20:16 Annasoltan | |
ANNASOLTAN
Goşgular
“Jebir gördüm bu diwardan aňyrda, Zulum gördüm bu diwardan aňyrda, Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda, Hapa boldum, men bir suwa düşeýin.” Annasoltan Kekilowa Aý, ýok, Annasoltan, Beýle däl, owlak. Sen hapa bolmadyň, hapaladylar. Kim gara don geýip, Kim ak halat geýip, Seni on iki ýyllap depelediler. Ilki dälihana sokup, Soňra gara ýere dykyp, Yzyňdan öwdüler, apaladylar. Gideňden soň näçe ýyllap kärdeşleň “Nä-de, nä, borka?” diýip, sessiz gezdiler. Ýaz diýlenni ýazdylar. Poz diýlenni pozdular. Wejera ýaryşynda bir-birinden ozdular. Çap diýilse çapdylar, Tap diýilse tapdylar, Dep diýilse depdiler. Gapy gürrüň uýat ýerin Öp diýseler öpdüler, Käte omajy oklap, Gap diýseler gapdylar. Ýa-da ýumruk görkezip, Gap diýseler gapdylar. Olar şeýle köpdüler. Ine, birden rugsat berdi hökümet Seni ýatlamana tutmana adyň. Beýle-beýle mähirli söz, ýyly söz Seniň haçan eşiden hem gören zadyň. Özüňi ýedi gat ýere süsdürip, Çykardylar adyň ýedi gat arşa. Uruşdan soň doglan ýatlama ýazýar Gatnaşyşy hakda nägehan urşa. Bir gezek görmedikler, Bir köçede ýörmedikler, Saňa elin bermedikler, Seni itler çekelände Bir arkaňda durmadyklar, Halas torun gurmadyklar Bu gün ýaka ýyrtyp, saçlaryn ýolýar. Nätanyş keşbiňi ýatlajak bolýar. O-da başardanok, heňe gelenok, Ýekelik aýdymy hora bolanok. Hapa boldum diýip kemsinme, owlak, Seni hapalanlar boldular hapa. “Eýtjekdik, beýtjekdik” diýşibem bu gün Çypdyryp otyrlar degirmän ýapa. Çyn şahyrsyz ili aldamak aňsat, Şahyryň ruhuny bolmaz-a aldap. Dirikäň üstüňden gülen mähelle Öleňsoň ýene bir kemsidýär aglap. Mes eşekler toýnak salýar ýyldyza, Hudaýy çagyrýar näumyt hassa. Senem diýýäň: ”Men bir suwa düşeýin“ Hapa suwdan çykjakmy sen arassa! Syýasata girýän barmy azaşyp, Poha batsaň, boýuň bilen batylýar. Daşyna tiken sim çekilen ýurtda Diňe uçup bilýän guşlar atylýar. Süýrenji bolsaň, hiç kim degenok, Ýere sygmadyklaň jaýy asmandyr. Türkmen birine heýkel dikmeli bolsa, Gurbansoltan däldir, Annasoltandyr! Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |