23:00 Amerikany ilki bolup kim açypdyr -3 / dowamy | |
♣ Görogly – haýsy döwrüň är ogly?
Taryhy makalalar
Halkymyzyň uly çeperçilik guwanjynyň biri “Görogly” eposynyň baş gahrymany aslynda taryhda bolanmy ýa-da toslanyp tapylan gahrymanmy diýen mesele indi esli wagt bäri göroglyşnaslaryň böwrüne büküldi salyp gelýär. Bu meselede alymlar iki topara bölünýär. Birinji topara girýan alymlar Görogly halkyň hyýalynda toslanyp tapylan gahryman diýen pikire gol ýapsa ikinji tarapyň wekilleri baş gahrymanyň aňyrsyndaky anyk bir taryhy şahys bar diýen pikire gulluk edýär. Soňky döwürlerde bu pikire imirinýänler has-da köpeldi. Asyrlaryň jümmüşinden Göroglyny gözlemek işihä baryp geçen asyryň ikinji ýarymyndan başlanypdyr. Şu wagta çenli ondan gowrak “Göroglynyň” üsti açyldy. Gyzykly ýeri, şol Göroglylaryň aglabasy serkerdelik eden, adamlaryň öňüne düşen şahyslar. Ýöne olaryň hereketlerini welin eposyň wakalary baglamaklyk kyn düşýär. Aýratyn hem alymlaryň nazary XVI-XVII asyrlarda Kiçi Aziýada, Günorta Azerbeýjanda sefewilere garşy jelalylar ady bilen topalaň turzan gozgalaňçylaryň arasynda hereket eden Görogly diýen şahyr bagşyda eglenýär. Bu Görogly barada ençeme taryhy maglumatlar hem saklanyp galypdyr. Ýöne şol maglumatlary içkin yzarlasaň, bu mesele böwrüňi diňledýär. Geň ýeri , bu Görogly jelalylar gozgalaňynda esasy figura däl. Faktor ony söweşlere gatnaşyjy, ýöne galapyn şol söweşlerde gozgalaňçylary öz aýdym-sazy bilen ruhlandyrýan şahyr-bagşy edip görkezýär. Munuň tersine, eposyň ähli wersiýalarynda baş gahryman şalaryň , soltanlaryň , hanlaryň garşysyna barlyşyksyz göreşiji, halkyň arkadagy, howandary edilip orta çykarylýar. Ýene bir bellemeli zat eposyň taryhyny öwrenijiler ony XVI-XVII asyrlarda düzülip gutarylan hasap edýärler. Şeýle gysga wagtda şeýle tutumly eposyň düzülip gutarylmagy asla mümkin däl. Eposyň hakykatdan hem öň düzülip gutarylandygyny tassyklaýan faktorlar bolsa bar. Ýekeje mysal. Biz Magtymgulynyň “görogly Reýhana niçe ýalbardy, amandyr diýene dyýanat ýagşy” diýen sözlerinden soň eposyň “Reýhanarap” şahasyna göz öňüne getirip bilýäris. Ýokardaky ýaly ýagdaýlary göz öňüne tutup , belli taryhçyI.P.Petruşowskiý “Jelalylar serkerdeleriniň biri, megerem irki döwürden bäri aýdylyp gelinýän, legendalarda meşhur bolan Göroglynyň adyny dakynypdyr” diýen netijä gelýär. Barlaglar türk alymy Aga Syrryh Lewendi hem şeýle netijäniň üstünden gelipir. Ýöne şol irki döwürlere degişli Göroglynyň kimdigini anyklamak başartman gelýär. Şu ýerde şeýle bir ýagdaýy hem bellemegimiz gerek. Biziň pikrimize görä, halkyň gahrymançylyk eposy haýsydyr bir taryhy söweş hereketleri bilen bagly bolýar. Kem-kemden şol wakalar rowaýatlaşyp başlaýar. Ençeme rowaýat - legendalar döräp başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen şol rowaýatlar sepleşip, soňky döwriň wakalaray bilen üsti doldurylýar. Halkyň çeperçilik gazanynda gaýnap, etine-ganyna gelýär. Eposa öwrülýär. Ýagdaý biziň “Göroglymyz” babatynda-da şeýledir. Eýsem eposyň ilkinji rowaýatlary, onuň esasy özeni haýsy zamanlaryň taryhy hakykaty bilen baglaşýar? Biz iki-üç ýyldan türkmen edebiýatynyň klassygy Andalybyň “Oguznama” poemasynyň üstünde barlag geçirdik. Bu taryhy poemanyň türkmenleriň nesilbaşysy Ogyzhan hem onuň söweş hereketleri bilen baglylygy okyjylara mälim bolsa gerek. Oguznama sýužetini Andalypdan başga –da sekiz awtor galam astyna alypdyr. Onuň häzirlikçe iň irki nusgasy bolup biziň eramyzyň VI asyrlarynda pars diline terjime edilen “Oguznama”. Onuň awtory Ulughan Ata bolupdyr. Sýužetiň dürli nusgalary, onuň taryhy kökleri bilen ýakyndan tanyş bolmagymyz bizi “Görogly” eposynyň esasynda ine , şu Oguznama sýužeti ýatýan bolsa gerek, has takygy, sýužetiň esasynda ýatýan taryhy wakalar onuň kemala gelmegine esas bolup hyzmat edipdir diýen pikiriň üstünden eltdi. Özümiziň deslapky garaýyşlarymyzy okyýjylar bilen paýlaşmak üçin hem golýazma ýapyşdyk. Ozaly bilen, oguznama sýužetiniň taryhy hakykat bilen baglanyşygy dogrusynda. Geçen asyrda ýaşan, Orta Aziýa halklarynyň taryhyny hytaý çeşmeleri boýunça öwrenen rus alymy N.Ý.Biçuriniň toplan materýallaryna görä, Oguzhan biziň eramyzdan ozalky ikinji asyrda ýaşapdyr. Ol şol eýýamyň 209-njy ýylynda gadymy hun taýpalareyny birleşdirip, Hun döwletiniň gurupdyr. Şol eýýamyň 174-nji ýylynda hem dünýäden ötüpdir. Hytaý çeşmelerinde ol Mao-tun diýlip atlandyrylypdyr. Bize “Mao” sözüniň manysyny aňlatmak başartmady. Bu sözüň arassa hytaý sözi bolup , harby derejäni aňladýan bolmagy ähtimal. “Tun” sözi gadymy türk sözi bolup, ol ilkinji manysyny berýär. Biziň pikirimizçe , gadymy hytaýlylarda Oguzhanyň ady mälim bolman, ol hunlaryň agzyny birikdirip, ilkinji döwlet gurmagy başaran bu şahsa öz dillerinde “ilkinji hökümdar” diýip at berendirler! Umuman , Oguzhanyň Orta Aziýaly taryhçylar tarapyndan Oguzhan, hytaý taryhçylary tarapyndan Mao-tun diýlip atlandyrylýandygyny N.Ý. Biçuriniň özi hem ýörite belläpdir. Şeýlelik bilen, ine, şu Mao-tun bilen bagly taryhy taryhy wakalar kem-kemden rowaýatlaşan, has soňky döwürlerde Orta Aziýa halklarynda oguznama sýužeti döräpdir. Oguznama sýužetiniň taryhy kökleri bilen “Görogly” eposynyň wakalaryny, öwrenmäge girişmezden öňinçä Oguzhanyň şahsyýeti bilen eposyň baş gahrymanynyň ady “köp” hem “ogul” sözleriniň esasynda emele gelendigi dogrusynda öňem ençeme gezek ýazypdyk. Has dogrusy, ol “Körogly” –“batyryň ogly” manysyny berip , bu oňa, halk tarapyndan berlen lakam. Bu eposyň özünde hem şeýle. Gahrymana ilki Röwşen ady dakylýar. Bu barada Şeýdaýy has ygtybarly maglumatlary miras goýýupdyr: Kör han ogly Ugurjyk , alp, Gezdi türk ilin at salyp, Körogly oňa at galyp Paç alyp geçdi, sagy soly. Görşümiz ýaly, eposyň baş gahrymanynyň kakasynyň ady Kör han eken. Onuň adynyň manysy bize aýdyň. Gahrymanyň öz ady ugur. Eýsem “jyk” goşulmasy näme diýilmegi mümkin. Ol söýgýlilik ýa-da kiçijik sypat. Derejesiniň goşulmasy däl. Ol düýp söz. Gadymy türki dilde bu söz “ serdar” manysyny aňladypdyr. Mysal üçin,”seljuk” sözi şeýle ýol bilen ýasalypdyr. Gadymy eždatlarymyzyň dilinde “sel-sül” goşun, ýygyn manysyny berýän ekeni. Onuň yzyna ýokardaky söz goşulyp, “sel-žuk”- goşunbaşy, serdar, serkerde manylaryny aňladypdyr. Bendiň ilkinji setrinde gelýzn “alp” sözi hem gadymy dilde “batyr” diýmekdir. Şeýlelik bilen bu setrden “Kör (batyr) hanyň ogly batyr serkerde Ugur” diýen many gelip çykýar. Bu bolsa eposyň baş gahrymanynyň esasy häsiýeti. Şeýydan bir asyr öň ýaşan Abylgazy bolsa Ugurjygy “Salyr Ugurjyk Alp” formasynda beripdir. Bu ýerde dilimize häsiýetli bolan ses çalşygynyň bardygy görünip dur. Olaryň aslynda bir adamyň ady bolup gelýändigini eposyň genezisini öwrenijiler bir agyzdan tassyklaýar. Şeýlelik bilen, oguznama sýužeytiniň we halk eposynyň baş gahrymanlarynyň ady özüniň formasy boýunça biri-birine –Oguz –Ogur –ýakynlaşýar. Olaryň bir kökden emele gelendigini tassyklamak üçin şu ýerde azda – kände lingwistik barlagyň zerurlygy bar. Taryhçylaryň köpüsi “oguz” sözüniň öküz manysyny aňladýandygyny ykrar edýär. Sowet alymy A.N.Bernştam, nemes alymy G. Ramstedt köp sanly barlaglardan soň “oguz” sözüniň gadymy mongol , türk dillerinde öküz manysyny aňladýan “üker” sözünden gelip çykandygyny anykladylar. Olaryň tassyklamagyna görä , has soň bu söz ses sazlaşygy esasynda “ükür” formasyna geçipdir. Bize belli boluşy ýaly, häzirki türkmen dialektleriniň ençemesinde ökäze “üküz” diýilýär. Diliň ösüş kanunlary esasanda gadymy “ükür” sözi has soňrak “öküz” formasyna eýe bolupdyr. Sebäbi biziň eramyzyň VI asyrynda hem türki dillerde sözüň başynda “ö” sesi bolmandyr. Diňe soňky asyrlarda şeýle hadysa ýüze çykypdyr. Şol bir wagtyň özünde has soňky döwürlerde sözüň başyndaky dodak çekimlileriň “o”-laşmak hadysasy hem rowaçlanyp başlapdyr. Mysal üçin gadymy türki dildäki “öçük” sözi “ojak” , “öge” sözi “oka” , “ögük” sözi “ogul” “örlemek” sözi “orlamak”, “örün” sözi “orun” , “öň” sözi “oň” formasyna geçipdir. Biziň pikirimizçe , şu hili dil özgerişleri esasanda iň gadymy öküz manysyny beren “üker” sözi soňky döwürler “okur- ogur” formasyny aňladypdyr. Indi ýene bir dil üýtgeşmesi barada. Türkologlaryň köpüsi gadymy türki dildäki soňy “r” sesi bilen gutarýan sözleriň soňky döwürlerde “z” sesine geçmak hadysasyny başyndan geçirendigini belleýär. Professor A.M.Şerbagyň türki dilleriň fonetikasyna bagyşlanan tutumly işleriniň köp ýeri , ine şu mesele bilen bagly. Gadymy türki dildäki soňy “r” sesi bilen gutarýan sözleriň käbiri häzirki zaman türkmen dilinde hem saklanypdyr. Ýöne olar soňuna goşulma goşulyp durnuklaşan sözlerde gabat gelýär. Mysal üçin “gyzyl-gyrmyzy”, “göz-göreç”, “köz-körük”, “guduz-gudra”, “semiz-semre” ýaly sözler. Diýmek bu hili dil özgerişleri netijesinde gadymy öküz manysyny beren “üker-ükür” sözleri kem-kemden üýtgeşmelere sezewar bolup , “oguz” görnüşine geçendir. Diýen netije çykarmak bolar. Jemläp aýtsak, taryha diýseň belent bolan Şeýdaýy ( Bu hakda edebiýatçy B.Weliýew ýörite makala ýazdy –A.B.) Görogly hakyndaky bir gadymy çeşmäni peýdalanyp ýokarky setirleri ýazypdyr. Gadymy hytaýlylar tarapyndan Mao-yun diýlen hun serkerdesiniň ady Üker bolup, soňky döwürlerde onuň ady dil özgerişlerine sezewar edilipdir. Şol bir şahsyň ady soň-soňlar Ugur, Ogur görnüşine eýe bolup onuň hereketleri bilen bagly wakalar “Görogly” atlandyrylan halk gahrymançylyk eposyna , Oguz ady bilen hem ýazuwly oguznamaçylyk eposyna , Oguz ady bilen hem ýazuwly oguznamaçylyk däbine aralaşypdyr diýen çaklamany orta atmak isleýäris. Diňe at meselede däl, eýsem N.Ý.Biçuriniň gadymy hytaýlylar tarapyndan Mao-tun diýlip atlandyrylan Oguzhan hakynda toplan maglumatlary bilen Göroglynyň hereketlerini deňeşdirseň , şeýle jürbe-jür gabat gelýän meňzeşlikleriň üstünden barýarys. Bize Göroglynyň esasy garşydaşynyň Hüňkardygy belli. Aslynda bu söz ýer-ýurt ady bolsa gerek. Sebäbi ol Görogly dünýä inmänkä-de dünýäden ötendensoňam bar. Hytaý çeşmelerine görä, Oguz hanyň başyny birleşdiren hun taýpalary şol döwürden “han” diýlip atlandyrylýan hytaýlylar bilen hemişe gyr-ýag bolupdyr. Şeýle döwürlerde ine şu hanlaryň adynyň yzyna gadymy mongol dilinde “halk”, “adam” manysyny beren “gar” sözi goşulyp, “hangar”, “hungar” hem diýlipdir. Görşümiz ýaly , bu ýerde atlaryň meňzeşligi bar. Hytaý çeşmelerine görä, Mao-tun ýa-da Oguz heniz ýetginjekkä hanlaryň hungarlaryň elinde ýesirlikde bolýar. Bir gün çemini tapyp, özüniň bir günde 1000 li ýol geçýän argamagy bilen ýesirlikden gaçyp gutulýar. Öz iline gelip, sesli peýkam ýasaýar. Şol peýkamlary bilen ýeňiş gazanyp, serkerdelik derejesine ýetýär. Şu hili taryhy faktlar bolsa eposdaky Göroglynyň Hünkaryň elinde ýesirçilikde bolup gaçyşy, ýedi pilden ok geçirip, ýigit çykyp, kakasynyň hanlygyna eýe boluşy ýaly wakalary biygtyýar ýadyňa düşürýär. Mao-tun ýa-da Oguzhanyň söýgüli aýaly Ýançji diýlip atlandyrylypdyr. Ol biçak owadan bolupdyr. Elbetde, onuň aýaly hytaý çeşmelerinde ýazylşy ýaly berlipdir. A.N. Bernştam , W.N.Kýuner dagy bu ady “ýaň” bölegiň gadymy türki dilde ot manysyny aňladýandygyny belleýärler. Adynyň soňky bölegi sap hytaý sözi ýa-da goşulmasy bolsa gerek. Onuň nähili many berýändigini anyklap bilmedik. Ýöne başky böleginden çen alsaň , onuň “gözel”, “aýal”, “hatyn” manylaryny aňladýan bolmagy ähtimaldyr. Şeýle bolsa Oguz hanyň aýalynyň ady ot gözel ýa-da ot hatyn manylaryny berýän bolmaly. Göroglynyň aýalynyň adynyň Agaýunusdygyna okyýjylar belet. Kaşgarlynyň ýazmagy boýunça gadymy türkilerde uly aýal dogana ,”aga” sözüniň gadymy formasy bolan, “eke” sözi bilen ýüzlenilipdir. Biziň pikirimizçe, Agaýunusdaky “aga” sözi hem şu däp bilen bagly. Indi adyň “ýunus” sözi galýar. Gündogarda Ýunus ady ýörgünli. Ýöne ol erkek ady hasaplanýar. Biz şu ýerde şeýle çaklamny orta atmakçy. Eger ýalňyşmasak, bu söz şeýle ýol bilen emele gelipdir: sözdäki “ýun” gadymy “ýan” sözüniň üýtgedilen görnüşi. Gadymy türki dilde “us” sözi arkaly owadan , gözel manylary berlipdir. Häzirki türkmen dilende “uz” sözi hem şonuň bilen bagly. Şeýlelik bilen bu at ilki “ýanus” soň “ýunus” görnüşine geçip, ot gözel manylaryny berendir, şeýle at bolsa gadymy türki halkarda oduň keramatly hasaplanandygy bilen bagly diýip çaklaýarys. Galyberse-de, eposda hem Agaýunusyň asly otdan ýasalypdyr diýilýär. Bu hem gadymy ynanç bilen baglydyr. Iň esasy bolsa, Mao-yun hemişe diýen ýaly öz aýalynyň maslahaty bilen hereket edipdir. Bu eposda-da gaýtalanýar. Görogly Agaýunusyň maslanatyny tutmasa şowsuzkyga uçraýar. Mälim bolşy ýaly, gahrymançylyk eposynyň döremegine il-güni, ýurdy kese ýerli duşmanlardan goramak ugrundaky uly söweş wakalary esas edilip alynýar. Şol wakalar hem eposyň özeni bolýar. “Göroglyda” şeýle özen “Kyrkmüňler” şahasy bolup durýar. Bu şahada Hüňkar Göroglynyň ýurdyna goşun çekip gelýär. Öňki-soňky aryny ýerine salmagy maksat edinýär. Ýöne wakalaryň barşy ony pälinden gaýtarýar. Hüňkar Gşroglynyň öňünde Agaýunusy hem gyraty berseň söweşmän yza gaýdaly diýip şert goýýar. Görogly ilki şertleri bitirmäge razy bolan bolup oňa al salýar. Hüňkaryň başyny-gözüni aýlap, onuň goşunlaryny kül-peýýekun edýär. Hut şeýle ýagdaý biziň eramyzdan ozalky 209-njy ýylda Mao-tun ýa-da oguzhanyň durmuşynda hem bolup geçýär. Hytaýlylar onuň ordasyna goşun süärüp, ilki arzyly Ýançjyny her günde 1000 li ýol geçýän atyny bermegi talap edýär. Mao-yun başda olaryň talabyny berjaý edýär. Yzyndan hem öz garşydaşyny çym-pytrak edip ýeňýär. Mao-tun ýa-da Oguzhan bilen Göroglynyň söweş tilsimleriniň şeýle jebis gabat gelmegi seni haýran edýär. Mao-yun hemişe esasy goşunlaryny bukuda goýup , öz ýygynyna az sanly edip görkezmek bilen garşydaşlaryny aldawa salypdyr. Eposda hem Görogly bu tilsimi ýygy-ýygydan ulanypdyr. Mao-tun ýeňilip gaçan garşydaşyny kowmagy halamandyr. Bu eposda –da şeýle, Mao-tunyň ýa-da oguzhanyň goşuny kyrk müňden ybarat bolupdyr. Eposda bolsa bu san has ýygjamlaşdyrylyp, kyrk ýigide getirlipdir. Mao-tun öz garşydaşyny ýeňenden soň asylly hereket edipdir. Gyrgynçylyga ýol bermän, ola bilen “ parahatçylyk hem garyndaşlyk ” şertnamasyny baglaşypdyr. Edil şonuň ýaly Görogly hem özüne garşy çykan ýeňile ençeme serkerdeler bilen dostlaşýar, dogan okaşýar. Biz Mao-tunyň diýseň ýyndam atynyň bolandygy barada eýýäm gürrüň etdik. Ol öz söweşijilerini atyň dört sany reňki – ak, çal, al (gyzyl), gara – boýunça bölüpdir. Şu hili at reňkleri barada eposyň “göroglynyň döreýşi” şahasynda hem gürrüň edilýär. Biz eposdan” Gyraty hem edil adam jaýlan ýaly , hormatlap Göroglynyň ýanynda jaýladylar” diýen sözleri okaýarys. Beýle däp gadymy hunlardan gaýdýan eken. Taryhçylar 1947-nji ýylda hunlaryň mekanynda , Altaýdan üstünden iki ýarym müň ýyl geçiren edil adam ýaly jaýlanan, doňup galan aty hem halyny tapdylar. Halynyň özüniň dokalyş tehnologiýasy boýunça –da, göl-nagyşlary boýunça-da häzirki türkmen halylary bilen ekiztaýy ýalydygyny alymlar anykladylar. Belli taryhçy hem halyşynas S.Rudenko şeýle ýakynlyk barada gürrüň edip, bu haly hunlara Eýrandan ýa-da Orta azýadan düşendir diýen netijä geldi. Pazrak depesinden tapylan at barada bolsa atçylygy öwrenýän taryhçy W. Kowalewskaýa “bu at ahal-teke atyndan başga zat däl. Meger ol söwda öoly, ýa-da harby maksatlar bilen Orta Aziýadan getirilen bolmaly” diýip ýazdy. Biziň pikirimizçe alymlar bu haly hem at tapyndysynyň niredendigi baradaky meseläni başgaç goýsalar has ynandyryjy boljak. Olar gadymy hunlarda halyçylygyň hem atçylygyň ýokary derejede ösendigini dogry belleýärler. Indi ýene-de esasy meselämiz dogrysynda. Hytaý senenamalary Mao-tunyň ertir turup, dogup gelýän Güne, agşam hem Aýa tagzym edýändigini, öz söweş hereketlerini ýyldyzlaryň ýagdaýyna görä başlaýandygyny belleýär. Şeýle ynançlar “Görogly” eposynda hem saklanyp galypdyr. Görogly hemişe “agşamyň haýryndan ertiriň şer” diýen ynanja gulluk edýär. Öz etjek hereketlerini ýyldyzlara seredip, ölçäp-biçýär. Hatda eposda onuň ykbaly hem ýyldyz bilen baglanyşdyrylýar. Eger Görogly hem-de onuň aty ýaralansa, ýyldyz görende gutulyp, gidýär. Eposda baş gahryman boş wagtlaryny şatlyk-şagalaň bilen geçirýär. Aw edýär. Hatda onuň duşmanlary-da Göroglynyň meýlislerini görmegiň , onuň aýdym sazlaryny diňlemegiň arzuwynda bolýar. Edil şonuň ýaly Mao-tunyň hem gowy görýän güýmenjesi aw bolupdyr. Onuň şatlykly ýaşaýşy hytaý serkerdelerini özüne maýyl edipdir. Şol serkerdeleriň ençemesi onuň tarapyna gaçyp geçipdir. Mao-tun henişe öz hereketlerini ýaşulylaryň geňeşi boýunça alyp barypdyr. Biz şeýle ýagdaýy eposda-da görýaris. Türkologlar gadymy hunlaryň diliniň türki dil bolandygyny ykrar edýär. Ýöne olaryň diline degişli ýazuw ýadygärlileri biziň gülerimize çenli saklanyp galmandyr. Häzirlikçe olaryň dilinden ýekeje söz belli. Ol hem “sagdak” sözi. Bu söz ok-ýaýyň gabyny aňladýar. Soňky döwür türk dillerinde bu söz ulanyşdan galandyr. Gyzykly ýeri “sagdak” sözi sol gadymky manysynda türkmen “Göroglysynda” saklanyp galypdyr. Ol eposyň dokuz ýerinde gabat gelýär. Mao-tun dogrysynda gürrüň berýän hytaý çeşmelerinde “orda”, “argamak” öaly köne sözler ulanylypdyr. Şu hili gadymy sözleri türkmen eposynda hem tapyp bolýandygy täsindir. Edil şonuň ýaly, mao-yunyň döwründe hunlar üç birleşikden ybarat bolan Hun döwletini gurupdy. Şol birleşigiň biri “ koýan” diýlip atlandyrylypdyr. Hytaý çeşmeleri bu söziň türki söz bolup, towşan manysyny berýändigini aýdýar. Bu söz hem türkmen “Göroglusynda” saklanypdyr. Biz her ýurduň tilkisini ýz koýany bilen awlarlar” diýen gadymy atalar sözüne gabat gelýäris. Öňde oguznam sýužetinde köp sanly awtorlaryň öz döredijilik güýjüni synap görendigini aýdypdyk. Sýužet halk arasynda agzeki görnüşde hem ýörgünli bolupdyr. Muny Abylgazynyň “Türkmeniň ýaşulylary meniň ýanyma gelip bizde opguznam köp diýdiler” diýen sözleri hem tassyklaýar. Başda bellenilişi ýaly, sýužet juda irki döwürlerde düzülip bitewileşipdir. Biziň elimizdäki XVI asyrda gadymy uýgur elipbiýinde göçürilen bir oguznama bar. Onuň dilinde gadymy dil elementleriniň köpdügi, irki zamanlaryň däp-dessurlarynyň, ynançlarynyň şöhlelenýändigi , eserde yslamyň täsiriniň asla duýulmaýanlanlygy alymlary bu oguznama irki döwürde ýazylyp, soň uýgur elipbiýinde täzeden göçärlipdir. Diýen pikire eltýär. Onuň Ulughan Atanyň baryp VI asyrda pas dilinde terjime edilen “Oguznamasy” bolmagy mümkin diýip çak edilýär. Akademik W.M. Žirmunskiý dykatly degşrimelerden soň oguznama sýužeti gyrgyzlaryň “Manas” eposynyň düzülmegine öz täsirini ýetiripdir diýen netijä geldi. Aslyýeti gadymy bolup, soň uýgur elipbiýinde göçürilen bu oguznamada çeperçilik agtaryşlaryny hem görýäris. Bu oguznamada Oguzhanyň dünýä inişi, onuň çagalaryk ýyllaryndaky hereketleri, öýlenişi çeper fantazýanyň eleginden geçipdir. Olar bolsa türkmen “göroglysyndaky” baş gahrymanyň ýaşlygy bilen doly diýen ýaly bap gelýär. Şoňa esaslanyp biz şeýle netije çykaryp bilýäris. Mao-tun ýa-da Oguzhanyň taryhy hereketleri halk arasynda rowaýatlaşyp, oguznama sýužeti düzülipdir. Sýužet ilki başda esasan anyk taryhy maglumatlara esaslanypdyr. Kem-kemden oňa çeperçilik suwy berilip başlanypdyr. Soňky döwürde uýgur elipbiýinde göçürilien oguznama onuň ilkinji nusgalarynyň biri bolmaly. Irki döwürlerde düzülip gutarylan sýužet orta asyrlardan başlap iki ýol bilen ösüp başlaýar. Birinji ýol onuň ýazuwly çeşmelere aralaşmagy. XI asyrdan başlap oguznama sýužeti taryhnamalaryň köpüsine aralaşypdyr. Ýöne awtorlar oňa taryhy materýal höküminde seredipdir. Oguznama sýužetiniň ikinji ösüş ýoly agzeki halk döredijiliginde dowam edipdir. Halk köpçiligi Mao-tun ýa-da Oguzhan hakyndaky taryhy maglumatlary aňynda ýaşadypdyr. Baryp irki zamanlarda bitewileşen, çeperleşdirilip başlanan sýužetiň çeperçilik ýugurymyny nesilden-nesle ýetirip gelipdir. Oňa özüniň soňky döwürdäki durmuşyny, ykbalyny siňdiripdir. Sýužetiň öňden gelýän käbir detallary aýrylypdyr. Ýöne esasy özen saklanypdyr. Şeýdip uzak asyrlaryň döredijilik zähmeti bilen halk gahrumançylyk eposy “Görogly” döredilipdir. Halkymyzyň bu uly çeperçilik hazynasynyň ýüze çykyşy hem onuň döreýşi dogrusyndaky biziň orta atýan şahsy garaýşymyz ine, şunuň ýalydyr. Soñy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |