14:56 Aw keýpi | |
Aw keýpi (hekaýa) Çapgyn ýele ýüzüni ýaladyp barýan iki ýolagçy aşakda, hol zeýkeşiň içinde balyk tutmak üçin buz çapyp ýören oglany görüp: “Adamlar şu aňzakda boýnuny uzadyp daşaryk äňetmäge gorkýar, bu ýoknasyzyň bolup ýörşüne seret, sowuk ýokmaýarmykan-aý muňa?!” diýşip geçip gitdiler. Kadyr bolsa elindäki paltasyny ezberlik bilen işledip, aýna ýaly ýalpyldap ýatan buzy deşip, balyk tutmaga girişdi. Zeýkeşiň suwy şor bolansoň aňsat doňmaýar, diýmek, aňzak-aýaz gazap bolmaly. Doňan zeýkeşiň aşagynda demigip ýören balyklar buz gatlagynyň täze açylan tüýnügine tarap ýüzüp barýardylar. Kadyra geregem şoldy. Buzuň üstünde çelegiň agzy ýaly edip deşen deşigine tarap suwuň aşagyndan agzyny açyp gelýän ownukly-irili balyklaryň birinem sypdyrman elindäki çolpusy bilen ýokary çykaryp oklap oturan Kadyryň soňabaka nebsi otukdy. Zeýkeşiň boýunda egnine uly adamlaryň içmegini geýen oglanjyk göründi. Awuň gyzgalaňy bilen üşänini hem duýman gözleri uçganaklaýan Kadyr oňa garap: -Inim, yzyňa dolan, öýe bar-da, uly tor haltamyzy alyp gaýt-diýip gygyrdy. -Bu gün aw şowly bolup dur. Oglanjyk ellerini üfläp durşuna: -Agam, tutan balyklaryňy alyp gidibereli-le!-diýip, duran ýerinden gygyrdy. Kadyr onuň sözüni başgaça eşidip: -Sen halta alyp gel, hemmesini bile äkideris-diýdi. -Bar haýda! Men üşäp başladym, geýimlerim öl-myžžyk boldy, inim. Kadyryň inisi yzyna öwrülip gyrbyl-gyrbyl ýöräp gitdi. Kadyr buzuň üstünde edil kümüş bölekleri ýaly ýalpyldap ýatan balyklary synlap ýylgyrdy. “Her gün şeýle aw düşümli bolup durmy. Onsoňam obanyň balykçy oglanlary ertir ir bilen bäri eňerler, men şu gün tijeneýin, inimem gijiräk geläýbilse gowy bolardy”. Özüniň aram-aram suwa oklaýan künjara owuntyklaryna aldanyp çolpa düşýän balyklaryň buzuň üstünde bökjekläp, iki-baka oýnap ýatyşyny synlap onuň ini üşedip gitdi. Biraz wagtdan Kadyr özüne tarap gelýän eli haltaly inisini gördi. -Inim, azajyk garaş, ýene üç sany goçak balyk bar, sapalak atyp, ele düşmän durlar. Şolary hem tutaýyn, onsoň bile gideris. -Aga, men şu ýere gelýänçäm doňdum, bir minut durmaga-da ýagdaýym ýok. -Onda sen gidiber. -Tutan balyklaryňy alyp gidibereýin onda? Kadyr gaharlanan boldy: -Gidiber! Özüm elterin, peýdasyz perişde. Oglanjyk “Özüň bil” diýen ýaly egnini gysyp ötägitdi. Inisi gidensoň Kadyryň hem balyk tutup mazasy bolmady, inisiniň gidip barşyny görüp özüniň hem gaty üşändigini aňdy. Soňra tutan balyklaryna seretdi. “Ep-esli bolaýan ekeni” diýip oýlandy. Bir halta salyp, zeýkeşiň gyrasyndaky gamyşlykda ýygşyryp bellik etdi. Soň balykdan doly haltasyny arkasyna alyp öýüne ugrady. Zeýkeşiň içinden kert kenara çykjak bolanda büdrän Kadyr zeýkeşiň düýbüne tarap togalanyp giden haltasyna seredip, janynyň ýangyjyna aglaýjak boldy. Ähli kynçylyklardan soň öýüne gelip ýeten Kadyryň gök-dalak bolan ýüzüne garap ejesiniň zähresi ýaryldy. Gyşyň bir tutam güni giç agşama sananda Kadyr gyzgyn pejiň gapdalynda gyzdyryp-üşüdip ýatyşyna, demini iki egninden alýardy. Her gezek üsgürende öýkeni üzülere gelýän Kadyr otdan suwa, suwdan oda oklanyp urnup ýatyşyna: “Eje, kaka meniň tutan balyklarymy meýdana çykaryp zyňyň. Alabaýa beriň” diýip samraýardy. “Şolar sebäpli men ölüp barýan, eje, kaka!” Kadyr samramasynyň arasynda hamsygýardam. Gyssagly gelen “Tiz kömek” ulagy Kadyry keselhana alyp gitdi. Lukmanlaryň berk gözegçiligi astynda wagtynda edilen sanjymlardan soň Kadyr özüne geldi. Gözüni açyp gapdalynda oturan kakasyny görüp çalaja ýylgyrdy. Onuň ýylgyranyny görüp, kakasy hamsykjak boldy. “Indi hemme zat gülala-güllük” diýip, Kadyra seredýän lukman oňa göwünlik berdi. Şol wagt gapyny emaý bilen açyp, Kadyryň ejesi hem egni ak halatly keselhana otagyna girdi. Gözleri ýaşly ene keselhana krowadynda ýatan oglunyň ýüz-gözünden ogşap: -Wah, men guraýyn, şol gün balyga diýip ugranyňdan öňüňi kesip, käýäp-gygyryp, goýbermesem bolmaýarmy-diýip, özüni günäläp ýanyp-bişdi. Lukman ýigit: -“Gelneje, darykmaň, bir hepdä galman ogluňyz aýak üstüne galar. Ýeňiljek sowuklama dagy bu ýigide bildirmezem, häli kim bilýär, dünýä belli alpinist bolarmy, bu gahryman” diýip, Kadyryň ejesine, kakasyna göwünlik berdi. “Onsoňam indi siz häzir öýe gaýdyberiň. Kadyra rahatlyk gerek”. Ejesidir kakasy hoşlaşyp gaýdarman bolanlarynda Kadyr: -Kaka, bärik gelsene, saňa bir zat aýtjakdym-diýdi. -Düýn balyk tutan ýerimde iki sebet ýaly balygym galypdy. Göterip bilmämsoň gamyşlykda bukup gaýdypdym, inim bilen baryp alarsyňyz-da... Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |