12:03 Awuna garaşyp... | |
Orazguly ANNAÝEW
Goşgular
▶ AWUNA GARAŞYP... Awuna garaşyp, Gizlenip ýatan Goşa sally gapan Öñden gurulgy Tisginip ýazdy-da gysdy dişini. Ene möjek aldananna geñ galyp, Sypjak bolup ikiýana urundy, Dyzady, buruldy... Ýöne gapan gören eken işini. Mejbur bolup, aw agtaryp çykypdy, Ene möjek muña gelmändi seýle. Ömür ätiýaçly, Eserdeñ möjek Bolar öýdüp beýle Ýatsa-tursa pikir etmändi ozal. Häzir on erkini dişläp ýatyrdy Ajala öwrülen bir sowuk demir. Ahmyrña bäs gelmän, Gemir Dişle, Çeýne... Ak garyñ üstünden göterler tozan. Namys edýär möjek Belki, beýle güne düşmezdi häzir, Öz işdäsi bilen oñşan bolsady. Ýa-da ýazan gapan Onuñ aýagny Gaty garysyndan jontan bolsady. Demre dişi ötmän, Şol demden şeýläk Möjek sypjak boldy Bendilige düşen aýagny çeýnäp. Hiç zatdan gaýtjak däl öljegem bolsa, Bu ýagdaýy görüp nebsiñ agyrýar, Möjegem bolsa... Ysgyny gaçansoñ gapana garap, Gördi oñ sypatyn özüne meñzeş, Meñzeş häsiýeti. Diñe häzir aýan boldy möjege, Ömür gulluk eden arzuwy ~ neti. Möjek-möjekligin ýitirenokdy, Ajalyñ agzyna jaý gelen wagty... Ýöne düşünmek kyn, Häzirki pursatda kim ejiz, wagşy?! Aranly gapanmy aslyşyp duran Ýa möjekmi, Ýa wagşymy gelip gapany guran?! | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |