15:43 Alkyş ýaranyñyz bolsun | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ ALKYŞ ÝARANYŇYZ BOLSUN! Alkyş hem gargyş – antonim sözler. Ikisi-de kapyýalaşyp dur, olaryň birinden mele-myssyk çöregiň howry urýar, beýlekisinden – ýylanyň sowuklygy. Olar söz däl, olar sözden ýasalan obrazlar. Alkyş sözi aýdanyňda, kalbyňa nur çaýylýan ýaly bolýar, gargyş sözi aýdanyňda, endamyňda jümşildi peýda bolýar. Beýik Magtymguly: Gargyşym daglarny mum deý eridir, Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym – diýen setirleri ýazanynda, ýigriminji asyryň aýaklarynda «gargyş» diýlen närsäni alymlar derňäp-öwrenip, hakykatdanam, gargyşyň zäher siňdirilen ok ýaly çenelen, nyşana alnan adamyny weýran edýändigini ylmy taýdan öwrenjeklerine göz ýetirip ýazan däldir, ýöne beýik akyldar gargyşyň örän ýowuz güýjüniň bardygyna weli ynanandyr. Ýazyjy Kömek Kuly «Gargyş mama» atly bir gowy hekaýa ýazdy. Şol hekaýa meňzeşräk bir rowaýaty Maryda komandirowkada bolup ýörkäm eşidipdim. Rowaýatyň manysy şeýleräk: Bir adamyň ýaňyja bazardan getiren pili ogurlanýar. Pilem, näme, daýhanyň gün-güzeranynyň açary-da. Pilini ogurladan näme etjegini bilmän, ýalňyz ýaşap ýören, gargyş etmäniň ussady bolan kempiriň öýüne barýar. Hal-ahwal soraşyp, kempire gelmeginiň sebäbini aýdýar. Kempir bolsa halymsyrap: – Balam, men bu gün gaty ýadapdyryn, sen bu gün gaýt, bu gün meniň gargamaga rowgatym-da ýok, güýjüm-de. Aňrymda çogup duran ýigrenjim-de ýok. Sen ertir irdenjik gel, piliňi ogurlan bilen bellisini edip bereýin – diýýär. Pilini ogurladan kes-kelläm gaýtmaýar, ahyry onuň gitmejegini bilen kempir gaýrasyny garap oturyp, iki penjesini tersine göterip: – Balam, seniň piliňi alan kişiniň ilkinji depen gumy özüniň gabry bolsun-da, ylaýym! – diýip başlaýar weli, pil ogurladan: – Aý, boldy, boldy, mama jan! Tükedewer, mama jan! Güýç-rowgatyň ýokka, gargyşyň şu bolsa, ertir irden dagy ol bendäni tükgerdäýjek sen! Men pilden geçdim, mama jan! – diýipdir. Gargyş – çawup ýören ok, ol kime çenelip atylan bolsa, ol adamam şol gargyşa mynasyp däl bolsa, oňa ýokman, oňa degmän çawup-çawup özüňe gaýdyp gelermiş. Hakyň Resuly Muhammet pygamber hem hadyslarynyň birinde gargyşyň şeýle häsiýetiniň bardygy hakda aýdyp geçipdir. Gargyş ýedi ýyllap özüniň güýjüni ýitirmezmiş. Moskwanyň Diller-ylmy barlag institutynyň lingwistleri biologlar bilen örän täsin eksperiment geçirip görýärler. Nähilidir bir apparatyň kömegi bilen haýsydyr bir ösümligiň dänesine gargyş sözlerini nygtap-nygtap aýdýarlar. Gargyş siňen tohumlaryň bir bölegini ekip görýärler, olaryň ählisi diýen ýaly gögermeýär. Gargyş siňen tohumlaryň ýene bir bölegine apparatyň kömegi bilen alkyşly sözleri aýdyp, ekip görýärler weli, olaryň ählisi şineläp, gögerip çykýar. Alymlar bu synagy suwda, beýleki ýerlerde geçirip görüp, gargyşyň eýmenç güýjüniň bardygyny açypdyrlar. «Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar» diýýän beýik söz ussady Magtymguly, hakykatdanam, gargyşyň eýmenç güýjüniň bardygyny takyk bilipdir. Adamyň kalbynda iki hili tohum bar: biri – gargyş. Ol tohumdan duşmançylyk, bedibagtlyk, uruş hasyl bolýar. Beýlekisi – alkyş. Ol tohumdan dostluk, abadan durmuş, bagtyýarlyk hasyl bolýar. Dünýä gelen adam ogly, haýsy tohum ekseň ek, aljak hasylyň eken tohumyňa görädir. Men özümde şeýle bir zady synag edip gördüm. Sizem synap görüň: Awtobus duralgasynda dursuň, awtobus gelenok. Hiç kim hiç kim bilen gepleşmeýär, zol sagadyna seredip duranlaryň köpüsi özüni iýýär. Sen şonda awtobusa garaşyp durana lak at, onuň hoşuna geläýjek sözleri aýt, şonda sen hem garaşýanyňy unudarsyn, ol hem. Seniň hem göwnüň giňär, täze tanşanyň hem. Adamy hem miwesinden tanaýarlar. Adamyň miwesi – söz. Sen duranlara bal ýaly miwe-de hödürläp bilersiň, zäher ýaly miwe-de. Saňa bu dünýäde miwäňe görä baha berilýär, ol dünýäde-de miwäňe görä baha berilse gerek. «Gyzgan bolsaň, jennetde nä körüň bar?!» diýler! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |