01:49 Ýazgyt / powest | |
ÝAZGYT
Powestler
Resminama kyssasy Ýowuz ýyllaryň pidasy bolan babam Artyk ussa bagyşlaýaryn. ▶ Sözbaşy - 1 - Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda bolup geçen wakalar Sowet hökumediniň nukdaý nazary bilen ölçenildi. Her adam şol bir waka öz düşünjesine,akyl çatyşyna, syýasy talaplara görä baha berdi, ýöne olar, hakykata laýykmy, seljeren bolmady. "Suw akar daş galar” diýilişi ýaly, taryh ähli zady ýerbe-ýer goýar ekeni.Indi, öň beýik hasap edilen gymmatlyklar pes,pes hasap edilen gymmatlyklar beýik, dogry hasap edilenler nädogry bolup çykdy. Şol döwürde, ata –babalarymyzyň başdan geçiren hasratly wakalary barada dil ýaryp bolmady, bir zat aýdaýsaňam “Hiç ýerde şu gürrüňleri edäýme!”diýerdiler. Men geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda şol wakalaryň janly şaýatlaryndan köp ýazgylary alyp rejeleşdirdim, kagyza geçirdim. Adamlaryň, ýerleriň atlarynda käbir nätakyklyklaryň bolmagy mümkin, ýöne, gep onda dälmikä diýýärin. Şu ýazgylary okanlarda “Beýle uly gyrgynçylyk kime gerek? Adamlaryň ezýet çekmeginden, gyrylmagyndan lezzet almak üçin, bu ýazgylar ýazylanmy? Ynsan ykbalyna parhsyz adamlar nädip döreýär? Mal-mülk hem Watany terezä salsaň, haýsysy agramly geler? Özge ýurtda şa bolandan öz ýurdunda geda bolmagy isleýän türkmen, baýlyk bähbidi bilen özge ýurda aşarmy? Eserde akja guş edilip görkezilýän han-beglerimiziň saman astyndan goýberýän “suwy bar bolaýmasyn?” diýen ýaly soraglaryň döremegi mümkin. Men bularyň baryna jogap berip biljek däl, goý, okyjy ony öz-özünden gözlesin. Men bolan, ýöne, şu güne çenli gizlin saklanan wakalary bolşy ýaly beýan etdim, hem-de, ony toslap tapmandygymyň subutnamasy hökmünde, salgylanan resminamalarymdan bölekleri getirdim, galyberse-de, şu wakanyň gözlüje şaýady, Saragytly Çoluk Durdy oglunyň ýatlamalaryny, şol etrabyň Oraz Salyr obasynyň ýaşaýjysy Kakajan Mollanyň beren gürrüňlerini,ýazan goşgularyny ulandym.Eden kömekleri üçin,men olara tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Eseri ýazmak üçin maglumat toplanymda, 1931-1937-nji ýyllarda türkmeniň gaýmagy hasap edilen alym adamlaryň, 1941-1945-nji ýyllarda,türkmeniň süýdi hasap edilen, 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda bolsa, türkmeniň gazany hasap edilen, ylymly-bilimli adamlaryň ýok bolanlygyna gözüm ýetdi. Dogry,başgaça pikir edýänleriň barlygyny hem inkär etmeýärin... Indi, ýigrimi bäş ýyl bäri, “Ýeroýulanduzda”, 1932-nji ýylda kommunistler tarapyndan ýok edilen bosgunlaryň hatyrasyna berilýän sadakanyň guramaçylyk işlerini alyp barmak, merhum mirasgär Ümür Eseniň we şu kitabyň awtorynyň paýyna düşdi. Her ýylyň aprel aýynda berilýän sadaka ülkämiziň dürli ýerlerinden ýüzlerçe adamlar gatnaşýar. Şehitleriň ýatan ýerleriniň ýagty, imanlarynyň hemra bolmagyny Beýik Biribardan dileýäris. Adam, Idris, Nuh, Hud, bile, Salyh, Ibrahim, Lut ile, Ismail, Ishak, Ýakup, Ýusup, Şuaý, Musa hem Harun, Dawut, Süleýmanu, Elýasu, Eýýup, Zülkifil, Ilýasu, Ýunus, Zekreýa, Ýahýa, Isa, Muhammedu-Mustafa... 25 pygamber kelamulladan, Pena bolsun ruhlara, ýa Alla! Şehitler ýanyna zybana geldim Elhamdulilla, elhemdulilla, elhemdulilla!!!... Omyn! Amanmuhammet NEPES. (Powestiñ doly görnüşi saýtyñ kitaphana bölüminde goýulýar). * Bellik: Powestiñ saýtymyzda okyjylara ýetirilmegine razylyk berendigi üçin Amanmuhammet aga, şeýle hem eseriñ saýtda goýulmagyna hyzmatyny gaýgyrmadyk ýaşuly mirasgär Aşyr Salyha çuññur minnetdarlygymyzy bildirýäris. | |
|
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |