09:18 Arzuw | |
ARZUW
Goşgular
Gözleriňde gördüm naçar ýüregiň, "Salam" diýip, elin uzadan uýam! Mähir isläp, saňa tarap ýöredim, "Salam" diýip, elin uzadan uýam! Durmuş jigeriňde goýsa-da kän yz, Ony ýeňip geçen kämildir, kämil, Neneň saklap bildiň kalbyňy tämiz, "Salam" diýip, elin uzadan uýam?! Gözleň - tutuş dünýäň göwheri, lagly, Isleýän şol gözleň şatlyk görmegni, Hasrat saňa batyrmasyn barmagny, "Salam" diýip, elin uzadan uýam! Ykbal kime bagt, hasrat, gör, kime, Päkligiň görk goşar dünýäň görküne, Ýüregňi-de uzadaýma her kime, "Salam" diýip, elin uzadan uýam! Arzuwam, umydam...gerekdir weli, Päk söýgi - durmuşyň iň ajap güli, Saňa uzamasyn göribiň eli, "Salam" diýip, elin uzadan uýam! Kalbyň meňzeş Güne, arzuwlaň - ak guw, Ýüregiň - çyrpynýan deňizdäki luw, Men saňa päk durmuş edýärin arzuw, "Salam" diýip, elin uzadan uýam! Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |