12:36 Aýagy düşen gelin / hekaýa | |
AÝAGY DÜŞEN GELIN
Hekaýalar
Adatça täze gelin gelen öýde biri ýogalsa «Gelniň aýagy düşmedi» diýip ýaman yrym edýärler. Beýle ýagdaýlaryň bolmagy hakda pikiriň özem gorkunç. Gyzyny çykarýan ata-eneler her dileginde «Balam, baran ýeriňe aýagyň düşüp, ösüp-örňäp gitgeý» diýip, gorky-howatyr bilen gaýtalaýarlar. Begnepes baýlara gelin bolup düşüp barýan Jahansoltan üçin bu mesele gorkuly däldi. Tüweleme, Begnepes baýlaryň tohumynda-tijinde başy agyryp, baldyry syzlap ýöreni, agyr ýatan hassasy ýok, hudaýa şükür. Aý, şonda-da ajal diýen keseli-sagy bilýärmi, döw ýaly gezip ýörenem bolsaň, ýör diýip ýakaňdan tutan güni ýöräbermeli... Begnepes baýyň körpe ogluna soralyp gelneni bäri Jahansoltan uly bir ünjä, iňkise gidip, özüni azara goýup ýördi. Bir är ömri obasynda, oýunda towguna tok diýilmän ýören Begnepes baý bilen Jahansoltan oňşup bilermikäm diýip oýlanýardy. Alty sany erkek oglanyň içinde ösüp-ulalan Jahansoltan gönümel häsiýeti entek onalty ýaşynda gödek gyz diýip at alypdy. Özüniň gödekligini, gömelteýräk zatlaram aýdyp göýberäýýändigini özi hem bilýärdi. Gaýnatasy bolmaly Begnepes baý hem gyňyr häsiýeti bilen ýakasyny tanadan adam, onuň bilen bir gapydan girip-çykyp, göwnüne ýetip bolarmyka?! Mundan öňki iki oglunyň gelinlerinem-ä oňdurman ötdi. Jahansoltan bu zatlar hakda oýlanmakdan bizar boldy. Ertir ir bilen goýunlary sürä goşup göýbermek üçin agylyň agzyny açyp durka hem, güzerden suw alyp gelýärkä-de, agşamlyk owkadyň başynda hem, hatda ýatmak üçin ýorgana girilende hem gara öýüň tüýnüginden jyklaşýan ýyldyzlara garap, uzak oýlara batdy. Ahyry hem: «Näme bolsa maňlaýyma gelenini göreýin-le...» diýip ýüregini daşa baglady. Toý uludan tutuldy. Daşdan-ýakyndan gelen myhmanlar kyrk öýli oýuň ähli öýlerinde myhman alyndy. Baý aga toýa niýetläp hem bäş-alty sany ak öý dikdiripdi. Ýöne ol öýlerem Maňgyşlak, Çowdurystan tarapdan gelen myhmanlardan dolup galdy. Obanyň halky bir töwra adamlar. Hemmesiniň ýüregindäki dilindedir, göwün sandygyna sygman duran ýaly. Toýa gelen myhmanlaryň ýanynda hem öz obalarynyň atly-abraýly baýyny ýazgaryp-ýyrtyp otyrlar. - Häý, şu Begnepesiň gagal gylygy bardyr-ow, musulmanyň çagasy onuň gapysyna gelin bolup düşmesin. - Öňki iki gelini nätdi, biçäreleň biri-hä ölüp dyndy, beýleki garamaňlaýam däliräp düze çykyp gitdi. Edilýän gürrüňlerden misil tutup, toýa gelenleriň köpüsi «Beh, Begnepes baý şeýle zulumkär adammyka?» diýip, ynanmajak boldular. Birhili toýuň gyzygy hem gaçan ýaly boldy. Gelnaljy geldi. Toýuň şowhuny has-da artdy. Bagyşylaryň sesi asmana göterilýärdi. Pälwanlar göreş tutdurylyp, at çapdyrylyp, altyn gabak atdyryldy. Begnepes baýyň toýy ýarygijä çen dowam etdi. Toýuň ertesi Jahansoltan ýer ýagtylmanka turup gelinligiň birinji gününi garşylady. Onuň garşysyndan ilkinji çykan hem gaýnatasy Begnepes baý boldy. Ýaş gelin iki epilip diýen ýaly salam berdi. Onuň salam berşi tagzyma çalym edýärdi. Begnepes baý egnine ýasgynjak alan çäkmeniniň içinde gabaryp duruşyna: - Sag-aman örüşdiňizmi?!- diýip, guraksy ardynjyrap, öz ugruna gitdi. Jahansoltan gaýnatasyndan biderek heder edipdir. Görüp otursaň ol erbet adamam däl ýaly-la... ýöne ynha ogly Atanepes weli... Jahansoltan oňa geleli gününden «Musallat» diýip at berdi. Äriniň ýumşajyk ellerine öwrenişip bilmedi «Wi-i, muň elleriniň pamyk ýalydygyny, özem hamyr ýaly akyp ýatyr» diýip, Jahansoltanyň kejebesine ot düşýärdi. Bir gün Atanepes kakasynyň gyr ýabysyna atlanyp obanyň iki çakrym gaýrasyndaky sürüden habar almaga gidermen boldy. Jahansoltan ýaşmagyň aşagyndan: - Gün dogandan gyzyp ugrady- diýdi. - Ertir gidäýmeli ekeniň, ataňam öýde ýok. - Özüm bilerin Otursana ornuňy bilip... Atanepesiň bolşuna Jahansoltan geň galmady. «Bolup bildigi şü» diýip, içini gepletdi. Dogrudanam howa yssy boldy. Gyzgyn çölüň içinde bir salym säginseň kelläňi edil gorly tamdyra sokup dem alan ýaly bolýarsyň. Gaýraky obalaryň birine jynaza namazyna giden Begnepes baý süýrgünortan dolanyp geldi. Gelişine hem Atanepesi sorady: - Atam öýdemi? - Goýunlary görmäge gitdi-diýip aýtdylar. Begnepes baý: - Haý haramzada-diýip sögündi. - Bally çopanyň etini çişe düzerin. Jahansoltan ak öýüň täriminden gaýynatasynyň iki ýana çarp urup ýörüşini synlap dodagyny dişledi: «Bally çopan Atanepese neşe öwredipdir diýen gürrüň öňdenem obada o ýerde, bu ýerde eşidilipdi, çyn bolup çykdy.» Atanepes ikindinara wagtlary gumdan gaýdyp geldi. Yraň-daraň atyp gelişine zordan atdan düşen baý ogly: - Eý heleý-diýip gygyrdy. Jahansoltan daş çykdy. Kakam geldimi? Ýaş gelin baş atyp jogap berdi. Atanepes içeri girensoň ýaş gelnine azar bermäge meýilli boldy. Ýöne Jahansoltan alty sany erkek oglanyň arasynda ösüp ulalandygyny bildirip goýdy. Ikindin namazyny okamak üçin täret almaga çykan Begnepes baý oglunyň ak öýünden çykýan oña allaniçigsi boldy. - Hä, şeý diýsene! Sen maňa gamçyňy bulamaly, menem sygyr ýaly sesimi çykarmaly däl?.. Ak öýden içinden çykýan galmagalyň arasynda gelniniň sesi aýyl-saýyl eşidilip baýyň ýüregine ot bolup ýapyşdy. Begnepes baý entek gelniniň sesini eşidip görmändi. - Sen neşeden doýup gelmeli, men azara agalmalymy! - Ýum agzyňy haram heleý! Jahansoltan äheňini biraz ýumşadyp: - Ejeň haram, bajyň haram - diýdi. Atanepes bir zat diýip madyrdady. - Bolýa, bolýa men seň aýagyňy owkalamaly, ýüzüňi ýelpemeli şeýlemi, tapdyň kirli gyrnagyňy... Atanepes «kes sesiňi atam eşitse...» diýip ýene eşidiler-eşidilmez bir zatlar diýdi. Jahansoltan ýene sesini batlandyrdy: - Atam, näme atam? Häzir ataňam köse sakalyna ýüp goşup iýşägeden hiňňildik ýasap seni şeýle bir uçuraryn, şeýle bir anjaýyn uklarsyň... Jahansoltan sözüni soňlap-soňlaman jakjaklap gülüp goýberdi. Begnepes baý soňky eşiden sözlerine tap getirip bilmedi. Gany depesine urdy, gözleri ümezläp gitdi. Elindäki kündügi ýere gaçyrdy. Gülçüldäp ýere gaçyp suwy dökülip ugran kündügiň gapdalyna Begnepes baýyň jansyz göwresi şalkyldap ýykyldy. Ertir Begnepes baýyň jynazasynda duran gürzelek sakally biri: - Bu jana ynam ýog-ow-diýip, gözlerini tegeläp haýran-sermisal boldy. - Düýn Taýjan hajynyň jynazasynda görşüp, salamlaşypdym baý aga bilen. Bu günem ine özüniň jynazasynda durun. Begnepes baýyň obadaşlarynyň biri bolsa gapdalyndaky birini hürsekledi: - Gelniň aýagy düşmedi. - Bir tarapdan ýamanam bolmady- diýip, beýleki jogap berdi. 03.06.2015. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||