22:53 Amerikany ilki bolup kim açypdyr -2 / dowamy | |
♣ Türkmen” adynyň gelip çykyşy nähili?
Taryhy makalalar
Adatça haýsydyr bir halkyň gelip çykyşy öwrenilse, agtaryşlar ilki onuň adyndan başlanýar. Ozaly bilen şol halkyň adynyň nähili häsiýetde ýüze çykandygy seljerilýär. Ýagdaý türkmenleriň ady babatda hem şeýle. Ine tas müň ýyl bäri dünýäniň onlarça alymy “türkmen” säzüniň nähili ýol bilen emele gelendigi barada kelle döwýär. Edil şonuň ýaly, indi müň ýyl bäri taryhda “türkmen” säzi hem ýaşap gelýär.ýöne alymlar bu säzüň haçan peýda bolandygy, nähili many aňladýandygy dogrusynda belli bir çukura tüýkürip bilenok. Ol hakda köp sanly pikirler aýdydy, çaklamalar orta atyldy. Şeýle bolsa-da, “türkmen” säzüniň ýüze çykyşy barada mesele heniz açyklygyna galýar. Häzirlikçe türkmenleriň ady duşýan iň irki taryhy çeşme X asyra degişli. Şu asyrda ýaşan Makdysy Syrderýa boýlaryna syýahat edipdir. Ol şol töwereklerde ýerleşen Beruket hem Balaç şäherleri barada maglumat berip barşyna : “Berukt –uly şäher. Ol hem Balaç häzirki wagtda musulman goşunlaryndan gorkup, yslamy kabul eden türkmenleriň garşysynda ýerleşen serhet galalary” diýip ýazýar. Soň ol sözüni dowam etdirip : “Ordu –kiçijik şäher. Onda türkmenleriň hökümdary ýaşaýar” –diýip belläpdir. Şu ýerde bir zady bellemek gerek: Makdysy öz işinde “Oguz” hem “türkmen” säzlerini tirkeşdirip ulanypdyr. Iň esasy bolsa, şol döwürlerde onuň görkezen ýerlerinde oguzlar däl-de, garlyklar ýaşapdyr. Makdysydan bir asyr öň ýaşan Mahmyt Kaşgarly “Garlyklar –oguzlardan başga bular hem türkmendir” diýip ýazypdyr. Diýmek, Maksydy öz işinde garlyk türkmenleri barada maglumat beripdir. Türkmenleriň gelip çykyşy hem olaryň bu ada eýe bolşy barada has töerekleýin maglumat XI asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarly beripdir. Ol özüniň meşhur “Diwany lugat attürk” diýen säzlüginde ilki “Oguzlar-bular türkmenlerdir” diýip ýazypdyr. Soň kitabyň ahyrrynda bolsa , “Türkmenler –bular oguzlardyr” diýip ýazyp, türkmenleriň adynyň ýüze çykyşy barada gyzykly bir rowaýat getirýär. Şol rowaýatda aýdylşyna görä, Iskender Zülkaýneýin dünýäniň köp ýerlerini özüne tabyn edip, ahyry türki kowumlaryň ýaşaýan ýerine ýetýär. Onuň çozup gelýändigini eşidip, ilat gündogara tarap göçýär. Şol gaçyp barýanlaryň arasynda ýigrimi dört adam ulag tapyp bilmän, yza galýar. Iskender öz goşuny bilen olaryň yzyndan ýetýär. Bu adamlara barmagyny batyrman, gaýta olaryň ýüz keşbini türklere meňzeş görüp, olary “türkmanend”, ýagny türklere meňzeş diýip at berýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä “türkmen” sözi ine, şu “türkmanend” sözünden emele gelipdir. Şol ýigrimi dört adam bolsa, türkmenleriň ýigrimi dört urugynyň ata-babasy hasap edilipdir. Mahmyt Kaşgarlydan birneme öň, 973-1048 –nji ýyllarda ýaşan Biruny hem şuňa meňzeş maglumat beripdir. Onuň minorologiýa hakynda ýazan traktatynda şeýle sözler bar:”Geçmişde şeýle bolupdy. Oguz türkleriň yslamy kabul edenleri hem musulmanlara garyşanlary iki tarapyň arasynda terjiman boldy. Şonlukda , oguzlar yslamy kabul edenlerinde olara “türkmen boldy “ diýdiler. Musulmanlar bolsa olaryň türkmen bolanlaryna “türkmenend” diýdiler”. Biziň “terjiman” (terjimeçi, dilmaç) säzüni aýratyn görkezmegimiziň ýz sebäbi bar. Taryh ylymlarynyň doktory S.Agajanow şu söze agram berdi. Ol terjiman sözi soň “terguman-türkmen” görnüşine geçendir diýen çaklamany öňe sürdi. Ýöne, biziň pikirimizçe, onuň bu çaklamasy heniz doly esaslandyrylan ylmy netije däl. Taryhçylaryň nazarlan sözi türkmenleriň atryhy durmuşyna –da, etniki gurluşyna-da , ruhy-psihologik häsiýetine-de onçakly bap gelip duranok. Umuman, orta asyr taryhçylarynyň köpüsi türkmenleriň ady öňde ýatlanan “türkmanend” sözi bilen bagly diýen pikire gol ýapypdyr. Ilki bu dünýä taryhyny ýazan Reşideddin hem şeýle pikiriň tarapynda bolupdyr. Onuň “Jamy at-tawaryh” diýen işinde şeýle sözler bar: “ Dünýädäki ähli türkmenler öňden ýatlanan ýigrimi dört kowumdan (Şundan öň ol Oguzlaryň ýigrimi urugnyň birin-birin häsiýetlendirme berýär –A.B.) ýa-da Oguz hanyň ýigrimi dört neberesindendir. Osallar “türkmen” sözi bolmandyr. Ähli türki keşpli sähra taýpalaryna umumy “türk” diýilip at berilipdir. Her taýpanyň aýratyn ady bolupdyr. Oguz kowumlary öz ülkelerinden gaýdyp, Mawerennahra (Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygy –A.B.) hem Eýran topraklaryna gelenden soň olar şu ýerlerde önüp, köpelip gitdiler. Suw hem howa şertleriniň täsiri bilen kem-kemden olaryň ýüz keşbi täjiklere ýakynlaşyp ugrady. Emma bütinleý täjiklere meňzemedi. Şonuň üçin hem täjik ilaty olara “turkmanend” diýip at berdiler. XVIII asyr Hywa taryhçysy Abylgazy hem özüniň “Şejereýi terakime” diýen işinde Reşideddini tarapyndan aýdylan ýokarky pikiri täzeden gaýtalapdyr. Dogrusy şu hili düşündiriş soňky döwür taryhçylaryny özüne doly imirindirip bilmedi. Köp taryhçylar ony folklorlaşan düşündiriş höküminde kabul etdi. Hakykatdan hem , ol belli derejede ýasama görünýär. Galyberse –de meseläniň esasy tarapy bar. Irki zamanlarda bir halkyň köplenç iki ady bolupdyr. Olaryň ilkinjisi şol halkyň özüne dakan ady bolup, ikinjisi oňa goňşularynyň hem beýleki halklaryň beren ady. Muňa taryhda näçe diýseň mysal getirse boljak. Edil şonuň ýaly, bu ýerde hem türkmenlere häzirki adyny parslar dakan bolup çykýar. Geçmişde türkmenler pars dilinden ýokardaky “türkmanend” säzüni alyp, özlerine at dakypdyr diýseň, munuň özi onçakly heňe gelmeýär. Eýsem , halkyň öz dilinde özüne beren ady näme bolupdyr? Esasy mesele, ine şunda. Edil şunuň ýaly , ikinji bir ýagdaýy hem ýatdan çykarmaly däl. Bir halka beýlekiler tarapyndan dakylan at şol halkyň diliniň tebigatyna doly laýyk gelip hem durmandyr. Iň bärkisi bir halkyň özi tarapyndan döredilen ady beýleki dillerde köp üýtgeşmelere sezewar edilipdir. Hatda olaryň käbirini tanap hem bolmaýar. Muny türkmenleriň öz adynyň hem irki rus senenamalarynda “taurmen” görnüşinde, orta asyr arap çeşmelerinde “terakime” görnüşinde ýazylyp gelinendigi hem tassyk edilýär. Giçki orta asyr gündogar taryhçylarynyň “türkmen” säzüni has başgaça düşündirmäge synanşypdyr. Şeref Merwezi, Badreddin Aýny, Ibn Kesiri, Mehmet Neşiri ýaly taryhçylar türki halklaryň yslamy kabul eden bölegine “türkmen” diýlipdir diýen pikiri orta atypdyrlar. Mysal üçin , XV asyr taryhçysy Neşiri şeýle ýazýar:” Hijriniň üç ýüzünji ýylynda (näzirki hasap bilen 999-njy ýyla düşýär –A.B.) türkileriň iki müň öýlisi yslamy kabul edip, musulman boldylar. Şonuň üçin “türk iman” diýdiler”. Biziň pikirimizçe , “türkmen” sözüniň manysyny ýokarky ýaly düşündirişden gözlemegiň ylmy esasy ýok. Birinjiden “türkmen” sözi Neşiriniň diýýän möhletinden has öň bar. Iknjiden , hut X asyrdan başlap, türkileriň yslamy kabul eden diňe bir bölegi däl, eýsem ähli oguz taýpalaryna “türkmen” diýlip ygralypdyr. Üçünjiden, araplar baryp VIII asyrda türki kowumlaryň köpüsini öz dinine uýdurypdyr. Şuňa esaslanyp, araplara tabyn bolanähli türki halklary “türkmen” adynyň aşagyna dykmak taryhy hakykata laýyk gelmeýär. Dördünjiden,”türkmen” adynyň şeýle düşündirilişi oguzlaryň ýa-da türkmenleriň şol döwürlerdäki etniki gurluşy bilen hem doly badaşyp bilmeýär. Diňe orta asyr taryhçylary däl soňky döwrüň taryhçylary hem “ türkmen” sözüniň ýüze çykyşynyň hem onuň aňladýan manysynyň üstünde az kelle döwmedi. Bu ugurdan bir topar pikirler orta atyldy. Şu ýerde şolary ýekän-ýekän ýatlap geçsek kem däl. Geçen asyrda türkmenleriň arasyna syýahat eden wenger alymy A.Wamberi türkmenleriň ady”türk” hem “men” sözlerinden emele gelip, ol “hakyky türk” manysyny berýär diýen pikiri öňe sürüpdir. Aşgabatda ýaşaýan A.Aliýew hem şeýle pikiriň tarapynda durupdyr. Ol 1916-njy ýylda ýazan bir işinde şeýle rowaýaty getiripdir. :”Gadym zamanlarda türkmenleriň nesilbaşysy Salyr Gazan bolupdyr. Bir gün Salyr Gazan awa çykýar. Awlagda onuň öňünden bitopar nätanyş adam çykyp, olar Salyr Gazandan :”Kim sen?” diýip soraýar. Salyr Gazan :”Türk men” diýip jogap berýär”. Taryhçy şu rowaýata esaslanyp , “türkmen” sözi “türk” hem “men” diýen sözlerden düzülipdir diýip ýazypdyr. Umuman, A.Wamberiniň ýokarky pikiri ylmy jemgyýetçilige ýetirenden soň , türkmenleriň ady “türk” hem “men” sözlerinden emele gelpdir diýen pikire meýilliler köpelipdir. Fransuz alymy J.Deni, wenger alymy L.Ligeti, türk alymy I.Kefesogly dagy hem şu pikire goşulyp, türkmenleriň ady “türk” hem “men” sözleriniň esasynda döräp, ol “hakyky, arassa türk” manysyny berýär diýip ýazypdyrlar. Biziň pikirimizçe bu düşündiriş hem doly esasly däl. Birinjiden, marksizm –leninizm klassyklarynyň aýdyşy ýaly , etniki tarapdan sap arassa halk bolmaýar. Ikinjiden, bu at hem türkmenleriň irki zamanlardaky etniki gurluşyna, taryhy durmuşyna berk badaşyp bilmeýär. Geçen asyryň ahyrynda belli rus alymy N.A. Aristow türki halklaryň taryhyna bagyşlanan saldamly işini neşir etdiripdir. Alym şol işinde gadymy türki dilde “ban” ýa-da “man” sözüniň ýer, ýurt manylaryny aňladýandygyny belläp, “türk” we “man” sözleriniň birikmegi netijesinde “türkmen” sözi emele gelip, ol “türkileriň ýeri ýa-da ýurdy” manysyny berýär diýip ýazypdyr. Akademik W.W.Bartold onuň bu işine ýörite syn beripdir. Ol şol synda N.A.Aristowyň türkmenleriň adynyň ýüze çykyşy baradaky çaklamasyny ylmy taýdan esassyz hasaplapdyr. Görşümiz ýaly, türkmenleriň adaynyň ýüze çykyşy hem onuň aňladýan manysy dogrusynda aýdylan pikirler az däl eken. Ýöne olaryň hiç biri-de meseläni çöp döwen ýaly edýän doly bahaly ylmy netijäniň derejesine ýetip bilenok. Eýsem, türkmenleriň häziki ady nähili ýol bilen döredikä? Biziň pikirimizçe, bu adyň gelip çykyşyny daşky meňzeşliklerde gözlemeli däl. Ony halkyň taryhy durmuşyndan, etniki gurluşyndan gözlemeli. Özü-de biziň aňlaýşymyza görä, meseläni dogry çözmäge beýleki halklardan bolan taryhçylaryň berýän maglumatlaryna garanda halkyň özüniň döreden taryhy pikiri has giň mümkinçilik berýär. Geçmişde türkmenleriň öz eli bilen döreden taryhy “Oguznama” diýip at berilipdir. Gadymy zamanlarda ýüze çykan “Oguznama” hekaýatyna türkmenleriň nesilbaşysy Oguz handan başlanýan taryh siňdirilipdir. Onda halkyň tutuş geçmişi, ruhy gazananlary umumylaşdyrylypdyr. Reşideddiniň aýtmagyna görä, türkmenleriň köp bölegi “Oguznamany” ýatdan bilipdir. Türkmen edebiýatynyň taryhynda ýörite oguznamaçylyk çäbi bolupdyr. Bu däbiň kökleri gadymyýetiň çuňluklaryndan gaýdýar. Baryp biziň eramyzyň VI asyrynda bir “Oguznamanyň” türki dilden gadymy parsy diline terjime edilendigi barada maglumat bar. Onuň awtory Ulug han Ata bitigçi bolupdyr. Biziň göwnümize bolmasa, türkmenleriň adynyň ýüze çykyşy hem onuň aňladýan manysy halkyň öz döreden taryhyndan – “Oguznamadan” tapyljak ýaly bolup dur. Asyrlaryň dowamynda dilden-dile , nesilden –nesle geçirlendigi, dürli awtorlar tarapyndan ýazylandygy sebäpli “Oguznamanyň” ençeme detallary, faktlary üýtgeşmelere sezewar edilipdir. Ýöne esasy zatlar saklanypdyr. Hekaýatyň ähli nusgalarynda Oguzhanyň alty sany oglunyň bolandygy, onuň her oglundan dört agtyk görendigi aýdylýar. Eger şonuň ýaly –da , ähli nusgalarda biziň temamyz üçin ähmiýetli bolan bir detal gaýtalanyp gelýär. Ynha , türki halklaryň yslam dinini kabul etmezden has öň döredilen gadymy golýazmanyň soň XIV asyrda uýgur elipbiýinde täzeden göçürilen “Oguznamada” aýdylşyna görä, Oguz hanyň pähimdar geheşçisi Ulug Törük düýşünde bir altyn ýaý hem üç sany kümüş ok görýär. Ol düýşüni Oguzhana aýdyp, oňa şol ýaý bilen oklary tapyp almagy maslahat berýär. Oguz han alty ogluny üç-üçden iki topara bölüp, ýaý bilen okuň gözlegine iberýär. Onuň uly üç ogly ilki altyn ýaýy tapyp getirýär. Oguz han ýaýy üçe bölüp, her bölegini bir ogluna berýär. Şol üç ogluna hem BOZUK diýen at berýär. Sebäbi ol ýaýy deň bölmek üçin ony döwmeli, bozmaly bolýar. Soň galan üç kiçi ogly üç kümüş oky Oguz hana gowşurýar. Kakasy olaryň hersine bir oky berip, olara ÜÇOK diýip at dakýar. Şondan soň ol Bozoklardan bolan on iki agtygyny sag tarapa, Üçoklardan bolan on iki agtygyny hem çep tarapa geçirip, olary iki topara bölýär. Şeýdip oguzlaryň iki taýpa birleşigi döreýär. Sebäbi, ähli “Oguznamalarda” bellenilişi ýaly, Oguz hanyň her agtygynyň ady soň –soňlar bir oguz-türkmen urugynyň adyna öwrülipdir. Şeýlelik bilen oguzlaryň Bozok birleşiginiň keramatly nyşany ýaý-keman, onuň üçok atlandyrylýan birleşiginiň keramatly nyşany hem ok-tir bolup galypdyr. Elbetde, bu ýerde ok we ýaý bilen bagly detal çeper pikirlenmäniň eleginden gowy geçirlipdir. Ýöne onuň taryhy esaslary bar. Hytaý çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, Oguz han biziň eramyzdan ozalky III-II asyrlarda ýaşapdyr. Hytaýlylar oňa öz dillerinde “Mode” diýip at beripdir. Mode-Oguz han öz döwrinde örän güýçli Hun döwletini berkarar edipdir. Onuň guran döwelti alty welaýatdan, ýigrimi dört taýpa birleşiginden emele gelipdir. Görşümiz ýaly, bu taryhy faktlar soň “Oguznama” hekaýatynda folklorlaşdyrylypdyr. Hunlaryň alty welaýaty, Oguz hanyň alty ogluna , olaryň ýigrimi dört urugy hem onuň agtyklaryna öwrülendir. Ýöne “Oguznamalada” bu logiki tarapdan esaslandyrylýar. Olarda Ogu hanyň alty ogluna öz ýurdyny bölüp berendigi, olaryň ýigrimi dört agtygynyň soň bir taýpanyň nesilbaşysy bolandygy aýdylýar. Ogyz hanyň bu döwlet gurluşy diňe “Oguznamalarda” beýan edilmändir. Ol gadymy hun gelin- gyzlarynyň el hünäri işlerine-de aralaşypdyr. 1947-nji ýylda sowet arhiologlary Altaýyň Pazrak depesinde gazuw işlerini geçirenlerinde, iňňän nepis dokalan bir haly tapdylar. Haly Mode-Oguz hanyň ýaşan ýerinde hem onuň zamanynda dokalypdyr. Tapyndyny şwrenijileriň bir agyzdan tassyklaýşy ýaly, çitim sany 1 million 250 müň bolan bu haly ýere düşemek üçin dokalmandyr. Ol hunlaryň uly märekelerde görkezilýän etnografik gerbi bolupdyr. Halynyň merkezinde dört –dörtden alty hatar birmeňzeş göl salnypdyr. Bu öňde gürrüň edilen alty welaýat hem alty ogul, ýigrimi dört urug we ýigrimi dört agtyk baradaky düşünjäniň özboluşly beýany bolupdyr. Şol ýigrimi dört gölüň hemmesiniň içinde bolsa inçelik bilen ýaý we okuň şekili suratlandyrylypdyr. Pazrak halysyny öwrenen Nejat Diýarbekirli şol içi okly göllere häzir dünýä halyçylyk sungatynda “Türkmen göli” diýilýändigini belläpdir. Pazrak halysynyň göllerindäki bu nagyş türkmen türkmen gelin-gyzlarynyň häzirki “okgözi” nagyşyna meňzeş gelýär. Görşümiz ýaly, oguzlaryň Bozyk we Üçok taýpa birleşikleriniň ýaý we ok bilen baglanyşdyrylmagynyň çuň taryhy esaslary bar eken. Okyýjylaryň bu ýerde näme üçin oik bilen ýaýa köp agram salynýar diýilmegi mümkin. Munuň öz emmasy bar. Biziň pikirimizçe ,”türkmen” sözüniň ýüze çykyşy oguzlaryň , ine, şu keramatly nyşany ok-tir bilen ýaý-keman bolan Üçok we Bozyk taýpa birleşikleriniň taryhy bilen bagly bolmaly. Ozaly bilen şeýle bir mysal. Rus alymy I.F. Balaramberg 1841-nji ýylda Peterburga türkmenleriň taryhy hakynda ýazylan kitaby neşir etdiripdir. Ol bu işinde “türkmen” sözi “tir-u-keman” diýen iki sözden emele gelipdir diýen pikiri orta atýar. Öz pikirini türkmenleriň geçmde ok-ýaýa ýa-da tir-kemana türgen bolandygy bilen delillendirmäge synanşypdyr. Alym diýseň gyzykly meseläniň başyny başlapdyr. Ýöne ol ahyryna çenli alyp gidip bilmändir. Taryhçylaryň “türkmen” adynyň “tir” we “keman” sözlerinden emele gelipdir diýen pikiri welin üns berilmeli fakt. Biziň pikirimizçe, “türkmen” ady şol sözlerden emele gelipdir. Emma ol diňe türkmenleriň tir-kemana türgenligi bilen bagly bolmandyr. Ol has düýpli zat bilen, oguz-türkmenleriň öňde ýatlanan iki taýpa birleşiginiň taryhy bilen bagly döredilipdir. Eger türkmenleriň taryhy bilen bagly çeşmeleri içkin yzarlasaň, bu ýagdaýy aňşarmak bolýar. Tä X asyra çenli olaryň “oguz” ady ýörgünly bolupdyr. Bu asyrdan başlap “türkmen” ady hem peýda bolupdyr. Eýýäm XI asyrda “oguz” ady-da “türkmen” ady –da deň derejede ulanylypdyr. Muny Kaşgarlynyň “Oguzlar- türkmenlerdir” diýip berýän maglumatlary hem tassyklaýar. Bellemeli tarapy, XII asyrdan soň “oguz” sözi kem-kemden aradan aýrylyp başlapdyr. Tersine “türkmen” sözüniň işçeňligi artypdyr. Soňluk bilen ol “oguz” sözi bütinleý gysylyp çykarypdyr. XII asyrdan soňky çeşmelerde “oguz” türkmenleriň ozalky ady höküminde gelýär. Diýmek, “türkmen” sözüniň ýüze çykyşyny hem, ine şu iki adyň biri-birini çalyşma döwrüniň öň syrasyndaky oguzlaryň taryhyndan gözlemeli. Bize oguzlaryň Üçok hem Bozuk atlandyrylan iki birleşikden ybarat bolan dygy indi belli. Bu birleşikler “türkmen” sözüniň ýüze çykan asyetbdan hem has öň dörändir. VIII asyra degişli sak ýazgylarynda oguzlaryň öň iki urugdan ybarat bir birleşigi barada gürrüň edilipdir. Sak taryhçysy şol ruglaryň adyny hem görkezipdir. Ýöne şol birleşikler barada has gymmatly maglumat “Gorkut atanyň kitabynda” saklanyp galypdyr. Onda şeýle sözler bar. “üçok, Bozauk ýygnak olsa , Gazan öýün ýagmaladardy. Gazan ýene öýün ýagmalatdy. Emma DAŞOGUZ bolmady. Diňe IÇOGUZ ýagmalady”. Bu oguzlaryň irki orta asyrlarda öz aralarynda Daşoguz hem Içoguz diýen iki topara bölünendigini bildirýärdik. Eposdan alnan ýokardaky fakt bolsa, meseläni hasda aýdyňlaşdyrýar. Diýmek, Daşoguzlar oguzlaryň Üçok birleşigi, Içoguzlar hem olaryň Bozyk birleşigi eken. Indi biziň öňümizde şol birleşikleriň nähili ýaşandygyny seljermek wezipesi durýar. Oguzlaryň taryhyna dahylly çeşmeleriň köpüsinde esasy böleginiň Syrderýa boýlarynda, merkezi Gazagysytanyň sähralarynda ýaşandygy aýdylýar. Oguzlaryň bu esasy bölegi keramatly nyşany ýaý-keman bolan bozuklar bolupdyr. Esasy merkezde ýaşandygy üçin olara Içoguz hem diýlipdir. Irki döwürlerde Oguzlaryň ikinji bölegi Balkan dagynyň etraplarynda , Mangyşlakda oturypdyr. Bular keramatly nyşany ok-tir bolan Üçoklar bolupdyr. Esasy merkezden daşda otrandygy sebäpli olara Daşoguzlar diýlipdir. Geçen asyrda öaşan belli rus alymy P. Melioranskiniň ýazmagyna görä , “Üçok” sözi etniki birleşik höküminde demirgazyk Türkmenistanda XIX asryň ahyrlaryna çenli saklanypdyr. Oguzlaryň bu birleşikleriniň arasynda tir bilen kemanyň roly, ähmiýeti uly bolupdyr. Köp meseleler olara goýlan hormatyň üsti bilen çözülipdir. XII asyrda ýaşan Zahyreddin Nişapury muňa degişli şeýle bir mysaly beýan edipdir. Ol XI asyryň birinji çärýeginiň taryhy wakalary barada gürrüň edip barşyna Mahmyt Gaznawy bilen Selžuk serkerdesi Ysraýylyň arasynda bolan gürrüň getirilýär. Gaznawy oňa “Bir wagt güýçli duşman döräp, bize kömek gerek bolsa, näçe goşun kömek berip bilersiňiz?” diýip ýüzlenýär. Ysraýyl oňa bir tir-peýkam berip “Şuny Balkan daglaryna iberseň ýüz müň goşun geler” diýýär. Mahmyt “eger köpräk goşun gerek bolsa nähili?” diýip soraýar. Ysraýyl oňa bir keman-ýaý berip,”Şuny Türkistana (Syrderýa boýlary IX-X asyrlarda bu ýerde oguzlaryň Ýaňykent diýlip atlandyrylan paýtagty ýerleşýär – A.B.) iberseň , iki ýüz müň goşun gerek bolsa-da geler” diýip jogap berýär. Görşümiz ýaly, şularyň özi hem biziň gözümiziň öňünde oguzlaryň şol döwürdäki tayhy ýaşaýşyny-da, geografiki ýerleşişini-de köp derejede janlandyryp bolýar. Halkymyzyň şol döwürdäki taryhy, onuň mesgen tutan ýerleri dogrusynda Gündogaryň beýik alymy Biruny hasda gymmatly maglumatlar galdyrypdyr. Şu ýerde şeýle bir zady belläsimiz gelýär. Taryhçylarymyzyň diňe bir taryhy işlerinde däl-de, eýsem beýleki ylymlara bagyşlanan işlerinde hem halkymyzyň taryhyna degişli ähmiýetli maglumatlar bar. Alymyň astronomiýa hakyndaky “Kanuny Meshudy” işinde biz ilkinji gezek “Türkmenistan” diýen söze duşýarys. Beýik alym Türkmenistan diýp Syrderýa boýlaryny, ýagny, Bozuklaryň ýaşan ýerlerini görkezipdir. Biruniniň geodeziýa bagyşlanan işinde bolsa “türkmenleriň ýeri” diýip Balkan dagynyň töwerekleri görkezilipdir. Bu Üçok birleşiginiň ýaşaýan ýeri bolupdyr. Diýmek, baryp Biruniniň döwründe oguzlaryň Bozyk hem Üçok birleşikleri “Türkmen” diýlen umumy at bilen atlandyrylypdyr. Biziň pikirimizçe, mundan has öň, takmyndan VIII-IX asyrlarda oguzlaryň keramatly nyşany tir bolan Üçok birleşigine Tirler diýlip at berlipdir. Nowaýynyň ýazmagyn görä , bu söz sap türki söz boliupdyr. Şol döwürlerde oguzlaryň keramatly nyşany keman bolan Bozuk birleşigi hem Kemanlar diýen ada eýe bolupdyr. Şeýlelik bilen, iki toparyň - Üçok –Tirleriň hem Bozuk –kemanlaryň şol bir etniki topara , ýagny oguzlara degişliligine görä, kem-kemden “tir” hem “keman” sözleri tirkeşdirlip ulanylypdyr. Soň bolsa olar bir-birine birigip gidipdir diýip pikir edýäris. Belli derejede muny orta asyr pars çeşmeleinde türkmenleriň adynyň “turkeman” ýa-da “turkoman” görnüşinde ýazylýandygy hem tassyk edýär. Elbetde “türkmen” hem “tirkeman” sözleriniň arasynda tapawut bar. Ýöne dilçileriň nukdaý nazaryndan çemeleşilende, olaryň agzyny bir edip boljak: Türkmen dilinde çekimli sesleriň biri-birine uýgunlaşmagy –singormonizm ýörgünli kadlaryň biri. Şu esasda “tirkeman” sözi “ tirkemen” görnüşine geçendir diýip pikir edýäris. Bellemelei tarapy, türkmen dialektleriniň köpüside “kemana” “kemen” diýilýär. Hatda “kemenli” diýen etnonom hem bar. Soňky asyrlarda türkmen dilinde birinji bogundaky “i” çekimliniň ýerine “ü” çekimliniň geçmek kadasy güýçlenipdir. Mysal üçin gadymy türki didäki “ýinji”,”ýip”, “min”, “miň”,”tiz”,”tiwe” ýaly sözlere türkmen dilinde “hünji”, “ýüp”, “mün”, “müň”,”düz”, “düýe” görnüşine geçipdir. Arap-pars dillerinden alnan “mirze”, “misir”, “mişk”, “sitem”, “himmet”, “hijre” ýaly sözler hem türkmen dilinde “mürze”, müsür”, “ müşk”, “sütem”,”hümmet”,”hüjre” diýlip aýdylýar. Şu ýagdaýa görä ,”tirkeman” sözi “türkemen” formasyna geçen bolsa gerek. Profesor J. Amansähedow türkmen diline häsiýetli bolan bir kadany belläpdir. Ol köp bogunly sözleriň ikinji bogunyndaky çekimli sesleriň düşüp galmak kadsy. Alymyň getirýän hem alynma sözlere häsiýetli. Mysal üçin, “telefon”, telegramma”, “papiros”, “hökümet”,”patyşa”,”bilet”,”minut”, “eşit” ýaly alynma sözler gepleşikde hem dialektlerde “tilpun”, “tilgram”, “ paprus”, “hökmet”, “paşa”, “bilt”, “mint”, “eşt” görnüşde ulanylýar. Edil şonuň ýaly “keman” sözi hem alynma söz. Ol türki dile VIII asyrdan soň aralaşypdyr. Ine şu kada boýunça ozal “türkemen” görnüşinde bolan söz ahyry “türkmen” formasyny alypdyr. Başgaça aýtsak, ýokarky ýaly dil özgermeleri boýunça ol şeýle ösüş ýoluny geçipdir: tirkeman- tirkemen- türkemen- türkmen. Biziň “türkmen” sözüniň ýüze çykyşy hakyndaky şahsy garaýşymyz, ine şeýle. Elbetde biz meseläni doly çözdük diýen pikirden daşda. Ýöne, göwnüme bolmasa, “türkmen” adynyň şeýle düşündirilişi halkyň gadymky taryhy durmuşy, etniki gurluşy bilen has berk badaşýan ýaly bolup dur. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |