07:46

Aýdylmadyk aýdym

AÝDYLMADYK AÝDYM

Ýadyña düşýämi: mermer şäheriñ
Ilersinde äpet ýaşyl baýdagyñ
Säher çagy şuglasyna Güneşiñ
Berkarar watanyñ bagtly halkyna
Gözüñ gamaşdyryp pasyrdap durşy...
Oñat ýadyña sal, şol ýaşyl tugy
Birden gözüm ýumlup, ölmeli bolsam
Eger eliñden gelse sowan meýdimi
Şol tuguñ astynda depin et, dostum...
Çünki hemmeleriñ sag gapdalyna
Kybla ýüzün dikip ýeriñ astynda
Ýatan gabrystany dar bolar maña
Bilýän, öñi-soñy bu ýalançyda
Şu garyp günümi bulajak bolup
Elime-aýagma çolaşanlar ýene-de
Ol ýerde Hudaýyñ melekleriniñ
Ujypsyzja sogaplarmyñ deregne
Dagdan agyr günälermi bagyşlap
Ýagtyltjak bolsalar tüm lahatymy
Betpygylly, itýürekli pidullar
Çydam edip bilmän endik edinen
Häsiýetleri bilen ala-goh edip
Hem ýeñseden urlan otly gürziniñ
Yzasyn özgeden çykarjak bolup
Bilseler-de başa barmajagyny
Sagdan-çepden diwaryndan gabrymyñ
Gara köýük bolan pis elleriniñ
Eti akyp, süñki şatyrdap ýanýan
Otly barmaklaryn sokar durarlar.
Ýyrym-ýyrtyk bolup eleşan halda
Owaldanam bärde saralyp giden
Ot-ýalyna çirkizilip ýüzünden
Sypyrlyp aýrylan utanç perdesin
Göz ýetirip, toba-puşeýman bilen
Duýsalar-da gaýdyp berilmejegni
Ýamanlan bolarlar Müñkür-Nekire...
Mazarymam daşda bolsun şolardan
Görmek üçin Biribaryñ jemalyn
Panynyñ manysyz ömründen soñra
Magşar gününe çen goşum ýazdyryp
Birsellem ýassanyp ýatjak ýerime
Mynasyp däl olar goñşy bolmaga...
Hem gül ekme tümmegimiñ daşyna
Ýazmagyn üstüme mermerden ýazgy
Şonsuzam sen maña iñ golaý ynsan.
Ýöne dag goçunyñ buýnuz şahyny
Başujuma dikäý,
(dikip oñarsañ).
Goý, ol buýnuz ýoldan öten-geçene
Birmahallar söýgimiziñ möwç alyp
Şol tug deýin parlap mawy asmanda
Soñam matam güni aşak düşürlip
Gyrasyna gara mata dañylan
Kyssasyny gürrüñ bersin, çekinmän...
Goý, ol buýnuz adamlaryñ kalbynda
Turan daglarynyñ simwoly bolup
Goýup giden mirasyna buýsanyp
Astynda diñşirgäp ýatan bir goçuñ
Ýañlandyrsyn aýtman giden aýdymyn...
Şol gamgyn owaza ses goşýan ýaly
Ýaşyl tug depämde kyýamata çen
Parlasyn dursun!..

Surat: Salwador Dali.
Категория: Goşgular | Просмотров: 621 | Добавил: Нawеran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Podýumda / Goşgular - 28.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Gelersiñ... duşuşarys / Goşgular - 27.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]