10:43 Antik Ysraýylyñ atasy: Awraam | |
ANTIK YSRAÝYLYÑ ATASY: AWRAAM
Taryhy makalalar
"Atalar" ady bilen tanalýan Ybraýym (Awraam), Yshak, Ýakup jöhitligiñ hem fiziki, hem ruhy atalarydyr. Olar jöhitlik (iudaizm) diýilýän dini gurdular we olaryñ nesilleri jöhit halkydyr. Elbetde, tehniki taýdan alanda, Ybraýymdan, Yshakdan, Ýakupdan jöhit diýip söz açmak ýalñyşdyr. Çünki "jöhit" we "jöhitlik" adalgalary köplenç bu halky atlandyrmak üçin aýdylan wagtlaryndan ýüzlerçe ýyl soñuna çenli ulanylmandyr. Gürrüñimize tema bolan bu ýazgy Töwratdan, Talmutdan, Midraşdan we beýleki çeşmelerden döredilipdir. Häzirkizaman alymlary patriarhlaryñ bolup-bolmanlygyny we bu maglumatlaryñ takyklygyny derñeýär. Emma arheologlar tä olary tapýança alymlaryñ Babyldyr Troýanyñ bolup-bolmanlygyny-da derñändiklerini aýtsak gowy bolar. Jöhit däp-dessurlarynda, Ybraýymyñ ýaradylyşdan bäri 1948-nji ýylda (b.e.öñki 1800-nji ýyllarda) Babylyñ Ur şäherinde Awraam (Ybraýym) ady bilen dünýä inendigi aýdylýar. Wasan (daşdan ýasalan hudaý, ýagny but) söwdagärligini eden Terahyñ ogly Ybraýym entek kiçijik çagalygyndan başlap kakasynyñ ynanjyna üns beripdir we hakykaty gözläpdir. Ol bütin älem-jahanyñ ýeke-täk ýaradyjy güýjüñ eseridigine ynanmaga we bu ynanjy başgalara-da öwretmäge başlapdyr. Şeýle-de kakasy Terahy buta çokunmagyñ samsyklykdygyna ynandyrmaga çalşypdyr. Bir gün Awraam dükana seretmek üçin ýeke galdyrylanda, eline bir çekiç alyp iñ uly butdan başga hemme buty kül-uşak edip taşlapdyr. Soñra çekijini iñ uly butyñ eline gysdyryp goýupdyr. Kakasy gelende näme bolandygyny sorapdyr. Awraam oña şeýle jogap beripdir: - Butlar dawalaşdy we iñ ulusy beýlekileri bölekläp taşlady. Kakasy oña: - Bolmajak zady aýtma. Bu butlaryñ jany ýok, güýji ýok. Gymyldap bilenok, elinden hiç zat gelenok - diýipdir. Awraam: "Eger şeýle bolýan bolsa, nämüçin olara çokunýarsyñyz?" diýýär. Ahyrynda Awraamyñ ynanýan ýeke-täk hakyky ýaradyjy güýji oña seslenýär we bir teklip edýär: "Eger Awraam öýüni we maşgalasyny terk etse, onda Hudaý ony uly ýurda öwrüp mukaddesleşdirjekdi. Awraam bu teklibi kabul etdi we Huday bilen jöhit halkynyñ arasyndaky brit (ylalaşyk) baglaşyldy (General 12). Brit pikiri tradision jöhitlik üçin esasdyr: biziñ her birimiziñ Hudaý bilen ikitaraplaýyn hak-hukugymyzy we jogapkärçiliklerimizi öz içune alýan şertnamamyz bar. Biziñ Hudaýyñ öñünde belli-başly jogapkärçiliklerimiz bar we Hudaýyñam biziñ öñümizde belli-başly jogapkärçilikleri bar. Bu britiñ şertleri Töwratyñ berilen wagtyna çenli has aýdyñlaşdyryldy. Awraam bu ylalaşyga eýerýändigini subut etmek üçin imanyñ on şerti synagyndan geçirildi. Öýüni terk etmegem şol şertleriñ biridir. Şäherde önüp-ösen Awraam çarwa durmuşy halapdyr we häzirki Ysraýylyñ ýerlerinde uzak wagtlap syýahat edipdir. Hudaý bu ýerleri Awraamyñ neberelerine ýurt edip bermegi wada beripdir. Awraam megerem Eberiñ (General, 11) neslinden gelýändigi ýa-da megerem Ýewfrat derýasynyñ "añyrky kenaryndan" (eber) gelendigi üçin ibrany dilinde Iwri ady bilen ýatlanýar. Emma gojalyp barýan Awraam aladalanypdyr, çünki onuñ çagasy ýok eken. Awraamyñ söýgüli aýaly Saraý çaga dogurmak ýaşyndan geçendigini bilensoñ, hyzmatkäri Hajary aýal edip almagy adamsyna teklip edipdir. Munuñ özi şol wagtlar sebitde giñden ýaýran däp bolupdyr. Faraonyñ gyzy Hajar Müsüre gidende Awraama sowgat berilen gyz eken. Musulman hem jöhit çeşmelerine görä, ol Awraamdan araplaryñ atasy hasaplanýan Ysmaýyly dünýä inderipdir. (16. Nesil). Awraam 100, Sara 90 ýaşyndaka Hudaý Awraama ýene bir ogul sözüni berdi. Hudaý Awraamyñ adyny Ybraýym (köpüsiniñ atasy) we Saraýyñ adyny Sara ("melikäm"-den "melikä") diýip üýtgedipdir. Sara Ybraýyma Yshak atly bir ogul dogrup beripdir (ibrany dilinde Ýitzchak). Ol Ybraýymyñ garranda perzendi bolandygy üçin şatlanandygyny añladýan "gülki" sözünden dörän at (Nesil 17-18). Yshak jöhit halkynyñ atasydyr. Şeýlelikde, araplar bilen jöhitleriñ arasyndaky oñşuksyzlyklary belli bir derejede iki doganyñ özara basdaşlygy diýibem düşünse bolar! Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy. @atasevenoffica Şenbe, 26.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |