11:40 Nury Halmämmet: “Aýgytly ädim” – beýikleriň aýgytly ädimi | |
"AÝGYTLY ÄDIM" - BEÝIKLERIŇ AÝGYTLY ÄDIMI
Edebi makalalar
Alty Garly, Nury Halmämmet, bu filmiň iň kuwwatly sütüni boldy. Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany esasynda surata alnan bu kino türkmen ykbalynyň bir sahypasyny çuň görkezmegi başardy. Bu görünýän, beýan edilýän wakalar hakda şeýledi. Emma filmiň sazy, ondaky aýdymlar, hüwdi tutuş türkmen taryhyny saz arkaly diňleýjä ýetirmegi başardy. Türkmeniň bütin ömri boýy bagty, betbagtlygy bu sazlarda şeýle bir çuň, şeýle bir giň we şeýle bir pelsepeli berildi weli, o sazlar her bir türkmeniň ýüregine şobada siňdi gitdi. Sazlary çöldäki çarwa-da, ömrüni ylym-bilim toplap geçiren alym-da ýürekden söýüp diňleýär. Indi türkmen durmuşyny Nury Halmämmetsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. O sazlary dünýä diňleýär, dürli milletler diňleýär, emma Türkmen bolup diňlemegiň beýik bagty bize miýesser etdi. Nury Halmämmedi Türkmen bolup diňläýseň. “Şükür bagşy” kinosyna saz ýazandan soň, Nuryda beýik dagdan inen sil ýaly kuwwat, beýik energiýa toplana-toplana, “Aýgytly ädim” kinosynda jadyly saz bolup ýaňlandy. Saza örän çuň düşünýän beýik režissýor Alty Garlynyň bu sazlardan alýan lezzetini başga hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Alty Garly heziller edindi. O saz Alty Garla: “Nurynyň sazy ýaňlananda, sözüň geregi ýok. Ol ähli zatdan güýçli”diýdirip bildi. “Aýgytly ädim” kinosyna saz ýazmaga Alty Garlynyň Nury Halmämmedi saýlap almagy bu kinonyň iň uly utuşy boldy. Edil “Şükür bagşyda” bolşy ýaly, bu kinonyň hem iň beýik tarapy-kino sazy boldy. Saz tutuş kinony edil lokomotiw kimin öňe çekýär. Alty Garly Nury Halmämmediň sazyny neneň söýýän bolsa onuň özüni hem şonça gowy görýär. Alty Garly Nura “Mosart” diýip ýüzlenýän ekeni. Beýik sungat ussadynyň hormaty Nura-da uly täsir etdi. Nury “Aýgytly ädim” sazyna ýüregini eredip goşdy. Öz şahsy durmuşyndaky tragediýany, hiç-hiç egsilmejek gamy tutuş türkmen halkynyň geçmiş ykbaly bilen birleşdirip, bütewi bir eser döretdi. Gam bilen begenji şeýle bir ussatlarça ýugurdy weli, netijede örän çuň pelsepeli saz döredi. Ýewropa sazynyň kämilligini türkmen sazynyň nepisligi, şirinligi bilen birleşdirmegi başardy. Özem gaýtalanmajak kämillikde başardy. Şoňa görä “Aýgytly ädimiň” sazy, aýdym-hüwdüsi bäş-alty asyr bäri aýdylyp-çalynyp gelýän ýaly duýgy döredýär. “Wah, Nurynyň kino sygmadyk aýdymy hem bardy. Soň ol aýdym ýazga geçmän galdy” diýip aktýor Ata Alow ýatlaýar. Nury owal-başdan öz ýazan sazlarynyň notalaryna perwaýsyz, geleňsiz bolşy ýaly, “Aýgytly ädimi” ýazanda-da şoň ýalydy. Meşhur “Aýna” aýdymynyň orginal notasy Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowda saklanýar. “Bir gezek Nury ikimiz telewideniýede çykyş edýäs. O mahal “Aýgytly ädim” surata alynsa-da heniz görkezilmändi. Onsoň Nury maňa : “Hany “Aýnany” aýtsana” diýdi. “Alty Garly käýýär, kino çykýança aýdymyny aýtmaň diýip tabşyrdy” diýdim. “Alty aga öz ýaşulymyz. Käýese käýýär, ýençse ýenjer. Sen aýtsana” diýdi. Onsoň Nurynyň özi pianinoda sazyny çaldy, menem aýtdym . Ertiri bütin halk “Aýnany” aýdyp başlady”. Bu ýaşuly artistimiziň ýatlamasy. “Aýgytly ädim” kinosynyň döreýşi aýratyn taryh weli, Alty Garly bilen Nury Halmämmediň tanyşyşy, olaryň “Aýgytly ädim”, “Magtymguly”, “Mukamyň syry” filmlerinde bile işleşişleri, pikir gaýnaşmalary, döredijilik çekişmeleri hem uly bir kitaplyk material. Soňra 1973-nji ýylda Alty Garly ýogalanda Nurynyň neneňsi gama batanyny aýdyp-diýer ýaly bolmady. Alty Garlynyň tabydynyň bir ýanyny egninde göterip, bu dünýäniň ähli gamyny ýüreginde göterip barýan Nury Halmämmedi ýatlap, meşhur artistimiz we özboluşly filosofymyz Nury Allaberdi şeýle ýazypdyr: “Bir adam bu giden mähelläniň labyryny başyna çekip, ýeke özi aýratyn bir dünýäni göterip barýardy ... Göwnüme bolmasa, Alty Garly diňe Nura gerek ýaly bolup görünýärdi. Şol gezekki Nury Halmämmediň bolup barşy, kalbynda, aňynda, on iki süňňünde göterip barýan dünýäsi, hasraty, ähli genileriň ýurduny täzeleýändikleri üçin çarhypelek bilen ýaka tutuşýandygyny, oňa-da çäresi ýetmän, ýegşerilip barýan durky köpleri özüne bendi edýärdi”. 1966-njy ýylda ýakyn dosty Ýazguly Hudaýberdiýewi ýitirip, özelenýän ýürek halypa derejesindäki Alty Garlyny ýitirende gamdan ýaňa eräp-eräp tükener hala geldi. “Eý, gözýaşlarym! Aka-aka tükenýän bolsaňyz , şu gün tükenmeli günüňizdir. Mundan soň men kim üçin gözýaş dökeýin?!” Gyssanma, Nury! Öňüňde 1975-nji ýyl bardyr. Seni bir demde garratjak waka bardyr. Ynsan, biçäre, her ölümde, her aýralykda jebir çeke-çeke, ahyrda, özi hem gidenleriň yzyna düşýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |