11:33 Altyndan-da gymmatly pähim-paýhaslar | |
ALTYNDAN-DA GYMMATLY PÄHIM-PAÝHASLAR
Edebi makalalar
(Mahmyt Zamahşarynyň «Altyn halkalar» eseri dogrusynda) Türkmen halkynyň milli pelsepesiniň kökleri watansöýüjilige, ynsanperwerlige, halallyga, ýagşylyga, ahlak päkligine ýugrulan pähim-parasatlary özünde jemleýän milli edebi mirasymyza daýanýar. Şol nusgalyk pelsepeler häzirki zamanda hem jemgyýetimiziň ruhy kämilligine hyzmat edýär. Ynsanyň ruhy höregine öwrülen kämil eserler asla ähmiýetini ýitirmän, wagt geçdigisaýy olaryň gadyr-gymmaty barha artmak bilen bolýar. Orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň (1075-1143) miras galdyran eserleri hem gadyr-gymmaty barha artýan milli edebi gymmatlyklarymyza degişlidir. Türkmeniň akyldar oglunyň eserlerine ýüzlenmek, olaryň gatlaryndaky gymmatlyklary öwrenmek we rowaçlandyrmak haýyrly amallardandyr. Hormatly Prezidentimiz Zamahşary hakynda: «Öz döwründe watandaşlarynyň buýsanjy bolup ýaşan, döwürdeş alymlarydyr şahyrlary tarapyndan «Horezmiň guwanjy», Allama – Beýik alym, Jarulla – Allanyň goňşusy, Arap we arap däl milletleriň mugallymy ýaly belent mertebelere eýe bolan Zamahşary häzirki zamanda hem külli türkmeniň, akyl-paýhasa gadyr goýýan bütin adamzadyň buýsanjydyr, guwanjydyr, mertebesidir» (Berdimuhamedow G. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. – Aşgabat: TDNG, 2008,115 sah.) diýmek bilen, beýik türkmen alymynyň mertebesini has-da belende galdyrdy. Ýurt Baştutanymyzyň gönüden-göni aladalary bilen alymyň ylmy-edebi mirasyny halkara derejesinde çuňňur öwrenmek we ony jemgyýetçilige aýan etmek üçin «Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi galkynyşy» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Zamahşarynyň aramgähine gümmez dikeldildi. (2007 ý.) Mahmyt Zamahşary Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky Zamahşar (Yzmykşir) şäherçesinde (galasynda) dogulýar. Ol ylym-bilim almak, ylym-bilimini ýaýratmak maksady bilen dünýäniň köp şäherlerinde – Gürgençde (Köneürgençde), Merwde, Buharada, Yspyhanda, Bagdatda, Mekgede, Hijazda, Hemedanda, Dymşykda we beýleki ýerlerde bolýar. Alym Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda ençeme ýyllar ýaşasa-da, öz dogduk Watanyny jan-dilden söýüpdir we öz ýurduna dolanyp gelip, göbek ganynyň daman ýerinde baky aram tapypdyr. Mahmyt Zamahşary dil, edebiýat, pelsepe, din, şygryýet ugurlaryndan 60-dan gowrak eser ýazypdyr. Onuň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly 6 jiltlik uly göwrümli eseri 2004-nji ýylda, şygyrlary «Diwan» ady bilen 2007-nji ýylda arap dilinden türkmençä geçirilip çap edildi we okyjylara ýetirildi. Akyldaryň köp sanly eserleriniň arasynda «Altyn halkalar» atly çaklaňja eseri özüniň çuňňur pelsepä baýlygy, ynsan ahlagynyň päkligine degişli ajaýyp pendi-nesihatlaryň jemlenýändigi bilen tapawutlanýar. Arapşynas Rahman Ilmämmedow tarapyndan terjime edilen bu eser ady agzalan köpjiltligiň soňky jildine goşulyp neşir edildi. «Altyn halkalar» eseri gurluş, görnüş, tär, beýan ediliş, mazmun taýdan özboluşly häsiýete eýe bolup, bu eser çeper kyssanyň ajaýyp nusgalaryna degişli bolup durýar. Ol kiçiräk-kiçiräk makalalardan durup, sažda (kapiýaly kyssa) ýazylan öwüt-ündew beriji eserdir. Dürli döwürlerde birnäçe awtorlaryň bu eseriň ýazylyş usulyna, mazmunyna äheňdeş eserler döretmegi, oňa degişli ýörite düşündirişler ýazmagy «Altyn halkalaryň» eseriniň gymmatynyň hemişe-de ýokary bolandygyny görkezýär. Akyldar «Ýagşyzadalaryň bahary» atly uly göwrümli eserini pygamberleriň, akyldar alymlaryň durmuşlary, aýdan sözleri bilen baglanyşykly rowaýatlar, tymsallar, gürrüňler esasynda, «Paýhasly sözler» atly çaklaň eserini Lukman hekimiň nesihatlary, Süleýman alaýhyssalamyň weziri Asyfyň hikmetleri, Muhammet alaýhyssalamyň paýhaslary, Hasan Basrynyň öwüt-ündewleri esasynda ýazypdyr. Olardan tapawutlylykda «Altyn halkalar» alym-ýazyjynyň adam, durmuş, ýaşaýyş baradaky dünýägaraýyşlaryndan, pikir-oýlanmalaryndan, ylym-bilim ugrundaky tejribelerinden, guýmagursak zehiniň durmuş gözýetimlerinden kemala gelipdir. Alymyň bu eseri 100 sany «altyn halkadan», ýagny ynsan durmuşynyň dürli meselelerine bagyşlanan altyndan-da gymmatly pendi-nesihaty bir kökene düzýän 100 sany aýry-aýry makaladan durýar. Rowaýata görä, Zamahşarynyň öz kitabyny ýüz makaladan – bölümden düzmeginiň özboluşly sebäbi bar. Eser Mekgede ýazylypdyr. Alym şol ýerde Gara daşa zyýarat edende, onuň daşyndan ýüz gezek aýlanypdyr. Her sapar aýlananda, ulamanyň kalbynda ynsanyň ruhy päkligi babatda bir pikir döräpdir. Hut şonuň üçin hem alym bu eserine aýratyn mukaddeslige eýe bolan ýazgylar, Allanyň ylahy razylygyna laýyk hikmetler hökmünde garapdyr. Eserde adamyň durmuşy we onuň ruhy ahwallary, haýyr bilen şer baradaky oý-pikirler, berilýän öwüt-ündewler örän çuňňur pelsepewi esaslary nyşanalaýar. Beýan edilýän zatlaryň mazmuny gury söz bilen berlip oňlaýmaýar. Adamy oýlandyryp biljek ýagdaýlara ünsi çekmekden, meseleleri gapma-garşy goýup, netije çykarmakdan ýa-da netije çykarmagy okyjynyň, diňleýjiniň özüne goýmakdan, olary paýhaslanmaga ymtyldyrmakdan ybarat çeper sözler, göçme manyly söz düzümleri, täsirli meňzetmeler bu eseri bezeýän ýagdaýlardyr. Onda watansöýüjilik, adalatlylyk, dogruçyllyk, dostluk, halal zähmet, abraýlylyk, arkalaşmaklyk, kanagatlylyk, mertlik, lebze ygrarlylyk ýaly onlarça ahlak-ruhy düşünjeler sada görnüşde teswirlenýär. Her bir mesele juda täsirli beýan edilýän bu eserde men-menlik, gopbamsylyk, şöhratparazlyk, ýaltalyk, haýasyzlyk, harsydünýälik, parahorluk, ýaňralyk, ýaranjaňlyk, binamyslyk, zalymlyk, nebisjeňlik, haramlyk... ýaly adamzadyň asyrlar dowamynda näletläp gelen erbet-pes häsiýetleri tankyt astyna alnyp, olaryň jemgyýete, ynsan gatnaşyklaryna, ruhy-kämillik ýörelgelere ýetirýän zyýany beýan edilýär. «Altyn halkalarda» ynsany ruhy saplyga äkitjek HAÝYR bilen ynsany ruhy göýdüklige, bozuklyga itekleýän ŞER gapma-garşy goýulýar. Şeýlelikde, şerden daşlaşyp, haýryň röwşen ýolundan ruhy belentliklere tarap barýan adam wasp edilýär, onuň mertebesi belende göterilýär. Pelsepeçi alym watansöýüjilik düşünjesini, onuň nämedigini şeýle teswirleýär: «Iş oňarmak, işi ýerine ýetirmekde güýç-gaýrat sarp etmek, karara geleniňde hüşgär bolmak, dogry we hemmetaraplaýyn pikirlenmek, ýaltalygy, başarnyksyzlygy terk edip, her işde, her ýagdaýda bar bolan çydamlylygyňy, berkligiňi görkezmek, möhüm bir iş orta çykanda, ony tizden-tiz çözmek üçin gaýratyňy görkezmek we öňüňden çykan päsgelçilikleri ussatlyk bilen geçmek – bular watansöýüjilik meýdanynda gurlan bir ýaryşdyr. Diňe bu meýdanyň mertleri bu ýaryşy soňuna çenli alyp gidip bilerler». Bu sözler hormatly Prezidentimiziň «Watany diňe mertler beýgeldýändir» diýen pähimi bilen manydaşdyr. Hakykatdanam, Watan mert, ruhy taýdan kämil, zähmetsöýer, halal, maksada okgunly kişiler bilen beýikdir we ol şol kişiler bilen öz belent manysyna eýe bolýar. Jemgyýetiň kämil, durmuşyň bagtyýar, il-ýurduň abadan bolmagy üçin adamlaryň ruhy-ahlak derejesiniň belentliligi zerur. Bu mesele Zamahşarynyň garaýyşlarynda aýratyn orunda durýar. Ol eserinde kämil ynsanyň sypatlaryny giňden täsirli beýan edýär: «Hakyky ynsanlyk kemerini biline guşanan ynsan adamkärçilige sygmaýan ähli işlerden gaça durar. Ol özüne ynanylan ynsan-a däl, hatda haýwan hem bolsa, dyrnagy döwläýmesin, gaňňa ýagyrnysyny ýagyr edäýmesin gorkusy bilen saňňyldar durar. Emma bu häsiýet, diňe gowy ahlakly, päk ynsanlara mahsusdyr». Ol ynsan köňlüniň tämizligini arassa, dury suwa we kesekä gelin bolup gitjek gyzyň aýnasyna meňzedýär. Adamyň päliňi arassa we dürs tutmagyny nyşana dogry urýan oka we naýza deňeýär. Şeýle ynsanlary bagtyýar hasaplaýar. Akyldar akylly, düşünjeli ynsanlaryň we ýiti ruhly ärleriň öňlerinden çykan ähli zada döz gelip, kynçylyklaryň öňünde uklamag-a beýle-de dursun, hatda irkilmeýändiklerini ýazýar. Şeýle adamlar elmydam hüşgär bolup, iň ownuk bir mysaldan hem uly manylary çykaryp, aýdylan her bir sözden nesihat alyp, görelde dersini alýarlar. «Gowy işleri etmekden lezzet alan we rahatlyk duýan ynsana buşluk bolsun» diýmek bilen, akyldar şeýle adamlaryň erbet işleri hiç söýmeýändiklerini, ýalňyşyp ýa-da säwlik bilen bir nädogry iş etseler, gaty gynanyp, puşman edýändiklerini beýan edýär. Şeýle ýagşy kişileriň erbetligiň ganatyny, goluny ýolýandyklaryny, adamlara kömek edip, olaryň arzuw-isleglerini berjaý etmäge synanyşýandyklaryny ýazýar. Ynsanyň ýagşy sypatlaryndan ýene biri: öz ömrüňi peýdaly işler edip geçirmeli, yzyňda ýagşy at galdyrmaly. Alym bu babatda şeýle nesihat edýär: «Wagtyňy gaflat ukulary bilen geçirme. Yhlaslylyk we gaýratlylyk atyny eýerläp, salamatlyk menziline ulaşan atlylardan birine boýun bol!» Akyldar adamlaryň namys-arly bolmagyny isleýär we şeýle çagyryş edýär: «Kalbyňa namysyň lezzetini dadyr we oňa kanagat lybasyny geýdir! Ýogsam, seni haramlara we şübheli zatlara meýil etdirer. Hiç bolmasa, biderek we boş işler bilen meşgul eder. Ertir kynçylyga we muşakgata duçar boljak adam üçin bu günki bolelinlikden, baýlykdan hiç hili peýda we haýyr ýokdur». Dana ýazyjynyň akmak, nadan adamlar hakda düýpli hem zabun pikir-garaýyşlary bar: «Eý, haýyrly işden we amaldan boş galyp, aldanan akmak! Eý, sap ýüreksiz günäkär we oýnatgy! Elmydam bulançak hapa suw ýaly, ähli haýyrly işleriň duşmanysyň. Seniň ýalylardan hiç kim razy we hoşal bolmaz». Adamy harsydünýälige, ähli erbet işlere itekleýän nebis belasy hakda akyldar has düýpli pikir ýöredýär. Onuň beýan edişiçe, ruhy gowşak, ejiz, erbet kişi kalbynda döreýän nebsiň bütin arzuwlaryny berjaý etmek üçin her hili reňke boýanýar. Nebsiň bütin isleglerine boýun bolýar. Ruhy kämil, erki berk kişi nebis tarapyndan bir erbetlik çykjak bolsa, derrew oňa agyzdyryk geýdirer ýa-da onuň agzyny daşdan doldurar. Akyldar nebsini jylawlap bilmän, dünýe maly ugrunda çapýan adamlara oýlandyryp biläýjek şeýle sözen bilen ýüzlenýär: «Eý, bir döwüm çörek bilen garny doýýan biçäre! Bu açgözlügiň we harsydünýäligiň näme? Eý, bir käse suw bilen ganýan ynsan! Bu urnuşyň näme?» Zamahşary pes ynsanlaryň erbet işleriniň biri, nebsiň netijesi bolan parahorlugy çyn ýürekden tankytlaýar we parahory «zalym» diýip atlandyrýar. Alym adamyň parahorluk etmegini onuň özüni ýakjak oduny öz eli bilen taýýarlamagyna deňeýär. Parahorlugyň jemgyýet üçin zyýany barada şeýle diýýär: «Parany alan hem, beren hem jemgyýet üçin zäherden hem has zyýanlydyr». Akyldar ynsanyň hemişe halal, arassa ýaşamagyny isleýär. Ol halal bilen haram gazanjyň tapawudyny açyp görkezýär: «Halal mal dama-dama hasyl bolar. Haram bolsa çabgaly ýagyş ýaly iner. Emma az bolup tämiz bolan, köp bolup hapa bolandan, elbetde, haýyrlydyr». Ynsanyň erbet häsiýetleriniň biri ulumsylyk. Alym ulumsy kişä şeýle diýip ýüzlenýär: «Hany, şu ulumsylyk we göwnüýetmezçilik bilen bakyşyňy bir düzet. Belki-de mata dokaýan şu wagt seniň kepeniňi dokaýandyr». Elbetde, bu oýlanmaga mejbur edýän sözleriň hiç bir kişini biparh goýmajagy belli. Zamahşary adalat we dogruçyllyk, uýatsyzlyk hem haýasyzlyk, öz-özüňe hormat goýmak, kanagatyň gözelligi we beýleki birnäçe ahlak-edep düşünjeleriň üstünde birin-birin durup geçýär. Olar barada täsirli hem ötgür pikir-garaýyşlary beýan edip, ynsan ruhuna aralaşýar. Akyldar jemgyýetde ylmyň we alymlaryň orny barada hem aýratyn durýar: «Ylym adamy erbetliklerden iň gоwy gоrаýan bir аtаdyr», «Olar (alymlar – N. S.) keremli daglardyr we kalplary hem ylym magdanydyr. Her kim ol daglarda bir magdan gözlese, elleri boş çykmaz. Ahlaksyz alymyň galamy zäherli ok ýalydyr». «Altyn halkalar» eserinde mundan başga-da gozgalýan meseleler, ynsan ahlagy üçin derwaýys söhbetler juda köp. Olaryň hemmesiniň pikir-mazmuny, taglym-garaýşy ynsan ahlagyny gözelleşdirmek maksadyna gulluk edýär. Zamahşary eseriniň girişinde: «Bu ýazаnlаrymа hemme ýerde – demirgаzykdа we günbаtаrdа, peýdаlаnylýan we gözlenilýän ýazgylаr bоlmаk bereketini nesip etdir!» diýip ýazypdyr we öz eseriniň külli adamzat üçin ruhy gymmatlyga öwrülmegini dileg edipdir. Alymyň şol isleg-dilegi myrat tapdy diýip aýtmak bolar. Çünki onuň şu we beýleki eserlerindäki pähim-paýhaslar ynsanýýet üçin haýyrly pelsepeler hökmünde häzir bütin dünýäde öwrenilýär. Gürrüňini eden eserimiziň baryp, XIX asyrda nemes, fransuz dillerine terjime edilip, Ýewropanyň Wena (1835), Leýpsig (1835), Ştutgart (1863), Pariž (1876) ýaly şäherlerinde neşir edilendigi muňa güwä geçýär. Türkmen halky üçin onuň gymmaty has-da ýokarydyr. Çünki Zamahşarynyň eserleriniň süňňündäki altyndan-da gymmatly pähim-paýhaslar Bagtyýarlyk döwrümiziň ahlak-etiki ýörelgeleri bilen ruhy taýdan bitewidir. Nury SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |