07:46 Alymlar | |
ALYMLAR
Edebi tankyt
Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyñ ruhy durmuşynda ylym hem alymlar jemgyýetde esasy orny eýeleýär. Türkmeniñ ylma we alymlara nähili hormat edendigini, olara nähili ähmiýet berendigini Döwletmämmet Azadynyñ "Wagzy-Azat" poema-traktatynda oñat görünýär. Düýpli eseriñ giden bir bölüminiñ alymlara hem ylma bagyşlananlygynyñ özi köp zady aýdýar. Umuman, Döwletmämmet Azady türkmeniñ taryhy ykballary hakda añly-düşünjeli pikir eden, ony öz döwrüniñ ruhy hem ahlak-moral hem intellektual başagaýlygyndan alyp çykmagyñ ýollaryny gözlän akyldarlaryñ biridir. Şeýle akyldarlaryñ öñe çykmagynyñ özi milli öz-özüñi añlaýşyñ ýeten derejesini görkezýär. Döwletmämmet Azady ruhany-alymdyr, onda güýçli taryhy paýhas bar. Onuñ öñe sürýän pikirleriniñ teoretiki esaslylygy, filosofik binýatlylygy haýran galdyrýar. Ine, "Wagzy-Azat" atly baş ömür kitabynda biz türkmeniñ döwlet baradaky düýpli ylmyny görýäris. Eseriñ eýýäm gurluşynyñ özi awtoryñ jemgyýete garaýşyny, ylmy gyzyklanmalarynyñ ugruny görkezýär. Dört babyñ birinjisi ~ patyşa hakynda. Patyşa ~ döwletiñ syýasy gurluşynyñ ýokary derejesi. Haýran galmaly. Azady bu ýerde patyşa bilen işleşmeli adamlary görkezipdir. Munuñ özi biziñ häzirki zaman mejlisimizi ýada salýar. Soñky baplaryñ biriniñ baýlara-garyplara bagyşlanmagy nämäni añladýar? Munuñ özi jemgyýetdäki sosial ylalaşygy, graždan asudalygy diýilýän häzirki düşünjäniñ añladylmasydyr. Soñra alymlar ~ jemgyýetiñ intellektual güýçleri, derwüşler ~ jemgyýetiñ moral-ahlak arkadaýançlary barada örän paýhasly pikirler öñe sürülýär. Azadynyñ eserindäki bir epizod gyzyklydyr: iki sany patyşa özara gürrüñ edýär. Biri ikinjisine aýdýar: nämüçin seniñ döwletiñde alymlar köp? Sen gowusy, goşunyñy, esgerleriñi köpelt, olar seniñ döwletiñi has berk saklarlar. Birinjisi näm jogap berýär: hawa, ýöne alymlar meniñ duşmanlaryma esgerlerdenem uly zarba urup bilerler. Olar diñe ýerdäki däl, gökdäki duşmanlarymy-da ýok ederler diýýär! Alyma hem ylmyñ jemgyýetçilik hyzmatyna berlen nähili ajaýyp baha! Ylym paýhasyñ bir formasy hökmünde, türkmeniñ iñ gadymy jemgyýetlerinde-de bolupdyr. Köne türkmen jemgyýetinde, ylym, biziñ bilşimizçe, bir däl-de, birnäçe manylary añladýan düşünje eken. Ýöne olar biri-biri bilen içki taýdan baglanyşykly bolmaly. Alym diýmek ylymly adam diýmekdir, bu söz aslynda köplük san bolan ulama görnüşinde-de ulanylýar. Ine, alymyñ ~ ulamanyñ esasy aýratynlygy, gymmat bolan ylymlylyk, gysgaça aýdanyñda, aşakdaky manylary añladypdyr. 1). yslam dininiñ esaslaryndan baş çykarmak. 2). hakyñ nuruna, jilwesine akyl ýetirmek. 3). logiki pikirlenip bilmek arkaly emele gelen düşünjelilik. 4). hertaraplaýyn bilimdarlyk. Biziñ döwrümizde-de "ylym" sözi özüniñ köne manylaryny saklap galýar. Ýöne başga zatlardaky ýaly, döwür bilen baglanyşykly aýratynlyklar hem bar. Ylmyñ jemgyýetiñ ösüşine täsiri güýçli bolmaly. Ol durmuş çarhyny öñe tigirleýän maddy güýçleriñ biri bolmaly. Häzirki alymlarymyzyñ taryhy geçmiş hakynda ýazan işlerini okanyñda, bir düýpli kemçilik, has dogrusy, ýetmezçilik göze ilýär: ýazylan işler ýöne beýan etmek, maglumatlary toplamak, olary tertipleşdirmek ýa sanap çykmakdan ýokary galyp bilmeýär. Bilimliligiñ şeýle derejesini netijesiz ylymlylyk diýip atlandyrsa bolar. Döwletmämmet Azady şeýle ylymy miwesiz daragta meñzedipdir. Türkmeniñ halk düşünjesinde bolsa şeýle halatlarda "suwy köp" diýilýär. Suwy köp bolsa ylymy harama çykar. Emma, hany ol maglumatlardan çykarylýan taglymy netijeler, hany ol maglumatlaryñ derñewi esasynda gurnalýan taglymatlaýyn konsepsiýalar? Eýsem-de bolsa taglymy (teoretiki) netije ýok diýmek soñsuz gürrüñ diýmek ahyryn. Çünki diñe degişli taglymy ~ ideologiki umumylaşdyrmanyñ bar ýerinde ylmy gös-göni türkmen durmuşy bilen iş ýüzünde baglanyşdyryp bolar. Ylym bilen janly durmuşyñ arabaglanyşygynyñ umumy shemasy şeýledir: Maglumatlar → taglymy netije → janly durmuş. Şu arabaglanyşykda ikinji halkanyñ ýetmezçiligi ylmyñ boş bir zada öwrülmegine getirýär. Maglumatlaryñ ýöne bir tertipleşdirilmegi biziñ milli ruhda terbiýelenmeli ýönekeý adamlarymyzyñ beýnisine, psihologiýasyna hiç hili täsir etmeýär. Alym bolsañ, şol maglumatlary ylmy taýdan umumylaşdyrmaly-da, olaryñ añyrsynda ýatan janly kanunalaýyklygy düşündir. Diñe şeýle halatda ylym biziñ Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ideologiýamyza hyzmat edip bilýän janly durmuş hadysasyna öwrülip biler. Bize bolsa, indi janly durmuşa täsir edip bilýän ylym zerur. Öñki döwürden miras galan, durmuş, adamlaryñ ruhy hajatlary bile bagly bolmadyk, milli durmuşymyz bile ilteşigi hem dahyly bolmadyk ylym indi özünden edilýän tamalary ödäp bilmez. Baknalyk döwrüniñ ylmy ~ peýdasyz perişde ýaly bir zat. Köne ülñüleri täze ülñülere çalyşmaly. Ähmiýetli, peýdaly zatlary gözlemeli, tapmaly. Güýji, täsiri bolmadyk ylmy söz adamyñ bu gulagyndan girip, o gulagyndan çykyp gidýär. Oña doglanda öli dogulan söz diýip aýdyp bolar. Jemagatsyz azan bir gury sesdir ~ Niçe mollañ okan ylmy hebesdir. Azanyñ adamsyz, jemagatsyz ýerde okalmaýanyny kim bilmeýär?! Gep adamlaryñ köñlüne, ýüregine täsir etmekden ejiz gelýän ylym barasynda barýar. Şeýlelikde, biziñ Ruhy garaşsyzlygymyza hyzmat edip biljek ylym ~ durmuş maksatlary, janly praktiki maksatlary göz öñünde tutýan paýhas bolmalydyr. Tebigat ylymlarynyñ ~ biologiýanyñ, geologiýanyñ, ykdysadyýetiñ wekilleriniñ ykdysady garaşsyzlygymyza hyzmat edişi ýaly, gumanitar ylymlaryñ wekilleri Ruhy garaşsyzlygymyza gulluk etmelidirler. Ylym ~ janly ruhy gymmatlyklaryń jemi bolmalydyr. Täze türkmen ylmy diñe bir näme däl, eýsem nämüçun? diýen soraga-da jogap berýän ylym bolmalydyr. Diñe maglumatlary ýygnaýan däl, eýsem olaryñ sebäbini düşündirýän, şeýdibem, adamlaryñ öz ruhy geçmişine, taryhyna garaýşyny kemala getirip bilýän, olaryñ geljege bolan ynamyny, geçmişe buýsanjyny terbiýeläp bilýän ylym peýda bolar. Türkmen halylarynyñ gudratlylygy nämeden ybarat? Şu hakda ylmy delilli gürrüñ edip bilýän, açyş edip bilýän ylym gerek. Bu günki gün biz özümiziñ döwlet syýasatymyzda halk ideologiýasyny resmi ideologiýa görnüşine geçirýäris. Rysgal, döwletlilik, nesilleriñ dowamaty ~ biz bulary şu günki gün täze türkmen ideologiýamyzyñ üç sütüni bolan AGZYBIRLIK, ASUDALYK, JEBISLIK görnüşinde göz öñüne getirýäris. Ylym ~ çyrag. Ylymsyzlyk ~ garañkylyk. Köne türkmen añynyñ ylma şu hili garaýşy bu günki gün täzelenýär ~ türkmen durmuşy ýagtylandyrylýar. Ylym diñe bir çyrag däl, ol çyraga şugla saçdyryjy çeşme-de bolmalydyr. Osman ÖDE, ýazyjy. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |