07:01 Alyşir Nowaýy | |
Alyşir NOWAÝY
Edebi makalalar
(1441—1501 ý.) Çatryk dürli ýollaryň birbada hem çatyşýan, hem aýrylyşýan ýeri. Edebiýat ýollarynyň çatrygy hem şonuň ýaly. Hemmämizi bir nokada birikdirýän hem-de herimizi bir ýola salyp goýberýän edebi çatryklaryň biri hyýalyma geldi, aýdyp bereýin. Geçen eýýamlar, öten döwürler hakynda göwün ýüwürdip, biziň her birimiz geçmişdäki ýetmeziň öwezini dolmak hyýaly bilen ýaşaýarys. Geçmişiň ahmyrynyň döredýän hyýalatynyň melul ediji täsiri bar. Türkmen elguşy baradaky powestime material toplamak üçin Garagumuň jümmüşine, Uzboýuň kenarlaryna gidişim ýadyma düşýär. Amyderýanyň ýakasynda önüp-ösen adamda Uzboýuň gury hanalary geň duýgulary — şu gününden düýnüne baryp görýäniň duýgularyny — döredipdi. Geçmişiň öz niýetimize, islegimize, göz öňüne getirişimize laýyk gelmedik halatynda, ýürekde ahmyr galýan eken. Ne geçmişi düzedip, üýtgedip bolýar, ne-de geçmişden halas bolup bolýar. Şonda-da geçmişden ahmyr ýüreklerde wagtal-wagtal döräp durýar. Beýik Magtymgulynyň: «Golýazma kitabym sile aldyryp, Gözlerim yzynda girýan eýledi» — setirleri haýsy türkmeniň ýüreginde ahmyr döretmeýär?! Hatda şol ahmyrdan meşhur şahyrymyz G.Ezizow hyýala ulaşyp, göwün ýüwürdip, ýörite bir şygram ýazyp gidipdir. Şahyryň liriki-taryhy hyýalatynda şol kitap tapylýaram, türkmen iline-de gowuşýar. Şeýdip, poeziýa bizi geçmişiň ahmyryndan çykarýar. Bu şeýle. Ýöne meniň aýtjagym bu däl, men bütinleý başga bir zady diýmekçi. Şahyryň şol ajaýyp goşgusynyň güýçli täsirindendir-dä, Magtymgulynyň «bäş ýylda bir kitap eden» şol golýazmasynyň nämedigini, nähili eserdigini bilmek islegi döredi. Onuň ömrüne, mirasyna degişli bilýän-u-bilmeýän zatlarymyň baryny agtaryp çykdym. Isleýän zadym Magtymgulynyň ömri baradaky rowaýatlaryň arasyndan tapyldy. Özi ýitirmese-de, nämedigi unudylmadyk şol kitap «Totuguş dilli dessan» atlandyrylypdyr. Bu ady eşiden adamda, tebigy zat, başga bir halypa hem onuň bir meşhur eseri baradaky pikir peýda bolýar. Ol beýik Nowaýy hem onuň «Guş dili» dessanydyr. Görnüşi ýaly, Magtymgulynyň ahmyrly setirleri geçmişi hem şu güni, rowaýatlary hem edebiýaty, Nowaýyny we Ezizowy, birbada, hem birikdirýän, hem aýrylyşdyryp goýberýän täsin çatryk mysaly. Alyşir Nowaýynyň kimdigini, nämedigini hem-de nähilidigini bilmeýän sowatly türkmen bolupdyr ýa-da bardyr diýmek, logiki ýalňyşlyk bolardy: eger ol türkmen bolsa, onda sowatly däldir, eger-de ol sowatly bolsa, onda türkmen däldir. Logikanyň üçünji çözgüdi aradan aýyrýan kanuny bar bu hakykatda. Genial şahyr, taýsyz alym, beýik döwlet işgäri, uçursyz haýyr-yhsan eýesi bolan, özünden soňky türkmen edebiýatyna Nowaýy ýaly güýçli täsir eden ikinji bir şahsyýet ýokdur. Bu hakykaty onuň özi-de oňat bilipdir, öňden görüpdir we bu barada buýsanç bile ýazyp gidipdir. Nyzamy olsa Birda birle Genje Gadam Rum ählige hem kylsa renje. Çekip Hysrow dagy tygy-zybanny Ýüwrüp feth eýlese Hindistanny. Ýene Jamy Ajamda ursa nowbat, Arapda dagy çalsa göwsi şöwket. Alypmen tagty-permanymga asan Çerik çekmeý Hytaýdan tä Horasan. Köňül bermiş sözümge türk jan hem, Ne ýalňyz türk, belkim, türkmen hem. Ne mülk içreki bir perman ýiberdim, Anyň zabtyga bir diwan ýiberdim. Nowaýy tä Magtymgula çenli türkmen edebiýatynyň esasy edebi diliniň biri bolan çagataý edebi dilini döretdi. Diňe Magtymgulydan soň ol edebi dil ikinji orna geçdi, ýöne şondan soň hem bütinleý ulanyşdan galmady. Özüniň «Nesaimul muhabbet» eserinde Nowaýy «Seýit Nesimi — Yrak we Rum tarapyndaky mülkden erkendir. Rumy we türkmen dil birle nazm aýdypdyr» diýip ýazyşy ýaly, çagataý hem rumy-türkmen dilleri XVII asyra çenli iň kämil hem köp ulanylan edebi diller bolupdy. Beýik Nowaýynyň miras goýan eserleri giňligi boýunça-da, çuňlugy babatda-da giden ummandyr. Olaryň iň meşhurlary şulardyr: 1. «Çar diwan» (şygyrlar). 2. «Diwany-Fany» (parsça şygyrlar). 3. «Hamsa» (bäş sany uly dessany öz içine alýan toplum. Bular «Haýratul-ebrar» («Takwalaryň haýraty»), «Perhat-Şirin», «Leýli-Mežnun», «Sabgaýy-Seýýar» («Ýedi-Seýýara») hem-de «Seddi-Iskenderi» («Iskenderiň diwary») dessanlarydyr). 4. «Lisan it-taýr» («Guş dili»). 5. «Mejalisun-nefais» («Nepisleriň mejlisleri»). 6. «Mahbubul-kulub» («Kalplaryň söýeni»). 7. «Hamsatul mutahaýyryn» («Haýyrlaryň hamsasy»). 8. «Muhakamatul-lugataýn» («Iki diliň deňeşdirmeleri»). 9. «Mizakul-ewzan» («Ölçegler terezisi»). 10. «Nazmul-Jemahyr» («Jöwherler nazmy»). Öz işleri hem döredijiligi arkaly beýik Nowaýy mongollardan soňky eýýamda hem Orta Gündogarda türki faktorlarynyň syýasy hem medeni durmuşdan çetleşmän, eýse öňküden-de uly orun tutjakdygyny aýan etdi. Ol umumytürki manydaky milliligi medeni-syýasy durmuşda aňly-düşünjeli öňe süren hem ykrar eden beýik taryhy şahsyýetdir. Bu hakykat onuň edebi-çeper eserleriniňem, ylmy işleriniňem, onuň milli döwletliligi berkarar etmek üçin eden tagallalarynyňam içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol tutuş Merkezi Aziýanyň türki dilli edebiýatynyň halypasydyr. Şol sebäpden onuň milli degişliliginiň serhedini kesgitlejek bolmak, haýsydyr bir manyda, ony kiçeltmäge barabardyr. Bu meselede biz bir hakykaty unutmaly däl: edebi dil bilen milli dil düşünjesi hemişe, ylaýta-da, biziň geçmişimizde asla şol bir zatlar däldir. *** Nowaýynyň şahsyýeti hem terjimehaly hakynda nämeler aýdyp bolar?! Bu sowal şu wagta çenli ýazylan onlarça, hatda ýüzlerçe ylmy hem edebi eserleriň temasydyr. Şol sebäpden, bu hakda aýratyn gep nokatlap oturman, onuň üýtgeşik şahsyýetini göz öňüne getirmek manysynda tas hemmä belli pursatlary we maglumatlary ýatlap geçmekçi. Ýatlamazdan owal, şahyryň döwri hem ony göz öňüne getirişimiz babatda şulary ýaňzytmakçy. Öten eýýamlar dogrusynda dilçilerimiziň ulanýan gutarnykly öten zaman, dowamly öten zaman, kem işlik ýaly kategoriýalary bar. Göwnüme bolmasa, geçmişiň dürli döwürlerine gatnaşygymyz şularyň belli-bellileriniň aňladýan manysyna oňat laýyk gelýär. Diýeli, XVIII—XIX asyrlaryň gürrüňini edenimizde, ylaýta-da, şol döwrüň şahyrlarynyň ömri hakynda gürlänimizde, esasan, kem işlik formalaryny ulanýarys. Çünki ol göz bilen görülmedik, daş gulakdan eşidilen işiň manysyny berýär. Degişli döwrüň taryhy resminamalary juda az, bulara derek ulanylýan rowaýat — daş gulakdan eşidilen hakykatdyr. «Doglupdyr», «bolupdyr», «görüpdir» — XVIII—XIX asyrlar hakda siz mydama şulary eşidersiňiz. Emma «doguldy», «boldy», «gördi» ýaly kesgitlemä duşmarsyňyz. Şu manydaky ikinji bir döwür — XX asyr özboluşly dowamly öten zamanyň döwrüdir. Ýazyjy bolanym üçin, dile aýratyn ähmiýet berenim sebäpli, şu aýratynlyklarda ünsüň eglenýär. Diňe taryhy däl, eýse edebi manyda-da XX asyr dowamly öten zamanyň döwri. Ähli kyssaçylarymyz, üns berseňiz, «barýardy», «görýärdi» diýip ýazandyrlar. Üçünji bir döwür — orta asyrlar gutarnykly öten zamandyr. Medeniýetiň ösen döwri bolandygy sebäpli, taryhy resminamalar mynasybetli biz bu zaman babatda gutarnykly öten zaman formasyny arkaýyn ulanyp bilýäris. Çünki taryhy, onda-da ýazuw resminamasy gözi bilen göreniň sözleýiş dilidir. Muňa seneleriň, wakalaryň, pursatlaryň, şahsyýetleriň anyklygy mümkinçilik berýär. Şundan peýdalanyp, men hem Nowaýynyň ömri barada şol anyk zamanda gürlemegi ýerlikli hasaplaýaryn. Alyşir Nowaýy çagataý-türkmen edebi dilini esaslandyryjy şahyr hem alym hökmünde tanalýar. Has irki edebiýatlarda onuň çagataý şahyry hökmünde häsiýetlendirilýändigi ýöne ýere däldir. Emma «çagataý» milletiň, haýsydyr bir etnosyň ady däldir. Ol, birinjiden, taryhy-geografiki düşünje, ikinjiden bolsa, taryhy-medeni düşünjedir. Sözüň birinji manysy hakynda aýtsak, Çagataý, aslynda, Çingiz hanyň ikinji oglunyň adydyr. Mongollar tarapyndan basylyp alnan ýurtlar Çingiziň ogullarynyň arasynda paýlaşylanda, birnäçe ülkeler Çagataýyň paýyna düşüpdir. Olar Çagataý ulsy atlandyrylypdyr. Bu ulsa Mawerannahr, Ýedisuw hem-de Gündogar Türküstan giripdir. XIV asyrdan başlap diňe Mawerannahr Çagataý ulsuna degişli hasaplanypdyr. Çagataý ulsunyň ilaty çagataý türkileri adyny alýar. Edil häzirki wagtda türkmenleriň etniki düzüminde çagataýbola, çagataýpaýan ýaly tireler saklanyp galypdyr. Emma gep diňe aýry-aýry tirelerde däl-de, tutuş türkmeniň taryhy-medeni mirasynda çagataýlaryň tutan ornundadyr. Sözüň taryhy-medeni manysy bilen baglanyşykly çagataý dili, çagataý edebiýaty ýaly jümleler köp ulanylýar. Bular, takmynan, XVI asyrda dörän türkmen edebi diliniň kesgitlemesidir. Çagataý edebi dili ýa-da Orta Aziýa türküsi diýilýäni, rumy-türkmeni hem-de osmanly-türkmen, Oguz-türkmen edebi dilleri bilen bir hatarda, tä XX asyra çenli türkmenler tarapyndan ulanylan dört sany esasy edebi diliň biri bolup geldi. Ol, esasan, Merkezi Aziýada ýaşaýan ilat tarapyndan ulanylypdy. Bu edebi diliň başynda duran Nowaýynyň eserleri türkmeniň gönüden-göni edebi mirasydyr. Diňe edebiýata däl, eýse türkmeniň folkloryna, saz sungatyna Nowaýynyň täsiri unudylmazdyr. Adat boýunça bu janly täsir, ylaýta-da, günorta-gündogar Türkmenistanda örän güýçli bolupdyr. Türkmen saz sungatynyň nowaýy ýaly salyr-saryk, ärsary ýollarynyň esasy aýratynlygyny emele getirýär. Nowaýynyň ömrüni dikeldýän dürli hekaýatlar, şorta sözler, «Soltansöýün we Myraly» dessany-da şol ülkelerden ýazylyp alnandyr. Gepiň gerdişine, çagataý diliniň janly aýratynlyklary-da, köplenç, şol ýerleriň gepleşiklerinde oňat saklanyp galypdyr. *** Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylda Hyrat şäherinde dünýä inýär. Onuň kakasy döwrüň jemgyýetiniň iň ýokary gatlagyna degişlidi. Döwür, döwrüň jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlary, adatça, jemgyýetiň iki gatlagyna — iň ýokary hem-de iň pes gatlagyna güýçli täsir edýär. Munuň öz sebäpleri bar. Birinjä häkimiýete gönüden-göni dahylly bolany üçin, ikinjä bolsa jemgyýetçilik durmuşyndan emele gelýän adatdandaşarylygyň, agyp-dönmeleriň şonsuzam agyr geçýän güni has-da agyrlaşdyrýandygy üçin. Häkimiýet ugrundaky göreşleriň, çaknyşyklaryň, garpyşyklaryň jümmüşinde bolandygy sebäpli, geljekki şahyryň maşgalasy başyny, hanymanyny aman gutarmak üçin hemişe ondan-oňa göçmäge mejbur bolupdy. Şol döwürde teýmurylaryň arasynda häkimiýet üstünde göreş gidýärdi. Göçüp-gonmak derdeserine garamazdan, Alyşir oňat bilim aldy. Ol Hyratda, Maşatda we Samarkantda döwrüniň iň ýokary ylymlaryny edindi. 1456-njy ýylda, ýagny on bäş ýaşyndaka, Alyşir Maşada bardy. Ol bellibir wagtda Horasanyň patyşasy Abulkasym Baburyň elinde işledi. Onuň täze dörän beýik şahyrdygy-da Maşatda belli bolupdy. Özi-de şahyrlykdan habarly bolan Babur, şeýle-de köşk şahyrlary Alyşiriň şahyrlyk zehinine ýokary baha berdiler. Ýaş şahyryň iki edebi dilde — pars hem-de çagataý dillerinde ýokary çeperçilikli şygyrlary döredip bilýänligi üçin, oňa «zul-lisaneýn» — «iki diliň eýesi» diýen mertebeli at goýuldy. Şol döwürden başlabam, ol çagataýça şygyrlaryny «Nowaýy», parsça şygyrlaryny bolsa «Fany» tahalluslary bilen ýazyp başlady. 1457-nji ýylda patyşa Abulkasym Babur dünýäden gaýtdy. Şondan soňam Nowaýy birnäçe ýyl Maşatda bolup, dürli ylymlarda, ylaýta-da, filosofiýada, matematikada kämilleşmegini dowam etdirdi. Bütin ömrüniň dowamynda edişi ýaly, ol şol mahallaram ylmy gözleglerini edebi döredijilik bile utgaşykly alyp bardy. Gündogarda döredijiligiň bu iki görnüşi özboluşly suratda utgaşýardy, bu özboluşlylygy olaryň arasyndaky serhetleriň häzirkisinden özboluşly suratda tapawutlanýandygy emele getirýärdi, ýagny, edebi döredijilik diňe çeper hyýalatyň däl-de, ylma mahsus akyl-mantyk işiniň hem usullaryny öz içine alýardy. Şahyrlyk zehini Maşatda, alymlyk zehini Baburyň köşgünde açylan Nowaýy edil on ýyldan soň, ýagny 1466-njy ýylda ol ýerden dogduk mekany Hyrada gaýdyp bardy. Şol wagt ol diňe ýaş däl, eýse akyl, zehin kämilligi babatda-da tüýs «men» diýen (ýigrimi bäş) ýaşyndady. Emma dogduk mekanynda oňa wagtlaýyn şowsuzlyk garaşýardy. Hyratda Abu Seýit otyrdy. Öz garşydaşy Hüseýin Baýkara bilen ýegre dost bolany üçin, Abu Seýit Nowaýyny Hyratdan Samarkanda sürgün etdi. Munuň özi eýýäm hut şol ýyl — 1466-njy ýylda bolup geçdi. Sürgün ýeri bolan Samarkantda çagalykdan bolelinlikde önüp-ösen Nowaýy maddy taýdan agyr şertlerde ýaşamaly boldy. Şonda-da ol ylymdan, edebiýatdan elini üzmedi. Durmuşyň, terjimehalyň özüne beren mümkinçiliginden peýdalanyp, Nowaýy ol ýerde meşhur alym Hoja Fazyllallahdan hukuk ylymlaryny öwrendi. Teýmurdan bäri halkara ähmiýetli uly medeni merkez bolan Samarkandyň dürli ýazyjylary, şahyrlary, nakgaşlary, kompozitorlary bilen dostluk gatnaşygyny açdy. Beýik şahyryň terjimehalynda aýgytlaýjy öwrülişik pursady 1469-njy ýyldyr. Şol ýylyň mart aýynda onuň çagalyk dosty Hüseýin Baýkara paýtagt şäher Hyrady al we teýmurlar döwletiniň ýeke-täk patyşasy boldy. Bu habar gulagyna degenden, Nowaýy hem haýal etmän şol ýere bardy. Onuň bu waka sebäpli ýüreginde dörän begenç hem şatlyk, guwanç hem umyt duýgulary meşhur «Hysasiýa» kasydasynda beýan bolupdy. Täze patyşa hem öz dostuny oňat garşylap, oňa köşkdäki iň uly wezipeleriň biri bolan möhürdarlyk wezipesini berdi. 1470-nji ýylda Hyratda emeldarlaryň, emirleriň hem-de begleriň garşysyna halk tolgunyşygy bolup geçdi. Zandy päk, hemişe adalatyň tarapdary bolan Nowaýynyň bu herekete duýgudaşlyk etmegi tebigy bir zatdy. Ýokary wezipeli, halkyň gün-güzerany üçin jogapkär adamlaryň biri hökmünde ol birnäçe zalym emirleri we begleri adalatly jezalandyrdy. Bu waka ozal diňe alym hem şahyr hökmünde ady belli bolan Nowaýynyň adalatly döwlet işgäri hökmünde giňden tanalmagyna, ýönekeý halkyň arasynda onuň at-abraýynyň has-da ýokary galmagyna sebäp bol. Bu fakt, terjimehalynyň ähli beýleki pursatlary ýaly, Nowaýynyň edebi ahlagynyň aýdyň görkezijisidir, onuň üçin durmuş bilen döredijiligiň aýrylmaz baglanyşykly gymmatlyklar bolandygynyň subutnamasydyr. Soltanyň hem-de halkyň gözüniň alnynda abraýy barha ýokary galýan Alyşir Nowaýy 1472-nji ýylda Hüseýin Baýkaranyň weziri wezipesine geçdi. Paýhasly hem adalatly wezir hökmünde ol halk we döwlet bähbitli birnäçe özgertmeleri amala aşyrdy. Diňe öz hususy bähbitlerini bilýän köşk emeldarlarynyň aşaklyk bilen onuň garşysyna iş görüp başlamagy hut şol özgertmeleriň netijesi sebäplidi. Olar Nowaýyny köşge sygdyrman başladylar. Dildüwşükler, agzalalyklar, oňşuksyzlyklar, ýerliksiz gep-gürrüňler köpeldi. Beýik Nowaýy bu peslikleriň baryna protest hökmünde 1476-njy ýylda edil Ibn Sina ýaly, wezirlik işini tabşyrdy hem-de on bir ýyllap döwlet işlerine goşulman ýaşady. Bu ýagdaý onuň şahyr hem alym hökmündäki içki mümkinçilikleriniň açylmagy, amala aşmagy üçin Allanyň beren puryjasydy. Ol şonça ýylyň dowamynda lükgeligi bilen ylym hem-de edebi döredijilik işine berildi. Bu Allanyň ýalkawydy. Allatagala bakylyga bermek üçin, ony döwrüň elinden aldy. Bu käbir gurrumsak hem owunjak köşk emeldarlarynyň pesliginiň beýik netijesi boldy. Alyşir Nowaýy özüniň ajaýyp eserleriniň köp bölegini hut şol on bir ýylyň içinde döredip, nesillere miras goýdy: 1476-njy ýylda pars dilinde «Tuhfatyl efgar» atly eserini döretdi; 1483-nji ýylda iň meşhur eseri «Hamsany» ýazmaga girişip, şol ýyl onuň «Haýratul-ebrar» we «Perhat-Şirin» dessanlaryny ýazdy; 1484-nji ýylda «Leýli-Mežnun» we «Sabgaýy-Seýýar» dessanlaryny tamamlady; «Hamsanyň» soňky dessany-da şol döwrüň önümidir; Şol ýyllarda ol şygyr diwanlarynyň üstünde hem basa oturyp işledi. Emma köşk emeldarlary Nowaýynyň Hyratda döwlet işlerine goşulman ýaşap ýörmegini-de oňa köp gördüler. Ony paýtagtdan, dosty Baýkara golaýlygyndan çetleşdirmek maksady bilen, oňat bir çözgüt oýlanyp tapyldy; 1487-nji ýylda hamana häkim bellemek bahanasy bilen onuň Astrabada ugradylmagyny gazandylar. Özüniň şahsyýet aýratynlygy boýunça, Nowaýy şahyr bolan döwlet işgäri ýa-da döwlet işgäri bolan şahyrdyr. Biziň milli taryhymyzda, ylaýta-da, orta asyrlarda şu hili şahsyýetler az duş gelmeýär. Bular üçin syýasy döredijilik bilen edebi-ylmy döredijilik bitewi ömrüň utgaşykly, bir-birinden aýrylmaz işidir. Nowaýy-da Astrabatda edebi döredijilik işini döwlet işleri bilen utgaşyklykda alyp bardy. Munuň özi, indi seredip otursak, heminzaman bilen geljegiň, döwür bilen bakylygyň utgaşygy bolupdyr. Emma beýik şahyryň şu dünýäde gezip ýörmegi-de käbir betpäller üçin artykmaç hossa bolup görnen bolara çemeli. Şahyryň terjimehalynyň bir geň fakty bar. 1488-nji ýylda duşmanlary Nowaýyny zäherläp öldürmek üçin Astrabada ýörite jansyz iberipdirler. Ýöne ykbal geljek üçin beýik şahyry aýapdyr. Astrabatda iki ýyl ýaşandan soň, Nowaýy Hyrada gaýdyp gelýär. Hiç hili döwlet wezipesini eýelemän, ömrüniň ahyryna çenli ylym hem edebi döredijilik işi bilen meşgul bolýar. Ömrüniň soňky döwründe birnäçe eserleri — «Nasaimyl-muhabbet», «Hamsatul-mutahatirin», «Lijalisua-nefis», «Mizan ul-öwzan», «Muhakamatul-lugataýn», «Lisan ut-taýr» eserlerini döredýär. Onuň galamynyň astyndan çykan iň soňky eser «Mahbubul-kulubdyr». Bu eýýäm 1500-nji ýylda ýazylypdy. 1501-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda bolsa beýik Alyşir Nowaýy dünýäden ötýär. Halk öz hasabyna medreseler we metjitler, kitaphanalar we hammamlar, köprüler we ýollar, myhmanhanalar we mekdepler gurduran, ömründe-de, döredijiliginde-de haýyr diýlen beýik gymmatlyga gulluk eden şahyryň ýasyny birnäçe günläp tutupdy. Biziň taryhymyzda Alyşir Nowaýynyň şahsyýeti juda üýtgeşik, beýik, gaýtalanmaz şahsyýetleriň biri bolup galýar. Ol öz şahsy durmuşy bolmandyr diýilýän şahsyýetlerdendir. Ol bir wagtda hem döwre, hem bakylyga hyzmat edip bilen şahsyýetdir. Ol panynyň oýun meýdanynda özüniň çyn işlerini amala aşyran şahsyýetdir. Ol ruhy gymmatlyklary ykrar eden dünýewi şahsyýetdir. Ol ähli döwürler üçinem örän uly şahsyýetdir. Nowaýynyň şahsyýetinde, ömründe entek-enteklerem açara zat köpdür. *** Alyşir Nowaýynyň döredijiligi barada pikir ýöretmek juda çetin işdir hem kyn wezipedir. Bu işi boýna almak uly töwekgellikdir, çünki munuň soňunyň beýik dagyň öňünde öz asgyn hem ejiz ýerleriňi äşgär etmek bilen gutaraýmagy-da ähtimaldyr. Nowaýynyň döredijiligi öz ylmyna göwnüýetme babatynda, okumyşlyk babatynda men-men diýen guwwaslaryň gark bolýan ummanydyr. Bu ýönekeý deňeşdirmäni ulanýarkam, men onuň döredijiliginiň, umman ýaly giňliginden-de beter, umman ýaly çuňlugyny göz öňünde tutýaryn. Töwekgellik çuňluk bilen baglanyşykly. Sungatyň derýaýy däl, deňzi däl, hut ummany çuňlugyny, bellibir manyda bolsa asla düýpsüzligini kepillendirýän ölçeg pelsepe matrisasydyr. Sungatyň pelsepä garaşlylygyny tekrarlamak hem ýönekeý endik, ýöne gep munda däl. Pelsepäniň emele getirýän çuňlugyny oňa getirmekde, ele almakda, boýlamakda, şeýdibem, ol arkaly öz çuňlugyny gazanmakda iş bar. Ummanyň çuňluklary suwasty daglaryň beýiklikleri bilen emele gelýär. *** Alyşir Nowaýynyň geçen alty ýüz ýyla golaý wagtyň içinde türkmen jemagaty tarapyndan kabul edilişiniň derejeleri hem-de aýratynlyklary dürli-dürlüdir, özboluşlydyr, bu biziň beýik şahyra düşünişimizi kesgitlemäge, onuň aňymyzda dörän keşbiniň real döredijilik şahsyýetine näderejede laýyk gelýändigine düşünmegimize akyl ýetirmäge mümkinçilik bererdi. Nowaýy hakydasynyň bir-birinden üzül-kesil tapawutlanýan iki ugra, giňişlige eýedigini aýtmak gerek. Birinjisi — ýönekeý halk köpçüliginiň hakydasy. Dessanlardan, rowaýatlardan, hekaýatlardan ybarat bu halk hakydasynda Alyşir ýa-da şol formalaryň öz dili bilen aýdanyňda, Myraly, ilkinji nobatda, ýiti paýhasly hekim bolup janlanýar. Bu hekim hemişe patyşanyň weziri, akyl-paýhasda hem ýitilikde hökümdaryň owal-ahyr ýeňilmezek bäsdeşi bolup hereket edýär. Nowaýy türkmeniň diňe bir jemgyýetçilik gatlagynyň — kitaphon, sowathon, okuwly adamlaryň däl, eýsem giň köpçüligiň ruhy durmuşynda uly orun alan şahsyýetdir. Bu babatda ol hatda Nesimiden hem meşhurdyr. Ol ýöne bir küt-küt kitaplaryň sahypalarynda däl, eýsem halkyň gündelik aňynda ýaşaýan, diňe medreselerde däl, eýse märekede, öýlerde hem bazarlarda ýaşaýan adamdyr. Munuň özi bir zady — Nowaýy diýilýän hadysanyň türkmeniň janly durmuşynyň faktydygyny, türkmeniň oňa mirasdüşer hökmündäki hakynyň jedelsizdigini görkezýär. Iň ähmiýetli ýeri-de, bu maglumatyň şahyryň öz ýazyşy ýaly, ol entek dirikä amal bolandygydyr. Onuň hemişelik şahsyýeti haýsydyr bir başga, umumy folklor esaslarynda däl-de, hut durmuşynyň hem-de döredijiliginiň esasynda kemala gelipdir. Ol diňe öz döwri üçin däl, eýse ähli döwürler üçinem ýokary derejedäki intellektual hem eruditdir. Onuň paýhasy-da, okumyşlygy-da kitabyň ýa-da ruhy-intellektual toparlaryň çäginde galman, janly durmuşyň giňişligine dolýan paýhas hem-de okumyşlykdyr. Bu onuň akyla hem-de sungata düşünişine, sungatyň durmuşyň jümmüşinde ýaşamalydyr diýen döredijilik kredosyna laýyklykda şeýle bolupdyr. Şu tarapdan ol biziň orta asyr şahyrlarymyzyň içinde aýratyn saýlanyp duran şahsyýetdir. Sungatyň, umuman, islendik çynlakaý akyl-ruhy işiniň önki-soňky gymmaty onuň durmuşylygyndadyr, durmuşa gerekligindedir, durmuşa nämedir bir zatlar berip bilýänligindedir, durmuşyň öz hadysasyna öwrülip bilýänligindedir. Biziň geçmişimizde hüjräniň çäginde, ulamalaryň mejlisleriniň çäginde, sopularyň hanagähiniň çäginde, garaz, bölek-bölek çäklerde galan şahyrlar köpdür. Nowaýy bu hili çäkleriň, aýratyn döredijilik giňişlikleriň hemmesinde-de bolup görüpdir, olaryň hersiniň peýdasyny, sapagyny, hasylyny ele geçiripdir, emma şol çäklerdenem çykyp, durmuşyň ählumumy giňişligine dolmagy başarypdyr. Ol sungatyň hem paýhasyň göni durmuşa çykýan şaýoluna düşüp bilen döredijidir. Durmuşa gatnaşyk babatda ol iň miweli, netijeli ýoly tapan şahyrdyr. Şu babatda ol özümiň-ä gözümgidiji ybratymdyr — nusgamdyr. Hut Nowaýydan görüp, men sungatyň öz güýç-kuwwaty, energetikasy boýunça elitar zat, ýöne giňişlik mümkinçiligi hem örüsi babatda weli halky bolmalydygy baradaky pikire gol ýapýaryn. Nowaýy hakykatynyň formulasy, onuň üçin döredijilik algoritmi hut şundan ybaratdyr: ol köp çynlakaý döredijileri ikiden birini saýlamaga mejbur edip, döredijilik ykbalyny şum edip gelen elitarlyk-halkylyk gapma-garşylygynyň hasylly çözgüdini tapyp, meseläniň täze dialektiki belentligine galyp bilen geniýdir. Ykbalyň emri bilen döwrüniň aldym-berdimli syýasy durmuşynyň jümmüşine oklanan, beýik zehininiň logikasy bile döwrüniň intellektual elitasynyň merkezinde döreden şahyr ýüregi köşg-u-hanagähiň daşyndaky durmuşyň ritmlerine görä gürsüldäp urupdyr. Ol dürli giňişlikleriň arasyndaky düşünjede, tebigaty boýunça ýykylmasyz hasap edilýän diwarlary ýykyp, zeminiň ýürek urgusyna ýetip bilipdir. Köşkde ýaşap, köşkde döredip, tutuş milletiň şahyry bolmagy başaran Nowaýydan başga ýene näçe şahyr barka?! Munuň üçin nähili üýtgeşik hem gaýtalanmaz şahsyýet bolup döremelikä?! Munuň üçin, megerem, adatdan daşary çeýe akylyň hem giň ýüregiň, çirksiz ahlagyň hem jedelsiz abraýyň, intellektual rüstemligiň hem islendik bähbidinden geçip bilýän pespälligiň eýesi bolmalydyr. Köşgüň daşy bilen içini, arbap bilen hökümdary, metjit bilen hanagähi, jemgyýetiň aşagy bilen ýokarsyny, paýhasyň çepi bilen sagyny, tabynlyk bilen erkinligi, borç bilen şahsy namysy barlyşdyrmagyň ýeke-täk esasy bolup biler. Bu Allaha hem bakylyga ynançdyr. Köpleriň asla gülala-güllük bolmadyk hem kitabyň aýdyňlygyna hem-de çürt-kesikligine asla kybap gelmeýän durmuş öz ýakasyndan ebşitläp tutanda, ynanjynyň ýürekden kiçi dilden bärik geçen mahaly, Nowaýynyň imany ýüregiň has jümmüşine aralaşypdyr. Iman ýeke-täk taýsyz hem çalşyrgysyz materiýadyr, has dogrusy, metafiziki çynlykdyr, hakykatdyr. Ol ýaşaýyşda (döredijilikde, durmuşda) ähli müşgillikleri hem meseleleri çözmegiň ýeke-täk ählumumy esasydyr, haky-nähaky seljermegiň ýeke-täk ölçegidir. Akyldaky pikir hem, sözdäki delil hem onuň ornuny tutup bilmez. Diňe sungaty dörediji adam üçin imanyň ýene bir ipostasy bar — oňa görk, gözellik diýilýär. Nowaýy hakykat bilen görküň, iman bilen görküň arasynda bar ýaly bolup görünýän gapma-garşylygyň bary-ýogy görejiň aldawydygyna geniallyk bilen düşünipdir. Şonuň üçinem ol hiç mahal, hiç ýerde görk bilen iman hakynda üzňelikde gürrüň etmeýär. Şu tarapdan ol beýik Dostoýewskiý bilen ruhy garyndaşdyr. Soňky üçin hem görk ýöne bir estetiki kategoriýa däl-de, eýse has düýpli, has fundamental ruhy-ahlak kategoriýa, adam jynsyny özge jynslardan tapawutlandyrýan jynsy kategoriýadyr. Onuň «Dünýäni görk halas eder» pähimine şu hili çuňňurlyk, ynsanyň ruhy-jynsy tebigatyny aňladýan çuňňurlyk kontekstinde-de düşünmek gerek. Görk empirika däl, ol metafiziki kökli hem başlangyçly ontologiki barlyk. Iň bolmanda beýik Gegeli okap göräýiň! Onsoň nädip ol iman bilen tebigat bir zat bolmasyn?! *** Şu pursatda-da biz beýik Nowaýynyň şahyr hökmündäki läheňligini aňlamak nokadyna gelýäris. Hut görk meselesi-de onuň üçin sungatyň elitarlygy bilen halkylygy, sungatyň sungatylygy bilen durmuşylygy diýilýän barlyşyksyzlygy öňli-soňly çözmegiň daýanç nokadydyr. Ähli geniýlerde bolşy ýaly, Nowaýy üçin «sungat sungat üçindir» we «sungat durmuş üçindir» diýen gapma-garşylyk tebigatda ýokdur! Biz ýokarda ýönekeý halka Nowaýynyň şahsyýetinde akyl ugurtapyjylygy (hekimligi) has ýakyndyr diýen manyda gürrüň etdik. Bu halkyň beýik şahsyýete gatnaşygynyň göze dürtülip duran birinji ýarydyr. Halk söýgüsiniň esasy sebäbi başga zatda — görk hakykatyndadyr. Ýönekeý adamlar onuň esasy güýjüniň görkdedigine, gözellikdedigine oňat düşünipdir, onuň ömrüni hem eserlerini gözelligiň beýik ýüze çykmasy hökmünde kabul edipdir. Çünki gözellik hajatydyr, özem dürli durmuşy sebäplere görä onuň ýoýulýandygyna, ýöntemleşýändigine; şeýle hem gatlaklaryň anyk daşky şertlerine görä, dürli derejelerde ýüze çykýandygyna garamazdan adamzadyň tebigy-jynsy hajatydyr. Özem gep hekimligiň özboluşly akyl gözelliginde hem däldir. Ýok, akyl sözüň göni manysynda gözellikden aýra hem bolup biler. Gep şahyryň döreden sungaty gözelliklerinde. Türkmen nusgawy şahyrlary-da Nowaýynyň akylyna däl-de, sungatynyň gözelligine telpek goýupdyrlar. Nowaýy olara türkmen dilinde beýik sungatyň derejesindäki eserleri döretmegiň taýsyz nusgasyny görkezipdir. Şu manyda ol täze edebi dili döredijidir. Elbetde, türkmen edebiýatynyň ondan has ozalam bolandygy jedelsiz hakykat. Gep munda başga bir taryhy maglumatdadyr. Nowaýynyň taryhy hyzmatyna bütin Orta Gündogaryň çäklerinde amala aşan türkmen-pars edebi-medeni taryhy bäsdeşliginiň kontekstinde garamak gerek. Gep dünýä ähmiýeti bolan beýik pars edebiýaty bilen egin deňläp bilýän, sungatyň ýokary derejesindäki, taryhy perspektiwada Orta Gündogarda syýasy, döwlet, medeni ylmy öňdelige dalaş edýän milletiň ruhyýeti hem aňyýeti bolan edebiýatyň taryhy ýüze çykmasy hakynda barýar. Nowaýy türkmen edebiýatyna hem medeniýetine täze taryhy dem berdi, onuň taryhy dowamatyny üpjün etdi. Özem ol bu işi bütinleý aňly-düşünjeli, perspektiwalaýyn amala aşyrdy. Muňa onuň ylmy işleri, iň bolmanda, «Iki diliň deňeşdirilmesi» diýen işi häsiýetli mysaldyr. Yslam medeniýetine, pars edebiýatyna uly sarpa goýan, bulardan ezber baş çykaran Nowaýy, türkmençiligiň taryhy ideologydyr. Onuň milletine buýsanç duýgulary her bir eserinde juda kesgitli ýüze çykýar. Gorkut ata, Nesimi, Oguz han ýaly şahsyýetlere bolan buýsanç duýgusy ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda okyjylara-da geçip, türkmen milliliginiň durmuş faktoryna öwrülmegine ýardam edip geldi. Men Nowaýyny diňe öz döwrüňe däl, geljege-de aňly-düşünjeli gulluk etmegiň beýik nusgasy hasap edýärin. Geljege hyzmat etmegiň hatyrasyna ol birnäçe gezek möhüm jemgyýetçilik hem döwlet işlerini bir ýaňa goýup, lükgeligi bilen döredijilige berlipdi. Nowaýy syýasatda, ideologiýada, dinde, ylymda hem-de edebiýatda sözüň oňyn manysyndaky merkezçilligiň, ortodoksallygyň, klassisizmiň hem-de konserwatizmiň aňladyjysydyr. Onuň aň-düşünjesi din bilen dünýewiligiň milletiň geljegini üpjün edýän oňyn utgaşmagydyr. Ol sopuçylygy-da gaty esasly öwrendi, emma hiç mahal terkidünýälige hem-de durmuşyň anyk meselelerinden hem gyzygyndan gaçmaga ýüz urmady, sopuçylygyň beýik akyl-ruhy gazananlaryny janly adamyň, milletiň ýokary göterilmegi üçin peýdalandy. Ol ylmyň hem edebiýatyň içki borjunyň hut nämelerden ybaratdygyna düşünen hem muny öz ylmy we döredijilik işinde wagyz eden şahsyýetdir. Eger XV asyrdan soňky türkmen şahyrlaryny gürledip bolsady, onda olaryň hemmesi «Biz Nowaýynyň söz dünýäsinden çykdyk» diýip aýdardylar. *** Munuň bütinleý durmuşy sebäpleri-de bolupdyr. Taryhy maglumatlara görä, Orta Aziýanyň türki dilli talyplary agdyklyk edýän medreselerinde Nowaýynyň eserleri okadylypdyr. Onuň «Çar diwany» («Şygyrlar diwany») ähli türkmen mekdeplerinde öwredilipdir. Diýmek, millet Nowaýynyň ylym hem bilim genjidigine ir düşünipdir. Nowaýyda iki döredijilik başlangyjy — çeper söz bilen ylmy pikir örän seýrek duş gelýän derejede sazlaşykly utgaşýar. Ol alymlykda şahyr, şahyrlykda bolsa alymdyr. Bu hakykata göz ýetirmek üçin onuň genial eseri bolan «Hamsany» okamak gerek. Bäş dessandan ybarat «Hamsa» Nyzamynyň, Dehlewiniň hem-de Jamynyň göreldesine eýerilip ýazylypdyr. Mälim bolşy ýaly, muňa nezireçilik däbi diýilýär. Bu däbiň çuňňur manysyny diňe Nowaýyny okap açyp bolýar. Ýok, nezire öýkünme-de däl, gaýtalanma-ha asla däl. Ol original hem gaýtalanmaz döredijiligiň özboluşly bir formasydyr. Nowaýynyň paýhas hem çeperçilik dünýäsi ýokarda agzalan şahyrlaryňkydan düýpgöter başgadyr. Muňa onuň özi-de oňat göz ýetiripdir. «Hamsada» ol öň ulanylan sýužetlere-kyssalara özüniň täze çeperçilik älemini döretmäge badalga hökmünde, itergi, bahana hökmünde ýüzlenýär. Ýöne hatda onda sýužetem öňki däldir, gahrymanlar-da ozalkylar däldir. Stil, pikir ýörediş uslyby, çeper pikirlenme tärleri hakynda-ha gürrüňem ýok. Nezire öýkünmek, gaýtalanmak manyda düşünilmeginiň sebäbi oňa ýewropa estetikasynyň gözi bilen seredilýänligindedir. Edebi däpleriň, ýol-ýörelgeleriň ähmiýeti Gündogarda-da, Günbatarda-da obýektiw reallykdyr, jedelsizlikdir. Ýöne munuň bizde hem Ýewropadaky göze görnüm ýagdaýy tapawutlydyr. Ýewropa edebiýatynda edebiýatyň öňki döwürlerinden alnan zatlar has çuňlukda ýerleşýär, hünärmen bolaýmasaň, göze görnübem duranok. Bizde bolsa olar tas hemmäniň gözüne ilerlik üstki derejede saklanýarlar. Ine, bar bolan tapawut şudur. «Hamsa», şol sanda «Perhat-Şirin» dessany beýik Nowaýynyň hem epik, hem lirik, ýagny hem ýazyjy, hem şahyr hökmünde ussatlyk görkezýän eseridir. Epiki sýužetiň liriki mazmuny, megerem, şu temadaky iň gyzykly meseledir. Ol ýazyjy bolsaň, seni has içgin, hünärmen derejesinde gyzyklandyrýar. Bu ýerde Gündogaryň söz sungatyna degişli ähli aýratynlyklar bardyr. Her babyň ahyrynda bary-ýogy iki beýt bile saka ýüzlenmek tärini alyp göreliň. Bu edebi täriň birnäçe jähetlerini belläp bolar. Iň düýpli birinji jäheti-de söz sungatynyň bizde keramatlylyk, ylahylyk tebigatyndan gelip çykýar. Saky tas ylham perişdesidir. Ol şahyryň gaýybana döredijilik taýydyr. Galyberse-de, saka ýüzlenmek uzyn kyssa gürrüňine dyngy bermäge, wakalaryň dowamatyndan biraz aran okyjynyň ünsüne hem aňyna ýazylganlyk bermäge ýardam edýär. L.Tolstoýyň öz döredijiligi barada aýdan: «Men sözden dünýä döredýärin hem okyjyny şol dünýä goýberýärin» sözlerini Nowaýy babatda-da ulanyp bolardy. Şahyryň dessany, dogrudan-da, giňişligi hem-de köpjähetliligi, çäksizligi hem köpmanylylygy babatda tas reallyga barabar, sözden döredilen wirtual dünýädir. Şu tarapdan Nowaýy etikanyň läheňidir. Şol dünýä weli öz jisiminiň, peýkeriniň emele getirilişi taýdan liriki, şahyrana ýaradylan barlykdyr. Eýýäm «Girişde» awtoryň esasy pikir ýörediş, suratlandyryş prinsipiniň allegoriýadygy belli bolýar. Dünýä — bag, läle — yşk ody, gül — haýranlyk ody, sünbül — hasrat tüssesi, guş sesi — pyrak nagmasy... Munuň özi dessanyň ahyryna çenli saklanýan, synman dowam edýän parallel dünýädir. Dessanyň islendik sahypasyndan «mazmun genji» «pelek sapany», «söz ýüpi, gan baýguşy, dünýä bossany, şalyk jamy — dirilik suwy» ýaly epitet arkaly gurnalan allegoriki obrazlary tapyp bilersiňiz. Bir goşgy bolsa düşnükli, bir poema bolsa düşnükli, emma tutuş bir şygyr bilen ýazylan dessanyň (romanyň) bütin dowamynda şu pikirleniş tärini saklamak üçin nähili tükeniksiz, çeşmesi guramaýan şahyrana fantaziýa eýe bolmak gerekdigi hakda oýlanyp görüň. Ine-de, beýik Nowaýynyň ýene bir syry (sapagy). Ýazyjy özünden öňki edebi baýlyklary näçe çuň, düýpli özleşdirip, özüne sygdyryp bilýän bolsa, onuň original döredijiligi-de şonça baýdyr we beýikdir. Munuň özi daragtyň kökleri näçe çuň bolsa, onuň özüniň-de şonça belent bolşy pisint bir zatdyr. Şu beýikligi gazanmak mehanizmine ýazyjy Remark «hünji düzmek oýny» diýip at berýär. Edebiýatda täzelik etmek täze, öň bolmadyk hünji ýasamak däl-de, öňki bar bolan hünjüleri täzeçe düzüp, täze boýunmonjugyny döretmekdir. Daşky barlygy suratlandyrýan epikany döretmek üçin Nowaýy allegoriýany işledýär. Ol daşy içe, içi daşa, «meni» «oňa» we «ony» «maňa» çöwürmäge puryja berýär. Ol wakalaryň içki many suratydyr. Ömür — yşk, yşk manysy hasratdyr. Ine, şu hili çeper logika arkaly empiriki barlyk poeziýa öwrülýär duruberýär! Nowaýy öz eseri barada «görgünama ýazdym» diýýär, özünden öňkülerden parhyny bolsa «esasyny başgaça düzdüm», «Meniňki lagyl daşy däl, emma çakmak daşy, ol ot ýakar» diýip aňladýar. Umuman, şahyryň söz sungatyna ylahy many we ähmiýet berendigini onuň «Gaýypdan eşidip şeýle buşlugy», «Gaýypdan bir owaz ýetişdi şonda», «Aýagmyň astynda pelekdir daýym» ýaly haýbatly hem buýsançly sözleri oňat aýdyňlaşdyrýar. Magtymgulynyň «Turgul diýdileriniň» äheňi, gör, nireden gelip çykýan eken. Beýik Nowaýynyň dessanynda suratkeşligiň aýratyn orny bar. Onuň söýgüli gahrymanlary nakgaşlar-hudožnikler. Ol hemişe hytaý nakgaşlygyna ýüzlenip gürrüň edýär. Onuň adamlary, wakalary, tebigaty suratlandyrmakdaky hudožnikligi akylyňy haýran edýär. Şahyr dünýäniň özüni-de «Nagyşhalka» diýip kesgitleýär. Nowaýynyň döredijilik şahsyýetiniň şu sypatyny göreniňde, zamanymyzyň uly şahyry A.Atabaýewiň Sahy Jepbar hakynda ýazan «Bagşy bolmadyk bolsaň, şahyr bolardyň» setiri ýada düşýär. Nowaýy şahyr bolmadyk bolsa, beýik hudožnik, nakgaş bolardy. Onuň döredijiliginde uly orun tutýan, kä dilemma, kä antiteza hökmünde ýüze çykýan zatlaryň biri-de asman-zemin, şalyklyk-şalyk gapma-garşylygydyr. Şahyr dünýäni kosmiki belentlikden (pelekden) bakyp suratlandyrýar. Asman — bakylyk suraty, zemin — panylyk suraty. Aşyklyk bakylyga ymtylma we bakylyga ukypdyr. Esasy gahrymanlar bolan Hysrow bilen Perhadyň arasyndaky gapma-garşylyk şo hili kosmiki derejeler boýunça geçip gidýär. Şalyk özge işdir, aşyklyk özge! Uzat bilim meýin, bize, eý, saky, Damjaly şalykdan ýokarda baky. Şol bir wagtda-da Nowaýynyň sözüň ähli ylmy we çeper-estetiki manylarynda beýik realistdigini nygtamak gerek. Onuň durmuşy suratlandyryşynda, adamlaryň psihologiýasyny berşinde beýik realistiň eliniň yzy bar. Eserde realistik däl mazmun asla ýokdur. Onuň realizmi öz döwri üçin adatdandaşary şahsyýetinden gelip çykýar. Söze gulluk eden Nowaýy real barlygy dilden, sözden ilerde goýýar. Öz eserinde hem ol özüniň durmuşyndan, ykbalyndan ýekelikdäki oýlanmalaryndan alnan zatlary ýerlikli ulanypdyr: Patyşa alnynda her haramzada Etmese günäli meni arada. Şa aslynda bar bolsa bir günäli Etmeseler nähak meni webaly. Meni meşgul etmese şa bir işe Söz işine meşgul bolsam hemişe. Şeýle durmuşy şertlerde ýaşap, beýik eserleri döreden Nowaýynyň ömri taýsyz gahrymançylykdyr. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |