01:25 Arzuwlarmy gözleýärkam | |
ARZUWLARMY GÖZLEÝÄRKÄM
Goşgular
Oýun tamam boldy, ýapyldy perde, Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni. Gulak sal, eşdilýän galmagallar-da Täze ýigdiň bilen gutlaýar seni, Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni. Oýnapdy duýdansyz göwün tarymy Nazaryma kaklyşanda nazaryň. Öňki gaýyp ýören arzuwlarymy Çogdamlap, çemen dek bogupdym baryn, Nazaryma kaklyşanda nazaryň. Getirdim... säginmän aldyň sen ony, Käte oňa, käte maňa garadyň. Näz etdiň, gözüme bakmadyň göni, Saçyň ujun barmagyňa oradyň, Kä «çemene», käte maňa garadyň. Arman, başga ýigdi gördüň-de birden, Seniň näzik ýüregiňe ot düşdi. Aljyrap, huşuňy uçurdyň serden, Uçurdyň... Wepaňdan, ähtiňdeň geçdiň, Seniň näzik ýüregiňe ot düşdi. Ahyrynam goluňdaky çemene Gazap bilen nazaryňy aýladyň. Çogdamlapjyk beren arzuwmy ýene Şemala sowurdyň, ýele paýladyň, Maňa ajy nazaryňy aýladyň. ...Hawa, tamam boldy, ýapyldy perde, Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni. Galdyran bolsaň-da gyjalatlar-da, Ýigrenmerin näletlemen men seni, Hoş gözel, ugraýan, ýola sal meni. Hoş gözel, unutjak borun baryny, Eger başarmasam, ýaşaryn gizläp. Emma gaýyp bolan arzuwlarymy Söz berýän, ölinçäm gezerin gözläp, A gyz, ony senden nädeýin gizläp?! Şonda tötänlikden duşaýsam saňa, Haýyşym, säginmän söküber ýoly. Ýok, ýok, tanyşlygam bermegin maňa, Ýoldaşyň göwnüne zat gelmez ýaly. Haýyşym, säginmän söküber ýoly. Men bolsam, yzyňdan galaryn garap, Zor etsem, diýerin: «Bagtly bol, sona» Soňra tapmajagma aklym çatsa-da, Ýiten arzuwlarmy gözlärin ýene, Zor etsem, diýerin: «Bagtly bol, sona». Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |