15:06 Aryflaryñ soltany - Hoja Ahmet Ýasawy | |
ARYFLARYŇ SOLTАNY − HOJA AHMET ÝASAWY
Edebi makalalar
Alymlar halka berlen rehmetdir Aryflaryň soltany diýen beýik hem mertebeli ada eýe bolan alym, şahyr, pelsepeçi, Hoja Ahmet Ýasawy oguzlaryň-türkmenleriň gadymdan bäri oturymly ýeri bolan Seýramda (häzirki Gazagystanyň günorta sebitleri), takmynan, 1036-njy, 1040-njy ýyllar töwereginde dünýä inýär. Seýram (köne taryhy ady – Isfijap) ol zamanlar gülläp ösen şäher bolup, häzirki wagtda onuň ýerinde bu ady göterýän oba ýerleşýär. XI asyrda, Ýasawynyň doglan zamanynda bu sebitlerdäki Seýram, Ýasy, Otrar ýaly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän möhüm şäherler Garahanylar türkmen döwletine degişli bolupdyr. Şol wagtlar häzirki Merkezi Aziyanyň, Hytaýyň günbatar we Owganystanyň demirgazyk çäklerinde ýaşaýan türki halklaryň ýaýran giň sebitleri Türküstan (türki halklaryň ýaşaýan ýurdy) diýlip atlandyrylypdyr. Şonuň üçin Hoja Ahmediň doglan, ýaşan ýerine umumylykda Türküstan diýilýär. Häzir bu sebitlerde Türküstan ady bilen Gazagystanyň bir şäheri (XVI asyra çenli köne taryhy ady – Ýasy) ýerleşýär. Alymlar ynamly golýazmalara esaslanyp, Hoja Ahmediň ýedi arkasyny (Ybraýym şeýh, Ylýas şeýh, Mahmyt şeýh, Yftyhar şeýh, Muhammet şeýh, Osman şeýh, Omar şeýh) we ondan has aňyrraky arkalaryny hem atlandyryp görkezýärler. Olaryň hemmesi ulama kişiler bolupdyr. Ahmediň kakasy Ybraýym şeýh öz döwrüniň ylymly-bilimli kişisi hökmünde tanalypdyr. Ejesi Äşe hatyn Seýramyň belli şeýhleriniň biri Musa şeýhiň gyzy eken. Äşe hatynyň il içinde ýörgünli ady Garasaç ene bolup, ol öz döwrüniň bilimli-sowatly, tälim-terbiýeli, hormatlanýan aýaly bolupdyr. Oňa bütin türki halklar eneligiň beýik nusgasy hökmünde ençe asyrlap hormat goýup gelýär. Garasaç enäniň üstüne kümmet galdyrylan mazary – mowzeleýi Seýramdadyr. Ahmediň Göwheri Şanäz atly özünden uly gyz dogany (käbir alymlar ony Ahmediň öz gyzy hem hasaplaýarlar), Sadyr atly inisi bolupdyr. Ejeleri çagalar ýaşka aradan çykýar. Ýaşajyk Ahmet deslapky bilim-tälimi öz kakasyndan alýar. Ol ýedi ýaşanda kakasy hem aradan çykýar. Ybraýym şeýhiň mazary-da aýalynyň mazarynyň ýanynda – Seýramdadyr. Ahmede döwrüniň meşhur ulamasy Şahabyddin Isfijaby hem ylym berýär. Onuň adynyň soňky bölegi bolan «Isfijaby» alymyň doglan we ýaşan ýeri bolan Seýramyň köne taryhy adydyr. Halk arasynda ýörgünli ady Akata (Akata baba) bolan bu piriň kümmeti hem Seýramdadyr. Soňra ýaş Ahmediň terbiýesi bilen Arslan baba meşgullanýar. Muny: Ýedi ýaşda Arslan Baba kyldym salam diýen şahyryň öz goşgy setirinden hem görmek bolýar. Hoja Ahmet 8-10 ýyl töweregi bilim-terbiýe alansoň, Arslan baba aradan çykýar. Arslan babanyň mazary mongol çozuşyndan öň gülläp ösen, häzirki wagtda harabalyklary galan Otrar şäheriniň golaýynda, Türküstan (Ýasy) şäherinden 55-60 km günortada ýerleşýär. Halk arasyndaky dessura görä, Türküstandaky Ýasawynyň kümmedine zyýaratdan öň, ilki onuň pirine hormat goýlup Arslan babanyň mazaryna zyýarata barylypdyr. Ahmet Ýasawynyň kakasynyň ady dakylan Ybraýym Şeýhzada atly ogly bolup, ol ýaşlykda ýogalýar. Çeşmelerde Ýasawynyň Göwheri Hoştäç atly gyzynyň bolandygy barada hem maglumat berilýär. Görnüşi ýaly, Ahmediň gyz dogany bilen öz gyzynyň atlary utgaşykly gelýär: Göwheri Şanäz – Göwheri Hoştäç. Ýasawynyň gyzy Göwheri Hoştäçden bolan Süzük Ata, Gaýyp Ata diýen kişiler ýaşap geçipdirler. Ýasawynyň agtygy Süzük Atanyň hakyky ady Mustapaguly Hoja bolupdyr. Babasy söýüp-söýgüläp, oňa «Süzügim» diýip ýüzlener eken («Süzük» – «gözüňi süzmek» söz düzüminiň bölegi bolup, umuman, «ünsli diňlemek, üns bermek, ünsli bolmak» manylaryna ýakyndyr). Hezreti Hoja Ahmet şeýle diýmek bilen, agtygynda ünslüligi, her bir zady ýagşy diňlemekli terbiýelemek islän bolmaga çemeli. Süzük lakamly Mustapaguly Hoja öz eýýamynyň bilimli, parastly adamlarynyň biri bolup ýaşap geçipdir. Onuň hem mazary Seýramda yerleşýär. Hoja Ahmet Ýasawynyň: Erenlerden faýzu-futuh alalmadym, Ýüz ýigrimi bäşe girdim, bilelmedim diýen setirlerine görä, şahyryň 125 ýaşdan geçenligi bellidir, onuň 130 ýaş töwereginde – 1166-njy ýylda aradan çykanlygy çak edilýär. Ol şahsyýetiniň kemala gelen, ömrüniň esasy bölegini geçiren Ýasy şäherinde (häzirki Türküstan şäheri) jaýlanýar. Hoja Ahmede «Ýasawy» diýilmegi hem şu şäheriň ady bilen baglydyr. Meşhur aryflaryň biri Jüneýit Bagdadynyň: «Alymlar Allatagaladan halka berlen rehmetdir» diýen sözüne görä, beýik alym Hoja Ahmet Ýasawy öz döwrüne, öz halkyna rehmet nury bolup geldi. Özüniň mübärek ömründe bütin adamzada haýyrly pikir-garaýyşary, öwüt-ündewleri bilen halka hakykatyň, ýagşylygyň dogry ýoluny görkezdi. Onuň rehmetden doly öwüt-hikmeti, parasat-ylmy adamzat nesli üçin baky galdy. Ýasawy hakda ýazypdyrlar... Kamilligi, keramaty, ylahy sözi bilen entek aýatda dirikä öz döwürdeşleriniň arasynda beýik mertebä ýeten Ahmet Ýasawynyň ady we taglymaty indi on asyr töweregi wagt bäri halk hakydasynda ýaşap gelýär. Umumyadamzada haýyrly taglymat galdyran bu beýik akyldar hakdaky maglumatlar onuň öz döwründen bäri ýazylan ençeme eserlerde mynasyp beýanyny tapypdyr. Şol eserlerde Hoja Ahmet Ýasawynyň ady «Aryflaryň soltany», «Türküstanyň piri» ýaly beýik hem mertebeli atlar bilen tutulýar. Sopy Muhammet Danyşmendiň «Mirat ul-kulub» («Köňülleriň küýsegi») atly kitaby Ýasawy we onuň sopuçylyk taglymaty hakda ýörite ýazylan ilkinji eserleriň biridir. XII asyrda ýazylan bu eser Ýasawynyň öz döwründe ýazylanlygy we ony ýazan alymyň beýik piriň hut nebere ugrundan bolanlygy üçin uly ähmiýete eýedir. Çünki eseriň awtory Sopy Muhammet Danyşment Ahmet Ýasawynyň inisi Sadyr Hoja Şemseddin müftiniň ogludyr. Eser Ahmet Ýasawynyň sözleri esasynda ýazylypdyr. Onda beýik piriň sopuçylyk taglymatynyň kada-kanunlary düşündirilýär, sopuçylyk tälim-taglymatyna degişli parasatly pikirler beýan edilýär. Sopy Muhammet Danyşmendiň ogly Seýfeddin Kuýlaky Ýasawynyň, ýagny özüniň ata arkalarynyň şejeresini – «Nesepnamasyny» ýazypdyr. Ol köp sanly «Nesepnamalaryň» arasynda iň gadymysy we ygtybarlysy hasaplanýar. Çeşmeleriň berýän maglumatlary boýunça, ol 1145-nji ýylda, Hoja Ahmet Ýasawy entek aýatda dirikä düzülipdir. Şol «Nesepnamada» ýazylyşyna görä, Ylýas Hoja Şeýhiň ogly Ybraýym Şeýh bolupdyr, onuň hem iki ogly bolupdyr, biriniň ady Ahmet Hoja (Ýasawy), biriniň ady Sadyr Hoja. Sadyr Hojanyň hem iki ogly bolup, biriniň ady Abdylmälik, ýene biriniň ady Danyşment Hoja – onuň ogly hem Möwlana Seýfeddin bolupdyr. Bulardan başga-da, Hoja Ahmet Ýasawynyň omür-durmuşy, ylymda, danalykda, keramatda ýeten derejesi, eýe bolan belent mertebesi, halypalary we şägirtleri barada Alyşir Nowaýy «Nasaýym ul-muhabbet» («Muhabbet şemallary») (XV asyr), Fahreddin Aly Safy «Raşahat aýnyl haýat» («Dirilik çeşmesinden syzyndylar») (XVI asyr), Hasan Nisary «Muzakkiri ahbob» («Dostlar ýatnamasy») (XVI asyr), Tahyr Işan «Tezkirei ul-Nagyşbendiýa» («Nagyşbendiýa tezkiresi») (XVIII asyr), Gulam Serwer Lohuryý «Hazynat ul-asfiýo» («Saýlantgylaryň hazynasy») (XIX asyr) we beýleki alymlar öz eserlerinde ýazyp geçipdirler. Olaryň köpüsinde Muhammet pygambere Ahmediň doguljagynyň öňünden aýan bolşy, pygamberiň teperrik hurmasynyň Arslan babanyň üsti bilen Hoja Ahmede gowşuşy baradaky rowaýat-gürrüňler beýan edilýär. Olaryň umumy mazmuny Muhammet pygamber bilen Hoja Ahmet Ýasawynyň arasyndaky ruhy-ylahy ýakynlygy, pygamberiň oňa özüniň gaýypdan ruhy terbiýeçi bolup, ony ylahy yşaraty esasynda Arslan babanyň üsti bilen amala aşyryşy, Ahmet Ýasawynyň ylym-hikmediniň gözbaşynyň resulalladan gaýdýandygy baradaky maglumatlary saklaýar. Hemedanydan hyrka geýen... Türküstan şeýhleriniň ulusy Arslan baba wepat edende, Ahmet Ýasawy eýýäm hakykata ýetmegiň hak ýoly bolan sopuçylygyň şerigat hem tarykat basgançaklarynda dereje we mertebe ululygyna eýe bolupdy. Hoja Ahmede ylmyň indiki basgançaklaryna – magryfata we hakykata ýetirjek piri-ustat gerekdi. ...Syr işigin ýassananlar myrat tapar, Tapsa bolmas, pir hyzmatyn kylmagynça... ...Pirsiz hergiz şowk şerabyn dadyp bolmas, Datsa bolmas, pir hyzmatyn kylmagynça diýen Ýasawynyň öz hikmet setirlerindäki mazmuna görä, ol mynasyp pir gözlegi bilen Buharaýy-şerife sary gadam goýýar. Bu şäherde «Şeýhleriň şeýhi», «Zamananyň beýigi», «Horasanyň Käbesi» diýlip ezizlenen Hoja Ýusup Hemedanyý (1048-1140) bardy. Hoja Ýusup Hemedany 37 gezek Käba pyýada gidip haj eden, 1000 gezek «Gurhany Kerimi» hatm eden (başyndan aýagyna çenli okap gutaran), 700-den gowrak şägirdi welilik derejesine ýeten, 8000 butparazy yslama çagyryp, musulman eden beýik pirdi. Ahmet Ýasawy, ine, şeýle beýik weliniň Hoja Abdylla Barkydan, Hoja Hasan Andakydan soň üçünji halypasy (halypa – bu ýerde oruntutar, şägirt, mürit manyda) bolmak mertebe-nesibesine eýe bolýar. Hemadanynyň dördünji halypasy bolsa, Abdylhalyk Giždiwanydyr. Sopuçylyk ylmynyň ýollaryny doly geçenligiň, onuň talaplaryny birkemsiz bitirenligiň alamaty bolan hyrkany Hemedanynyň mübärek elinden geýen Hoja Ahmet biraz salym Buharadaky hanakada piriniň ýerine talyplara ylym berýär. Soňra Ýasy şäherine gaýdyp, bu ýerde sopuçylykdaky özüniň ýoluny esaslandyrýar. Müritlere sapak berip, wagyz-nesihatlary, hikmetleri bilen halky dogry ýola gönükdirýär. Aýdyşlaryna görä, Hoja Ahmet Ýasawynyň togsan dokuz müň müridi bolupdyr. Elbetde, piriň şonça köp mürit bilen ýüzbe-ýüz bolup, olaryň hemmesine özüniň okuw öwretmedigi belli. Bu ýerde Hoja Ahmediň esaslandyran sopuçylyk mekdebiniň Merkezi Aziýa, Kawkaza, Türkiýä, Hindistana we beýleki sebitlere ýaýran şahalaryndaky müritler barada gürrüň gidýär. Ýasawynyň örän uzyn sopuçylyk silsilesine (silsile – bir pire baglanan mürşitleriň pir-mürşit zynjyry) degişli müritleri sanap hem tükedip bolmaz. Ýasawynyň ylym beren ilkinji müritleriniň – halypa-oruntutarlarynyň birinjisi Arslan babanyň ogly Mansur atadyr. Ikinjisi Seýit ata, üçünjisi Sopy Muhammet Danyşment, dördünjisi bolsa, Hekim atadyr (Gul Süleýman Bakyrgany). «Ne sebäpden altmyş üçde ýere girdim...» Ýasawynyň pygamber ýaşa – 63-e ýetensoň, ýer astyna girip ýaşanlygy hakynda rowaýat-gürrüňler bar. Ýer ýüzündäki ýaşaýyşdan çete çekilmek, hylwatda bolmak, ýer astyna girmek – bu sopuçylykda sopularyň çillä girmek düzgünidir. Çillä giren sopular hiç kimiň barmaýan ýerinde, çola hüjrede, ýerzemin, gowak ýaly ýerlerde «Gurhan» okamak, Alla hamdu-sena aýtmak, mynajat, tagat-ybadat etmek bilen meşgullanypdyrlar. Aslynda çillä girmegiň möhleti kyrk gün bolsa-da («çille» sözi kyrky aňladýar), her sopy ony ruhy güýjüne, yhlasyna görä, bir hili berjaý edipdir. Käbir sopular ýyllap çillede oturypdyrlar. Ýasawy hem öz ömründe, sopuçylyk ýolunyň menzillerinde «çillä girmek» düzgünini birkemsiz, birnäçe gezek berjaý eden bolmaly. Ýöne onuň altmyş üç ýaşdan soň, ýer astyna girip ýaşamagy aýratyn ýagdaýdyr. Muhammet pygamberiň ruhy taglymatyna jany-teni bilen berlen Ýasawy özüniň pygamber ýaşyndan soňky ömrüni çillede geçirmegi karar edipdir. Şahyr munuň sebäbini: Eý-a dostlar, gulak salyň aýdanyma, Ne sebäpden altmyş üçde ýere girdim diýip başlanýan ýigrimi iki bentli hikmetinde: Ol sebäpden altmyş üçde ýere girdim diýip, giňden beýan edip geçýär. Onuň mazmunyndan Ýasawynyň ömrüniň ahyryna çenli çillä girmeginiň Hak ýoluna, pygambere wepaly bolup, oňa ömrüni bagyş edendigi, sopuçylygyň esasy şertleriniň biri dünýäniň wagtlaýyn eşretlerine bolan nebsi öldürmek bilen baglydygyny görmek bolýar. Beýik piriň ömründäki bu aýratyn hadysanyň beýany onuň beýleki birnäçe hikmetlerinde-de şöhlelenýär. Ýasawynyň ýer astyna girip ýaşamagy Allanyň beren ömründen ýüz döndermek däldir, ol ömri, wagty başga görnüşde geçirmekdir. Wagtyňy ybadata sarp etmek, bu gaýtam, Ýasawynyň sopuçylyk taglymatyna görä, ömri manyly geçirmerkdir. «Ýasawy ýer astyna girip ýaşapdyr» diýlende, muňa birtaraply düşünmeli däl. Ol ýer astynda gurlan, adam ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri bolan jaýda, talyp okatmak üçin zerur şertleri bolan hüjrelerde ýaşapdyr. Ýasawynyň ýaşan, talyp okadan şol ýer astyndaky jaýy şu günlere çenli hem saklanyp galypdyr. Ol häzirki wagtda doly rejelenip bejerilen görnüşde adamlaryň zyýarat we syýahat edýän ýeri bolup durýar. Öňki döwürde Ýasawanyň hikmetleriniň mazmunyndaky pikir-garýyşlar, manylar kesä çekilip ýa-da onuň ýer astyna girip ýaşamagy göz öňünde tutulyp, oňa «terkidünýä şahyr» diýlip baha berildi. Aslynda meselä sagdyn pikirlenme bilen çemeleşseň, şahyryň hikmetlerindäki mazmunyň terkidünýälik däl-de, eýsem, Gündogaryň sopuçylyk pelsepesiniň öňe sürýän ynsan kalbynyň päkligi, ynsan ruhunyň kämilligi, halallyk, ýagşylyk baradaky ýörelgeleridir. Bu ýörelgeler türkmen edebiýatynyň owalda-ahyrda beýan edip, ündäp gelýän taglymatydyr. Beýik pir ýer astynda ýaşanda-da terkidünýälige, gol gowşuryp oturmaklyga garşy bolup, zähmet çekmek bilen meşgullanypdyr. Alym ol kim, bilmişige amal kylsa, Her ne oksa, ony aýdyp, ony kylsa, Alym ýüzi ryýazatda saryg bolsa, Ýagşy alym oşol durar, dostlarym-a diýen alym-şahyr özüniň alymlyk kesbine wepaly bolup, oňa amal edipdir, ýer astyndaky jaýynyň hüjrelerinde oglan okadypdyr, mürit ýetişdiripdir. Adamlary halallyga, terbiýä çagyrýan hikmetlerini düzmegi dowam etdiripdir. Ahmet Ýasawynyň öz ömrüni diňe akyl zähmeti bilen geçirmän, gün-güzeran üçin çybykdan süzgüç dokap, agaçdan çemçe, susak ýasap satmak bilen meşgullanandygy hakynda hem maglumatlar bar. Şulardan görnüşi ýaly, beýik pir altmyş üç ýaşdan öňem, soňam ynsan ýaşaýşy üçin zerur bolan dünýewi işlerden daşda durmandyr. «Hikmet aýtgyl, dürler damsyn sözleriňden...» Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi-ylmy mirasyny, esasan, «Hikmetler diwany» tutýar. Aslynda akyldaryň Gündogaryň sopuçylyk taglymatynda esasyny goýan Ýasawyçylyk ugrunyň (ordeniniň) beýleki sopuçylyk ugurlardan özboluşly tarapy onuň hikmetleri bilen bagly ýüze çykýar. Beýik pir özüniň yslamyň kada-kanunlary, sopuçylygyň düzgün-nyzamlary bardaky ylym-bilimlerini, parasat-pähimlerini «hikmet» diýen düşünjä ýükläp, şygyr bentleriniň üsti bilen beýan edipdir. Şol ylym-bilimler, parasat-pähimler, ýagny hikmetler bolsa, öz gözbaşyny «Gurhanyň» aýatlaryndan we Muhammet pygamberiň hadyslaryndan alypdyr. Bu barada Ýasawynyň özi şeýle diýýär: ...Meniň hikmetlerim permany Suhan, Okap bilseň hemmä, magnyýy Gurhan. …Meniň hikmetlermiň käni Hadysdyr, Kişi boý etmese bilgil, hebesdir. Beýik pir özüniň hikmet düzmegini we aýtmagyny ylahydan berlen nygmat hasaplaýar: Sekizimde sekiz ýandan ýol açyldy, «Hikmet aýt!» diýp, başlaryma nur saçyldy. Umuman, ol «Gurhanyň» pelsepesini we pygamberiň pähimlerini türki halklaryň öz dilinde, onda-da ynsanyň aňyna hem kalp duýgularyna güýçli täsir ediji sungat serişdesi bolan şygyrda ýaýypdyr. Şeýlelikde, Ýasawynyň taglymatyny beýik hem ölmez-ýitmez eden zat üç närsäniň bitewileşmesi bolup çykýar. Ol, birinji – adamzadyň ruhy kämilligi üçin haýyrly bolan çuňňur pelsepe (hikmet), ikinji – özüniň we watandaşlarynyň ene dili (türki dil), üçünji – şygyr sungatydyr. Ýasawynyň hikmetleriniň näçedigi belli däl, onuň öz hikmetlerinde beýan edişine görä, bir ýerde dört müň dört ýüz, başga bir ýerde togsan dokuz müň, ýene bir ýerde sansyz hikmet. Akyldar şahyr özüniň şygyrlarynda hikmetleriniň hersi ýüz müň hekaýaty (hikmeti) öz içine alýan dört depderden durýandygyny aýdýar: Bu älemde meniň dört depderim bar... Erer her depterim ýüz-müň hekaýat... Muňa seretseň, onuň hikmetleriniň sany dört ýüz müň bolmaly. Biziň pikirimizçe, şahyryň hikmetleriniň sany barada getirýän maglumatlary göçme manylary aňladýan şertli sanlar bolmagy hem ahmal, olaryň syryny açmak gerek. Hernäme diýsegem, alymlaryň maglumatlaryna görä, hikmetleriň biziň günlerimizde gelip ýeteni, ylma, okyjylara bellileri 300-e golaý. Alymlar Ýasawynyň şygyrlarynda getirýän maglumatlary boýunça, onuň şol dört sany hikmet depderiniň atlaryny kesgitleýärler: «Derýaýy şerigat» («Şerigat deňzi»), «Rahy tarykat» («Tarykat ýoly»), «Gulzumy hakykat» («Hakykat gulzumy (derýasy)») we «Derýaýy rehmet» («Rehmet deňzi»). Şundan ugur alyp, Ýasawynyň «Hikmetler diwanynyň» ýokardaky atlar bilen atlandyrylan dört bapdan durýandygyny aýdýarlar. Görnüşi ýaly, depderleriň-baplaryň her biri sopuçylykda geçilmeli uzak hem kynçylykly ýoluň basgançaklaryna – şerigata, tarykata, hakykata we rehmete (magryfata) bagyşlanypdyr. Bu aslynda şeýle bolan bolmagy mümkin, häzirki wagtda weli, hikmetleriň bize gelip ýetenjeleri bilen olary görkezilen baplar boýunça tertipläp saýhallaýmak aňsat bolmasa gerek. Ýasawyçylyk ordeniniň aýratynlyklarynyň biri jähriýa-zikire esaslananlygydyr. Jähriýa-zikir – belent ses bilen Allany ýatlamak, Onuň soňsuz tarypyny ýetirmek, Onuň ýalkawy üçin yalbarmak – mynajat etmek. Ýasawy öz müritleri bilen sopuçylygyň jähriýa-zikir dessuryny berjaý edende, hikmetlerini belent heň we özboluşly labyz bilen aýdypdyr. Beýik pir hikmetler bilen zikir etmegi özüne ylahydan berlen borç hasaplapdyr: Hoş gaýypdan owaz geldi gulagyma, «Zikr et!» diýdi, zikrin edip, ýördüm men-ä. Ýasawy hikmetlerinde yslamyň we sopuçylygyň taglymaty esasynda ynsan ruhy, päklik, jemgyýet, dünýä hakynda pikir ýöredýär. «Hikmet aýtgyl, dürler damsyn sözleriňden» diýen Hoja Ahmediň hikmetleriniň bütin süňňüne ýagşylyk, mähir, haýyr, halallyk, sabyr-kanagat ýaly ynsana zerur duýgy-düşünjeler siňendir. Ýasawynyň sopuçylygyň düzgünnamasy bolan «Pakyrnama» kltaby hem okyjylara bellidir. Mundan başga-da onuň «Gudratnama», «Kyýamatnama», «Rysalaýy der adabi tarykat» («Tarykat edebi hakynda rysala»), «Kelimeti Hoja Ahmet Ýasawy» («Hoja Ahmet Ýasawynyň sözleri»), «Mynajaty Gul Hoja Ahmet Ýasawy» («Gul Hoja Ahmet Ýasawynyň mynajatlary»), «Nejat az zakirin» («Zikir edijileriň halas bolşy») we «Tenbihu az zallyn» («Ýoldan azaşanlara gözükme») atly eserleriniň bolandygy hakynda alymlar habar berýärler. Ady mübärek, hatyrasy mukaddes akyldar Ahmet Ýasawynyň mertebe-şöhraty onuň wepatyndan soň hem äleme belgili, dile senaly boldy. Şahu-gedanyň piri Hoja Ahmede öz döwrüniň, ondan soňky döwürleriň men-men diýen hökümdarlary hem uly hormat-sarpa goýupdyrlar. Beýik pirden iki asyr töweregi soň ýaşan, jahan taryhynda at galdyran Emir Tеýmir hem Ahmet Ýasawa uly hormat goýup, hemişe onuň ruhundan medet diläpdir. Emir Temir beýik piriň wepatyndan (1165-1166) 230 ýyl töweregi wagtdan soň (1395-1397), onuň Ýasy şäherindäki mazarynyň üstüne ajaýyp kümmet galdyrydýar. Hökümdaryň hut özi kümmediň nähili bolmalydygy barada görkezme berip, gurluşygyň gidişine gözegçilik edipdir. Şeýlelikde, Emir Teýmiriň beýik pire bolan çuňňur hormaty netijesinde Merkezi Aziýada äpet hem ajaýyp bina emele gelýär. Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi UNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna giren ajaýyp ýadygärlikdir. Häzirki wagtda bu ýere dünýäniň çar künjünden orta asyryň üýtgeşik binagärligini – Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähini görmek üçin syýahatçylar we zyýaratçylar gelýär. Halk ynanjyna görä, Ýasawynyň kümmedine üç gezek zyýarat etmek Mekgä haj etmek sogaby bilen deňelipdir. Bütin türki halklar ýaly, türkmen halky-da owalda-ahyrda Hoja Ahmediň adyny hem kelamyny mukaddes saýyp gelipdir. Muny halk arasynda aýdylýan: «Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet» diýen sözler hem açyk-aýdyň görkezip dur. Ýasawynyň yslam älemindäki, türki halklaryň arasyndaky mertebe ornuny beýan edýän bu sözler halkyň beýik aryfa beren mynasyp bahasydyr. Ýasawynyň «Hikmetler» kitaby Merkezi Aziýanyň, türkmenleriň metjit-medreselerinde okuw kitaby hökmünde okadylypdyr. Onuň kitaby her bir maşgalada mukaddes görlüp saklanypdyr, hemişe sowatly adamlar tarapyndan göçürilip durlupdyr, halk arasynda söýlüp okalypdyr, ýatdan aýdylypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi mirasyna degişli hikmetleriň, ol hakyndaky dürli maglumatlaryň, rowaýatlaryň golýazmalary milli baýlyk hökmünde goralyp saklanýar. Olaryň üsti alymlaryň iş saparlary netijesinde dünýäniň iri kitaphanalaryndan, golýazma merkezlerinden Hoja Ahmet Ýasawa degişli bolan golýazma nusgalaryň getirilmegi bilen doldurylýar. Alymlar olaryň üstünde tekstologik we ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Alymlaryň, ylmy işgärleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň Hoja Ahmet Yasawy hakda yazan makalalary, maglumatlary ýurdumyzyň metbugatynda yzygider çap edilýär. Beýik alym-şahyryň filosofik we ahlak-didaktik şygyrlary «Hikmetler» ady bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda iki gezek (1992, 2004) neşir edilip, halk köpçüligine ýetirildi. Paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp köçeleriniň biri Hoja Ahmet Ýasawynyň adyny göterýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda 2010-njy ýylyň 22-23-nji sentýabrynda geçiriljek «Hoja Ahmet Ýasawy we Gündogaryň sopuçylyk edebiýaty» atly halkara ylmy maslahaty hem ýurdumyzda beýik akyldara döwlet derejesinde goýulýan sylag-hormatdan nyşandyr. Bu halkara ylmy maslahat Täze Galkynyş eýýamynda Hoja Ahmet Ýasawynyň mübärek adyny has-da şöhratlandyrar, şu günki we geljekki nesillerde beýik akyldara bolan çuňňur buýsanjy we egsilmez hormat-söýgüni berkider. Hoja Ahmet Ýasawy hakda täze maglumatlaryň üsti açylar, eserleriniň üstünde täze ylmy barlaglar ýaýbaňlanar. Nury SEÝIDOW «Türkmen dili» gazeti, 2010-njy ýyl, 21-nji iýul, 11-nji awgust. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |