17:55 Amerikadaky dawa!.. | |
AMERIKADAKY DAWA!..
Publisistika
Aýazly gyş günleriniñ biri gara basyrnan sümme tokaýlaryñ içinden geçip, Edirnä tarap barýardyk. Bu howply ýolagçylyga çykmagymyza gözel Edirneden gelen bir çakylyk sebäp bolupdy. Bizi Türkiýeden opuran pullary bilen Amerikada dollar milliarderleriniñ ýaşaýan şäherinde keýpi-sapa sürýän gaçgak işewür tarapyndan iş haklary tölemenmegiñ deregne ellerine boş aksiýalary tutdurylan işçiler çagyrypdy. “Geliñ” diýýärdiler. “Geliñ-de, nähili sepil-sergezdan, perişan ýagdaýdadygymyzy görüñ!..” Bizem olary diñlemäge, hal-ahwallary bilen tanyşmaga gidýärdik… Emma birden tizligini artdyran awtoulag buz düşegine öwrülen ýolda top ýaly pyrlanmaga başlady. Tejribeli sürühi Aslan Kyzylkan adatdan daşary sowukganlylygy bilen rula erk etse-de, elden çykan awtoulag pyrlanmaga dowam edýärdi. "Boljagymyz bold-ow" diýip durkak, öñde oturan ýoldaşymyz Aýdyn we ýanyndaky Jan Agýar atly demir ýürekli gardaşlarym meni gorajak bolup üstüme egildiler. Mafiýa we terrorçylykly toparlaryñ hüjümlerine garşy döwletiñ bellän goragçy poliseýi Korkmaz Ipek gardaşymam şeýtdi… Hiç gutarmajak ýaly bolup görnen ölüm tansy yzymyzdan we garşymyzdan hiç hili awtoulag gelmändigi üçin täsin ýagdaýda hiç ýere urulman öz-özünden durdy. Ölüm bilen ýaşaýşyñ arasynda gidip-gelnen depe saçyñy üýşendiriji pursatlary yzda goýup, sözümizde durmak üçin ýolumyza dowam etdik. Edirnä barýança gar dyzdanam ýokaryny boýlady. Pejiñ tüssesinden ýaña göz göze kaklyşmaz ýaly derejä gelen çaýhanada bize garaşýan işçiler bilen duşuşdyk. Owurtlary çöken, ösgün sakgally we şol garly günde geljegimizden tamasyny üzen işçiler bizi görenlerine begenip guş bolup uçdular. Hemmesiniñ derdi bir: “Biz bu adamyñ zawodyna näçe ýylymyzy sarp etdik. Emma ol daban azabymyz bolan hakymyzy tölemegiñ deregne bu aksiýalary gysdyryp ökjä tüýkürdi. Hemmesi-de garşylyksyz. Özi häzir ABŞ-daky mülkünde lýuks durmuşda döwran sürýär. Ýagdaýymyzy we çäresizligimizi beýan edip birnäçe žurnaliste hat ýazdyk, emma olaryñ köpüsi öñden bäri bu kezzabyñ naz-nygmatly saçagyndan paýlaryny alyp ýörendikleri üçin ýazmaga bogunlary ysmady. Şonuñ üçin size haýyş edýäris. Amerika gidiñ-de, onuñ ýaşaýan ýerini tapyñ we çaga-çugamyzyñ hakynyñ howandary boluñ. Ynanyñ, häzir biz şeýle bir ejiz, şeýle bir aç!..” Şol salgyny alanymda, ilkinji işimiñ Amerika gidip bikanun hlor söwdasyndan tussag astyna alynjakdygyny añyp, döwletiñ boýuna ep-esli pajyny dakyp gaçyp giden bu kezzap işewüre mikrofon uzajakdygymy aýdyp, Edirneden gaýtdyk. Kän wagt geçmänkä salgynyñ ýerini anykladyk. Wideokameraçy gardaşym Gökhan Ajun bilen bile ABŞ-na - Nýu-Ýorkuñ eteginde bir ýerde, dollar milliarderleriniñ ýaşaýan raýonyndaky mülküne gidip, gapyny kakdyk. Maksadymyz hünär borjumyzyñ talaplaryna laýyklykda birnäçe sorag bermek we işçilere beren sözümizde durmak... Emma içerdäkiler gapyny açmagyñ deregne ýanymyza öýde işledip ýören hyzmatkärleriniñ birini ugratdylar. Maliýe polisiýasy bu işewüriñ Türkiýeden opuryp bolgar gämisine ýüklän gymmatbahaly zatlarynyñ saklanan operasiýasynda ogurlyk zatlaryñ müşderisi hökmünde ady geçen işgäre mikrofony uzadyp: "Baş üstüne, mikrofony alyñ-da, gepläberiñ" diýendigine garamazdan, ol her dürli hapa-paýyş sögünenini gowy gördi. Kezzap işewüriñ we onuñ aýalynyñ ýel berip goýberen bu adamy munuñ bilenem çäklenmän: "Häzir men sizi bölek-bölek ederin!" diýip wideokameraçy Gökhana topuldy. Soñy polisiýa bölümçesinde gutaran dartgynly kinofilm... Ýarym asyr bäri jemgyýetiñ hakykatlary öwrenme hukugyna hyzmat edip geçiren şunuñ ýaly nijeme "ölüm tanslarynyñ" ýer alan "ADATDAN DAŞARY ÖMÜR" ("OLAĞANÜSTÜ BİR HAYAT") dokumental filmini ilkinji gezek şu gün agşam 21:00-da soñky wagtlaryñ parlaýan habar kanaly "TELE1 TV"-da ýaýlyma goýbereris. Gadyrdan gardaşlarym Ýylmaz Özdiliñ taýýarlanmagyna uly goşant goşan, Gökmen Ulynyñam režissýorlyk eden dokumental filmine tomaşa etmek üçin hemmäñize TELE1-de garaşýarys. Çünki zähmet edip muña aýran wagtyñyza gynanmajakdygyñyza tüýs ýürekden ynanýarys. Ugur DÜNDAR. 05.06.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||