15:55 Ata Oraz bagşy | |
ATA ORAZ BAGŞY
Aýdym-saz sungaty
Beýik Ýeňişiň 70 ýyllygyna 1942-nji ýylyň awgust aýy aýakapdy. Ýaldyragyň doganyna iki hepdeden gowrak bolanyny demirgazyk-gündogardan öwüsýän salkynjak şemal ýap-ýaňy ýaşan Günüň sarymtyl-gyzyl şapagy bilen sazlaşyp, Türkmengalanyň golaý obalarynyň çekeneleriniň sygyrlarynyň molaýan sesleri bilen örä gitmän ýatakda galan gölejikleriň enelerine möläp jogap berýän sesleriniň, obaň itleriniň ýogynly-inçelei üýrüşlerine siňip gidýärdi. 97-nji Türkmen atly diwiziýanyň serkerdesi general Ýakup Kulyýewiň diwiziýa serkerdelik edip başlanyna birnäçe aý geçipdi. Gyzylesgerleriň bir bölegi şu günki atyň üstünde geçirilen her dürli türgenleşikden soň atlaryny sypap-sermäp, iýmläp, ýataklaryna salanlaryndan soň we agşam naharlaryny iýip bolup, ullakan güjümiň aşagynda atkeçelerini ýazyşdyryp, bagşy diňläp otydylar—Ata Oraz bagşynyň “Halyndan gara gözlisi” sähranyň agşamky “simfoniýasyndan” aýyl-saýyl bildirip başlady. General diwiziýanyň komissary Hajy Seýithanow bilen goşun galasynyň içini göz gezdirip ýörüşlerine bagşyň sesiniň çykýan tarapyna ýuwaş ädim bilen ýöneldiler. Bagşynyň sesi ýakynlaşdygyça, aýdymyň sözleri anyklanyp başlady. Iki serkerde güjüme has golaýlanlarynda, olary uzakdan tanan, bagşy diňläp oturan serkerdeleriň biri ýerinden zöwwe turup, “Göneliň” buýrugy berjek bolanynda, general çep elindäki gamçysynyň sapyny dodaklaryna degirip, biraz sägindi-de ýaňky serkerdä sag eli bilen aşak çökmegini yşarat etdi we çalasynlyk bilen güjümiň arka tarapyndan gelip, bagşy aýdymyny tamamlaýança, ellerini döşüniň üstünde çilşirip goýup, üns berip diňläp durdy. Gyzylesgerleriň aglabasynyň ünsleri bagşyda bolsa-da, birnäçesi uly serkerdäni görüp ýerinden turjak bolanlarynda, komissar olara elini salgap ýerinden turman oturmaklaryny buýurdy. Bagşy aýdymyny tamamlandan soň, general: — Berekella, bagşy! — diýen-de, gyzylesgerleriň barysy ýerlerinden turup, ýüzlerini generala öwürip, gönelip durdylar we general: — Salam ýoldaş kawaleristler! — diýen badyna, gyzylesgerleriň barysy bilelikde: — Saglygyňyzy isleýäs, ýoldaş general-maýor! — diýip, buýruga garaşyp durdylar. General diňleýjilere oturmaga rugsat berdi-de, bagşa ýüzlendi: — “Leýli gelini” bilýärmiň? Ara dymyşlyk aralaşdy. Ata Oraz bagşy duýdansyz berilen soraga nädip jogap berjegini bilmän, üzlem-saplamrak jogap berdi: — Aý, hawa... — Hany, aýdyp ber onda! — diýip, Ýakup Kulyýew komissary bilen özleri üçin boşadylan ýere geçip oturdylar. Bagşy tolgunmakdan ýaňa kepän agzyny bir owurt çaý bilen ölläp, dutary “Leýli geliniň” çekiwine düzmäge başlady. Dutar düzülensoň, bir ardynjyrady-da, käsesindäki galanja çaýy hem owurtlap, özüni mazaly dürseýänçä , on-on iki kakuw “Leýli gelininiň” sazyny çalandan soň aýdyma başlady: Agalar düýeji ilinde, Gördüm bir Leýli gelini. Tirsem täze güllerini Aşyklar seýli gelini. Bagşy aýdymyň her setirini tamamlanda dogumlanyp başlady. Dutaryň aşaky perdelerine düşülende, göýä töweregindäki diňleýjileri unudan ýaly, öýkenlerini howadan dolduryp, sesiniň ýetdiginden: Aý-ý-ý, arysy bolsam balynyň, Bilbili bolsam gülüniň. Bir sebäp bilen alynyň Gidipdir meýli geliniň. Bagşy birneme pessaýlap: O-o-how. Zeňňiler bilen oturan, Arzyny ýara ýetiren. Ala öýme, ak göteren Jahangül atly gelin-ow, aý gelin-in-in. Soň bagşy ýogyn sesi bilen “hügüllini” aýdymyň iki setiriniň mukdarynda çekdirip, “haý-haý, ýyk- ýyk- ýyk- ýyk; haý-haý, ýyk- ýyk- ýyk- ýyk”-yň soňuny ýene hügüldi bilen dowam etdirip, aýdymy tamamlamana gelende, birden bir zat ýadyna düşen ýaly, ýene aýdymyny dowam etdirdi. Oturan diňleýjiler bagşy säginmän “Leýli gelininiň” yzyna başga bir aýdymy seplär öýdüp garaşyp otyrkalar, bagşy dogumly sesi bilen: Gelipdir bile bolmaga, Halymdan habar almaga, Bir gije bile bolmaga, Gidipdir meýli geliniň. “Ohho-ow, meýli geliniň, how Leýli geliniň” — diýip, bagşy aýdymy aýdyp gutarandan soň, general gözlerini mekirlik bilen süzdi-de, çalaja ýylgyryp, bagşa tarap çalarak başyny egdi-de: — Haý, bagşyjan, aýdymyň soňky topbagyny özüňden goşduň öýdýän. Gyzylesgerleriň arasyndaky dartgynlylyk birneme gowşap, bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, ýylgyryşyp, özara hümürdeşdiler. Bagşy generalyň “Leýli gelininiň” sözlerini ýatdan bilýändigine geň galyp, eýlesine-beýlesine seredýär, hamala “özümden ökdä duşdym öýdýän” diýýän ýaly ýüzüni aşak sallap oturyşyna, daş-töwereginde nämeleriň bolup geçýäninden bihabardy. Bagşynyň sag gapdalynda oturyp, onuň käsesine gyzgynjak çaý guýup oturan obadaşy— Çary Sopy ýerinde turdy-da, dikeldi: — Ýoldaş general-maýor, Size ýüz tutmagymy rugsat ediň! Gyzylesger Sopyýew. Ata kakamyň yzyndan ejesi bilen gelini görme-görüşe gelipdirler, goňşy obada düşläpdirler, agamyň özi bir sadadan sypaýy adam bolansoň, gönümel ýüz tutmakdan çekinip, aýdym görnüşinde ýürejigindäkini aýtdy — diýip, bir ýylgyrdy-da bagşyň ýüzüne seretdi. Bagşy ýüzüniň gyzaranyny gizlejek bolup, başyny aşak egdi, dutaryny oňünde ýatyrdy-da gimnastýorkasynyň ýeňiniň çermewini düzeden kişi boldy. General özi üçin uzadylan käseden çaý owurtlady-da: — Öýleneniňe näçe wagt boldy? — Şu ýere gelmezimden üç hepde öň... — Hmm... Gelniň ady näme? — Gurbansoltan. Diwiziýanyň serkerdesi komissaryna ýüzlenip: — Ýoldaş komissar, bu jigit gelni bilen salamlaşyp geläýse neneňsi bordy? — Örän gowy bolar, Ýakup Kulyýewiç! Gyzylesger Orazowyň serkerdesi... — diýip, komissar oturanlara gözüni aýlanda: — Eskadronyň serkerdesi — Öwez Gulamow — diýip, uzyn boyly agajet ýigit dim-dik bolup general bilen komissaryň öňünde gönelip durdy. Oňa diwiziýanyň serkerdesi buýruk berip başlady: — Gyzylesger Orazowy şu gün agşamky nyzamdan öň, iki günlük, gelni we ejesi bilen görme-görüşe ugradyň. Birigün agşamky nyzamda atly-ýaragly durmaly. Soňra bagşa ýüzlenip: — Ýaraglaryňy tabşyr, iki günlük öz iýmit paýyňy we atyň arpa paýyny al, ertir däl birigün agşamky nyzamda atly-ýaragly durmaly — diýdi-de, general sag eliniň barmaklaryny jüp tutup çekgesine ýetirdi. — Hut şeýle! Hut şeýle! — diýişip, Ata Oraz bagşy we onuň serkerdesi Öwez Gulamow ýerli-ýerden seslendiler. General bilen komissar gyzylesgerler bilen hoşlaşyp, ýollaryny dowam etdirdiler, olar biraz arany açansoňlar, Çary Sopy bagşyň egnine kakyp goýberdi: — Seňki çüwdi. Men geplemedik bolsam oturardyň gözüňi mölerdip, özüňi oňarman geçjek — gomalan bolup, sesini batlyrak çykaryp: — Geleňde gelnejemiň bişiren ýagly nanyndan meniň paýymy gatatmanjyk getirersiň! Bagşy egnine dutaryny asyp durşuna bir zatlar samraýar, erni ýerine baranok: — Geregiň ýagly nan bolsun, barysy seniňki, sag bol inim! Uruş gutaransoň Ata Oraz bagşy hem, onuň obadaşlary Çary Sopy bilen Durdy Kiçen hem, olaryň serkerdesi — Öwez Gulamow hem sag-aman öýlerine dolanyp geldiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen Ata Orazowa “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy” diýen at dakyldy. Kakajan BALKANOW. 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |