00:13 Antik Ysraýylda depin | |
ANTIK YSRAÝYLDA DEPIN
Taryhy makalalar
Kalkolitik döwürde (b.e.öñki 5000-nji ýyldan başlaýan Bürünç eýýamy") kenarýaka sebitleriñ ugrunda Azor, Bene-Berak, Hedera ýaly ýerlerde täze dürli mazarlar orta çykmaga başlady. Bular ölenleriñ bejergisinde esasy rol oýnaýan ossuariniñ birinji görnüşine yşarat edýär. Bu irki ossuari ýüñden edilipdir we esasan kiçijik öýe meñzeýän görnüşde şekillle getirilipdir. Stilleriñ we şekilleriñ dürli-dürliligi ölenleriñ öýlerine meñzeş edilendigini görkezýär, bulam ýaşaýyş bilen ölümiñ arasynda dowamlylyk duýgusynyñ bolandygyny añladyp biler. Ierihonyñ kelleçanaklarynyñ üstüniñ açylmagy bilen birlikde iki tapgyrly mazarlaryñ artýan ulanylyşyny görkezýärler. Birinji tapgyrda merhum ýa gömülipdir ýa-da eti çüýredänçä nişada ýa-da diñe süñkleri galýança gowakda goýlupdyr. Ikinji tapgyrda süñkler ýygnalyp, täzeden jaýlanypdyr we gaplara salnyp, daşlara köwülip ýasalan nişalara ýerleşdirilipdir. Süñkjagazlaryñ arasy kelleçanagyñ (iñ uly ýer tutýan süñk) içine ýerleşdirerden uly bolupdyr. Miniatýura ossuari has ulularda mazar deregine ulanylypdyr. Gapylar käte şulara görä ýasalypdyr we bulardan käbiri adam ýüzüni şekillendirýän boýagdyr gabardylyp çekilen bezegleri öz içine alypdyr. 1990-njy ýylyñ noýabr aýynda Ierusalimdäki bir gowakda on iki sany ossuari tapyldy. Ikisi Kaiafa adyny göterýärdi we iñ bezeglisinde iki gezek "Kaifanyñ ogly Ýozef" ýazgysy bardy. Içinde-de altmyş ýaşlaryndaky bir erkegiñ süñkleri bardy. Birnäçesi bularyñ Isanyñ "Injilden" gelýän antagonisti olan Kaifanyñ galyndylarydygyny öñe sürýär. Şol bir wagtyñ özünde ilkinji ossuari hem ýüze çykyp, Lewantdaky adamlaram daş gapyrjak mazarlary ulanmaga başlady. Daş gapyrjak esasan ýere gazylan we daş plitalary bilen örtülen, käte üstünde bir plita goýlan dörtburçlyk deşikdir. Käte üst-üstüne birnäçe adamyñ goýlandygy görünýär we bularyñ maşgala mazarlary üçin edilendigini çaklap bileris. Mazardaky bu edim-gylymlar uzak wagtlap dowam edýär we Mis eýýamynda (b.e.öñki 3000-nji ýyldan başlap) dag daşyndan, ak daşdan ýa-da ýerde dikligine çukuryñ gazylan wal gömülgiler birleşdirilýär. Eger ýerden gazylan bolsa, diwarlar daş bilen örtülipdir. Bu gömülginiñ düýbünde bir otag açylypdyr we uly daş bilen agzy ýapylypdyr. Otaglar dürli görnüşlerde (dik dörtburçluk, otaglaýyn, şekilsiz) we ölçeglerde edilipdir. Üç, dört, hatda has köp dik dörtburçlyk otag bu esasy otagdan bölünip, otaglar üçin nişalar emele getirip biler. Käbir mazarlarda merkezde süñkler üýşürülip goýlan, daş-töweregi golçalar we aşhana gurallary düzülip goýlupdyr. Käbir gämilerde azyk tapyldy. Bulary ölüler bilen iñ soñky gezek bir zatlar iýmek üçin goýandyklaryny çaklaýan pikirler bar. Dünýäniñ beýleki ýerlerinde hem halk medeniýetinde giñden ýaýran bir edim-gylymda aramyzdan gidenler bilen nahar iýmek adaty bar. Bu ýerde kairn (tur, ýagny daş tümmek) mazarlary-da tapyldy. Adamlar ýüzleý mazarlara jaýlandy, bularyñ üstýne soñabaka daş-damana üýşürildi we gaýa daşlary bilen örtüldi. Esasan depe bolan tumuluslar (kurganlar): üstüne ownuk gaýalar we gum üýşürilen mazar tümmekleri-de şu döwürde ýüze çykyp başlaýar. Negew ýaýlalarynda müñlerçe kurgan tapyldy. Hazynalar bilen doly uly mazarlar ýok, ölüler üçin sowgat hökmünde taýýarlanan kiçijik ýerler bar. Bularyñ gurbanlara metafiziki, kult ýa-da dini ugur görkezmezden merhumlara degişli hazynalardygyny çaklap bilerismi? Ýa bolmasa sebitiñ Müsüre ýakynlygy o dünýä hakda ösüp barýan we janly garaýyş bilen hem-de ýolagçylyk etmek üçin mätäçlik duýulýan närseler bilen belli bir derejede baglanyşyklydygyny görkezýärmi? Ikinji Ybadathana döwrüne girenimizde, bu soraglaryñ jogaplary biraz aýdyñlaşýar. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Ýekşenbe, 21.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |