22:12 Atda ulag edinipdir! / gülküli hekaýa | |
ATDA ULAG EDINIPDIR!
Satiriki hekaýalar
“Atda ulag edinipdir!” diýlen habar ýokarky-aşaky, gaýraky, ilerki obalara çenli ýyldyrym deý ýaýrady. Onsoň Atdany tanaýanlar bu habara ynanmajak bolupdyrlar. Ömürboýy ýol ugrunda öten-geçen ulaglara el galdyryp, uly ýola sygman, bir özi bolup gelýän Atdanyň indi özi ulag edinen bolsa dogrudanam täzelik kemi ýokdy. Şonuň üçinem obada diňe şonuň gürrüňi edilýärdi. Haýp, ulag edinen Atdanyň gylyk-häsiýeti bütinleý üýtgedi duruberdi.Ýagyş-ýagmyr ýagdygy-ha, onuň aladasy goşalanardy. Ine, günlerde bir gün gökden ululygy gumryň ýumurtgasy ýaly jöwenekler ýagaýmazmy? Onsoň jöwenekler her gezek ulagynyň aýnasyna patylap degeninde, ylla Atdanyň özüne degen ýaly, tutuş endam-jany ajap-ajap gidýärdi. Onuň maşynyny eý görüşi çeniň-çakyň däldi. Şo gezegem jöwenekler maşynyň syrçasyny goparar öýdüp howatyrlanyp, dogrusy uzakly güni alada edip geçiripdi. Işigaýdan, durmuşda-da ejizdi welin, ulagyna galanda has-da dözümsiz eken. Gün içinde üç-dört gezek ulagyyny ýuwardy, kir-kimirsiz bolsa-da, şol sypap-sermener oturardy. Bardy-geldi dost-ýarlarydyr tanyş-bilişlerini olaryň haýyşlary bilen ulagyna mündürmeli bolaýaýanda-da, kimdir biriniň ulagyň gapysyny sähelçe gatyrak ýapdygy besdi. Ol ulumy-kiçimi, ýatmy-ýakynmy, parhyny bilmezdi, agzyna ak gelse-de, gara gelse-de, asla söz saýlajak bolup durmazdy, ajysyny pürküp galardy. Obadaşlarynyň oňa godalak lakamynam ýöne ýere dakan bolmaly däldi. Çaldygoýdy diýilýän adamlsrdsndy, husytdy, gysgançdy. Bir gezegem goňşy oglanyň pökgüsi howluda duran ulagyna gütüläp degäýmezmi? Eý-ho, şondaky gazaplanaýşyny! Oglanjygy ýakasyndan ebşitläp tutupdyr-da. beýleki eli bilen tanapda towlam-towlam edilip serlip goýlan gawun kaklardan birini ýolup alyp: - Sen şuny görýärmiň, şu näme bilýärmiň?—diýipdir. Oglanjyk: - Hawa, görýän, nämediginem bil ýän, gawun kaky --diýipdir. Atda oglanjygyň öňüni agyllapdyr: - Gawun kakydygyny menem bilýän. Ýöne, gaýdyp-duwara maşynyma degeniňi görsem, eşitdim-eşitmedim diýme, gulagyňy, ine, şunuň ýaly towlaryn, düşdüňmi? - Düşdüm – diýip, oglanjyk gorkan bolmaly. – Bolýa, daýy, gaýdyp maşynyň ýanynda oýnamarys! - Oýnabam bir gör!... Obada gurçuk tutulyp, tut çybyklary kesilýän günlerdi. Atda keselläp, düşekde ýatyrdy. Ony soramaga gelenler köp boldy.Öňi bilen goňşy-golamlar geldi. Geldiberen, Garhan dagylaram Atdany soramaga geldiler. - Ata goňşy, zady gaýgy etme, “Çykmadyk janda umyt bar”. Enşalla sagalyp, aýaga galyp gidersiň. Saglyk bolsa ulagam tapylar--diýip, beýlesine öwrülip ýatan Atda göwünlik berip gaýdypdyrlar. Iki goňşynyň eden ýolboýy gürrüňleri hem Atda hakynda bolupdyr. --Görgüli sähelçe wagtda towşana salaýmaly bolupdyr-a. Neneň görmegerý, göze doly adamdy. --Wah, neneň çiginlek, epeý adamdy, her egninde bir adam oturybermelidi. Indi bir gör. Ähli zada ulag sebäp boldy. --Ýeri, goňşy, bu ýerde ulagyň näme dahyly bar. Ulag ulagdyr-da! Ony hemmelerem edinýär. --Näme diýseňem, goňşy, Atda godalak öň beýle däldi. Hojalygyna ulag edinensoň, mal-garasyny bütinleý unutdy, bar işi-pişesi, ulaga seretmek, oňa serenjam bermek, ýagyny-suwuny tükelläp durmak, tekerine tiken çümse, baryp ýamatmak boldy. Aý, garaz onuň aladasy başyndan agdy. Üstesine-de, görýäňmi onuň bolşuna, biz bilen gürleşjegem bolmady, gaty ynjyk adam. Ulagyna siňek gondurmajak bolubam şu güne düşdi. Hawa, hawa, baryna şol ulagy sebäp bolupdyr. Aňy üýtgän ýaly. Obaň lukmanam şony satsaň, gutularsyň diýipdir. Bolsa-da lukmanyň sözi ýerde galmandyr. Atda ulagyny satypdyr. --Aý, goý-a? Meniň-ä ondan habarym ýok... Aradan birnäçe hepde geçipdir. Atda birkemsiz sagalyp, aýaga galypdyr. Aýaga galmasyna-ha galypdyr welin... Arman, ”Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz” diýleni bolupdyr. Şol wakanyň yzýany “Atda ulag edinipdir!” diýlen habar täzeden oba dolupdyr. Goçy ANNASÄHEDOW, ýazyjy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |