22:27 Änewiñ taryhy barada kitap | |
ÄNEWIÑ TARYHY BARADA KITAP
Taryhy makalalar
■ "Siwilizasiýanyñ bosagasyndaky Merkezi Aziýa obasy. Änewde (Türkmenistan) geçirilen gazuw-agtaryş işleri" ady bilen ABŞ-da çykan kitap barada Oguz han Türkmen eýýamynyñ irki döwürleriniñ ýadygärlikleri baradaky maglumatlar R.Pampelliniñ ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasynyñ geçiren gazuw-agtaryş işlerinden we olaryñ netijeleri düýpli ylmy iş hökmünde çap edileninden soñ giñden ýaýrap başlady. Bu ylmy barlaglaryñ maglumatlary dünýä ylmy îçin Merkezi Aziýanyñ eneolitik ýadygärliklerini öwrenmegiñ esasy çeşmesine öwrüldi. Töwerek-daşdaky tebihy howa şertleriniñ üýtgemeginiñ Merkezi Aziýanyñ siwilizasiýalarynyñ ösüşine eden täsiri geçen asyryñ ylmy-barlagçylary tarapyndan öwrenilipdir. 1903-nji ýylda R.Pampelli daş-töweregi gurşap alýan tebigat bilen ekerançylyk medeniýetiniñ gatnaşyklary baradaky nazarýeti barlamak mümkinçiligini alýar. Ol gurakçylyk hadysasynyñ kemelmeginiñ netijesinde siwilizasiýa ösüpdir diýen çaklamany öñe sürýär. Merkezi Aziýanyñ tozap ýatan gumluklaryndaky köp sanly harabalyklarda Rafael Pampelli şol çaklamanyñ subutnamasyny tapýar. Onuñ Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleri oturymly ýerleriñ - obalaryñ üznüksiz üýtgäp durýan daş-töweregiñ täsiýetiniñ çäklerinde ösendigi baradaky çaklamany öñe sürdi. Onuñ işi bu ugurdan Gordon Çaýldyñ we Toýnbiniñ belli işlerine garanda has özboluşly häsiýete eýedir. Köpetdagyñ demirgazyk eteklerindw oturymly ekerançylyk medeniýetiniñ dörändiginiñ aýdyñ subutnamalarynyñ biri hem Änew obasynda ulanylan çig kerpijiñ galyndylarynda taptylan galla ösümlikleriniñ gabyklary we gylçyklarydyr. Oguz türkmenleriniñ ata-babalary bu ýerde diñe däne ekinlerini ekipdirler. Şol tapyndylar içgin öwrenilende, olaryñ bugdaý üçin häsiýetlidigi aýan edildi. Şol bugdaý bolsa indi "ak bugdaý" ady bilen bellidir. Ak bugdaý biziñ ata-babalarymyzyñ eken gadymy ekinleriniñ biridir, ol gadymy Türkmenistanyñ gazaply toprak-howa şertleriniñ täsiri bilen emele gelipdir. Saparmyrat Türkmenbaşy "Ruhnamada" bu barada: "Taryhy maglumatlar maña ak bugdaýyñ ilkinji watanynyñ Türkmenistandygyny düşündirdi. Bäş müñ ýyl mundan ozal Änewiñ düzlüginde ýetişdirilen ak bugdaýyñ tohumy tapylan bolsa, biz "Türkmenistan - ak bugdaýyñ Watany!" diýip arkaýyn aýdyp bileris" diýip, belläp geçýär. Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky Taryh instituty tarapyndan "R.Pampelli we Türkmenistanda arheologiýa ylmynyñ ösüşi" ady bilen geçirilen konferensiýa gatnaşanlara Ýüzlenmesinde Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle belledi: "Änewiñ töwereginde tapylan gadymy bugdaý dänesi hakda ýatlanymda, men Rafael Pampelliniñ ekspedisiýasynyń jemlerini göz öñünde tutupdym. Hut amerikan alymy iññän gadymy döwürde, eneolit we bürünç eýýamynda, Günorta Türkmenistanda, Köpetdagyñ etek zolagynda "Änew medeniýeti" diýlip atlandyrylýan oturymly-ekerançylyk medeniýetiniñ dowam edendigine şaýatlyk edýän Änew gazuw-agtaryş işleriniñ netijelerini ilkinji bolup ylmy dolanyşyga girizdi". XX asyryñ 80-90-njy ýyllarynda Türkmenistanda ABŞ-nyñ öz açyşlary bilen belli bolan alymlary işlediler. Olar: Miçigan unuwersitetiniñ professory Robert Breýwud, Pensilwaniýa uniwersitetiniñ professory Jon Olsen, Massaçusets ştatyndaky Ueslin kollejinden doktor Filipp Kol, Garward uniwersitetiniñ professory Karl Lamberg-Karlowskiý, Pensilwaniýa ştatynyñ Döwlet uniwersitetiniñ arheologiýa we antropologiýa muzeýiniñ Merkezi Azuýanyñ arheologiýasyny öwrenmek maksatnamasynyñ direktory doktor, professor Fredrik Hibert dagylardyr. Bu alymlaryñ işleriniñ netijeleri dürli neşirlerde çap edildi. Täze eneolit ýadygärlikleriñ açylmagy we olaryñ ylmy taýdan yzygiderli barlanylmagy XX asyryñ ortalaryna degişlidir. Olaryñ netijeleri köp sanly neşirlerde öz beýanyny tapdy. Soñky 10 ýylyñ dowamynda Änewiñ arheologiki ýadygärliklerinde amerikaly alym Fredrik Hibert gazuw-agtaryş işlerini geçirdi. Ol 90-njy ýyllaryñ başlarynda Türkmenistanda ylmy-okuw werzişkärligini geçdi we bu ýerde işlän arheologiýa ekspedisiýasynyñ birnäçesine gatnaşdy. 2003-nji ýylda Filadelfiýada, Pensilwaniýa uniwersitetiniñ arheologiýa we antropologiýa muzeýiniñ F.T.Hibertiñ ýolbaşçylygyndaky awtorlar toparynyñ Rafael Pampelliniñ ýadygärligine bagyşlanan "Siwilizasiýanyñ bosagasyndaky Merkezi Aziýa obasy. Änewde (Türkmenistan) gazuw-agtaryş işleri" atly kitaby çapdan çykdy. F.Hibert R.Pampelliniñ ýolbaşçylygynda geçirilen arheologiýa ekspedisiýasynyñ başlanmagynyñ 100 ýyllygyna bagyşlanan ylmy konferensiýada eden dokladynda şeýle belledi: "1907-nji ýylda R.Pampelliniñ amerikan ekspedisiýasynyñ agzasy E.Hettingtonyñ Merkezi Aziýada howa ýagdaýynyñ üýtgemegini ilatyñ göçüp-gonmagynyñ we siwilizasiýasynyñ ösmeginiñ çeşmesi hökmünde öwrenen pursatyndan bäri köp ýyl geçdi. Emma şondan bäri Merkezi Aziýanyñ iññän gadymy tebigatyny öwrenmek meselesi açyklygyna galýar. Iññän gadymy gatlaklarda ýüze çykarylan ösümlik galyndylary, gynansak-da, bizi doly möçberli maglumatlar bilen üpjün edip bilmeýär. Merkezi Aziýada oba hojalygynyñ ýañy döräp ugran obalarynyñ köpelip, şäherleriñ peýda bolup başlan döwründe howa ýagdaýynyñ oýnan roly we onuñ üýtgemego jikme-jik öwrenilmegini talap edýär. Şunda bir zady bellemeli, ol-da R.Pampelli bilen W.M.Dewisiñ Köpetdagyñ eteklerindäki derýalaryñ akar ugurlaryny üýtgedendikleri we şol ýerdäki topragyñ guraklyga sezewar bolandygy baradaky çaklamalarynyñ biziñ Änewde geçiren barlaglarymyzyñ dowamynda käbir derejede tassyk bolmagydyr. Topragy öwrenmek barada gazanylan täze üstünlikler Merkezi Aziýada ekerançylyk medeniýeti bilen howanyñ üýtgemeginiñ arasyndaky gatnaşyklara-da oñat düşünmäge bize mümkinçilik berýär". Şu zatlaryñ ählisi F.Hibertiñ ýolbaşçylygyndaky awtorlar toparynyñ täze kitabynda öz beýanyny tapypdyr. Ol bu işinde soñky ýyllarda Änewde geçirilen ylmy barlaglaryñ netijelerini peýdalanypdyr. Kitap Robert Daýsonyñ girişi bilen başlanýar we ol 14 bapdan, goşundylardan ybarat bolup, suratlar bilen hem oñat bezelipdir. Kitapda barlag geçirilýän sebitiñ gysgaça geografik häsiýetnamasy berilýär. Merkezi Aziýada siwilizasiýanyñ gelip çykyş nazarýetine, Merkezi Aziýanyñ oturymly ýerleriniñ taryhyna garalýar, ol dört döwre bölünip, şolaryñ her birine häsiýetnama berilýär. Olar Jeýtun (b.e.öñki 4500-4000 ý.); Namazga-1 Änew (b.e.öñki 3500-3100 ý.) döwürleridir. Şeýle hem kitapda general A.W.Komarowyñ geçiren gazuw-agtaryş işlerinden başlap, Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasynyñ işlerine çenli Demirgazyk Änewde geçirilen barlaglaryñ taryhy beýan edilipdir. Kitap radipkarbon seneler bilen üpjün edilipdir. Altynjy bapda Demirgazyk Änewiñ küýzegärçilik hünärmenligi häsiýetlendirilýär, oña takmyny senenama berilýär. Änew medeniýetini ilkinji barlaýjylar köp reñkli nagyş salnan gap-gaçlar Änewiñ ilatynyñ küýzegärçiliginiñ esasy ösüş ugry bolman, başga ýurtlardan getirilen diýip hasap edillpdirler. Emma bu ýadygärlikleri ylmy taýdan barlaýjylar (B.A.Kuftin, W.M.Masson, I.N.Hlopin, W.I.Sarianidi) täze arheologik maglumatlar esasynda Änewiñ köp sanly nagyşlarynyñ ýerli däp-dessurlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygynu subut etdiler. Şol eýýamda küýzegärçilik sungaty kämilleşip, has rowaçlanyp ösüp başlaýar. Ozaly bilenem küýzegärçiligiñ görnüşleri mese-mälim artýar. Ýöne iñ esasy zat hem nagyşlaryñ görnüşleri köpelýär, bularyñ özeni bolsa şondan öñki geçen döwrüñ däp-dessuryna baryp syrygýar. Çylşyrymly nagyşlaryñ we sazlaşykly äheñleriñ gerim almagy şeýle özgerişlikleriñ bolandygyna şaýatlyk edýär. Salnan nagyşlarda geometrik, ösümlik, haýwanpisint şekiller bar. Kitapda Änewiñ demirgazygyndaky baýyrlykda ýüze çykarylan mazarda merhumyñ jaýlanyşy, Demirgazyk Änewde ösümlikleriñ ulanylyşy hakda gürrüñ berilýär. Demirgazyk Änewiñ topragynyñ mikroskopik seljerişi getirilýär, şeýle hem mal bakylyşy, aw awlanyşy we haýwanlaryñ eldekileşdirilişiniñ taryhy hakda maglumatlar getirilýär. Kitabyñ soñky babynda Demirgazyk Änewiñ oturymly ösüşine garalýar. Türkmenistanda F.T.Hibert tarapyndan geçirilen arheologiýa barlaglarynyñ radiokarbon derñewlerini ulanýan täze senenama esasynda medeni we taryhy öwrülişik gazanyldy. Änew obasyndan toplanan paleobotanik maglumatlarda Köpetdagyñ düzlüklerinde ösüp oturan tokaýlaryñ kem-kemden azalandygy görkezilýär. Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ arheologik subutnamalary Köpetdagyñ ownuk, hakykatda möwsümleýin akan derýalarynyñ uly möçberli suwaryş işleri üçin ulanylyp bilinmändigini tassyklaýar. Sözümizi jemläp aýtsak, F.T.Hibert dünýä ylmynyñ gazananlaryna esaslanyp, "Siwilizasiýanyñ bosagasyndaky Merkezi Aziýa obasy. Änewde (Türkmenistan) geçirilen gazuw-agtaryş işleri" atly kitapda Änew baýyrlyklarynda geçirilen ähli barlaglarynyñ jemini jemleýär we olary seljerip geçýär. Bu kitap ~ iññän gadymy oturymly ekerançylyk medeniýetiniñ ojagy hökmünde Türkmenistanyñ tutan ornunyñ näderejede uly bolandygynyñ täze şaýatnamasydyr. Nurgözel BÄŞIMOWA, Ejegül MYRADOWA. # turkmenistan_2003 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |