüni açmak üçin ertesi awa gitmegi ýüregine düwdi.
Kakasynyň awa gidýändigini aňan Hydyryň hem çöle – şol gürrüňi edilýän keýigiň ýanyna gidesi geldi. Ol bu barada kakasyna aýtmagyň ebeteýini tapman horlandy. Ahyr hem ol ýüregine daş baglady. Ýalňyz oglunyň haýyşyna ata: «Ýok!» diýip bilmedi.
Çöl Ýaban üçin hemme zat. Ol özüniň begenjini-gynanjyny çöl bilen paýlaşýar. Çöl Ýabana hemişe düşünýär. Ol bu sapar hem şol giňligi bilen ataly-ogly garşy aldy. Demirgazykdan öwüsän ýel göýä Ýabanyň sowuk pikirlerine ulaşyp, alaňlaryň arasy bilen alyslara howlugýana çalym edýärdi. Ýel çaly-çerkezlerde özboluşly mylaýym saz çalýardy. Şol saza goşup aýdym aýdasyň gelýärdi. Ýöne Ýaban aýdym aýdaýmaz! Aýdym aýdar ýaly bolup çöle çykdymy näme ol? Ýaban her sapar aýdym aýtmaga hyýallananda, şol garaňky gijedäki wakany ýatlap suslanaýýar.
Bir gezek Ýaban oba dolanyp gelýärkä keýpi çaglanyp, aýdyma zowlatdy, gygyryp-gygyryp, göwün solpusyndan çykdy. Ol aýdym aýtmagyny goýanda, yzyndan duýdansyz çykan hyşşyldy onuň depe saçyny düýrükdirip gitdi. Ýaban «ýalt» edip yzyna seretdi. Äpet kepjebaşy görüp tisgindi. Kepjebaş münüp oturan atyndan onçakly uzakda däldi. Ol: «Hany, ýene aýdym aýt!» diýýän terzde barha Ýabana ýakynlaşýardy. Güýmeň-süýmeň etseň, onuň üstüňe topuljakdygy ikuçly däldi.
Ýaban aýdyma başlady. Ilki «Haraýym döndini», soň «Durasyň geleri» aýtdy.
Kepjebaş tä oba barýança aýdym diňledi. Oba inilýän ýerde ol ýene bir haşşyldady. Bu onuň hoşallygy bolarly, şondan soň ol Ýabanyň yzyndan galdy.
Öňler kepjebaşlar aýdymhon bolýar diýseler, Ýaban kes-kelläm ynynmazdy. Şol wakadan soň ynandy. Onda-da nä ynanmak?! Ýöne onuň aýdym aýtmagy galdy. Muňa kepjebaşyň başga bir hereketi sebäp bolupdy. Şol wakadan bir hepde töweregi wagt geçenden soň Ýaban aýdymhon kepjebaşy Ýylgynly oýunda ýene görüpdi.
Oýdaky çalynyň gapdalyndan pyşbaga ýuwaşlyk bilen ýokaryk çykdy. Muny gören zemzen haşyldap onuň üstüne towusdy. Pyşbaganyň çykan ýerini köweläp kiçeňräk ýumurtga çykardy. Ýöne ony ýuwutmaga ýetişmänkä, zemzeniň ýanynda kepjebaş peýda boldy.
Pyşbaga aýaklaryny içine ýygryp, kellesini çala çykaryp durdy. Ol öz ýumurtgasy üçin dawa edýän ýylan bilen zemzene seredýärdi. Olaryň çaltrak gitmegine, çykarylan ýumurtgasyny çägä süsdürmäge howlugýardy.
Zemzen ýylany kowjak bolup guýrugyny tarpyldadýardy, boş haýbat bilen haşyldaýardy. Kepjebaş hem yza teserli däldi. Ol kellesini çişirip, esli ýokaryk galdy. Haçja dilini zuw-zuw çykaryp, haýbat atdy. Ol birek-birege haýbat atyp durmagy uzaga çekdirmek islemedi, zemzeniň ganakaryna «hylç» etdirip agyz saldy-da, yza çekildi. Hüjüme häzirlendi.
Zemzen yzasyna çydap bilmän, ikiýana urundy. Ýylanyň çakan ýerine agzyny ýetirjek bolup çalyşdy. Ähli synanyşygy şowsuz boldy. Ol kem-kem ysgyndan düşüp, iki tarapa entirekledi. Beýleräkde ýaňy ýerden saýlanan ýüzärlige ýylanyň çakan ýerini terslin-oňlyn süýkäp, birneme özüni tutdy. Birhaýuk doňan ýaly bolup durdy-da, ýene garşydaşyna tarap okduryldy. Ol bu sapar säginmän garşydaşynyň üstüne süründi. Kepjebaşyň bilinden dişledi. Çakmak üçin ýylan kellesini aşak uzadanda, zemzen çaltlyk bilen onuň kellesine agyz saldy. Kellesi çeýnelen kepjebaş janhowluna ikibaka urundy. Onuň hereketleri barha haýallady. Soň ol-da galdy.
Gyssanmaçlykda zemzen endamyndan ýylanyň zäherini doly aýryp bilmändi. Ol ýumurtganyň ýanynda jan berdi. Ýylanyň çakan ýerinden onuň sary içegeleri görnüp durdy.
Oýda tilki göründi. Ol pyşbaganyň ýumurtgasyny lak-luk atdy-da, sähel salymda gözden ýitdi.
Henizem kellesini gapagynyň aşagyndan çykarmaga gorkup duran pyşbaga Ýabanyň ýüregi awady. Aýdymhon ýylanyň pyşbaga ýumurtgasyny zemzenden aljak bolşy Ýabana erbet täsir etdi. Ol kepjebaşy aýdyma düşünýär diýip hormatlapdy. Ol hakynda çagalara gürrüň hem beripdi. Ýaban Rahymyň adamlar pis gylyklary haýwanlardan öwrenipdir diýen pelsepesini ýatlady.
Şol wakadan soň Ýabanyň hiňlenmesi galdy.
Parahat ýöräp barýan at birden ürkdi. Atyň öňünde ýodada iki sany syrtlan durdy. Olary gören Hydyr gorkujyna gygyrdy.
– Haý, seniň batyr bolaýşyňy! – diýip, Ýaban ogluna azgyryldy.
Syrtlanlar aljyrady. Hüjüm etjeklerini-de, yzlaryna öwrüljeklerini hem bilmän, esli salym durdular. Ahyry yza çekilmegi namys bilýän ýaly, hyňranyşyp, duran ýerlerinden öwrüldiler-de, adamyň ýolundan sowuldylar.
– Eger beýle nemedigiňi bilen bolsam, alyp gaýtmazdym.
– Men gorkamok, kaka.
– Ony özüm gowy bilýän.
Hydyr esli wagtlap özüni dürsäp bilmedi. Itden ulurak, çalymtyk reňkli, ala-mula haýwanyň syh-syh bolup duran irimçik tüýleri, hyrsyz keşbi Hydyryň göz öňünden gitmedi. Olar barha ýakynlap gelýän ýaly duýuldy. Hydyr kakasyna gysmyljyrady. Ol birden eseldi, başyny galdyrdy.
Ýaban oglunyň ýagdaýyna düşündi. Ýöne duýmadyksyrady. Setanda-seýranda öňlerinden çykýan keýiklere, towşanlara syn etdi. Olara seretdigiçe-de oýa batdy. Haýwanlaryň topar bolup gezýändigi, ýöne olar üznüksiz gyrlyp duransoň, uly sürüden ýekejesiniň galýandygy, ony beýleki sürüleriň kabul etmeýändigi, şonuň üçin onuň öz göbegini özi kesmeli bolýandygy baradaky gürrüňleri ýatlady...
– Kaka, kaka! – diýip, Hydyr birden begençli gygyrdy. – Ha-ana keýik! Seret, özem ol bize tarap gelýär.
Keýik gelip, atyň aýagyna uruldy. Ýabanyň aýagyny ysgady. Keýik esli ýylyň aýraçylygyndan soň duşuşýan ýalydy. Ol Ýabana gysmyljyrap, enaýyja sesi bilen çekredi. Keýigiň gelşiklije kaddyna seredip, Hydyryň göwni göterildi.
– Haý, biçäre! – Ýaban atdan düşüp, keýigiň arkasyna kakdy. Janawer onuň ýüzünden dili bilen ýalamaga başlady. – Boldy, boldy. Hany, indi rahatlan!
Ýabanyň keýige haýpy indi. «Baryna men günäkär» – diýip, ol içini gepletdi. – Hemişe ot getirip berip, men seni nalajedeýin etdim. Indi özüňe ot gözlemelidirem öýdeňok. Ýeri, birden men öläýsem nätjek? Ä? Seni läliksiredip, gör, nä derejä ýetirdim men? Saňa möjekdir gaplaňlaram hyrydar bolanok. Arkalydygyňy bilýärler öýdýän».
Bu oý keýigiň dünýä inen, ýörjeň-ýörjeň bolan, enesinden aýra düşen ýeridi. Şonuň üçin bolsun gerek, onuň bu oýdan çykasy gelenokdy. Aslynda welin ol allowarralara gidip otlap geläýmeli ýaly. Edenok. Nirä gitse-de, tiz dolanýar. Ýabany näçe gowy görse-de, bellibir çägi saklaýar. Her gezek ony öňdäki depä çenli ugradýar. Bökjekleýär, oýnaýar. Depäniň deňine gelip saklanýar. Çagyryşa-da baranok. Ýaban tä gözden ýitýänçä seredip durýar.
Ýaban elguşy ojaryň şahasynda oturtdy-da çalmara girip, içerik birlaý göz aýlady. Şol öňki goýan ýerinden tüňçesini aldy. Tüňçäniň ozalkysyndan arassadygyna geňirgendi. Çalmardaky göwşülrägem bolsa bir ýorganyň, iki güpjegiň bardygy ony hasam geňirgendirdi. Ýaban tüňçäni suwdan dolduryp durşuna, bulary kimiň goýup biljekdigi barada oýlandy. Emma bellibir kişini göz öňüne getirip bilmän, ot ýakmak bilen boldy. Tüňçäni oda süsdürdi. Öýünden getiren ýarty zagarasyny oduň gyrasynda keserdip goýdy-da, arkasyna çöp diräp, ony gyzdyrmaga durdy. Zagara sähel gyzandan, ony arka ýüzüne öwürdi.
Tüsse hemişe töweregine ýaýrap, gözüňi ýaşardardy. Bu gün beýle däl, ähli tüsse burum-burum bolup asmana galýar. Bu gar ýagjagynyň alamaty bolsa gerek. Ha-ana kybladan bulutlar bärik süýşüp gelýär. Ol asmanyň ýüregine berç bolan düwünlere meňzeýär. Ýöne, olar, ynha görersiň, bir ýerik bararlar-da, göwünlerini egserler. Adam ýüregi hem şeýle bolsa bolmaýarmy?! «Erkege aglamak aýyp» diýýärler, onda bulut ýaly düwünleri nirede egsilmeli?!
– Kaka, seret, bulut gelýär. Özem olar keýige meňzeýär-laý. Hä? – diýip. Hydyr oda seredip oturan kakasynyň synyndan çekdi. Ýaban ogluna näme jogap berjegini bilmän, çala başyny atdy. Lakyrdap ugran tüňçäni otdan aldy-da, çaý demledi. Üç ýola agdaryp, käsesini tüňçäniň agzyna gapak edip, çaýyň demini alaryna garaşdy.
Ýakyn aralykdan möjekleriň uwwuldysy eşidildi. Uzak wagt geçmänkä-de, olaryň özleri göründi. Uly orda çalmara ýakyn depäniň üstüne gelip sägindi.
Hydyr bu sapar kakasyna gysmyljyramady. Gorksa-da, özüne erk etdi. Ol oba itlerinden sähel ulurak bu çal ýyrtyjylara gözüni tegeläp seretdi.
– Gorkma, oglum!
– Men... men gorkamok, kaka!
Möjek ordasy uzak saklanman, sähel salymda gözden ýitdi.
– Gel, oglum, çaý içeli!
Ataly-ogul çaý içdiler. Hydyr kakasyna gysmyljyrap oturşyna oda gyzdyrylan zagarany hezil edip iýmäge başlady.
– Kaka... – diýip, ol düwündi. Birki gezek çaý owurtlap, sözüni dowam etdi. – Kaka, hiç kime aýdaýma. Bolýamy?!
– Nämäni?
– Meniň gorkanymy-laý. Babageldi eşitse, onsoň gutarmaz. Kikirdäp, ýürege düşer.
– Sen: «Gorkamok!» diýdiň-ä?
– Gorkdum-laý, kaka – diýip, Hydyr ýüzüni ýere saldy.
Powestler