21:56 Amitabh Baççan | |
AMITABH BAÇÇAN
Teatr we kino sungaty
Meşhur hindi kino aktýory Amitabh Baççan 1942-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Hindistanyň Allahabat şäherinde eneden dogulýar. Ol Hindistanyň iň ýokary gatlaklaryndan bolan maşgalada ulalyp kemal gelýär. Onuň kakasy Hariwanş Raý Baççan öz ýurdunyň meşhur şahyry, ejesi Tedji Baççan bolsa jemgyýetçilik işgäridir. Amitabh ilki Şerwud kollejini, soňra Naintal mekdep internatyny, Deliniň uniwersitetiniň ýanyndaky kolleji üstünlikli tamamlaýar. Ol çagalygyndan artist bolmagy arzuw edýärdi. Ýöne, ol radionyň diktory bolup zähmet ýoluna başlaýar. Amitabh kino sungatyna 1969-njy ýylda gelýär we “Ýedi hindi” atly filmde baş keşpleriň birini ýerine ýetirýär. Ilkinji synanyşyk Amitabha kinoda özüne ynanylan keşbi ýokary derejede janlandyrandygy üçin “gowy aktýor” milli baýragyny almaga şert döredýär. Onuň yzysüre bolsa ol “Söýgi hiç haçan ölmeýär” atly filmde surata düşýär. Bu film üçin Baççana Hindistanyň «Filmfare» baýragy gowşurylýar. Ýöne kino sungatynda ýaňy tanalyp başlan Amitabh Baççana 1973-nji ýylda ekrana goýberilen “Uzaga çeken haklaşyk” atly filmi has uly üstünlik getirýär. Ol bu filmde durmuş nogsanlyklaryna, pyssy-pyjurlyklara garşy göreşýän ýaş halasgäriň keşbini janlandyrdy. Netijede, bu film şol döwrüň iň köp tomaşa edilen hem-de iň girdeji getiren kinosy hökmünde taryha girdi. Şu filmiň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy bilen, Amitabh Baççan diňe bir Hindistanda däl, eýsem ýurduň daşynda-da tanalyp başlaýar. Ol 1982-nji ýylda “Kuly” atly filminde surata düşýärkä agyr şikes alýar. Şunlukda, ol kino sungatyndan birazajyk daşlaşmaly bolýar. Ol 1984-nji ýylda öz ýaşaýan şäherinden milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärlik edýär. Halkyň köp ses bermegi netijesinde bolsa ýeňiş gazanýar. 1987-nji ýylda syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndan ýene-de kino sungatyna gaýdyp gelýär. Döredijilige we kino sungatyna düýrmegi bilen berlen Amitabh 1991-nji ýylda “Biz”, 1992-nji ýylda “Hudaý şaýatdyr” atly filmlerde surata düşýär. Şol aralykda ol öz jigisi Adjitabh bilen Hindistanda telewideniýäniň emeli hemrasyny guramak we ösdürmek, şeýle hem kinofilmleri satmak we kireýine bermek boýunça telekeçilik işlerini alyp barýar. Häzirki wagtda “Amitabh Bachchan Corporation Ltd” kompaniýasy kino filmleri öndüriji iň uly kärhanadyr. Amitabh Baççan 2000-nji ýylda Hindistanyň kinomategrafiýaçylarynyň milli birleşiginiň “Müňýyllygyň aktýory” atly baýragyna mynasyp boldy. 2000-nji, 2005-nji ýyllar aralygynda telewideniýede “Kimiň millioner bolasy gelýär?” atly telegepleşigi alyp bardy. Amitabh Baççan 1973-nji ýylda kino artisti Jaýa Bhaduri atly zenan bilen durmuş gurýar. Olaryň Şweta atly gyzy we Abhişek atly ogly bar. Taýýarlan Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |