11:28 Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy | |
15. Ir döwürler Tarabuzan han güýjüne baýrynýarka, Ýaýyk derýasynyň boýy bilen gidip, (Ata babalar ýaýylyp ýatanlygy, giňligi üçin Ural derýasyny şeýle atlandyrypdyrlar) Tatar ýurduna-da çozup, talap gaýdar ekeni we tatar hanynyň aýperi ýaly Halyma atly gyzyna-da öýlenipdir. Halymadan önen çagalaryndan serwi boýly, edep-ekramly, görmegeý Nargyz atly ýetişen ulygyzy, hanyň iň eziz görýän gyzydy. Güljemal ony kiçi jigisine, saryýagyz, görmegeý, akyl-paýhasly, Nargyzyň deň-duşy Ýalkamyş üçin peýläpdi. Bu iki ýaş juwan ilkinji gezek bir-birlerine gözleri düşeninden, bir bakyşda yşk alowy lowlap, sulhlary alşypdyr we öz aralarynda aşyk-magşuklyk başlanyp, günde-günaşa biri-birini görmese oňup bilmändirler. Bu ýagdaýy örän synçy Güljemal eje-de, Nargyzyň ejesi Halyma-da açyk aýdyň aňypdyrlar. Bu gowy ýagdaýa Güljemalyň guşy uçupdyr. Içinden ol: ”Hanyň, Astrahan hanynyň ogluna nikalap bermekçi bolan iň eziz görýän gyzyny, Ýalkamyş jana-Saryma alyp beribilsem, Tarabuzanyň ýürejigini külli tekeleriň aldygy bolaýsa gerek, şonda ar-namysly meselede oňyn çözüläýse gerek” diýip, bu işiň ugruna aşaklyk bilen çykyp ugrady. Aşyk-magşuklar barada Güljemal bilen Halyma özara pikir alyşdylar, Halyma-da guda bolmaga razy bolup, Ýalkamyş giýewisi bolaýsa kem görmedi. Şeýlelik bilenem, hanyň iki keýwanysy asyrynlykda guda boldum edişip, bir çukura tüýkürdiler we bu syryň öz aralarynda galmagy üçin söz berdiler, sebäbi, ony han eşidäýse, olaryň başlaryna ala ýabyň oýnuny getirjekdi ahyryn. Onsoň, Güljemal eje Togtamyş bilen Utamyşy çagyryp, şeýle maslahat berdi: ”Siz Ýalkamyş-Saryjan bilen Nargyzyň aşyk-magşuk bolanlygyny bilýänsiňiz. Şeýle ýagdaý-da diňe bir ýol bar, olam gününi belläp, Nargyzy alyp gaçmaly. Bu ýerde, gyz alyp gaçmagy känbir aýyp-syn edip duranoklar, şonda-da, han bilen gepleşik geçirmäge, işi parahat çözmäge köşkdäki wezirdir wekilleri, kazysy, molla-müftüleri bilen maslahatlaşyp,hany yrmaga, töwella-terimizi görüp, olaryň razylygyny alyp goýdum”diýdi. Ine, günleriň birinde bular ýola düşmekçi boldylar. Güljemal eje gitjekleriň ähli ýol şaýlaryny jemläp, Ýalkamyşa bolsa öz atyndan daşary ýene-de bir bedew aty eýerläp-jullap berdi we: ”Bu at saňa ýolda gerek bolar. Hol ilerdäki guma çykylýan ýerde guýy bardyr, şonuň töwereginde tä gün ikindi bolýança güýmeň-süýmeň edip, bize garaşyň. Biz bolsa hatarymyz bilen jemlenip, şol guýydan suw alyp gaýtmaga bararys. Şol mahal Saryjam sen,goşa atyňy suwa ýakmaga getirersiň, şol ýerde-de gepleşişimiz ýaly, Nargyz jan çalasynlyk bilen öz atyna böküp müner. Oňa çenli agalaryň hem tümmek-ýapylaryň aňyrsynda garaşarlar” diýip, Allany çagyryp, jigilerine ak ýol arzuwlap ugratdy. Ikindinaralar, edil aýdylyşy ýaly, hanyň neberesi guýynyň başyna suw almaga geldiler. Ýalkamyş hem öwredilşi ýaly, iki atynyň jylawundan tutup, atlaryny suwa ýakmaga gelen kişi bolup, guýynyň başyna geldi. Juwan ýaşlar bir-birine ozaldan düşüş. Suwa gelenler bir görseler, iki atly çapyp gidip, bürgüt uçan dek, hyzmatkärleriň, aýal-ebtatlaryň gözlerinden gaýyp bolup barýar diýýä. Gyz gelinler-ä ýaşlar at çapyşdyrýarlar diýipdirler, ekabyrraklary bolsa aşyk-magşuklar gaçyp girdiler-ow diýşipdirler. Esli wagt geçeninden soňam Güljemal bilen Halyma ikisi ”Waý, gyz gaçdy-la!”, ”Gyz gaçdy” diýişip, aglan bolupdyrlar. Suwa gidip, öýlerine gaýdyp gelenleriň hyşy-wyşylary gijäniň bir wagty hanyň gulagyna ýetýär. Ol gije bir çene baranlygyna garamazdan aýaly Halymany ýanyna çagyryp: ”Bu ne waka boldy? Gyzymyz kim bilen at çapdyryp gitdi? Sen bu zatlardan habarlymy?” diýip, azmly sorady. Halyma gorkanlygyna garamazdan özüni parahat alyp baryp: ”Han, men size bir näçe wagt mundan öň “Gyzymyz ýetişdi, eger-de durmuşa çykarjak bolsaň, bolubilsek Tekemuhammet han bilen guda bolaýsak” diýipdim. Bu wakadan welin habarym ýok, ýöne ýaş juwanlar sulhlary alyşyp, bir-birlerini gowy görýändiklerini çalaja syzýardym, emma beýle bolar öýütmeýärdim... Onsoňam, han menden geňeş soraýan bolsaňyz, däp boýunça hanlar bir-birleri bilen guda bolýandyrlar. ”Aşyňy ajygana, gyzyňy aşygyna ber” diýip, ata-babalarymyzyň paýhasly aýdyp giden sözlerini unutmaweri” diýip, sypaýyçylyk bilen jogap berdi. Han Güljemaly hem çagyryp: ”Munda seniň eliň hem bar bolaýmasyn?” diýip, sorady, onda Güljemal “Hanyň oda-köze düşüp ýörşüne nebsim agyrýar, ýöne ol bir wagtlar biriniň öz gyzy ýaly ýaş gyzyny atyň öňüne basyp alyp gaýdan-da, türkmeniň “ekeniňi alarsyň,edeniňi çekersiň” diýen aýtgysyny ýatlamadymyka? Ýaşlaryň bu herekedi seniň öz herekediň gaýtalanmasy dälmi näme? Onsoňam hezreti Omar aýdypdyr: ”Gyz – bugdaý ýalydyr, ony üwäp ýugrup, çörek bişirip bolar, çykman otursa guran hurma we sykylan peýnir ýalydyr” diýipdir diýip, soragly nazaryny hana gönükdirdi, onýança-da, ulamalar jem bolup geldiler-de, owaldan habarly kişiler beýle ýagdaýlaryň bolup durýanlygyny, boljak iş bolansoň indi gudaçylyk barada pikirlenmegiň gerekdigini her hili tymsallar bilen düşündirdiler, göwünlik berip ýumşatdylar, Tekemuhammet han ýaly güýçli, abraýly, uzadan ýerine eli ýetýän adam bilen garyndaşlyk gatnaşygy açmagyň uly derejedigini ýatlatdylar. - Biz gyzymyzy oňa bermek islemeýärdik, ýöne eger ulamalar isleýän bolsalar oňa boýun bolmaly bolar, ýöne biziň däp-dessurymyzda gyzyň toýy ene-ataň öýünde geçirilýändir - diýip, han ahyrym öz öňki pikirini üýtgedip başlady. - Ýaşlar çöl-beýewana tutdyryp, çykyp gidiberipdirler. Ol ýagdaýy näderis onda? - diýip, ol töweregine garanjaklady. - Hökümdar, häziriň özünde bäş-on atly nökeri öňbaşçysyny siziň ogullaryň birini goýup, ýagny olaryň ýegenlerinden belläp, yzlaryndan gyssagly ugradalyň. Olaryň yzyndan ýeten ýegeni han ähli neberesi bilen bir-iki günden yzyňyzdan gelip, şu ýerde toý etjek diýse, olar garaşarlar. Onsoňam, çöl-beýewan, ähli guýylar, ol ýerlerde bakylýan mal sürüleri siziňki. Çopanlaryň ýanynda çadyrlary gurnap, gülälekli meýdanda toý edip, olary şol ýerden watanlaryna ugradyp goýbersek gowy bolar diýjek men-ä-diýip, wezir göwnejaý we adalatly maslahat tapdy. - Siz makul, göwnejaý gep aýtdyňyz - diýip, han wezirine başyny atdy. Şol bada hanyň ýakyn adamlary gaçakçylaryň yzyndan toý habarly maslahaty ýetirmäge ýörüte atly nökeri iberdiler we ertir ir bilen toý ýere gidiljegi barada jar çekdirip, kejebeli düýeleri, toý lybasly aýal-gyzlary, atly gitjekleriň hemmesini taýýarlap, gün dogandan ugramaly edenler. Hemme zat ýerbe-ýer bolup, hanyň we ulamalaryň ähli neberesi, il-ulusdan hem birnäçeleri toý märekesine goşulyp, ertir ir bilen ugradylar. Ulamalar we Güljemal ejeleri bilen Halyma dagynyň biçen maslahatyndan habarly Togtamyş dagy, bir menzilde öňünden çykan guýyda, baş çopanyň goşunda düşläpdiler. Baýaminnet giç agşam ýegenleriň biri atyny çapdyryp gelip, toý habarly maslahaty hem bulara ýetirdi.. Ertesi köp wagt geçmänkä toý mähellesi, Han hem ähli ulamalary, garyndaşlary bilen gelip ýetdiler. Tekemuhammediň ýumşaklyk we geçirimlilik terbiýesini alan, täze lybasa beslenen Togtamyş, Igdir kakasyny, Ýomut kakasyny alyp, hanyň ýanyna salama bardy-da, sypaýyçylyk etdi. - Ne beýle bezenipsiň-le, Teke ogly? - diýip, han sorady. - Hormatly Han agamyz bilýändir, Muhammet alaýhyssalam aýdypdyr: ”Adamlaryň arasyna çykanyňyzda, ybadat edeniňizde ýagşy lybaslar geýiniň, sebäbi sen ybadat edeniňde, Allatagala bilen duşuşýarsyň, ýagşy lybas geýmegiň Ýaradana hormat goýdugyňdyr” diýipdir, ýaňy ybadat etdim, öň üstüsine-de bu gün inimiň öýlenýän güni. Ýogsa-da, Hormatly, Han agamyz, ýagdaý şeýle-şeýle boldy, juwanlar utanyp-uýalyp, bize duýdurmandyrlar. Biz bu wakany ýola çykanymyzdan soň bilip galdyk-da, uzak ýere gitmän saklandyk. Men han agaň ýanyna yzyma gaýdyp, sizden ötünç we rugsat sorap toý etmegi maslahatlaşaýyn diýip otyrkam, gijäniň içinde toý habarçylary geläýdi. Indi näçe galyň, mal tölemeli bolsak, bize duýduraýsaňyz-diýip,bihabar kişi bolan bolup, makul sözi bile hanyň göwnüni awlady, onuň ýany bilen gelen ýaşullylaram sypaýyçylyk edip, söz sözlediler... Beýle hoş sözlere keýpi çag bolan han: ”Togtamyş, biziň ilde galyň diýlip ummasyz zat alnanok.Siz ondan ýaňa arkaýyn boluň. Biziň däbimize görä,gyzyň atasynyň hatyrasyna az-owlak süýt haky diýlip, halat-serpaý edilýändir. Ol zatlary Güljemal bilen Halyma ikisi özara oňuşarlar” diýip, jogap berdi. Çöldäki süýji guýynyň ýapylaryna ýygnanan märeke we hanyň nökerleri birnäçe çadyrlary gurnap, mal baryny soýup, toýy ugrukdyrdylar. Şeýlelikde,ýaş juwanlaryň toýy parahatlyk bilen sonarly, gülälekli gözel ýerde başlandy. Olaryň dessurynda ýaşajyk ýylkylar soýuldy. Olaryň ýene-de bir üýtgeşik dessury-ýaş çatynjalara ilki gyzyň atasy öýünde nika gyýylýardy. Şeýlelikde, nika gyýjak molla pyýadakazylaryny yzyna tirkäp, Nargyzyň çadryna girip: ”Eý, nowjuwan gyzym, Nargyz, siz bizden uýalman aýdyň, kime durmuşa çykmaga razylyk berýärsiňiz?”diýip sorady. Nargyz bolsa utanyp, bu soraga aljyrady-da, birdenem Güljemal enäň Ýalkamyşa “Sarym, Saryjam” diýýäni ýadyna düşäge-de, apasynyň türki dilinde gepleýşini edip: ”Sarykga baram” diýdi oturyberdi. Bu sorag-jogaby, daşarda oturan Togtamyş bilen Utamyş eşidip, biri-birine bakyp, ýylgyrdylar-da, bu sözi ömürlik bellediler. Toý dabarasy üç gije-gündiz dowam edip, at çapdyrylyp, altyn gabak atdyrylyp, şadyýanlyk bilen sowuldy. Myhmanlary ugratmagyň maslahatynda tekeli-türkmen iline gidip geljek diýenlere we Güljemal hanyma-da dogan-garyndaşy bilen görşüp gelsin diýip, ýanlaryna-da iki ýüz atly-ýaragly nökeri goragçy edip, Tekemuhammediň ýegenlerinden birini ýolbaşçy edip, ýola salyp, ak pata berip ugratdylar. Han Togtamyşa zer çaýylan Hywa donlaryň birnäçesini berdi, emma ol olaryň birini Igdir bege, birini Ýomut bege, inileriniň hersini birini berip, galanlaryny hana gaýtardy. - Han agamyz gaty görmesin, her zadyň çaky ýagşydyr. Pygamberimiz nämedir bir zat emr, iş etse, Gurhana daýanypdyr, bir zat etmäge rugsat berse, ol zadyň lezzetini däl-de, halallygyna üns beripdir. Men üç don alyp inilerim bilen paýlaşmagy halal hasap edýärin. Togtamyşyň bu jogaby hana ýarady. Ol uly hormat bilen ony ýola ugradyp goýberdi. Uzyn hatar kerwen, atlylar birnäçe menzilleri geçip, ahyry türkmen iline sag-aman ýetdiler. Toý habaryny buşlamaga iberilen atlylar at derledip, Tekemuhammediň hatar tutup oturan obasyna baryp, telpeklerini ýokary zyňyp, söýünjiläp: ”Toýuň gutly bolsun, oglanlaryň gelin alyp gelýär” diýen habary ýetirdiler. Tekeli türkmenler bu şatlykly toý habaryny eşidip, örän çakganlyk bilen gelnaljyly kerweni düzüp, gelýänleriň öňünden çykmaga ugradylar. Şeýdibem külli tekeler uly toýa başlady, hemmeler bir-birini, Tekemuhammedi mübärekledi... Bir günden soň gelnaljylar myhmanlary bilen toý ýerine geldiler. Tekemuhammet han oglanlary, siňlisi Güljemal bilen görşüp, birek-biregi gutladylar. Bütin tekeli-türkmene ýedi gije-gündiz toý berjek we toý sowlansoň, myhmanlarymyz dem-dynç alyp bolduk, indi ýurdymyza gaýdaýsak diýensoňlar, Tümätin ilinden gul-gyrnak diýlip getirilen ýesirleri azat edip, kerwen bilen üpjün edip, öz ýurdyna gaýtjaklaryny ugratjakdyryn... Men öz siňlim Güljemala, onuň ogullaryna uly Taňryýalkasyn diýesim gelýär, sebäbi olar meniň köp ýyllap bitiribilmedigimi parahatlyk ýoly bilen çözdüler. Olaryň eden hyzmatlary är işidir, tekeler beýle haýyrly zady hiç wagt unutmazlar - diýip, Tekemuhammet han jar çekdirdi. Şeýlelikde, Tekemuhammet han ýedi gije-gündiz toý berip, maksat-myradyna ýetdi... Wagtyň geçmegi bilen Togtamyşyň - (Tekemuhammet ) bilen Utamyşyň - (Ärsary) şol nika gyýlandaky “Sarykga” diýen söz ýatlaryna düşüp, käte gülşüp, inileri Ýalkamyşa “Sarykga”, ”Saryk” diýip, ýüzlenip ugradylar. Goňşy golamlaram, beýlekilerem oňa Saryk diýip başladylar. Soňky nesiller bolsa öz kakalarynyň Ýalkamyş adyny unudyp, Saryk adyny alyp göterdiler. Şunlukda, Teke, Igdir, Saryk, Ärsary, Ýomut bäşisi Deňiz hanyň nesli bolan gynyklaryň oglullarydy. Goý, Alla olary gorasyn! Şeýlelikde, doganlardan çaga yzyna çaga bolup, köpelip gitdiler. Gelinlerem, näme özüňiz bilýäňiz, dilini saklaýany bar, gep tapsa nanyny gury iýmeýäni bar. Bir gün Sarygyň aýaly Nargyz: ”Asyl kakamam ýaňzydypdy welin, gaýyn enemiň asly dagyňmy, suwuňmy perisi eken-ä” diýip, bir aýdyp, iki aýdyp goýmady. Saryk bu barada öň hiç zat bilmänsoň ahyrym, kakasyndan soramagy ýüregine düwdi. Kakasy bolsa “Ogul, tekeli türkmenler barada, umuman türkmeniň gelip çykyşy barada rowaýatlar kändir, käbir adamlar “Türkmenleriň asly Adam ata-How eneden däl, olar perilerden gaýdýarlar” diýse, başga birleri “Olar asmandan inenmişin hem diýýärler”. Gürrüň kän. Men saňa şol rowaýata meňzeş gürrüňleriň ikisini aýdyp bereýin, olaryň biri ejeňiz bilen meniň başymdan geçiren wakalarym...” diýip, onuň birinjisini gürrüň berdi, soňam “Indi ikinjisini diňle!” diýip, ýene bir rowaýaty gürrüň berdi.. - Garry atamyz Salyr Gazanyň döwründe Ajam şasynyň bir görmegeý gyzy bolupdyr... Görşüňiz ýaly, tekeler barada rowaýat köpdür. Hemmesinde hem atamyz Teke hanyň ejesi dagda ýaşap ýören owgan şasynyň ýa ajam şasynyň gyzy, ýa dagda, ýa suwda ýaşan perileriň gyzy diýilýär. Meniň ejem Serdar begiň gyzy, siziň ejeňiz bolsa, asly obaly, ýöne aýuw tarapyndan alynyp gaçylan aýalyň çagasy... Galanynam, nähili düşünseňiz düşüniberiň! Tekeler örän gadymy we giň ýaýran taýpadyr, ajamlar özlerinde dörän tekelere tekeli, hydyrili taýpasynda döränlere tekeleçler, gökleňlerde döränlere tekeli, burkazlarda döränlere tekem, ärsarylarda olara tekren diýýärler. Bular olaryň gadymylygyny aňladýandyr. Olar hatda gazak, gyrgyz halklarynyň arasyna hem giňden ýaýrandyr. Bar bolan başga bir rowaýatda Alp ata atly adamynyň tekäniň, sarygyň, ärsarynyň, igdiriň we ýomudyň atasy bolanlygy barada aýdylýar. Umuman, ady agzalan taýpalaryň hersi juda köp şahalara bölünipdir, tekelerde 650-den gowrak, ärsarylarda 600–den gowrak, saryklarda, ýomutlarda, igdirlerde hem köp sanly ownuk şahalar bar. Bularyň bary biziň gürrüň beren wakamyzdan soňky dörän şahalardyr. Käbir taryhçylar Ärsarybabany beýleki dört taýpanyň atasy hökmünde görkezýärler, emma ady agzalýan Ärsarybabanyň 1400-njy ýyllarda ýaşandygyny, biziň agzaýan wakamyzyň bolsa ondan 600 ýyl öň bolup geçenligini, şol sebäpli hem ärsaryny tekeleriň atasy hökmünde görkezmegiň nädogrydygyny nygtamalydyrys, sebäbi olaryň taýpa hökmünde kemala gelen mahaly 13-njy asyryň aýaklarydygyny taryh tassyklaýar. (Abulgazy 17-njy asyr). Hawa, sözümi, asly maryly Gorkut Atanyň aýdan sözlerinden käbir mysallary getirip, doga bilen tamamlajak... ”Ölen adam direlmez, çykan jan yzyna gaýdyp gelmez. Bir ýigidiň Gara dagyň ýumrusyça maly bolsa, ýygar, düýrer, talap eýlär, emma nesibesinden artygyny iýip bilmez. Tekepbiri taňry söýmez. Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet bolmaz. Ýatdan ogul bolmaz, külden depe bolmaz. Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz, ýapagly gök çemenler güýze galmaz, köne pagta biz bolmaz, garry duşman dost bolmaz, gara güýji gyýmasaň, ýol alynmaz, gara polat uz gylyjy çalmasaň, duşman dolanmaz. Malyna gözi gyýmadyk adamyň ady çykmaz. Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz. Ogul atasynyň iki gözüniň biridir. Ogul döwletli çyksa, ojagyň közüdir. Ataň ölüp mal galmasa, ogul nätsin! Başda döwlet bolmasa, ata malyndan ne peýda. Sizi bidöwletiň şerinden Alla saklasyn... Namart ýigit ata münebilmez, onuň müneninden münmedigi ýegdir. Çalyp kesýän uz gylyjy muhannesleriň çalandan çalmadygy ýeg... Çala bilen ýigide ok bilen gylyçdan bir çomak ýeg. Myhman gelmeýän öýüň ýykylany ýeg. At iýmeýän ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýeg. Adam içmeýän ajy suwlaryň syzanyndan syzmadygy ýeg. Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy ýeg. Atanyň ýurdunda galan ogluň döwletli bolany ýeg. Ýalan söz diýeniňden diýmäniň ýeg. Gerçekleriň üç otuz on ýaşyny doldurany ýeg. Şonça ýaşda hak size ýamanlyk görkezmesin... Hawa, hanym, Däde Gorkut bir dahy sözlär. Göreliň, ol ne sözlär. Otluk ýeri keýik biler. Çemenli ýerleri gulan biler. Iri-iri ýollary düýe biler. Ýedi dere ysyny tilki biler. Gije kerwen geçdigi torgaý biler. Ogluň kimdendigini ene biler. Äriň agyr-ýeňlin at biler. Agyr ýük zähmin gatyr biler. Är näkesin, är jomardyn ozan biler. Il-günde çalyp, aýdan ozan bolsun. Azyp gelen kazany taňry sowsun! Ozan aýdar: ”Öýüňe myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp, seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun. Ertir bilen elin-ýüzün ýuwman, dokuz ýazmaç bilen bir könek ýogurdy dykyp, elin bykynyna diräp: ”Şu öý gura! Äre çykalym bäri doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu bir ölse, menem başga birine barsam” diýýän aýal ýigitlere duşmasyn, gapyňyzdan gelmesin... Irden tutup, el-ýüzüni ýuwmazdan, gapy-gapy aýlanyp, obanyň ol ujundan bu ujuna çenli gezip, öýüne geler, görse, ogry köpek onuň zatlaryny iýip-içip, bir-birine gatandyr, towuklar öýüni agtar-düňder edendir, onuň üçin goňşularyna igener... Bardy geldi öýüne myhman gelse, äri öýde bolup: ”Tur, iýer-içer ýaly zat getir” diýse, ”Bu ýykylmyş çatmada hiç zat ýok, düýe degirmenden gelmedi, gelse-de meniň suprama girsin” diýip, saçagyny kakar, diýseň diýeniň bitmez, äriniň sözüne bakmaz, bu zeýilli aýallardan alla sizi saklasyn... Omyn!”.... Sözsoňy ýerine. Ilki Yrakda, soň Şamaha, Ýaýyk, Itil derýalarynyň boýunda ýaşap, soň Balkana gelen Tekemuhammet hanyň nesilleri bolan Togtamyş bilen Utamyş mallary üçin öri meýdanyň ýetmezçilik edýänligi zerarly, Gyzylgaýa eteklerindäki ýaşan ýerlerinden Müňgyşlaga, ol ýerdenem Syrderýanyň aşaky akymlaryndaky Jent topragyna göç etdiler. 890-910 ýyllarda Togtamyşyň Garakiçi goja (oňa Garakiçi hoja hem diýýärler) atly ýuwlygy dünýä indi. Ol agaç ussaçylygyny edýärdi, ak öýleri ýasamagyň ussadydy. Onuň Demir ýaýly lakamy bolan Tokak atly ogly dünýä indi. Tokagyň bolsa Tekemuhammet atly ogly boldy. Tekemuhammet özüniň saly bilen derýanyň iki kenaryna adam gatnadyp gazanç edipdir, şol sebäpli hem adamlar oňa ýüzlenenlerinde Salçy diýip ýüzlenipdirler. Salçy sözi ilki Saljyk, soňam araplaryň täsiri bilen Seljuk sözüne öwrülipdir. Ine, şol Seljugyň nesilleri hem Syrderýanyň aşaky akymlaryndan gaýdyp, häzirki türkmen topragyna ymykly ornaşypdyrlar. Ýalkamyş bosa öz nesilleri bilen ilki Göksüýrä, soň Saragta, ondanam Mary topragyna aralaşypdyrlar. Soňy. 1973-1979-njy ýyllar. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |