21:01 Antik Ysraýylyñ ýiten on taýpasy | |
ANTIK YSRAÝYLYÑ ÝITEN ON TAÝPASY
Taryhy makalalar
Iki müñ ýyldan gowrak wagt bäri Ysraýylyñ atsyz-sorsuz ýiten on taýpasy fantastiki spekulýasiýalaryñ söýgüli temasy bolup geldi. Her yklymdan, her milletden diýen ýaly toparlar şol on taýpa bilen baglanyşdyryldy. Bütin bu gyzyklanmalaryñ sebäbi, "Mukaddes kitapda" on taýpanyñ soñ bir gün sürgün edilen ýerlerinden gaýdyp geljekdigi we Mesihiñ gelişi bilen baglanyşykly waka bolan jöhit dogamlaryna beriljekdigi hakda birtopar "welilik" satmalar bar. Emma on taýpanyñ töwereginde galñaýan birnäçe täsin pikir bizi "Mukaddes kitabyñ" weliligindäki ähmiýetlerinden we ynanjymyzyñ jöhit köklerini düşünmekdäki ähmiýetlerinden daşlaşdyrmaly däldir. Ýakyn taryhly bir taglymat iki öý hereketi diýibem bilinýän Mesih Ysraýyl on taýpany ýewropa kökli hristianlar bilen baglanyşdyrýar. Tarapdarlary özlerine efraýymlylar ýa-da ysraýyllylar diýýär. Ideýalary iñlisleriñ we amerikanlaryñ on taýpanyñ gönüden-göni nesilleridigini öñe sürýän iñlis-ysraýylçylygyñ täzeden janlanmagydyr. Soñky ýyllarda bu ynanjy goldaýan ýene bir topar Gerbert W.Armstrong tarapyndan gurlan "Dünýä derejeli Hudaý buthanasydyr". On taýpanyñ taryhy Ýakubyñ on ogly bilen başlaýar: Efraýym, Manaşşe, Işhakar, Zebulun, Aşer, Naftali, Dan, Gad, Ruben we Lewi taýpasynyñ bir bölegi. Olaryñ taýpalary öñki Ysraýylyñ demirgazykdaky on taýpasyny emele getiripdir. Hezreti Samuel zamanynda bu on taýpa Ýehudanyñ we Benýaminoñ günorta taýpalary bilen birlikde bir patyşalyga birikdirildi. Bu birleşen patyşalyk ilki Saul, soñra Dawut, ogly Süleýman tarapyndan dolandyryldy. Emma Süleýmanyñ beýleki hudaýlara ybadat etmekdäki günäsi sebäpli Hudaýyñ patyşalygy ikä bölündi. Süleýmanyñ emeldarlaryndan Ýarowama bilen on taýpa... (1 Patyşalar 11: 29-38). Bu täze demirgazyk patyşalygy Ysraýyl patyşalygy diýibem tanalypdyr. Süleýmanyñ neberesinden gelýänler tarapyndan dolandyrylýan Ýehudanyñ we Benýaminiñ günorta taýpalary Ýehuda patyşalygyny gurýar. Bu günorta patyşalygy irki taryhda Ýehuda bilen garyşan we garaşsyzlygyny ýitiren Simeon taýpasyny öz içine alypdyr. Ilkibaşda hem demirgazykda, hem günortada aýratyn kesgitlenen Lewili şäherlere ýerleşen Lewi taýpasy patyşalygyñ bölünmegi bilen demirgazykdan süýşüpdir. (Num. 35:2-8, 2 Kron. 11:13-17). Ýeruşalimde on oýmagyñ çokunmasyna päsgel bermek üçin Ýarowam altyn öküzleriñ heýkelini gurýar: biri demirgazyk araçäkdäki Danda, beýlekisi günorta araçäkdäki Beýtelde (1 Patyşalar 12: 26-33). Bu barlyşyksyz ybadat formasy on taýpany Hudaýyñ kanunyna boýun sunmakdan we ahyrynda butparaz hudaý Baala we beýleki ýasama hudaýlara çokunmakdan daşlaşdyrypdyr. Iki ýüz ýyllap Hudaý olary erbet ýollaryndan el çekmekleri üçin pygamber barsyny ugradypdyr, emma olar pygamberleriñ aýdan-diýenlerine gulak asýan millet däldiler. Ahyrsoñunda eden günäleri we Hudaý bilen baglaşan ylalaşyklaryndan ýüz öwrendikleri sebäpli müñlerçe adamy assiriýalylaryñ eli bilen häzirki günorta Yraga sürgüne gönderdi (2 Patyşalar 17: 7-23). Bu ýerde öñ aýdylan "weliligi" dogry çykarmak üçin ýerli halka goşulyşdylar we jöhit dälleriñ arasynda ýitip gitdiler, şeýdibem ýiten on taýpanyñ biri boldular (Hoşea 7: 8). Emma on taýpadan bolanlaryñ hemmesi sürgüne gitmändir. Käbirleri assiriýalylardan günorta gaçyp, Ýehuda goşulypdyr. (Ýehudada ýaşaýan ysraýylogullary; 2 Kron. 30:25, 31:6). Olaryñ barlygy häzirki Ýehudanyj daglyk sebitinde duýdansyz ýüze çykan birnäçe ownuk oba tarapyndan aýdylýar. Beýlekileri samiriýeli halk bolmak üçin Assiriýadan gelen göçegçilere goşulyşyp demirgazyk Ysraýylda galdylar (2 Patyşa 17: 24-41, 2 Kron. 34:9,21). Sürgüne gidenleriñ arasynda-da käbirleri milli aýratynlyklaryny ýitirmän saklanlar bolupdyr. Bulardan käbirleri has soñra Babyl sürgünlerinden gaýdyp gelenlerinde günortadaky Ýehuda patyşalygynyñ sürgünlerine goşulypdyr (Ezra 2:28, Neh. 7:32). Mysal üçin, Ybadathanada gundagdaky Isa bilen tanyşan pygamber Anna on taýpanyñ biri bolan Aşer taýpasyndandy (Luka 2:36). Şeýle-de milli aýratynlyklaryny gorap saklan beýlekileri grek we rim döwürlerinde jöhit halkynyñ esasy diasporasyna (dargamagyna) goşuldylar. Şonuñ üçinem on taýpanyñ hemmesi ýitmändir. Birnäçe ýehudy (jöhit) halkyna degişli hasaplandy. Netijede, häzir on iki taýpanyñam gany jöhit halkynyñ damarynda at salýar. Munuñ özi Mesih Ysraýyl we beýleki iñlis-ysraýyl toparlarynyñ taglymyna garşy düýpli işdir. Olar Ysraýyl adalgasynyñ Injildäki her görnüşiniñ jöhit halkyna däl-de, özlerine ýüzlenilýändigini öñe sürýärler. Aslynda jöhit we ysraýylly sözleri "Täze Ähtde" biri-biriniñ ýerine ulanylýar. "Rimlilerde" ilçi Pawel benýamin taýpasyndandygyna garamazdan özüni we jöhit garyndaşlaryny ysraýylly diýip atlandyrýar (Rom. 9:3,4,6; 11:1). Bular ýaly mysallary näçe diýseñ köpeldip bolýar. Isanyñ döwründe jöhit halky bir bitewi halk hökmünde on iki taýpanyñ nesilleridigine düşünipdiler (Ýakup 1: 1, Resullaryñ işleri 26: 7). Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy. @atasevenoffica Şenbe, 04.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |