15:38 Atabal aganyñ namaz okaýşy / satiriki hekaýa | |
ATABAL AGANYÑ NAMAZ OKAÝŞY
Satiriki hekaýalar
Musulmançylygyň iň kyn şertleriniň biri günüň dowamyndaky bäş wagtlyk namaz hasap edilýär. Emma Atabal aganyň namaz okaýşy hem edil agyz bekleýşi ýaly, ýabygorlurak. Günlerde bir gün ýanaşyk, goňşy obada üç adam ýogaldy. Üçüsine-de ol jynaza okady. Oňatja-da eçildiler. Düşen çaýdyr gantly düwünçeklerden başga-da mata-marlyk bir gujak boldy. Onuň ýörite dokadan howdan ýaly horjunyna sygmady, onsoň biliber, düşen zatlaryň önjeýlidigini. Ýaşuly öz ýabysynyň syrtyna tyrym-dykyz horjuny bökderip, ikindinara gumak ýol bilen gönüläp, raýon merkezindäki öýüne gaýtdy. Horjuny aram-aram sypalap, begenjine: «Bukjasynda ýüpek elwan tapylar» diýip, özüne Aşyrmämmet Dawudow däldirin öýdenok zaňňar. Gün eňegini ýere berip barýardy. «Ikindi namazyny kaza goýmaýyn. Ýoluň gyrasynda okaýyn. Ilem görsün. Jübüsi pully çäkmeni eýeriň üstünde goýmaýyn. Nä wagt, nä zamana. Jüwlük, talaňçy köpelipdir şu zamanda» diýip ol pikir etdi. Ýabysyny telegraf sütününe daňyp, Gubagadyň etegindäki arassa ýeri peýläp, jübüsi pully çäkmenini çägäniň üstüne ýazyp, kybla bakyp, namaza durdy. Namaza duran ýeri bilen ýabysyny daňan ýeri ýigrimi bäş metr çemesi bardy. Şol wagt dört-bäş sany maşyn goňşy oba tarapdan ýetip gelýärdi. Içindäkiler kileň raýon ýolbaşçylarydy. Maşynlaryň birinde raýkomyň birinji sekretary, birinde ispolkomyň başlygy bardy. Olaram merhumyň ýerine görnüp gaýdypdyrlar. – Atabal aga-ha namaza durupdyr-ow! – diýip, biri seslendi. – Munuň täreti beri barmyka?! – diýip biri güldi. – Şu adam bilen ahyrýetde bizem bir behiştde bolarmykak?! – Gel, şonuň ýabysyna tarap ylgalyň. Oýun edip horjunyny alalyň. Ýaşuly namazyny bozup, bärik ylgarmyka ýa ýok?! – diýip, raýon gazetiniň redaktory Sabyr Ödäýewiç bir teklibi orta atdy. Teklip makullandy. Maşynlaryň şafýorlary gazdan aýak çekdiler. Içinden bäş-alty adam zompa çykyp, daňylgy ýaba tarap ugrady. Atabal aganyň «essalawmaleýkim Rahmatullasy» güberilip, iki egnine salam bermesi köpelip başlady, ýalt-ýulty artdy. Howsalasy başdan agyp başlady. Doga-soga ýada düşmedi. Bu-da namazy bozup, ýaba tarap köwşüni eline alyp, sakgaly iki egnine döküp, mesili ylgady, sagatda segseni görkezip. Ýöne çäkmenini hem alyp ylgady. Her ýerden bir basyp, ol eýýäm ilden öňürti baryp horjuna ýapyşdy. – Hä-äý, adamlar, könekileriň aýtmadygy ýok, «Ýylanyň aýagyny gören ýok, mollaň nanyny» diýip eşitmändiňizmi?! Menden dirikäm zat almarsyňyz – diýip, ol güldi. Tosun, garynlak raýon işgärleri haşlaşyp, orta ýolda aýak çekmäge mejbur boldular. Daljygyp, demi-demine ýetmän horlandylar. – Ýaşuly, namazy bozduň-ow – diýşip gülüşdiler. – Namaz hemişe-de tapylýan zat. Onuň kazasyny okap bolýar. Emma mal-dünýäni tapmak kyn – diýip, Atabal aga horjunynyň böwrüne pök-pök kakdy. – Ýaşuly, näme üçin namazlyga ýazan çäkmeniňi hem alyp bärik ylgap gaýtdyň, şony düşündirsene? – diýşip soradylar. – Çäkmeniň jübüsinde pul bar, pul – diýip, ol buýsanç bilen çäkmeni bagryna basdy. – Halal saňa, ýaşuly! – diýip, maşyndakylar gülşüp ýola düşdüler. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||