AWTOMOTOWELOEŞARABA KLUB
Obamyzyñ merkezinde ullakan klub gurdular. Oña Beññi bagşy diýen birini müdir edip bellediler. Ol derrew aýalyny tam süpüriji we ejesini pol ýuwujy edip buýrukdan geçirtdi. Garry enesine haly kružogyna ýolbaşçylyk edýär diýip aýlyk berdi. Gaýyn enesine bolsa balet kružogynyñ baletmeýsteri diýip hak ýazdy. Gyzlaryna-da klubdan iş tapdy. Öýündäki köne-küşül zatlaryny kluba getirdip, ülkäni öwreniş muzeýi diýip atlandyrdy-da pul alyberdi.
Klubyñ ähli puly jübä girip dursa, onuñ eýesini öz gününe goýjak gümany barmy, Beññi bagşynyñ gözleri bişen ülje ýaly gyzaryberdi. Derrewem "GAZ 24" kysymly, ýaşyl reñkli "Wolga" edindi.
- Näme üçin ýaşyl reñklisini edindiñ? - diýip, biz Beññä sowal berdik.
- Sebäbi meniñ ýaşyl reñkli kostýumym bar - diýip, ol jogap berdi. - Onsoñam, bahar aýlary ala meýdanlar ýaşyl lybasa bürenende men gyz-gelinler bilen seýrana gitmeli ahyry - diýip Beññi bagşy gülmän-yşman aýtdy.
Beññi bagşynyñ maşyn edinmegi onça geñem görülmedi. Sebäbi häzirki döwürfe öýsaýy birki maşyn bar. Ýöne weli, geñ zady, öñki klubyñ indi awtokluba öwrülmegidi.
- Näme üçin beýle bolýar?
- Sebäbi men maşyn edindim. Obadaky ýaşlara maşyn sürmäni öwretjek - diýip, Beññi bagşy nasly agzyny pañkyldadyp gürledi.
Emma öwreden zady bolmady. Özüne awtomobilden okadýar diýip hak ýazdy, agasyna şofýor diýip, pul töledi.
Günlerde bir gün Beññi bagşynyñ ogly motosikl edindi. Indi awtoklub awtomata kluba öwrüldi. Oba ýaşlary motosikl sürmegi öwredýär diýlip, klub müdiriniñ ogluna hak ýazylýardy.
Ine birden awtoklub üýtgäp, awtomoweloklub bolaýdy. Sebäbi müdiriñ ogullarynyñ biri welosiped edindi.
Awtotoweloklub ady hem uzak durmady'da awtoweloaraba klub bolaýdy. Çünki Beññi bagşynyñ garry atasy mallaryna ot daşar ýaly galtak araba edinen eken.
- Oglum, men ýaramok, özümem dem gysmaly. Galtak arabany itmek maña ýetmiş bäşden soñ agyr düşýär. Maña bir ýuwaşja eşek bilen rezin tigirlije bir araba alyp ber - diýip, goja Beññi bagşa aýdýar.
- Bor, atam. Onuñ gürrüñi bolmaz.
Şondan soñ awtomotoweloarabaklub adyna "eşek" sözünden başky iki harp "eş" goşuldy we awtomotoweloeşaraba klub boldy.
- Awtomotoweloeşaraba klubda iş nähili gidýär?
Gep onuñ adynda däl-de, edilýän işde diýmegiñiz mümkin.
Özüñiz pikir edop biliberiñ-dä, ara "eşek" sözi goşular-da, heý, ol ýerde-de bir düzüwli zat bolarmy.
Gurbangylyç HYDYROW.
Satiriki hekaýalar