22:08 Algy-bergi / satiriki hekaýa | |
ALGY-BERGI
Satiriki hekaýalar
Men öýlendim. Günlerde bir gün kakam meni ýanyna çagyrdy. - Oglum, ýene tegelejik bir müñ manatjyk bergimiz galdy. Indi şony beri özüñjik üzeweri - diýip, kakam halys ýetdirendigini boýun aldy. Menem: - Kaka, ony oñararyn - diýdim. - Şeýt, oglum, şeýt. Men gaýynlarym bilen gaty basym hasaplaşdym. Ugruny-ýoluny tapdym. Öýümizdäki keçämizi satjak bolmadym. Bir dostum bardy, magazin müdiridi, onuñ ýanyna bardym, ýagdaýymy aýtdym: - Janyñ sag bolsun, geregiñ şu kagyz pul dälmi? - diýip, magazin müdiri Meret ýylgyrdy. - Ynha lükgeligi bilen alaý, sanalgyja durandyr. Müñdür - diýip, dostum Meret mertlik etdi. - Bir ýyl puryja berersiñ. - Bolar. Bir ýyl bolmasyn, bäş ýyl bolsun! - Ýok, ýekeje ýyl möhlet ber, üzerin. Men bergim bolsa ynjalykdan gaçyberýän - diýdim. Bir ýyl geçdi. Başga bir dostum bardy. Ýanyna bardym. - Ýekeje ýyl möhleti bilen bir müñ manat karz ber - diýdim. - Bolar. Ýüzlükdenmi, ellilikdenmi?! - diýip, lomaýdan urýan söwdagär dostum Ýalkap, gyzyl dişlerini lowurdadyp güldi. Menem, şeýlelik bilen, peýdakeş dostum Ýalkapdan bir müñ manat puly aldym-da, magazin müdiri bolup işleýän dostum Merede "sag bolsuny" bilen gowşurdym. Aý aýlandy, gün geçdi, ýyl çalyşdy. Özüni oñarýan garyndaşlarymyzyñ biriniñ ýanyna bardym. Ondanam bir müñ manat karz aldym-da ony Ýalkaba eltip berdim. Meniñ bu pully operasiýama, buhgalteriñ dili bilen aýtsak, debit, kredit diýilýär. Arada pul karz almaly adamlaryny spisok etdim. Spisogy men-ä 2000-nji ýyla çenli düzäýdim. Ondan soñkusyny soñ görübereris-dä. Ýigrimi birinji asyryñ başyna çenli gaýyn atam bilen gaýyn enemiñ gaty garrap, huşdan galaýmaklary mümkin. Belki, ol döwre çenli ýigrimi dagy ýaşajak gyzymyzdan bäş şaýy öner. Käsi "ýigrimi birinji asyryñ başlarynda galyñ bolmazam" diýjek bolýar. Käbir adam "galyñ ýatdygy, pul syndygy biläý" diýýär. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |