16:49 Allak kaka, alsana meni! / gülküli hekaýa | |
ALLAK KAKA, ALSANA MENI!
Satiriki hekaýalar
Allak kakanyň ýatkeşligi ýabygorlydy. Aslynda ol ýaş mahallaram özüniň huşsuzlygyndan zeýrenip ýören adamdy, indi-hä ýaş-ýeleňem däl, alty onlugy tegeläp ýör. Iň bärkisi, kimdir birinden karzyna pul alsa-da, soň ony yzyna gaýtaryp bermegi ýadyndan çykarýardy. Bardy-geldi algydary ondan karzyna alan puluny yzyna sorap geläýse dagy, birbada ör-gökden gelmesi bardy. „Men alypdyrynmy, men senden karz pul alypdyrynmy?“ diýip, gaýta algydaryny aldym-berdime salardy. Onsoň “Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer“ diýlişi ýaly, obada Allak kakany tanan kişiler gaýdyp onuň bilen algy-bergi söwdasyna baş goýmazdy. Gürrüň diňe bir algy-bergide-de däldi. Ogluna ýegenim, gyzyna gelnim diýse, keýwanysyna goňşym diýip başlady. Aý, indi bu zatlar bilen öýdäkilerem, daşardakylaram halys öwrenişip gidipdi. Arada onuň altmyş ýaşynyň şanyna çagalary üýşüp, el telefonyny sowgat edäýmezlermi? Allak kakanyň şondaky begenäýşini!? Otursa-tursa el telefonyny ýanyndan aýyrmady. Ýogsam, oňa gün içinde bir gezek jaň edýänem ýokdy. Onda-da, telefonyny ile-güne güjeňläp, daşyndan guwanmasy näme degmeýär. Bir gün welin telefon bilen bagly bir waka boldy. Allak kaka aram-aram el telefonyny ýitirip, goýan ýerini unutmany çykardy. Onsoň ony tapyp bermek ululara-da, kiçilere-de iş boldy. Hernä agtyklaryndan biri wagtynda bu ýagdaýyň çäresini tapdy oturyberdi. Ol atasynyň telefonyna jaň edilende: “Allak kaka, alsana meni!” diýen ýazgyny oturtdy. Şeýdibem, ýiten telefony gözlemekden dynaýdylar. Hezil bolaýdy, Allak kaka telefonymy tapamok diýdigi, oňa başga bir telefondan til kakýaň welin, ol nirde bolsa-da : “Allak kaka, alsana meni!” diýip, jogap berip dur. Arman, telefonyň bu hezilligi hem uzaga çekmedi. Bir gün ýene-de Allak kakanyň telefony ýitdi. Uzakly günläp gözlediler, jaň etdiler, haýp, olaryň jaňyna jogap beren bolmady. - Atasy, telefonly daşary çykyp, soňam oturan ýeriňde unudyp gaýdan bolaýma! Ýogsam, ol öýde bolsady, birçak tapylardy—diýip, keýwanysy dillendi. - Ýok, men daş çykmadym, - Wiý, atasy, saba bilen içi gawun paçakly bedräni zibile döküp gaýtdyň ahyryn. Belki telefonyňam şonuň bilen... - Men hapany çetki çelege gapgarybam yzyma gaýtdym, men ol ýerik telefonsyz gitdim. - Gel, şeýdeli atasy, sen hapany gapgaran çelegiň ýanyna bar, me, şu telefondanam jaň et, eger aňry ujy bar bolsa, telefonyň “Allak kaka, alsana meni!” diýip hökman seslener—diýip, tabşyrypdyr. Allak kaka keýwanynyň telefonyny alyp, onuň aýdyşy ýaly, öýden uzak bolmadyk ýerde hatarlanyşyp goýlan hapa dökülýän çelekleriň iň çetkisiniň ýanyna baryp aýak çekdi. Daş-töwerege göz aýaldy, çekine-çekine, öz telefonynyň belgilerini aýlaşdyrmaga durdy. Geň göräýmeli, garşysynda duran çelekden ses-selem çykmady. Ýöne haýsydyr başga bir çelekleriň birinden welin: “Men bäride!”, ”Men bäride!” diýen telefon sesi eşidildi. Allak kaka diňşirgenip esli durdy. Ýöne bu jyňňyrdynyn özüňki däldigini bilensoň ýene-de, öz telefonyny arap, yzly-yzyna jaň etdi. Jogap welin bolmady. Ýöne hälki çelekleriň birinden welin henizem “Men bäride!”, “Men bäride!“ diýen jyňyrdyly ses töwerege ýaňlanyp durdy. Allak kaka arkasyna öwrüldi. Geň görmeli, ýaşy gaýdyşyp ugran bir gojanyň çeleklere bakan dynman telefon belgilerini aýlaşdyryp duran eken. Allak kaka oýlandy. Özi ýaly başga-da bir dertdeşiniň barlygyny görüp, özüniň düşen gününe şükür etdi. Goçy ANNASAHEDOW, ýazyjy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |